21:27

Adam nädip hudaýlyga talaş edip bilýär?

ADAM NÄDIP HUDAÝLYGA TALAŞ EDIP BILÝÄR?

Ynanç meselesi ara düşende, ilki bilen göz öñüne "gaýyp" (göze görünmeýän) düşünjesi gelýär. Gaýyp - gizlin, göze görünmeýän, elujunda däl diýmekdir. Oña adamyñ bäş duýgusy arkaly maglumat alyp bolmaýan barlyk ugry diýsegem bolýar. XI asyryñ akyldarlaryndan Ragip El-Yspyhanynyñ pikirine görä, "gaýyp" duýgularyñ çarçusasyna girmeýän we akyl-paýhasyñ zerurlyk duýmaýan närsesidir. Gaýyby añlaýyş ynançdan ynanja üýtgeýär, ähli jemgyýetlerde fiziki dünýäniñ añyrsyndaky haýsydyr bir barlyk dünýäsinden ýa-da duýgulardan has añyrdaky dünýälerden jedelli pikirler bar. Gadymy klassyky döwürde ylmyñ dürli ugurlarynda fundamental eserleri ýazan Aristotel duýgulardan añyrdaky dünýäden söz açýan "Metafizikasyny" ýazypdyr. Düýşleriñ üsti bilen habarlardan söz açýan teologlar, filosoflar, tasawwuf alymlary bolupdyr. Konfusiý dininde, induizm we buddizm taglymatlarynda ruhuñ ewolýusiýasy bilen fiziki dünýäniñ añyrsyndaky dünýä bilen gatnaşyk ýola goýlupdyr. Arap urp-adatlarynda-da ruhlar we jynlar saldamly ýer tutupdyr. Gadymy dünýäde ybadathanalar gaýypdan habar alma mekanlary bolup hyzmat edipdir, ruhanylar bolsa gaýyp dünýäsinden habar alýan adamlardyr.
Aýdyñlanma döwründe bilimiñem täsiri bilen düşünje dünýäsi üýtgäpdir, özgeripdir. Immanuel Kant “Sap akylyñ tankydy" kitabynda jisimler bilen añyñ arasynda gatnaşykdan söz açypdyr we muña fenomen faktor diýipdir. Fenomen diýip, duýgular bilen kabul edilen, synagdan geçirip boljak hadysalaryñ we jisimleriñ adyna aýdylýar. Biziñ görmedik ýa-da bilmedik zadymyzyñ absolýut maglumaty - özeninde bar zat bolsa, noumendir. Noumen - kartinanyñ añyrsyna gizlenen hakyky özeniñ adydyr. Kantyñ pikiriçe, jisimleriñ özünde galan bu özeniñ nämedigini bilip bolmaýar. Bu bilip bolmaýanlyk-da añyñ, şol bir wagtyñ özünde metafizikanyñ-da çäkleridir. Kantyñ pikiriçe, hemme zady bilmek onuñ daşly görnüşlerini bilmekdir. Gegeliñ pikiriçe bolsa, gatnaşyklaryny, öwrülmelerini, keşpden keşbe geçişlerini bilmekdir.

• GAÝYBY GORJAMAK

Ýokarda agzap geçen gysgaça maglumatlarymy ynanç ugruny gönüden-göni gyzyklandyrýan köne dünýäniñ "gaýyp" düşünjesini täze dünýäniñ düşünjelerine goldanyp ele alanymyzda, adamyñ özüniñ çözmekden ejiz gelen ýerinde, aýratynam beýlekiniñ üstünden gaýyby nähili gorjaýşyny görkezmek üçin getiripdim.
Diýjek bolýanym, "gaýyp" ýa-da "noumen" zemininde beriljek düşünjeler subýektiw häsiýetlidir hem-de her dürli spekulýasiýalara açykdyr. Kuran bu ugura degişli göze görünýänden göze görünmeýän birgiden maglumatlary orta goýupdyr, şeýlelikde muña goldanyp birnäçe mantyksöw gipotezalar öñe sürlüp gelindi. Emma bütin bulara garamazdan gaýyp ugry biziñ añ ýetirjek derejämizden añyrdadyr we hemişe-de şeýleligine galar.
Hudaý absolýut gaýypdyr. Şonuñ üçin her jemgyýetde Hudaýa ynanýanlaram bar, ynanmaýanlaram. Ynanýanlaryñ Hudaýa añ ýetiriş şekili-de dürli-dürli bolýar, her aýry añyñ göz öñünde janlandyryşy-da ýüzlerçe şekili öz içine alýar.
Elkyssa, gaýyby Hudaý ugruna degişli hususlar hökmünde kabul etmek, öz erkinligimiziñ çägi bilen baglanyşykly özygtyýarlylygymyzy gorap saklamagy hökmany şert kylýar. Hudaýy göz öñüne getirmek bilen imanyñ arasynda gatnaşyk erkin zeminde amala aşmasa, Alla bilen ahlak gatnaşygynyñ ýola goýulmagy kyn bolýar. Yslamyñ ruhany synpyna garşy bolmagynyñ esasynda şu ideýa ýatyr. Bir kişiniñ ýa-da belli bir toparyñ Hudaý boýunça öz göz öñüne getirmelerini we düşünjelerini absolýutlaşdyrmagy we muny jemgyýetiñ boýnuna dakmagy imanyñ erkinleşdiriji ruhuny ýok edýär. Ibn Sina, Faraby ýaly akyldarlardan ugur alyp aýdalyñ: Hudaý - duýgularyñ, wehimiñ, hyýalyñ we akylyñ ýetip bilmejek belentligindedir. Hudaýa hiç haçanam añ ýetirip, çäklendirip, añ ýetirme çägini kesgitläp bolmaz. Indi şeýle sowaly orta atalyñ: gaýybyñ eýesi Allatagala bolýan bolsa, gaýybyñ çäklerini goýanam Allatagala bolýan bolsa, gaýyba ilteşikli meselelerde adam adamy nädip jogapkärçilige çekip bilýär? Has açyk aýdanymyzda adam haýsy kellesine hudaýlyga talaş edip bilýärkä? Arasynda ýaşap ýören ynanjy, gatlagy, mezhebi, iñ soñky gözden geçirişde adamyñ öz döreden hukuk kadalary beýlekisini nädip ýekirip bilýär? Hatda bu ugury öz bähbitleri, güýji, syýasaty, häkimiýeti üçin nädip serişdä öwrüp bilýär? Wessalam...

Aýşe SUJU.

"SÖZCÜ" gazeti, 13.06.2022 ý.
Категория: Filosofiýa | Просмотров: 361 | Добавил: Gökböri | Теги: Aýşe Suju | Рейтинг: 4.5/4
Awtoryň başga makalalary

Filosofiýa bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 4
0
1 baharaliyeva39  
1028
İçlerindeki dürtülerinin sınırlarını çizmezseler Firavun yarışına girerler. ))
Günümüzde inanç ilim değil makam olmuştur. En acısı da bu....

0
2 Yusup  
50
@Gökböri siz "talaş, talaşkär" diýip ýazýaňyz. Türkmençe "dalaşkär" bolmaly.

0
3 Gökböri  
136
Dogrusy "talaşgär" bolmaly, talaş etmek - synanyşmak, gürrüñi gidýän meselä kandidaturañy goýmak bolýar. Dalaş etmek - eýýäm, "dalaşmak", "oýnaşmak" bolýar. Okuwa girjek bolýan abuturiýente "dalaşgär" diýýäñiz, saýlawlarda kandidaturasyny görkezen halk deputatyna "dalaşgär" diýýäñiz (kandidat - dalaşgär bolýan bolsa, ylymlaryñ kandidatyna nämüçin "ylymlaryñ dalaşgäri" diýeñzok?)... ýogsam bolmasa olaryñ hersi aýry many berýän söz ahyryn.
(Ýa-da "kliýente-de" müşderi diýýäñiz, "abonente-de".
Kliýent - müşderi, dogry. Emma abonent nädip müşderi bolýar?)
Dalaş(mak) - türkmen dilinde iki many añladyp gelýän ýeri bar:
Birinjisi, dalaşmak - oýnaşmak, hažyk-hužyk etmek. Ikinjisi-de, dalamak - adamyñ ýüzüni almak, azgyrylmak.
Sözi özüniñ göni manysyny añladýan saldamly we mañyzly söz bolmasa terjime etjek bolubam ýörmeli dälmikä diýýän. Bu, hem dilimizi garyplaşdyrýar, bozýar, hem ýalñyş manyly sözler bilen gülkünç ýagdaýa salýar. Ýalñyş many añladýan ýerine dalaşgär sözüni girizeniñ özi oýnap-oýnaşyp ýören wäşi ýa-da adam dalamagy, ýüzüni almagy halaýan garasöýmez biri bolmaly :)

0
4 Yusup  
50
Umuman getiren mysalyňyza dogry diýmek gerek. Men dilçi däl ýöne sizden başga şol sözi ýazgyda ulanýan türkmene gabat gelmedim.
"talaşkär" diýen söz sözlikde barmy?

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]