15:25

Aga / hekaýa

AGA

Ýadawdygy sebäpli, gije onbire ýetip-ýetmänkä, düşegine zordan özüni atdy. Çyranam öçürtdi. Şo pille-de penjireden kimdir biriniň aýaguja geçip gideni saýgartdy.
Jany dagy ýanaýdy.
“Ýene-de şomuka-raý?” diýip, içinden gargynjyrady-da, dikeldi.
“Dagy kim bolsun-aý?! Bi adamyň ýatman, gijäň içinne sümsünip ýörşüni diýsene...” diýip, öz sowalyny özi jogaplap, daş çykdy. Melleginiň aýagujuna ýöneldi.
Bärden barsa, çaklaýşy ýalam, agasy.
Hemişekisi dek hüňürdäp, daňylgy öküzçäň töwereginde nämedir bir zada başagaý gydyrdanyp ýör.
Ol bimaza edilenine gatyrýandygyny gizlejegem bolmady:
-Nämmoll-aý, gara gijäň içinne?!
Agasynyň piňine-de däl.
“Şü taý-a öz öýüm dä-de, inimiň öýüdir-ow! Özem olara soraman zat etmän ýüzümiň ugruna girip gidip, bulary birahat edendirin-ow! Innem, inelikge, olaň malýatagynda beýemsiräp, hojaýynçylyk satyp durun-ow!” diýip tyýkyrymakdan-a geçen, gaýta oň gelenini görüp, hüňürdemesini hasam möwjedýär:
-Nämmolar-aý?! Hä?! Şü biagyrylygyň bilen war-a, sen şuwunjyk getirilen öküzçäňi haram öllürip dynarsyň. Ine boljak zat! Şu zatlaň aladasy integem maňa galandyr, hä-ä! Ýatyrsyňyz, gölerip. Men häli öküzçäni ýük maşşyndan düşürip durkaňyz, zynharlap-zynharlap tabşyrdym: “Boýnundan daňmagyň! Buýnuzagyndan halka etgiň! Ýogsa, gije ýat ýerde, ilkinji güni galýan sarç maldyr. Patanaklap, öz ýüpüne özi çolaşyp, boglup öler. Ýa-da gowy edende, daşyna kemendini çolap, aýagyny döwer” diýdim. Äý-ý! Bolýa-da! Şü seň bolşuň hemişe-de şeýle! Meň-ä diýe-diýe dilim syrylýa. Seň üçinem eşegiň gulagyna ýasyn okan ýaly. Çagakaňam şupisint sen, jahylkaňam, şumadam! Ýaşyň gyrkbäşden ötdi. Ata sakgaly eňegiňde gögerip ugradam welin, henizem war-a, seni idip ýöretmeli-how!
Agasy hem-ä ýetişibildiginden hüňürdeýär, hemem ezberlik bilen öküzçäň çala dürteren şahyna ýüpden halka salýar. O janawerem, o gyňyr näme etse kaýyl, nämüçindir burny deşilen deý sussarylyp dur.
Bu bolsa, agasyna kömekleşeýinem diýmän, bärräkde gazarylyp duran ýerinden içiniň ýangynjyna bäs gelip bilmän, dodagyny çeýneýär.
“Bolýa-laý! Bes etsen-aý! Wäpşe degnama degdiň-laý! Aramyz bary-ýogy üç ýaş tapawut welin, şü geçen kyrk ýylda senden eşiden igenç-käýinjimi, ne ejem-kakamdan – gulaklary göründen benneleň – ne beýleki dogan-garyndaşdan diňläp gören däldirin! Eger walla, jypbakaý çynym, şolaň hemmesi bir çukura tüýküribem war-a, seňkiň hatda ondan-a dä-ä:, ýüzzen biriçe-de şunça tükeniksiz gulagymy gazalap gelen dä:dir-o-ow!” diýene çalymdaş duzly jümleleň onlarçasam kellesinde köwsarlaýar. Bogazyndan bäriligine dyzap, diliniň ujuna münder-münder bolup küdelenýär. Olary dahandan daşgary sypdyrmajak bolup olam, hyrçyny dişläp, zordanjyk saklanýar.
Sebäbi şu mahal ojagaz jümleleň baryny agzyňa gelşine görä pagladyp, göwnüňi ýeňledeniň bilenem hiç zadyň wessalam gep tamam bolmajagy köre hasa.
Şu gün ýaşap, ertir ölmeli diýlen zadam ýok.
Bu iňirdäp duran adam bilen ertirem görüşmeli.
Üstesine-de, oň: “bir diýene bäş diý, maňlaýyna daş diý”, barypýatan ölemen keçjal häsiýetine-de çagalykdan belet.
Gep alyp galandan ölenini ýeg görýär.
Hasam şundan.
Sebäbi, näçe ýaşasa-da, saç-sakgalyna ak girip, öýli-işikli ogul-gyzy bolsa-da, onuň gözüne bü, henizem şo öňki, gulagyndan çekilip, söbügine kakylyp, burundyklap ýöredilmeli, kakabaş oglanjyk...
“Tüfüňemmiri diýsäni...” diýip, ol içinden tüýkürinjiredi-de, alaçsyz gaharyny ýuwutmaga çytraşyp, sesini çykarman duruberdi.
“Äý-ý! Hemişekisi ýaly öz-özi iňirdär-iňirdär, ahyr-a ýadap gider-dä...”.

*****

Birhaýukdan soň, onuň garaşyşy ýalam, agasy hüňürdäp durşuna, göläň şahyna daňan ýüpüni ýatagyň beton diwaryan berçinlenen demir halka pugta baglady. Soňam öküzçe janaweriň boýnundaky öňki ýüpüni çözüp aýyrdy-da, şo gyjyr-gyjyr gyjyrdamagyny kesmän, aýagyny süýräp gaýtdy.
Bu-da öýüne dolandy.
Hammamda elini ýuwdy.
Aşhanada gydyrdanyp ýören aýaly:
-Näme, ýene-de gaýynagammy?-diýende, bar gazabyny gözüne üýşürip, alaryldy-da, sesini çykarman düşegine geçdi.
Ýeri, ine indi, ýat-da ýatabilseň...
Süýji argynlyga meýmiräp, negözel irkiljek-irkiljek bolup barýardy welin...
Için-ä meýdan etdi, bar ukyň...
“Tüfüňemmiri diýsäni...” diýip ol, tersine döndi: “Gelip iňirdejek bolsaň, ýarygijä galmaňda başga wagt gapyşandyr-ow, zaňňaryň biri! Ýo-laý! Bi bilgeşleýin edýä-laý! “Içi ýansyn, ukusy köýsün” diýýä. Päheý-de welinim, diýmäýin diýsem...”.
Ýene-de arkan ýatdy.
Uklajak bolup, özüne zor saldy.
Ymyzganma nirden?
Edil ýöne süýrdepe beýnisine ataşgir degrilen ýaly.
Gyzyp dur.
Turdy.
Aýakýoluna ugrady.
“Özüni bilipdir, mydama-da şü şeýle-how!” diýip, kümsük hakyda-da, kellesinde heşelle kakýar. Ýetişibildiginden bolar-bolgusyz köne ýatlamalary haýsydyr bir buljum ýerlerinden çykarýar-da, olaň çaňyny-tozanyny silkişdirip, muň hyýalyna hödürleýär...

*****

Çagalyk.
Kakasy, doganlary-uýalar-a ir ertirden giç agşama çenli kolhozyň meýdan işine gider. Ejesem dokuz çagaly maşgalaň güzerany ugrunda mellekde ýetişdirilenje gök ekini ýa-da sygyr saglyp, towuk saklanyp, çagalaň agzyndan artdyrylan gatyk-süzmedir, ýumurtgany bazarda oturyp satmalydyr.
Harydyny haçan tamamlasa, şondan soň öýe köwlener.
Onsoň bü-de, özünden iki ýaş kiçi gyz jigisi bilen ýaňky iňirdibegiň zabun dürresiniň astynda elgarama guldyr.
Ikisem oň açsa aýasynda, ýumsa ýumrugynda.
Ýalkasa ýaz gargasa gyş.
Ol-a sekiz ýaşynda.
Bü bäş ýaşynda.
Körpe-de ýaňy itenek-çomanak üçýaşar.
Onsoň uzakly gün öýde bu ikisine nan berýänem şo, gan ýuwutdyrýanam, pohuna-peşewine esewan bolýanam.
Bolmasy bir zat bolaýdygy olaň dadyna ýetmelem şoň täk özi.
Tüýs ýöne: “Hudaý goraýsyn!” diýlip, elheder alyp ýaka tüýkürilýän hilisi-dä, bolup ýörüşleri.
Şo sebäpdenem, ýaňkyň özem-ä ýaňybir ýerden ýeke garyş saýlanan gögele welin, eýýäm dünýä inende garrap doglan ýaly, şo arly gün iňirdisem ýatmyýady, gykylyk-galmagalam.
...Eýtmäň!
Beýtmäň!
Eýtjekmi?
Me, al onda şapbatdan paýyňy!
Aglaýaňmy?
Aglaber aglasaň.
Ölýänçäň agla.
Näçe aglaňda-da şumat menden başga-ha saňa şü tünekde rehimi injek ýok.
Mendenem şepagat hantamaçylygyň ba: bolsa...
Haý, onda seňem günüňe ýanaýyn!...
...Uzakly gün oň bu ikisine berýän terbiýesi diňe şundan ybaratdyr.
Bar güýmeýşem, görkezen ýerinde butnaman, öňüňe-de näme oýnawaç dökse, şony oýnap oturmalydyr.
Berenini iýmeli.
“Iç” diýeninem içmeli.
“Git-de meýdan edip gel” diýse-de, edesiň gelmese-de, nädip etseňem edip geläýmelidir.
Ýogsa-da...
Me, al onda şapbatdan paýyňy!
Aglaýaňmy?
Aglaber aglasaň.
Ölýänçäň agla...
Yzam ş.m..

*****

Mekdep.
O taýynyňam öýdäki baknalykdan birje tapawudy – mugallymlar barka kän bir tokunyp bilmeýär. Ýöne, oňam ahmyryny, mekdepden alyp gelýärkä ýa-da mekdebe alyp barýarka çykýar.
Ol, tä orta mekdebi tamamlap, gulluga gidýänçä-de şeýle bolup geçdi.
Bir şo gulluga gidensoň, arkasyna ýel çaldy diýäýmeseň.

*****

Ýöne, dogrusyny dogry aýtmaly. Ol gullukdan ers-mers bolup, dolanyp gelensoň, birneme akyllandymy ýa-da başga bir jyn urdumy, her niçik-de bolsa, biraz ýumşapdyr eken.
...ýaly...
Garaz, sähel zat üçinem elini salgap, ýeňsesine gonduryp ýörmesin-ä bes etdi.
Emma “Gan bilen giren jan bilenem çykar” diýleni.
Oňa derek onuň şarpyklarynyň bar awusy diline geçdimi nämemi...
Muňam haýsysy has erbet?
Öňki bolşumy?!
Ýa-da soňky bolşy?!
Düşer ýaly däl bolýandan boldy.

*****

Soň ony öýerdiler.
Soň bu-da oň yzyndaky ökjebasary – eýlä-beýlä seretmänkäler, ers-mers bolup ýetişdi.
Gullukdan gelensoňam, ind-ä bir ikisiniňem kamaty kybapdaş, “şundan-a taýagam iýmen, igenjem” diýen ýaly edip, bü içinden ýumrugyna tüýkürip, öz goltugyndan gop bermäge ýaňybir başlapdy welin, onda-da...
...Soňky ýyllar ýarawsyzlyk tapynan kakasy pahyr, tarpa-taýyn öteýtdi...
Onnoň nä, ejesi bir ýanyndan: “Kakaň ornundaky adam, şony ynjytma, jan ogul! Şoňa atan her okuň meň bagryma sanjyldygydyr!” diýip zynharlap dur.
Beýle ýanyndan, bü-de öňküsi dek, muny gyzan bazarda bahasy mis köpüklik gulça däl-de, her niçigem bolsa adam ornunda saýýan ýaly.
Iki sözüniň birinde gyňrarylsa-da, iňirdese-de, garaz, geňeşjek bolýa. Ojuk-bujuk hakda pikirini soraýa. Arasynda muň aýdanyny il ýüzüne däl-de, çyndanam sana-da alaýýan ýaly...
Umuman, ýene ýüzüne gelmedi.
Başarsa ugruna kowdy.

*****

Soň ilk-ä o göçdi – ine şü – oňa duldegşirlikdäki mellege.
Soňam birneme ara maý salyp, eýýäm haçan öýerilip, çagalamaga ýetişen munam göçürdiler.
Şoň gapdaljygyna.
Şonda bir: “Ýene-de galan ömrümiň her gününde şuň iňirdisine igläp gezmelim-aýt?!” diýen hümmüldi bilen, ol biraz gaňňasyny garnyna alaýjagam bolupdy...
Emma, adam pahyryň doga zanny ýumşak bolmasyn.
Ýene-de ejesi görgüliň: “Ja-a-n, guzym ja-a-n! Agaň ahyry! Ulyň ahyry! Bir zat diýse, saňa gowusy bolsun diýip diýýännir! Raýyny ýykmanjyk, göçäýsene! Onnoňam ýanjygynda bolsaň, o saňa hem-ä gollaw berer, hemem nesihadyny gysganmaz. Senem agaňa el-aýak borsuň!” diýen janygmasyna söküm-söküm söküldi...
Indem, ine, ikisi gädikdeş...
On ýyl mundan owal pahyr bolan käbesi aýtmyş: “ol-a muňa öwütçi, büýem oňa aýakçy”...
Hymh!

*****

Şu pikirleri kellesinde aýlap ýatyşyna, ol içinden ajy ýylgyrdy.
“Has takygy, “gepýassykçysy” diýseň şap boljak!”.
Nije ýyldyr öýleri aýry, hojalyklary aýry...
Onda-da, haçan görseň bir aýagy şuň howlusynda...
“Äý körpäňki şekelad-laý! Muny diňe toý-tomgudan daşgary, aýda-ýylda bir göräýmese, özge çagt wäpşe görmänjikler hezil edip ýör!” diýip ol, garry öýlerinde ýaşaýan jigisi hakda gözigidijilik bilen oýlandy.
“Ölinçäm ömürlik muň gepini çekmek, diňe meň maňlaýyma ýazylypdyr-laý! Özem bar-a-how, iň içiňi ýakýan ýeri bar-a, o körp-ä hamana, kakamyň ikinjisinden bolan öweý jigisi, menem ýeriň ýüzünne ýeke-ýalňyz gandüşer-süýtdeşi ýaly-how, şuň üçin! Aýal-erkek diýmän hemme doganlaň arasynda diňe meni şeýdip dem bermän atalap ýör-how, şü! Ýa, öz ýanyndan: “Näme diýsem-de jyňkyny çykarman çekip ýö:-laý, bi mal janawer-ä!” diýýämi nämemi?!”...
...Hyr-r-r, hyr-r-r, hyr-r-r...
Özem duýman uklady.

*****

Irden turubam işe gitdi.
Özem, adam pahyr, herniçe gaharyny getirseler-de, gije ýatyp-turansoň, azak-tenek demi düşüşer, köňli köşeşer.
Bu welin, eger-eger.
Şo agşamky gazaby gursagynda.
Sowamakdan geçen.
Gaýta, gaýnamaň bäri ýanynda.
Ýa, iňirdewükden gelenbir ýoknasyz, gyňyr agasynyň öten agşamky hokgasy, onuň ençeme ýyllar bäri dama-dama gyrasyndan agyberen gubar gaby üçin soňky damja boldy?!...

*****

Şo içiýangynlylygy bilenem günortan ýeteňkirledi.
Oňa çenlem ýüregini daşa düwdi.
Indi oňa özelene-özelene, näme kinesem bolsa ýuwutmaga mejbur edip biljek ejes-ä ýok. Şoň üçribem, o iňirdewük ýene-de ýekkeje sapar, hawa, hawa, ýene-de birje gezejik hetdinden aşdygy, oň bilen şakyr-şukur itiňkini iki kesişmeli-de, öňki-soňky petigulusyny bir gezekde berip dynmaly.
Özem indiki sapar ikini islemez ýaly etmeli.
Goý sokulmasyn!
Öz işi bilen bolsun!
Olam indi oglan-oglanjyk däl.
Elli ýaşa ýetmäge bäşje ýyly galdy.
Halys igesini törpüläsi gelip ölüp barýan bolsa, hanha, özbaşyna hojalygy bar!
Aýaly-çagalary bar!
Kimiň üstüne çöwjäsi gelse, gitsin-de göwün solpusyndan çyksyn!
Ýüreginiň posy galmasyn...

*****

Şu aýgytly oýlanmalary aň sandalynyň üstünde goýup, depesindenem gazap ýekedabanyny aýagaldygyna inderip, olary gaýym tapbatlap, mazaly taplamaga başagaý bolup otyrka-da jaň geldi.
Agasynyň ulusy.
“Alýo” diýip alanyndanam, aňyrdakyň sesini halamady.
Endiräp çykýar.
Nämedir bir zatdan gaty aljyraýandygy, ondanam beter gorkýandygy mese-mälim.
Haýsydyr birhili betbagtlygy syzan dek, ýüregi jigläp gitdi.
Onýança-da aňyrky, ýasamalygy çaga-da aýan, asuda ses bilen kakasynyň birneme, “çalarajyk-laý, däde...gorkuly zadam ýok-laý, däde...”, ýaramajak bolup, ony şumat “Tiz kömekde” hassahana getirendiklerini aýtdy...
Ol doňdy...

*****

Kakasy...
Ejesi...
Indem bü...
Elheder almakdan ýaňa, huşy başyndan uçdy.
Bir demde, edil ýöne, şo-o-l kakasynyň ýogalan günündäki bolşy ýaly, on iki süňňem goram-gowşak, pagyş-para bolaýdy.
Nämetmeli?
Nirä ylgamaly?
Kimden dalda gözlemeli?...
Ýeri, o wagta kakasy şeýdende-de, ejesi şeýdende-de, daýanara, söýenere, iň bolmanda hak-u-nähak gyňrarylmagyndanam bolsa, ganyp, gaýratlanara agasy bardy...
Indi kimiň arkasyna gizlenjek diýsene...
...Ol tasdanam durky-düýrmegini gaplan nalajylyk duýgusyna döz gelip bilmän, naýynjar hamsygyp goýberýärdi.
Zoraýakdan özüne erk etdi-de, öz-özüne gyjalat bermäge başlady:
“Erkeksilensene-how, lellim! Ulyň saňa ýöne ýere: “Seni war-a mydama idip ýöretmeli-how, bilýäňmi şony?!” diýip iňirdäp ýörmeýän ekeni”.
Öz-özüne gyjyt bermesi, onuň birneme nepesini durlady.
Az-kem çuslandy-da, başlygyndan rugsat alyp, hassahana eňdi.
“Bumat aňkam aşgyn, sürüp bilmen” diýen pikir bilen ulagynam almady. Ýola çykyp, kireýçä gol galdyrdy.
Ulagda görmeýän gözlerini çat maňlaýyna dikip, doňňara-daş bolup oturyşyna-da, kellesinde hiç zat ýok.
Ömürboýy käýinjeň agasyna gaharjygam, ondan nägileligem...
Hiç zat.
Diňe hyýalynda agasynyň şeýle mähriban, şeýle eziz keşbi hellewleýär...
Ýeriň ýüzünde ýalňyz hossary...
Hakydasam tutuşlygyna diýen ýaly şoň bilen bagly ýatlamalardan hyryn-dykyn...

*****

...Ine ol, dört ýaşynda – agasy oň tigirjiginiň eýerinden saklap, oňa tigir sürmegi öwredýär. Özbaşdak sürjek bolup ýykylanda-da, dyzjagazy sypjyrylýar. Agyra çydaman kemşerýär welin, topulyp gelen agasy, oňa kakasynyň diýşi ýaly: “Goýsana-how, goçum! Sen-ä bir barypýatan izzik ekeniň-laý!” diýýär-de, oň dyzyndaky sypjyrygyna tüýküligini çalýar. Geň zat, ahyry dessine zym-zyýat bolýar...

*****

Ine ol, bäş ýaşynda – agasy ony howlularyndaky üzüm dalbaryndan asylan hiňňildikde uçurýar. Şeýlebir hezillik! Her gezek hiňňildik bat bilen ýokaryk galyp, aşak gaýdanda onuň kindiwanja kükregi gyjyklanýan deý süýji sorulmadan dolýar. Ol süňňüni gaplaýan agaýanalyga bäs gelip bilmän, jykyr-jykyr gülýär. Oň gülküsine monça bolýan agasam arkan-ýüzin gaýşyp gülmäge başlaýar...

*****

Ine ol, alty ýaşynda – agasy oňa hat ýazmagy öwredýär. Ol ýazyp bilenok. Eli gelşenok. Syýagalam elinde oň diýenini etmän, öz islänini edýär. Hemişe bahana bolsun-bolmasyn, oň ýeňsesine ýa-da söbügine şäkerdini gysganmaýan agasy bolsa, geň galaýmaly, ony kakyp goýbermekden-ä geçen, hatda iňirdemeýärem. Gaýta, ony aljyratmazlyk üçinmi nämemi, oňa pessaý ses bilen nädip ýazmalydygyny düşündirýär, görkezýär. Soňam onuň uşajyk aýasynyň üstünden eli bilen gysymlap, kakabaş syýagalama onuň bilen bileje erk etmäge başlaýar...

