12:56

Aeroport / hekaýa

AEROPORT

Biriniň gaharyny başgasyndan çykarmak nädogry hasap edilse-de, zyýany ýok, barybir, ýeňleýäň. Ötünç soraýarsyň gaýtmyşym edip. Ýa-da aeroporta gidersiň. Muňa degişlimi dälmi, parhy ýok, ýöne ol ýerde içilýän kofýanyň (kofeniň bolmaly) ýa çaýyň owurtlanyşy üýtgeşik bolýar. Bu gezek ýöne barmak üçin baryldy. Tapawudyny ala-böle bilmeýän bolsaňyz aýdaýyn, çyndanam başgaça bolýar, eger çalarak duýgurlyk bar bolsa.
Bu mekan – aeroport. Ýa gidilýär, ýa gelinýär, ýa-da garşy alynýar. Ugradylýany bu sanawa aýratyn goşjak. Sebäbi gidýänem dertli, ugradýanam; begençli görünselerem, beýledir öýdäýmäň. Bolmasa ilkinji arzuwyny hasyl etmäge barýan Säheriň ýüzündäki ýylgyryş uçgunjyklaryndan sarkýan gussajyklary bukup bilerdi. Ejesi ýarym-ýaş bolup galdy, iki sany gyz jigisi wakany doly ele alyp ýetişmänkälerem, kakasy Juma ulagyny düýdüldedip alyp gaýtdy. Dogry aňýaňyz, ýigrimi ýaşap ýetişseň söýgüliňem bolýandyr. Ol hem Juma agaň gaýtmagyna garaşyp, bir gyrada wagty saklap otyr. Säherden soňky boşajak durmuşy kellesini gemirse-de, Jennetiň beýnisinde dowzahyň ody alawlap dur. Goýberesem gelenok, çynymy aýtsam. Kakasynyň gaýtmagyna mähetdel, özüne tarap ýylgyryp gelýän myhmanrak söýgülisine ýöneldi.
Gitmek, gelmek, galmak hiç hili täsir etmeýän bolsa, çaýdyr kofýa(e) gurak gider. Säher bilen Jennetiň ýagdaýyna garanyňda Eziz bilen Kerim has doňagrak. Bularyň birinjisi ikinjisiniň ýanyna ýoldaş. Şonuň üçin onuň töweregindäki galmagalyň boldygam bir, bolmadygam. Uçar gijigipdir we çaýlaşmaga maý tapylypdyr. Şähere görä bahasy gymmadragam bolsa, muňa degmänem duranok, boş ýere çökdüler. Eziz-ä telefonuna güýmendi, Kerimem özüniň sargyt eden zadynyň gelýändigine begenýäni üçin, çaý bilen seri bolmady. Bir zat gürrüň berýär, arasynda dymýar, ýene bat alýar. Birazdan olary egleýän uçar gonar, jaňlaşyp ýol nyrhyny tölär-de, täze egin-eşikleriň we telefonyň berýän şatlygy bilen hezil edip öýüne gaýdar.
Bir ýerik gidip gören bolsaň, hökman dolanmagam başyňdan geçirensiň. Saňa garaşylýar, sowgatjyklar paýlarsyň, begenersiň, küýselseň-ä muňa söz ýok. Bularyň içinden iň süýjüsem garşy alynmak. Şol Kerimiň bisabyrlyk bilen garaşýan uçarynda Maýa-da otyr. Ol okuwyny dynyp, Watana gelýär. Ýüreginde bolsa durmuşa diplomly gadam basmagyň gyssagly lezzeti möwjeýär. Ony ynha, Kerimiň ýanragynda duran bir ýigit garşy alýar. Bilmediňiz, özi bilen bir ýurtda okap, has ir gaýdan jigisi. Onuň gapdalyndan gaty gowy köwüşli bir oglan geçdi. Muny aýtmasamam bolardy, aý, indi gitdi.
Gitmek beýle aňsatmy? Yzyňda galan ençe göz seniň barjak gözel ýurduňa senden öňürdip, ýörejek ýollaryňda ýörärler, ýa dilegleri bilen, ýa ýaşlary bilen. Ana, şuny duýýan bolsaň, eliňdäki bir bulgur kofýaňa (kofäňe) birje şor damja jülp edip, içindäki ähli şekeriň süýjüligini özüne çeker. Şeýdibem töweregiňdäki hoşlaşýanlara täzeden göz aýlarsyň. Diň-doň bilen bildirişde uçara çagyrarlaram welin, ýeriňden turan dessiňe, essiň aýylyp, başyň aýlanar. Maýa-da gidip barýarka bu duýgyny başyndan geçirip, entek başlamadyk okuwyna nälet siňdiripdi. Başlan wagty bolsa eýýäm gutaryp gelýär. Atageldiň ýagdaýy has hem nalajedeýin, has takygy gözden goramaýan alaja deýin. Ýöne göz oňa degmeýär-de, oňa gözüň gidýär.
