20:58

Adam ogly we ikiýüzlilik hakynda

ADAM OGLY WE IKIÝÜZLILIK HAKYNDA

Adam ogly we ikiýüzlilik barada aýdara zat kän.
Sebäbi ikiýüzlilik diñe adamyñ bar ýerinde bar...


Çagalygymdan bäri haýwanlary juda eý görýärin. Her dürli haýwanlary öýde saklan wagtlarymam boldy. Haýwanlary gynap-kösän ýerlerinde sesimi çykarman duran ýerim bolan däldir. Nämüçin diýer bolsañyz, ömürboýy haýwanlaryñ berýän iýmitlerini iýip geldim we mundan beýläk iýmegime-de dowam ederin.
Hawa, haýwanlaryñ berýän iýmitini iýmek bilen baglanyşykly dürli saglyk bahanalaryny tapsa bolýar. Bahanasyz seredenimde we dogry oýlananymda bolsa, diñe saglyk bilen baglanyşykly däldigini boýun alýaryn.
Ýeri onda, bu, ikiýüzlilik däl-de, näme? Megerem, adam ogly (elbetde, bu babatda doly jogapkärçilikli adamlar muña degişli däl) diñe ýakynlarynyñ öñünde dogruçyl bolup bilýän bolarly.
Öýdäki pişigimizi, howludaky itimizi, kapasadaky guşumyzy, akwariumdaky balygymyzy iýdirip-içirip, ynjytman saklaýarys, bir ýandanam garnymyzy doýurmak üçin başga haýwanlary iýmegimiz diýseñ täsin we çapraz zat...
Emma adamyñ ikiýüzliligi diñe haýwanlar bilenem çäklenenok. Özümize obýektiw garap bilsek, durmuşyñ birnäçe ugrunda dogruçyl däldigimizi görüp bileris.
Meselem, bir kitap üçin 20 manady gysganýan, emma bu puly her gün çekýän çilimi üçin sowýan tanyşlarym bar.
Ýa-da köçede bir ýaramaz iş edip duran adamy ýazgaryp, şol sözüni öz ýakynlary ýaramaz iş edende aýdyp bilmeýänlere-de köp gabat gelipdim.
Gürrüñsiz, gönüden-göni ýa-da gyýtaklaýyn bular ýaly ýüz müñlerçe mysala sizem şaýat bolansyñyz.
Adamyñ başgalaryna ikiýüzliligi bilen bir hatarda özüne bolan ikiýüzliligi bar, bu bolsa hemmesinden beteri.
Bular ýaly ikiýüzlilikler köplenç uçran şowsuzlyklaryny bukmak ücin adamyñ özüne sözleýän ýalanlarydyr.
"Edibem bilerdim, ýöne geregi ýokdy. Edenem bolsam derege ýarajak däl eken. Men ony özümem islämokdym. Bolup geçsin, şu bolşy has gowy" diýen ýaly içiñizdäki kinaýaly hümürdemelerden aslynda ikiýüzlilik añkap durandyr.
Adam oglunyñ dörän wagtyndan şu güne deñiç dinlerden syýasata, taryh sahypalaryndan ikiçäk gatnaşyklara çenli hemme ýerde diýen ýaly ikiýüzlilik bar we mundan beýlägem bolar. Gynansak-da, köpimiz bu ýagdaýyñ aýrylmaz bölegi bolup galarys. Şeýle tankydy pikiri ýazanymda özümi-de tankydymyñ ýa-da aýdýan sözlerimiñ daşynda tutmandygymy ýene bir gezek nygtamak isleýärin. Sebäbi menem köp adamlar ýaly, hatda olaryñ köpüsindenem has beter ikiýüzlidirin.

Çagry GYRLANGYÇ.

21.11 2017 ý.
Категория: Filosofiýa | Просмотров: 307 | Добавил: Gökböri | Теги: Çagry Gyrlangyç | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Filosofiýa bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 2
0
1 Revo  
484
Türklerem adam boljak, özlerini terezä tutup ugran bolsalar.

0
2 hanturebs  
755
Olar nä adam dälmidi bro ;)

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]