14:55

Ah, Leýla...

AH, LEÝLA...

“Ullakan ýalpyldydyr ölüm,
Şuglaly nur bilen geler...
Niçik dogmak bilen başlasa ölüm,
ölmek bilen başlaýandyr bu durmuş..."
(Attila Ilhan)


Adam ölümiñ eline taýýarlykly düşenok.
Londonda...
Sungat mekdebiniñ talyby...
Umumyýaşaýyş jaýynyñ otagynda...
23 ýaşynda panydan sessizje göçüp gitdi...
Leýla...
Ady ýaly bir ýany özünde gizlin, aýyñ soñky gününiñ gijesi...
Daş-töweregini gündize öwren ala gözli...
Çepiksije gyz. Şeýle bir näzik welin, barmagyñy degirseñ döwüläýjek ýaly hemişe galbyrap dur...
Inçemik...
Ýüzünde kölegeli günäsizlik. Ruhy reñbe-reñ...
Tüýs ýüregi bilen söýýän çaga...
Päk ýürekli. Ýagşy niýetli, dosta wepaly.
Ýöne aralygy saklaýan gyzgynlygy bar. Asylzada. Galplykdan nam-nyşan ýok çaga...
Ýöne hemişe duýgularyndan ýeñilýärdi...
Ürkek jeren, ömri howlukmaç…
Dili ejaply, daşara sessiz, dymyp nala çekýän...
Sa:plykda tutanýerli we diñe özüne zyýanly...
Dili utangaç; dışarıya sessiz, susarak çığlık atan…
Gahary şemal mysaly, harasaty içinde...
Göwsünde çekip çykarmadyk ruhy ýarasy...
Içinde gussaly kiçijik ak kepderi saklanan...
Hemişe utançly. Gynandyrsa puşeýmanly, söýse puşeýmanly, şahasy inçejik, egseñ döwüljek bolup dur...
Köpçüligiñ içinde ýalñyz çaga. Göýä, durmuşa kese ýerden gelen ýaly... Bikarar...
Güýz pasly ýaly solak, ýapragyny lepbek-lepbek gaçyran...
"Sowuk ýel öwüsýär,
Hatda ölümem üşeýär..."

* * *

Ýany hemişe sýurpizli Leýla...
Hemişe göçegçi...
Gysgajyk ömrüne ne uly syrlary ýükledi, kim bilýär, 23 ýyla näçe ömür sygdyrdy...
Köp göreşdi, hemişe köçe çykmaz ýaly bolmalymyka, bitap düşen çagajyk..
Durmuşyñ oña eçileni şowsuzlyk boldy, gynansak-da...
Ýüpek saçly şem, eredi gitdi...
Ah, guzym, seni ölüm çagyrdymy, ýa señ özüñ sabyrsyzlyk edip ylgadyñmy soñsuzlyga...
Beýle-de bir oslagsyz heläkçilik bormy...
Beýle-de bir duýdansyz hoşlaşyk bormy...
Gyş güneşiniñ astynda iñ soñky ýoluña ugradýarys seni, çagajyk...
Söndürip bilmedik oduñ külleri sowrular şindi, Bosforyñ Bodrumynda...
Hoş gal, Leýla, gülküsi gussaly gyzym...
Bilýänsiñ, ölmek soñky uky däl, täze bir oýanyş...

Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 02.02.2023 ý.
Категория: Oýlanmalar | Просмотров: 332 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 4.8/4
Awtoryň başga makalalary

Oýlanmalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 3
0
1 Bagabat  
43
Haý, çagajyk... Dözer ýaly däl.
Alla rahmet etsin, ata-enesine, dogan-garyndaşyna.
Ölümiň gowus-a ýok welin, biwagty hasam agyr.
Bu derdi çekmek bendesine nesip etmesin. Oň dadyny diňe çeken doly bilýä.

GÖZLEMEÝEN BOLARMY

Bir käkilik aldyrsa zürbe balasyn,
Saýraý-saýraý, gözlemeýen bolarmy?
Bir bilbil ýitirse gyzyl lälesin,
Hasratyndan sözlemeýen bolarmy?

Kürresi elinden gitse eşegiň,
Telmuryp tört ýana, bakar uşagyn,
Akmaýa aldyrsa elden köşegin,
Bagryn bozup, bozlamaýyn bolarmy?

Bir jeren aldyrsa elden owlagyn,
Bala sesin diňläp, salar gulagyn,
Döke-döke gözýaşynyň bulagyn,
Mäleý-mäleý, yzlamaýyn bolarmy?

Agsagyň elinden alsaň agajyn,
Ýaman derde düşer, tapmaz alajyn,
Bir güýçli duşmana duşsa mekejin,
Jojugyny gizlemeýin bolarmy?

Aýralyga adam ogly neýlesin?
Kim galar görmeýin ajal hilesin,
Magtymguly haýwan bilse balasyn,
Ynsan bagryn duzlamaýyn bolarmy?

0
2 Gurgencli  
324
Ynsan bagryn duzlamaýyn bolarmy
Wah bolar, bolar. Ýyrtyjylardan bäş beter wagşy, öz perzendini ýigirenýän adamlar bar bu dünýäde.

0
3 sylapberdimuhamov  
1428
Gynandym.
Ýüregim bir tukatlyk koridorynda üşäp oturan ýaly...
Dogry, ölüm ýok
Ol başga bir dünýäniñ gapysy.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]