Страницы: « 1 2 3 4 5 ... 15 16 »
Показано 31-45 из 226 сообщений
196. Myrat [Umman]  (13.02.2023 09:07)
0  
Salam agzalar, kyn gormeseniz bu yerden nadip elektron kitaplary almagy owredayin

195. [Gurgencli]  (31.01.2023 22:25)
0  
@Bibi, intelligensiýa wekilleri tarapyndan şahyr diýip ykrar edilmeýändigi üçin bolaýmasa?

194. Nurana   (10.01.2023 22:37)
0  
Salam admin, siz täze ýylda-da täze özgeriş etmansiñiz-ä, ne täze roman bar ne powest goýulmandyr haçan bolýa täzelikler?

193. Ajap [Ajap]  (08.01.2023 23:32)
0  
Meni awtorlyga geçirmegñizi sorayan Haweran

192. Bibi   (05.01.2023 13:30)
0  
Ýene-de ýazyjynyñ hekaýalaryň biri "Uruş haçan gutarýar" hekaýanyñ içine gireniñi duyman galyañ-da.

191. Bibi   (04.01.2023 14:11)
0  
Atajan Taganyñ "Iň soňky kempir" hekayasy... hakyky durmuşy waka. Gaty duýgulandyryjy gamgyn eser bolupdyr. Şu günlerimize şükür edip oturmaly. Ýazyjynyň galamynyň ujy ýiti bolsun!

190. [Bagabat]  (15.12.2022 09:50)
0  
Ýene-de bir şoň ýaly waka belli sazanda Mäne Gara bilen bolupdyr.

Mäne aga bir toýda saz çalyp otyrmyş welin, bir käse içip, on çüýşelik kükreýän süwümsiziň biri onuň saz çalşyna, oturşyna-gürleýşine, geýnişine at dakyp, yrsarap o bendäni halys peteň edipdir. Olam nä, bagşy halky köpüň adamsy bolýa, köpçülikde-de her hili dubanuta duşulýar, hernäçe ýaňky pyýany ugruna kowup, höre-köşe etjek bolsa-da, o nejis teý per bermän, Mäne aga näme diýse tersinden tutýarmyş. Ahyry Mäne aga onuň uguny ymykly ýekelemek üçin, mylaýymlyk bilen:
- Inim, ýüzüň-ä ýaman tanyş görünýä weli, özüň nirede ýaşaýaň?-diýip, içginsiräp sorapdyr.
O nejisem :-) kejirligini edip diýýämiş:
- Eşegiň t...şşagyndan!
Onda Mäne aga hatda ýüz-keşbinem üýtgetmän jogap beripmiş:
- Hä-ä tüweleme, tüweleme, bolubilýä. Ýöne, o taýda köşek, ýeke özüň ýaşaýaňmy ýa ýanyňda ejeň-kakaňam bamy? :-).

189. [Bagabat]  (15.12.2022 09:43)
0  
Ýiti dillilik, edepliligi saklap, salyhatlydan wäşi, ýiti jogap bermegi başarmagam özboluşly sungat :-). Bu sungatda köpüň adamlary hasam ökde bolýar.

Adybelli bagşy, sazanda Nurýagdy Baýram (1938 ý.d.) geçen asyryň 90-njy ýyllarynda bir toýa baryp, saz çalýarmyş welin, ýaş-ýeleňler: "häzir Bally Haşar gelýä-de, Bally Haşar gelip aýdym aýdýa" bolşup, hyşy-wyşy edip başagaýmyş. Onsoň öz sungatyna sarpa goýulmaýanyna Nurýagdy aga biraz öýkelejek bolupdyr. Bally Haşar gelenden soň obaň ýaşlary, aýal-ebtatlary hümer bolup, oň aýdymyny diňleýärmişler. Nurýagdy aga-da Bally Haşaryň ýanyna ýakynlap, birneme gyşygrak gürrüň bilen özüniň öýkesini bildiripdir. Şonda Bally Haşar aýdym aýtmasyny kesip:
- Halypa, bi halkyň tükenen sammyklygyny menden görýäň-maý?- diýipdir.

188. Has [Haweran]  (14.12.2022 13:45)
0  
Waleýkimsalam. Bu boýunça ýaşaýan ýeriñize iñ ýakyn ýerdäki metjidiñ ymamyna ýa-da Türkmenistanyñ Dini işler boýunça Müftiliginiñ ýerlerdäki degişli wekillerine ýüzlenip bilersiñiz.

187. Tak   (14.12.2022 08:05)
0  
Salam kitapçy.ru saýtynyň agzalary! Mümkin bolsa şu soragymy giňişleýin düşündiràýiň. Ýagny, namaz okaýan adam belli bir wagtdan namaz okamagyny goýup alkogolly icgileri içse we ýene birnäçe aydan soñ namaz okap baslasa şonuň günä-sogaby nahilikä? Dinde şeýle ýagdaýlar bolup bilermikä??

186. Rossi   (12.12.2022 23:16)
0  
Туркмены молодцы! Я вами горжусь. Читайте больше

185. Nowu   (08.12.2022 11:13)
0  
Kompýutere geçirişmäge kömek edeýin, edil şu günler-ä elim boş. Ýöne kän gyssamaly däl, öýüň işlerinden daşary

184. GOWŞUT [MURGAP]  (07.11.2022 22:49)
0  
Admin aga özime ýaran gysga hekaýalary terjime edýän käte (powestem synanşypdym) Olaryñ çeperçilign-ä aýdyp bilmen ýöne okyjylar bn nahili paýlaşyp bilerkäm?

183. GOWŞUT [MURGAP]  (05.11.2022 21:27)
0  
Hormatly admin bu terjimeler (başga-da köpdür belki) tapmak ýazga geçirip saýta ýerleşdirmek elbetde kyn, işi köp wagtyñ alýandyr. Tizlik söýen bi zamanda küti romanlary kim okar? (Tik-Tokda sekuntly wideolary saradyp görilýän wagty)
Beýle däldir diýp umyt etmek bn şu nusgawy eserlere garaşýan.

182. GOWŞUT [MURGAP]  (01.11.2022 12:02)
0  
Serdar aga, hormatly admin, şu saýtda detektiw eserler az berilýä (elbetde meñ şahsy pikirim). Aýratyn sebäbi barmyka?


Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: