11:51

25-nji oktýabr gün tutulmasy

25-NJI OKTÝABR GÜN TUTULMASY

Ýer ýü­zü­niň haý­sy­dyr bir ýe­rin­de Gü­nüň ýa-da Aýyň tu­tu­landy­gy­ny met­bu­gat we te­le­ýaý­lym ar­ka­ly görensiňiz, eşi­den­si­ňiz. Eý­sem, Gün nä­dip tu­tul­ýar­ka? Bu ha­dy­sa Aýyň Ýer bi­len Gü­nüň ara­ly­gy­na gir­me­gi esasynda ýü­ze çyk­ýar. Aýyň bu he­re­ke­ti Ýe­re kö­le­ge sal­ýar we tümlük ähli ýeri gurşap alýar. Mä­lim bol­şy ýa­ly, Ýer Gü­nüň da­şyn­dan aý­lan­ýar. Ýe­riň hem­ra­sy Aý hem Ýe­riň da­şyn­dan aý­lan­ýar. Bu he­re­ket bel­li ara­lyk­lar­dan Ýe­riň haý­sy­dyr bir ýe­rin­de Gün ýa-da Aý tu­tul­mak ha­dy­sa­sy­ny eme­le ge­tir­ýär. Ýag­ny Gün, Aý we Ýer deň çy­zy­gyň ug­run­da ýerleşýär. Ylmyň kömegi ar­ka­ly tu­tul­ma ha­dy­sa­sy­ny bir­nä­çe ýyl, hat­da asyr öňün­den anyk­la­mak müm­kin. Gün üç gör­nüş­de tu­tul­ýar – hal­ka­ly, bö­lek­le­ýin we do­lu­ly­gy­na. Gü­nüň tu­tu­lan wag­tyn­da­ky şe­ki­li­niň nä­hi­li bol­jak­dy­gy Aýyň, Ýe­riň we Gü­nüň he­re­ke­ti­ne bag­ly bol­ýar. Aý Ýe­riň da­şyn­dan aý­lan­ýan ma­ha­ly el­lips şe­ki­lin­de bol­ýar we öza­ra uzak­ly­gy yzy­gi­der­li üýt­ge­ýär. Tu­tul­ma wag­tyn­da Aý Ýe­re ýa­kyn bol­sa, dia­met­ri Gü­nüň­ki­den has uly bo­lup gö­rün­ýär we Gü­nüň ýü­zü­ni tu­tuş­ly­gy­na di­ýen ýa­ly ört­ýär.
Aý Ýer­den uzak­da bol­sa, Gü­ni tu­tuş­ly­gy­na ör­tüp bil­me­ýär, di­ňe iç­ki bö­le­gi­ni ýap­ýar. Mu­ňa hal­ka­ly Gün tu­tul­ma­sy di­ýil­ýär. Aý dur­ýan ýe­ri­ne bag­ly­lyk­da, Gü­nüň bel­li bir bö­le­gi­ni ýap­ýan bol­sa, bö­lek­le­ýin Gün tu­tul­ma­gy di­ýil­ýär. Ýy­lyň do­wa­myn­da Gün tu­tul­ma ha­dy­sa­sy dünýäniň dürli ýerinde 2-5 ge­zek bo­lup geç­ýär.
Şu ýylyň 25-nji oktýabrynda gün tutulma hadysasynyň bolup geçmegine garaşylýar. Bu bolup geçjek gün tutulmasynyň görnüşi bölekleýindir. Bu tutulmanyň möhüm tarapy bolsa biziň ýurdumuzda gözegçilik etmäge mümkinçiligiň bardygy. Aşakda ýurdumyzyň esasy şäherlerinde gün tutulmasynyň başlanýan wagty, orta pursaty, gutarýan wagtlary hem-de tutulmanyň magnitudasy (ýapylma möçberi) berildi.

