10:06 Aglapmydyñ çalaja? | |
AGLAPMYDYÑ ÇALAJA? Ylahydan seýrek zehinli jigime bagyşlaýaryn Ýapyşmyşam galama, ýürejigim tütänden, Beýle pursatlar gelýär, öz-özünden tötänden, Sähelçejik eýmenip, şo-ol günki gaý-tupandan, Ümsümden asuda bir ýer gözleýip çolaja, Gözýaşym sylmak üçin, aglapmydyň çalaja?! Ýere düşüp, hemaýat etmekçidi asmanam, Diýipdiň: "Geçip bilýän, ýapraklary basmanam", Bilýän wagtyň men taýa seretmänem-bakmanam... Meniň üçin entek, wah, bolsaňam sen balaja, Ak bagtym, ömrüm üçin, agladyňmy çalaja?! Duýduň muny şobada, gözlerimde ýaş bardy, Ýogsa didelem gözün juda seýrek ýaşlardy, Diýip: "Wah, doganjygym, entek sende ýaş barmy?! Üzülmez umyt bilen garaşyp bir alaja, Meniň ykbalym üçin, aglapmydyň çalaja?! Dogrusy, gazaplydy, şemallaram, baglaram, Ýykylaýjak ýalydy, üstümize daglaram, Bagyşlap hemmeleri, hatda kalby darlaram, Ajy-süýji günlerden işip täsin alaja, Meniň täleýim üçin, agladyňmy çalaja?! Ol gün baharyň däl-de, güýz paslyň bir günüdi, Şondanmy, soňky günler gam-gussalam güredi, Ýöne diýen bolsaňam:"Gözleň mydam güledi", Gizläp menden balkyldan gözleriňi-garaja, Haly harabyň üçin, aglapmydyň çalaja?! Öwrenişip gitdik biz, tüweleýler, ýel bile, Bu nämeden alamat, bejerýärkäň dil bile?! Tyg düşen bu synamy gorasaňam el bile, Aglamak biziň üçin bolmasa-da dereje, Bu düşen halym üçin, agladyňmy çalaja?! Ýadyňdamy, asmany gara bulut büräpdi, Bu ahwal nadanlara, kezzaplara ýarapdy, Ýöne bir ýagşy kişi duşup, başyn yrapdy... Şonda senem ýöräp gidip, meniň bilen bileje, Meň şirin janym üçin, aglapmydyň çalaja?! Ajy-ajy gözýaşlar gurşap alypdy daşym, Kän zat aýdyp bilemok, bolsaňam sen syrdaşym... Iň esasy - bular hiç, aman bolsa bor başym!.. Garap, ýapragyn döken bir biçäre agaja, Umytsyzlygym üçin, agladyňmy çalaja?! Üzülmesin hiç haçan ýürekdäki umytlar, Adam bolan edilen ýagşylygy unutmar, Diýip: "Eý, beýik Allam, şu naçara umyt ber!", Ýoklugyny duýaňsoň hiç bir çäräň ajala, Çäresizligim üçin, aglapmydyň çalaja?! ...Ol güýz geçip, durnalar birçak uçup gitdiler, Armanym ýok, köllermiň suwun içip gitdiler, "Ýürek ýaraň?!."diýýäňmi, öçüp-öçüp gitdiler, Süýji gözýaşlar dolup giden çagy göreje, Şahyr doganyň üçin, agladyňmy çalaja?! Ýer gözleýip çolaja, aglapmydyň çalaja?! 08.03.2017. Ogultäç ORAZTAGANOWA. | |
|
√ Men dünýäň aşygy / Goşgular - 08.01.2023 |
√ «Скала к скале; безмолвие пустыни…» / Goşgular - 07.01.2023 |
√ Отцветшая краса / Goşgular - 01.02.2023 |
√ «За окном гудит метелица…» / Goşgular - 09.02.2023 |
√ Gyş arzuwy / Goşgular - 16.01.2023 |
√ Л.И.Офросимовой при посылке портрета / Goşgular - 08.02.2023 |
√ Сон пророческий / Goşgular - 19.01.2023 |
√ Haýyş / Goşgular - 06.01.2023 |
√ Uçup gitdiň / Goşgular - 28.01.2023 |
√ Kim ol? / Goşgular - 11.01.2023 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||