Bu samsyklyk däl-de – düşünje. Şeýle duýgulary ýerinde duýsaň hasam täsirli bolýar. Giň meýdanda ýantorbalaryň arasynda saňa-da iki garyş ýer tapylar, bildirişleriň diň-doňuny, uçaryň güwwüldisini, adamlaryň wagyrdysyny eşitmäge. Içerik girmänkäň jikdemiriň astyndan geçýänçäňem ömrüňden ençe pursat uçar bilen uçar. Eger şu wagt öňüňde duranyň meselesi ýaly bolsa-ha, hasam. Säher ýaly ýa-da bäş ýyl öňki Maýa ýaly garda-gyşda gurda-guşa iým bolmaz ýaly tutuş eşiklerini äkidip barýandyr. Jübiňde galan soňky teňňä deňiç jügüldäp ýüze çykaryp berýänçi bu arzyly gapy seni eglese-de, azajygam bolsa öz ýurduňda galasyňy getirdýär.
Bärisi aeroport, teleziworlarda dürli-dümen ýurtlardan dumly-duşa ganat açylýan gatnawlaryň sanawy. Görmedik ýa arzuw edip gidesiň gelýän ýurtlara şu wagt biparh gidip barýanlaryň bardygy seniň gahar gatyşykly gynanjyňy oýarýar. Atageldi hem islegsiz, özem bäşinji gezek barýar. Bu gidişi ilkinji gezekdäkä juda meňzeýär. Barmaly, iki günlük işi bitirmeli, munuň üçin bolsa bäş gün berlen. Galan günler Atageldi näme etmeli, hol Eziz ýaly telefona, has takygy internete güýmenip gaýtmaly. Seniň bolsa köňlüň gamaşýar.
Agzapdym-a, gelinýär, ugradylýar diýip. Ýagdaýyň eýleki ülkelerde-de mundan üýtgeşik däldigini anyk aýdyp biljek. Çünki duýgularyň dili bir ruhdan ýasalan. Rahat häzir goşlaryny bagaža tabşyryp, öz ýat dilli Jenneti bilen ikiçäk galdy. Belki ýene-de barmaga söz berendir, habarlaşyp durmagy äht etmegiň geregem ýok, gaýtmakdan başga jäht tutuljak zadam ýok. Käte şertler maý bermeýän bolsa, onuň maýdalyna görä bolunaýýar. Rahadyň kalby häzir juda birahat,olam Sähetdir Jennetiňki ýaly birinden jyda düşmäge taýýarlanýar.
Sen gyzgyn çaýly bulguryňa guýan şekeriňi bulaýan wagtyň, töweregiňdäki gol bulaýanlara, iki-ýana elewreýänlere, bulam-bujar bolan ýantorbalarynyň içinden bir zat agtarýanlara, sakgyjyny çişirip, aýaklaryny sallap oturanlara esedip, kelläňdäki nätanyş bulaşyklyga düşünjek bolýaň. Sebäbi gidilýär, gelinýär, galynýar. Has beteri – ugradylýar, uzak ýerlere. Barybir, ýanyňda däl bolsa, ol alysda. Gutardy, bulguryňdaky çaý. Uludan dem alyp turýaň-da, gidip-gelýänleriň näbelli ýerine, şähere öz işiň bilen gümra bolmaga gaýdýaň.

Seýran Otuzow.

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 422 | Добавил: Нawеran | Теги: Seýran Otuzow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Ümsümlik / mini-kyssajyk - 29.04.2023
Dözmezçilik / hekaýa - 17.04.2023
Gulpak / gysgajyk hekaýa - 07.04.2023
Köñülde gopan kyýamat / hekaýa - 07.01.2023
Äkidilen / hekaýa - 11.05.2023
Март / рассказ - 30.03.2023
Bazar / hekaýa - 15.02.2023
Gülgüne köýnekli gyz / gysga hekaýa - 29.04.2023
Bu gezegem Alla kömek etdi / hekaýa - 11.05.2023
Ahmet Mele / hekaýa - 25.01.2023

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]