Balkanabat:
Başlanýar: 15:07
Orta pursat : 16:24
Soňy: 17:35
Magnituda: 70,1%

Tejen:
Başlanýar: 15:20
Orta pursat : 16:34
Soňy: 17:42
Magnituda: 69,7%

Mary:
Başlanýar: 15:21
Orta pursat : 16:35
Soňy: 17:43
Magnituda: 70,2%

Türkmenabat:
Başlanýar: 15:20
Orta pursat : 16:34
Soňy: 17:41
Magnituda: 72,2%

Daşoguz:
Başlanýar: 15:10
Orta pursat : 16:26
Soňy: 17:35
Magnituda: 74,4%

Aşgabat:
Başlanýar: 15:22
Orta pursat : 16:37
Soňy: 17:44
Magnituda: 68,8%

Howpsulzyk çäreleri. Gözlerimizi günüň ýiti şöhlesinden nädip goramaly?
NASA-nyň hünärmenlerniň berýän maslahatyna görä, gün tutulmasyny synlamak üçin aşakdaky materiallar ulanylmaly däldir:
1. Islendik görnüşli günden goraýjy äýnek
2. Film lentasy
3. Lukmançylykda ulanylýan rentgen lentasy
4. Garaldylan aýna
5. Kompakt diskler
Bu materiallarda gün tutulmany synlamak mümkin bolsada, ol gözüň görejine uly zeper ýetirip biler. NASA hünärmenleri gözümizi güniň ýiti şöhlesinden goramak üçin aşakdakylary maslahat berýär:
1. Gün tutulmasyny synlamak üçin ýörite äýnekler
2. Kebşirleýjileriň gözüni goramakda ulanýan gara aýnasy ýa-da şol aýnadan ýasalan äýnek
3. Gün filtri (solar filter)
4. Obskura kamerasy

Bellik: Gün tutulma pursatynda günüň öňüni galyň bulutlaryň örtmesi, gün tutulmasyny synlamakda päsgelçilik döredip biler.

• Gyzykly maglumatlar:

- Islendik aý we gün tutulma hadysasy 18 ýyl 10, 11 ýa-da 12 gün, 7 sagat 42 minutdan gaýtalanýar bu wagta astronomiýa ylmynda "saros" diýilýär.
- Gadymy hytaýlylar gün tutulmasynda güni äpet aždarhanyň ýuwudandygyna ynanypdyrlar we gün tutulmasynda deprek kakyp ol aždarhany kowupdyrlar.
- Induizm dininiň rowaýatlaryna görä gadym zamanlarda hindi taňrylary ölimsizlik eliksiri ,,Amrita" içip ölümsiz bolupdyrlar. Şonda Rahu atly rokşasa (ýowuz döw) hem bildirmän taňrylaryň arasyna gelipdir. Onuň gelenini aý hudaýy Çandra we Gün hudaýy Surýa baş hudaý Indra aýdypdyr. Şol wagty Rahu Amritany içip duran eken. Mohini atly hudaý (Wişnu hudaýynyň aýal awatary) çaltlyk bilen Rahunyň kelesini goparypdyr. Amrita Rahunyň bokurdagyndan bedenine geçmänsoň onuň diňe kellesi ölümsiz bolup galypdyr. Rahu öziniň äşgär edileni üçin gün bilen aýdan nägile bolup olary ýuwutjak bolýarmyş. Rahu olary ýuwutsa-da boýny kesilendigi sebäpli olar ýene erkinlige çykar eken.
- Gün tutulmasynyň yz ýany ýer titremelerine sebäp bolýandygy barada ynançlar bar. Emma astronom we geolog alymlar tarapyndan gün tutulmasynyň ýer titremelerine sebäp bolýandygy subut edilmedi.

#Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy
Категория: Geň-taňsy wakalar | Просмотров: 381 | Добавил: hanturebs | Теги: Baýramgylyç Sapargylyjow | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Geň-taňsy wakalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 3
0
1 yalnyzozi660812  
1367
Sag bol, gyzykly maglumaty paylaşanyñ üçin!!!

0
2 yalnyzozi660812  
1367
@Hantöre.. Cалам. Бу гун тутулмасынын башланян вагты догрымыка? Мен орс сайтындан гозледим вели, Уралын, Екатеринбург, Челябинск шэхерлеринде 12. 00 дан сон башланяр экен. Ашгабат шэхерем шолар бн бир зонада отыр. Ягны, шол шэхерлерде сагат на
Эче болса Ашгабатда-да шол. Шуны аныграк билип болмазмыка?

0
3 hanturebs  
755
Salam. Dogrydygyna 100% kepil geçýärin. Sagat zona bir bolany bilenem geografiki giňlikdir uzaklyklarynyň arasynda tapawudyň bolmasy wagta hem öz täsirini ýetirýär.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]