09:49

Agzybirlik - bagtyýarlygyñ gözbaşy

AGZYBIRLIK — BAGTYÝARLYGYÑ GÖZBAŞY

Agzybirlik türkmen halkyna mahsus bolan ajaýyp ýörelgeleriň biridir. Ata-babalarymyz hemişe öz nesillerine agzybir bolmagyň döwletlilikdigini, rysgal-berekediň gözbaşydygyny ündäpdirler. Hut şonuň üçin hem halk arasynda «Agzybire Taňry biýr, agzalany gaňrybiýr» diýen nakyl döräpdir. Elbetde, agzybirlik, ilkinji nobatda, birek-birege bolan hormatdan, sylag-sarpadan başlanýar.
Agzybirlik her bir türkmen maşgalasynyň bezegidir. Ene-atalar öz çagalarynyň, agtyklarynyň, çowluklarynyň, nesilleriniň agzybir bolmagyny isleýärler hem-de edep-terbiýeli bolmagy öwredişleri ýaly, olara maşgala bagtyýarlygy üçin agzybirligiň uly ähmiýetiniň bardygyny hem düşündirýärler. Agzybir maşgaladan durmuşa çykyp, başga bir öýe düşen gelin hem, ilkinji nobatda, şol maşgalanyň her bir agzasy bilen agzybir bolmaga çalyşýar. Şol bir wagtyň özünde, ulumsyrak, gedemräk häsiýeti bolan gyz hem agzybir maşgala durmuşa çykyp gelende, şol maşgalanyň agzybirlik ýörelgesine uýgunlaşýar. Şonuň üçin-de, agzybirlik özboluşly maşgala gymmatlygydyr.
Islendik mesele çözülende, maşgalabaşa, parasatly atalara, babalara, dana enelere, mamalara sala salnanda, onuň oňyn netijesi bolýar hem-de bu ýagdaý maşgala agzybirliginiň has berk, pugta bolmagyna esas döredýär. Halk arasynda giňden ýaýran «Ýedi ölçäp, bir kes» nakylynyň özeni hem agzybirlik ýörelgesinden ybaratdyr.
Agzybirlik maşgala agzalarynyň işleriniň rowaç bolmagyna hem öz täsirini ýetirýär diýsek, ýerlikli bolsa gerek. Çünki agzybirlikden gözbaş alýan maksatlar hemişe myrat tapýarlar hem-de bu ýagdaý özboluşly durmuş hakykatydyr.
Maşgalanyň agzybirligi hataryň, obanyň, iliň, jemgyýetiň agzybirliginiň, bagtyýarlygynyň hem girewidir.

Töre NOBATOW,
Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory, Türkmenistanyñ at gazanan medeniýet işgäri.
Категория: Pedagogika we edep-terbiýe | Просмотров: 393 | Добавил: Akjemal | Теги: Töre Nobatow | Рейтинг: 4.7/3
Awtoryň başga makalalary

Pedagogika we edep-terbiýe bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 1
1
1 jumagylyjovao  
88
Gowy makala. Awtoryň maşgala agzybirligi diýen söz düzümine näçe ýylylyk, mähir, rahatlanma duýgularyny siňdirýändigi görünýär.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]