11:01

Aglaýan çaganyñ sesin eşitsem...

AGLAÝAN ÇAGANYÑ SESIN EŞITSEM...

Aglaýan çaganyñ sesin eşitsem, -
Eýýäm bitin däl-de, döwükdirin men.
Oka dogry barýan, owlagny gorap,
Gözleri aýyply keýikdirin men.

Aglaýan çaganyñ sesin eşitsem, -
Çekijiñ gaçyran syrçasydyryn.
Özi süýşüp baryp lukmasy bolýan, -
Ýylanyñ "okaýan" serçesidirin...

Aglaýan çaganyñ sesin eşitsem, -
Tä diñýänçä ähli zatlar artykmaç.
Diñmese - taýynlañ köz bilen duzy, -
Dilnen ýüregimden bişiriñ kakmaç...

Aglaýan çaganyñ sesin eşitsem, -
Gaçgak bolan çagym gitmerin uzak:
Meni tutmak kyn däl, çaga aglasa, -
Bu hudaýtarapyn gurulan duzak...

Gurbanýaz DAŞGYNOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 238 | Добавил: Haweran | Теги: Gurbanýaz Daşgynow | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024
Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024
«Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024
Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024
Жизнь / Goşgular - 29.02.2024
Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024
Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024
Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024
Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024
Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]