16:04 "Adamlara has ynamly garasañ..." | |
"ADAMLARA HAS YNAMLY GARASAŇ, ÝEŇIŞ BILEN TAMAM BOLSA GÖZLEGIŇ ..." ● "Durmuş tapmaçadyr - jogaby adyl" makalalar tapgyryndan" Ine, bir günem şäherlik işim çykdy-da, hassahana öňki barýan wagtymdan has ir bardym. Aýtsam, ynanmarsyňyz! Biziň her edip, hesip edip sagaldybilmeýän «hassamyz» hassahanaň howlusynyň içinde keýpihon aýlaň-çaýlaň edip ýör. Başym aýlanyp gitdi. Kireňsiz kinedenmi, ynam diýen duýgynyň synmagyndanmy, bilmedim, endam-janym gowşap gitdi. Bolsa-da, özümi ele aldym. Ol aýala görünmän oňa gözegçilik edýän lukmanyň ýanyna bardym. Dogrusy, lukman ondan öňem bizi hassanyň ýagdaýynyň gowudygyna ynandyrjak bolup jan edýärdi, barlaglaryň netijesini görkezip, yhlas edip düşündirýärdem. Ýöne niçikmi, hassanyň ýatan otagyna baranymyzda onuň «harap» halyna gözümiz düşüp, nädip oňa ynananymyzy, derrew derdine em tapmak üçin elewräp başlanymyzam bilmän galýardyk. «Adam bir çig süýt emen-dä» diýýälermi? Biziň bolşumyzy görüp, edil şony diýäýmelidi şol wagt. Ol gün men lukman bilen gürleşip gaýdamsoň, «hassamyzyň»ýanyna barmadym. Sebäbi mende ol mahal özünden gutulmaz hassa ýasap ýatan adamyň ýüzüne seredip, oňa syr bildirmän gaýtmaga güýjem ýokdy. Inime jaň edip, şu gün hassahana öz baryp gaýtmagyny, meniň işimiň kändigini aýtdym. Ertesi welin, özümiňem onuň bilen bile gitjekdigimi aýtdym. Ertire-de uzak gije ol aýala, onuň ýoldaşyna näme diýmelidigi hakynda oýlanyp çykdym. Ertesi men, inim, hem «hassamyza»seredýän lukman bolup geçip duran ýagdaý barada gürleşdik. Ynamarsyňyz, biziň «hassa» üçin eden çykdaýjymyzyň hasaby şol wagtky ortaça aýlyk hakyndan hasaplanyňda 6 aýyň zähmet hakynyň jemindenem artyk geldi. Asyl, ol aýal biziň ynanjaňlygymyzdan peýdalanyp, özüni hemmetaraplaýyn düýpli bejerdip ýören bolsa nätjek! Wah, ol zatlaram owarram diýseň, olaryň her gün diýen ýaly bize jaň edip, «hassaň» gowlanybermeýänini aýdyp, gorkuzyşlaryny diýsene... Eger, men şol gün irräk barmadyk bolsam, bu ýagdaý kim bilýär, näçe wagt dowam etjek. Lukman bu işe biziň goşulmazlygymyzy haýyş edip, meseläni özüniň hut şu gün çöp döwen ýaly etjekdigini aýtdy. Bizem edil öňkümiz ýaly «hassamyzy» sorap gaýtdyk. Lukman şol gün ol aýalyň edil tut ýaly sagalndygyny, ony mundan artyk saklamagyň medisinanyň düzgünine ters gelýändigini aýdyp, şol günüň özünde bejergi otagyny boşatmalydygyny talap edipdir. «Hassamyz» hem onuň ýoldaşy hernäçe garşylyk görkezseler-de, lukmanyň diýenini ýerine ýetirmeli bolupdyrlar. Olar «Ine, biz hassahanadan çykyp barýas. Eden hyzmatlaryňyz ûçin sag boluň» hem diýmän zym-zyýat boldular. Şondan soň olardan habar-hatyr bolmady. Ýöne geçen ýylyň güýzünde men şol tanyş lukmanymyza duşdum. Men oň aýdanlaryna häzirem haýran galýaryn. Şol wakadan alty aý hem geçmänkä ol aýaly hakykatdanam ulag heläkçiligine düşen ýagdaýda ýene şol hassahana getiripdirler. Bu gezek welin, ulag öz ýoldaşynyňky bolansoň, ol öz hasaplaryna özüni bejertmeli bolupdyr. ...Sürüji gürrüň berýärkä ol pursatlary bir-birden täzeden göz öňüne getirip, özüne agram salan bolmaly. Onuň ýüzi gyzaryp, bokurdagy gyryljyrap durdy. Dogrusy, bu gürrüňden soň-a biziň hiç birimiziňem öňki şähdaçyklygymyz bolmady. Görsene, özüňde adamlara ynam diýlen zadyň barlygy üçinem ejir çekseň boljak ekeni. Men öz ýanymdan oýlanyp oturşyma, bir-de özümi sürüjiniň, bir-de onuň çirksiz ynanjyndan peýdalanan şol aýalyň ornunda goýup gördüm. Sürüjiniň deregine özümi goýup göremde ýürek hernäçe ynjasa-da, özümi ol aýalyň ornunda goýup göremde welin, onuň düşen ahwalyny söz bilen aýdar ýaly hem bolmady. Bu ahwallary hyýaly başymdan geçirip oturşyma men herniçigem bolsa, sürüjiniň ýagdaýyny ibaly gördüm. Sebäbi adam kimdir birine ynanany, asyl ynanyp bilýäni üçin günäkär bolup bilmez ahyry?! Mähriban okyjylar, men size bu wakany gürrüň berip, näzik ýüregiňiziň gynajyna sebäp bolan bolsam, bagyşlaň! Meniň muny size gürrüň bermegimiň sebäbi, ýokarda aýdan, ýaramaz düýş gören adamyň hereketi ýaly, onuň gaýdyp döremezligi, kimdir biriniň hyýalynda bar hem bolsa, onuň wagtynda pälinden gaýdyp, ynama hyýanatyň hasyl bolmazlygy üçindi. Bu — durmuş. Munda ählije zat hutma-hut. Seniň kimdir birine nähak ýöňkän zatlaryň birin-birin yzyna dolanyp gelýär. Ody kesekä basmasaň, onda senem oduň yzasyny duýmarsyň. Dary ýaly bähbit diýip, dag ýaly derde sataşmalyň. Ynsanlaryň arasyndaky ynam synmasyn. Sözümiň soňuny öz ynam hakyndaky setirlerim bilen jemläsim gelýär. Ahmal, meniň ol setirlerimde ynsanlaryň biri-birine ynamy hakdaky pikir bärden gaýdýandyr, emma şol ynamyň synmazlygy hakdaky arzuw welin, gaty aňyrdandyr... «Kän aldanýaň» diýme, dogan! Nädeýin, ynanjaň bolsam?! Aldaýar ol, aňyp durun, Şonda-da ynanjak bolsam... Lowlap-lowlap durmasa-da, Ynam ody öçmese nä? Men şool ynanar ýörerin, Bu dünýäden göçmesem-ä... Käşgä ýaýdanyp müň gezek, Birgezegem aldasalar... Bizem ynjamazdyk gerek, Aldap bolup, aglasalar?!.. Aýgül GARAÝEWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |