20:25 Bijeli oglan aglamaz / gysgajyk komediýa | |
BIJELI OGLAN AGLAMAZ
Oýna gatnaşýanlar: 1. S e l b i . 20-25 ýaşlaryndaky gyz, tikin fabriginiň işgäri. 2. M e k a n . 20-25 ýaşlaryndaky ýigit, M a k s a d y ň dosty. 3. M a k s a t .20-25 ýaşlaryndaky ýigit, M e k a n y ň dosty. Waka biziň günlermizde bolup geçýär. [i]I-nji görnüş[/i] Ir säher. Şäheriň tikin fabriginiň işgärleri işe gelýärler. M e k a n işe gelýän gelin-gyzlary synlap dur. M a k s a t assyrynlyk bilen gelýär-de, M e k a n y ň böwrüne dürtýär. M e k a n (duýdansyz dürtgiden tisginip gidýär). Näme how, şu seň säher salamyny berişiňmi? M a k s a t . (gülüp). Dostum, ýylyň towşan-a däldir?! M e k a n (gatyrganan bolup). Duýman durkaň seňem böwrüňe hürsäýin, ol-a towşan ekeni, syçana öwrülersiň. M a k s a t . Ýeri bolýa, dost. Bärde näme keýpinemi? Birine garşýaňmy? M e k a n . Wah, dostum, içimi saňa dörmesem kime dökeýin. Indi üç gündir ne uky bar, ne işdä. Söýgi keseli bilen keselledim. O gyz şu fabrikde işleýär, ýaňjajyk girip gitdi. Dilim tutylan ýaly, ýüregimdäkini oňa aýdyp bilmän, ýöne daşyndan guwanyp ýörendirin. M a k s a t . Bu fabrika şäheriň ähli gözel gyzlaryny özüne ýygnaýypdyr öýdýän. Men hem edil seniň ýaly, şu taýdaky gözelleriň birine aşyk boldum. Düýn ir bilen işe barýardym welin deňimden bir perizat geçip gidendir, men hem edil nogtalanan ýaly yzyna düşüp gaýdandyryn, ol hem seniň magşugyň ýaly fabrige girip gitdi. Şondan bäri bar erkim şo perizatda. Bu gün oňa duşmadym welin ýüregim ýarylyp barýar. M e k a n . Indi bular ho-ol sagat bäşden bärde boşamazlar. M a k s a t . Dertdeş, işimize ýetişeli, düýnem gijä galyp bardym. Hawa, häli işden boşanlarynda öňünden çykaýarys (Gidýärler). II-nji görnüş Fabrigiň gapysyndan işini tamamlan gelin-gyzlar çykyp gelýärler. M e k a n bilen M a k s a t olary synlap durlar. M e k a n (tolgunyp). An-ha gelýär! M a k s a t . Meň perizadymam çykdy. Baý-baý! Onuň seýkin basup ýöreýşi on gyza degýär-ä! M e k a n (aljyrap). Ýene dilim tutyldy, öýden gaýdamda şu gün-ä ýüregimi açaryn diýip gaýdypdym. Dostum, sen meň ýanymda dursan-a! M a k s a t . Wah durardym welin, men öz bagtymy sypdyrarmykam diýip howsala düşýän. Hany ýör bileräk baraýaly, ýöne men magşugyma duşsam, seni taşlap gitmeli bolaryn, gaty görme! M e k a n . Bolýar. Meni ýakynlaşdyryp bir gaýt. M a k s a t . Haýsysy? M e k a n . Hanha, ýaşyl köýnekli, sary ýantorbaly, gyrmyzy köýnekli gyzyň ýanynda duran. M a k s a t (haýrangalyjylyk bilen). Oh-how, şepe, sen meň perizadyma dalaşgärlik edýän ýaly-la! M e k a n . Aý, dostum indi sen gaýra çekiläýmeseň, o gyza ilki bilen men aşyk boldum. M a k s a t . Bolaňda näme. Meň näme, hakym ýokmy o gyzy söýmäge? M e k a n . Bolýar. Näme edeli diýsene, ikimiz tersleşip, birek-bierege baky duşman bolmaz ýaly, göni häzir onuň ýanyna baryp, ýüregimizi dökeli. Goý, gyzyň özi saýlasyn. M a k s a t . Seň diliň tutyl-da, nädip gürlejek? M e k a n .Meň duýgymy hem sen düşündiräý, men saňa ynanýan. M a k s a t . Ýör, onda! M e k a n . Güljagazam-a almandyrys... M a k s a t . Birinji görýän gyzyňa gül gowşurmak bir hili bolaýmasa, onuň özi hem gelşiksiz hasaplar. Bu gezek ýöne tanyşaýaly hem onuň göwnine haýsymyň ýaranyny anyklajak bolaly. (Gelin-gyzlara tarap ýönelýärler.) M a k s a t (Selbä ýüzlenip). Salam gözel gyz! M e k a n (ýöwselläp). Salam, keýigim... S e l b i (saklanyp). Salam! M a k s a t . Biziň hem jigimiz şu fabrikde işleýär, garaşdyk welin çykmady. Ýa bu gün işe çykmadymyka?! S e l b i . Jigiňiz haýsy sehde, kim bolup işleýär? M a k s a t (M e k a n a öwrülip). Haýsynda-da? ( M e k a n gözlerini mölerdip, eginlerini gysýar.) S e l b i . Ady näme? Daş sypaty nähili? M e k a n . Aý... neme... Size meňzeşräk. M a k s a t . “Meňzeşräk” däl, meňzeş, edil bir almany ikä bölen ýaly. S e l b i . Adyny aýtmadyňyz-la... M a k s a t . Adymy?! O neme... Söýli M e k a n . Ýok, Seýli... S e l b i (ýylgyryp). Selb-ä däldir-dä?! M a k s a t . Mümkin. (Gapdala.) Ýeri tapawudy nämä? (Selbi sesini çykarman ýoluny dowam edýär.) Perizat biz Sizi ugradaýaly? S e l b i . Men perizat däl, adym bar. M e k a n . Adyňyz näme? S e l b i . Seýli ýa Söýli. Selbi bolmagy hem mümkin. M a k s a t . Biz Sizi ugradaýaly? S e l b i . Garşy däl, Özümem ýolumy tapýan. Ýeri bolýar, ýöne diňe duralga—kakamyň maşynyna çenli (Gidýärler.) III-nji görnüş Ir säher. Tikin fabriginiň işgärleri işe gelýärler. M e k a n bilen M a k s a t dyzeperiň üstünde oturyp, işe gelýän gelin-gyzlary synlaýarlar. Aňyradan emaý ýöreýşi bieln S e l b i gelýär we tötänlikde, iki dostuň gürrüňlerini biygtyýar eşidýär. Ol arçanyň saýasynda gizlenip diňleýär. M e k a n . Dostum düýn agşam meň kelläme bir ajaýyp pikir geldi. “Bijeli oglan aglamaz diýipdirler”. Gel, ikimiz bije atyşaly, kimiň bijesi galsa mert bolup ýoldan sowulmaly edeli. M a k s a t . Hawa, sen mamla. Söýgi hem söýgidir welin, onuň üçin ikimiz alagöz bolmaly. M e k a n . Gepleşdikmi? ( M a k s a t ylalaşýan ýaly başyny atýar.) Düýn o gyz: “Selbi bolmagy hem mümkin” diýdi welin, o gözeliň ady Selbi bolaýmasyn?! M a k s a t . Bolup biler. M e k a n (jübisinden bir bölek kagyz çykaryp, ike bölýär-de, galamy bilen hat ýazýar). Ynha dostum, bu kagyzlaryň birine “Selbi” diýip ýazdym, beýlekisi bolsa arassa. Kim “Selbi” ýazgyly kagyzy çekse, şonuň bagty çüwdigi, a kimiňki boş çyksa... M a k s a t . Bolýar (kellesindäki papagyny çykaryp, M e k a n a uzadýar. M e k a n kagyz böleklerini papagyň içine oklap, garyşdyrýar-da, M e k a n a uzadýar.) S e l b i (ýylgyryp ýöräp gelşine). Ýigitler, bije atyşyga men hem gatnaşaýaýyn, belki meň bagtym çüwmegi mümkin. (Ýigitler zöwwe ýerlerinden galkyp, ýüzlerini sallap, seslerini çykarman durýarlar.). Dostlugyňyzy bir bijä salaýmaň! (Buýsançly başyny galdyryp, dogumly ädimleri bilen fabrige girip gidýär). Soňy [b]Kakajan BALKANOW. oktýabr 2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |