12:07

14-nji fewrala

ON DÖRDÜNJI FEWRALA

Saňa söýgim beýan eden günüm
hem
Yran günüm bolsa bolýar bir maňa.
Ol günleri gyra goýup, hut şu gün
Baýram etmegmizi düşündir maňa.

Ýyldan-ýyla dide dikip elli ikä,
Geljegmize bakmalymy düýn bilen.
Her kimiň öz söýen güni bellikä
Adatyna gulluk edýäs rimlileň.

Ykrar edilenmiş,
gadymy Rimde
«Söýginiň gursaga ýerlenen güni».
Gümüne gitsin-laý Walentinasy,
Söýýän seni Allaň her beren güni.

Baky AMANÝAZOW.

Просмотров: 399 | Добавил: Selbii | Теги: Baky Amanýazow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 3
0
1 Arzyman  
418
Bitini iýenler!

0
2 Arzyman  
418
Ýok-laý. It iýmek üçin Hatamtaýyň bäri ýany bolmaly. Gnidalar bolsa, bitjagaşyny iýip oňýalar.

0
3 Arzyman  
418
Wi, ýogsa-da, 84—85-nji ýyllarda köpçülikleýin sary kesel (gepatit A) ýaýrapdyr. Mekdep, sadiklere çenli infeksionna öwrülipdir. Onsoň derman-kollardan daşgary türkmençiligiň emini hem edip başlapdyrlar:
Saçda döreýän biti diriligine alyp, kişmişiň içine salyp, ýuwutýan ekenler. Şo ýyllarda obadaky Nasiba, Jumagül diýen ady belli kirli gelnejeler elýetmez bolupdyrlar. Şo iki gelnejeden birgiden millet oçura durup, bit satyn alýan ekenler. Şony aýdaýyn diýdim-laý
smile

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]