*****

Ine ol sekiz ýaşynda – mekdepden gelýärkä, köçegyradaky tutlukdan çykan bigäne it topulyp, ony kowalamaga başlaýar. Ol şeýlebir gorkýar. Şeýlebir gorkýar. Janhowluna-da şeýlebir gaty gaçýar. Emma okuwçy sebedi agyr. Arany açyp bilmeýär. Ol belaýy-allajam ala-hasyrdy bolup, yzyndan ýetip gelýär. Ýetdigem gabyrdadyp astyna düýrlejek. Birdenem has-has edip gelşine özüne garşy bar güýji bilen atylyp gelýän agasyna gözi düşýär.
...Ol okuw eşiginde. Öýlänçi. Mekdebe gitmek üçin öýden çykanda-da, munuň elem-tas bolup gelşini görendir...
Hossaryny gören dessine göwnüne aramlyk aralaşýar.
Onýança-da agasy – özem-ä bi yzdan kowup gelýän it bilen deňäňde gaçyp gelýän mundan göwresi sähelçe daýaw welin, onda-da, hereketinde gorky-ürküň düşnügem ýok – aňyrdan gelşine, bar güýji bilen oljasynyň yzyndan ýeteňkirläberen itiň tumşugyna depýär.
Almytyny alan ykmanda, hüjüm etmekden ellibizar, waňkyra-waňkyra gaçyp gidýär...

*****

Ine ol on ýaşynda – oňa agaçdan çelek ýasamagy öwredýän agasy...
Ine ol on bäş ýaşynda – mellekde özi bilen bile ýer depýän agasy...
Ine ol harby gullukda – yzyndan görme-görşe gelen agasy...
Ine ol öýlenýär – ortada, nämüçindir gözüniň nemini bulduradyp, şagalaň humaryna serhoş bolup tans edýän agasy...
Ine...
Kakasynyň kepene çolanan göwresini içki jaýyna salýarkalar, oň gulagyna eşidiler-eşidilmez pyşyrdap näme etmelidigini öwredýän agasy...
Ine...
Öýde, bäbekhanadan gelen günleri, özüniň nowbaharyny getirip, gujagyna berende, ony ysgap-ysgap doýup bilmän, meýmiräp oturan agasy...
Olaň bolşuny ýylgyryp synlaýan ejesi...
Ine...
Ine...
Ine...

*****

Indem hanha, ol hassahanada...
Oglunyň sesini sandyratmajak bolup endiredişinden çen etseňem...
...Ulag gidip barýar.
Ol gözlerinden biygtyýar syrygyp gaýdýan damjalaň yzgarynam duýman, şo-o-l öňüne dikilip otyr.
Durky-düýrmeginem, tutuş dünýäsinem ýekeje mynajat doldurýar:
“Allahym! Jan Allahym! Beýtme! Gaýrat et! Ony nemetseň, men nätmeli, ýa Rebbim?!”...
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 250 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 4.3/3
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Jan / hekaýa - 08.03.2024
Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024
Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024
Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024
Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024
Oglanlyk döwrümiň peji / hekaýa - 21.01.2024
Köprüler / hekaýa - 15.01.2024
Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024
Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024
Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024

Teswirleriň ählisi: 5
0
1 Myhman0430  
778
gowy hekaýa bolupdyr.

özümde-de eddil ýokarky ýaly bolmasa-da, şoňa ýakynyrak häsiýetli agam bolansoň hasam täsirli

mende iki sany aga bar. biri ýer ýaly, biri ýokarky ýaly. ömürleri uzak bolsun.

"bir bellik aýtmasaň bolanok" diýseler. itli sahna (epizot) hakda aýdardym.

0
2 Bagabat  
43
Şol epizody özüme-de şeýleräk görünýä. It, çaga, kowgy, halas etmek - edebiýatda-da, sungatda-da juda lenji çykarylan sýužet - ýöne, şo wagt başga zat gelmedi, kellä, belki täzeräk, original bir sahnajyk oýlap tapsam, çalşaryn-da.
Şeýle-de bolaýýa, ýazylansoň üstünden on-onbäş ýyl geçiribem, birden gözüň düşýä-de, üýtgedip goýberýäň.

0
3 Nurdan  
100
Manysy ýiti, gowy hekaya,
eger biri saña "iñirdeýän" bolsa, diymek oñ pikiri, aladasy señ gowy ýaşamagyñ üçindir. "Agam bar, ne gam bar", "Agaly oglan, arkaly oglan" diýilýänini gowy añladypdyr hekaýa

0
4 Bagabat  
43
Sag boluň.

0
5 Bagabat  
43
Bu-da doganlyk duýgusy hakynda ýazmagyň bir wariasiýasy.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]