23:26

Ahalteke bedewleri türkmeniň buýsanjy

AHALTEKE BEDEWLERI TÜRKMENIÑ BUÝSANJY

Ahalteke bedewleriniň döreýiş, kemala geliş, ösüş taryhy türkmen halkynyň taryhy bilen baglanyşyklydyr. Biz muňa halk döredijiligimiziň dürdäneleriniň many-mazmunyna pähim kylanymyzda-da, nusgawy edebiýatymyzyň altyn gaznasyny baýlaşdyran, bedewlerimiziň waspyny we oňa bolan buýsanjy beýan edýän eserler arkaly-da, bagşy-sazandalarymyzyň aýdymdyr sazlaryny diňlänimizde-de aýdyň göz ýetirýäris. Şol eserler ruhy lezzet bermek bilen, ahalteke bedewleriniň hemişe halkymyzyň buýsanjyna beslenendigine, we ony şöhratlandyrandygyna şaýatlyk edýär.
Munuň özi halkymyzyň taryhyny içgin öwrenmek we bilmek bilen behişdi bedewlerimiziň taryhyna göz ýetirip bolýandygyny-da aýan edýär. Munuň özi ahalteke bedewleriniň gadymyýetden şu günlere çenli dünýä dolan şan-şöhratynyň hemişe halkymyzyň abraý-mertebesi bolandygyny tassyklaýar.
Halkymyzyň hemişe gardaş hem syrdaş saýan, waspyny dünýä ýaýan, «behişdi bedew», «ganatly bedew» adyny alan, gadymy grek taryhçylary Ksenofont, Gerodot, Strabon, gadymy rim taryhçysy Appian tarapyndan gözelligi, ajaýyplygy, ýyndamlygy wasp edilen ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň abyrsyz aladasy, taýsyz tagallasy bilen has belent derejä galdy, meşhurlygy dünýä dolup, jümle-jahana ýaň saldy.
Türkmenistanyň Döwlet Tugrasynyň bezegi bolan Ýanardag atly ahalteke bedewi Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň hakyky simwolydyr. Ahalteke bedewleri 1935-nji ýylda geçirilen Aşgabat-Moskwa atly ýörişine gatnaşmak bilen, şol ýörişe gatnaşan Arap diýen at Ýeňşiň alamatyna, parahatçylygyň wekiline öwrülmek bilen, meşhur Arabyň nesli Absent Olimpiýa oýunlarynyň çempiony bolup ýurdumyza, halkymyza şan getiren bolsa, täze taryhy eýýamda Akhan atly ahalteke bedewi görkezen netijesi bilen Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabynda hasaba alynmagy, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň bütin dünýäde meşhurlyk gazanmagy netijesinde türkmen bedewleriniň dünýädäki abraýy şöhraty belende göterildi.
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi, her ýylda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň geçirilmegi, şol mynasybetli halkara sergi-ýarmarkanyň, halkara ylmy maslahatlaryň yzygiderli geçirilmegi, marafon we konkur bäsleşikleriniň, halypa çapyksuwarlaryň, ýetginjek çapyksuwarlaryň at çapyşyklarynyň, ahalteke atlarynyň gözellik bäsleşikleriniň, döredijilik ugruna degişli hünärleriň wekilleriniň, ýagny bedewleriň gözelligini, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleriň geçirilmegi, bu ugurda Türkmenistanyň hormatly atlarynyň döredilmegi, olaryň diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem daşary ýurtlaryň raýatlaryna-da «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly adyň dakylmagy bilen baglanyşykly we beýleki birnäçe başlangyçlar hut hormatly Prezidentimize degişlidir. Nesip bolsa, milli Liderimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebi dörediler.
Ahalteke bedewleri öz reňkini we gözelligini türkmen tebigatyndan alandyr. Olaryň şoňa kybap hem atlary bar. Olaryň adynyň guş bilen baglanyşykly bolmagynyň sebäbini bolsa Ahalda geçirilen bir ýaryşda bedewiň laçyndan ozmagy bilen düşündirmek bolar
Elbetde, behişdi bedewlere mynasyp at goýmakda halkymyzyň asylly däplerinden, ýörelgelerinden, gowy yrym-ynançlaryndan hem nusga alynýar. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň ilkinji gününde doglan taýçanaga Rowaç adyny dakmagy munuň aýdyň beýanydyr, Watanymyzyň ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen üstünlikli öňe gitmegi baradaky asylly arzuwlaryň döwrebap atda jemlenmesidir.
«Görogly» şadessanynda Röwşeniň çagaka bedew atyň eýerine imrinmeginde-de, Görogly begiň Gyratyna atlanyp, Araz çaýyndan, galalaryň üstünden uçup geçmeginde-de simwoliki many bar. Halkymyzyň ähli malyny eý görse-de, ala-böle bedewini altyn-kümüş şaý-sepler bilen bezemegi, beslemegi hem çuňňur mana eýedir.
Gurluş kysymy on ýedi ugur boýunça gidýän we aslyny şöhratly bedewlerden alyp gaýdýan ahalteke bedewleri halkymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň ylham çeşmesidir. Bu hakda hormatly Prezidentimiz: «Döredijilik ylhamynyň merkezindäki esasy joşgunly güýç ahalteke bedewinde jemlenendir» diýip belleýär hem-de döwet galamly döredijilik işinde bedewlerimizi joşgun bilen wasp edýär. Biz şol joşgunly waspnamanyň beýanyny Arkadagymyzyň senaly setirlerinde-de, «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» romanlarynda-da aýdyň görýäris. Milli Liderimiziň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew» atly kitaplary halkymyzyň şöhratly ahalteke bedewlere bolan garaýşynyň paýhas bossanyna täsin syýahat bolsa, «Bedew», «Rowaç» atly goşgulary olara buýsanjyň şahyrana beýanydyr, waspydyr.
Şu ýylyň mart aýynda bize bedewler bilen didarlaşmagy, atly gezelenç etmegi durmuş ýörelgesine öwren Arkadag Prezidentimiziň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly täze kitabyny ýazandygy baradaky hoş habary ýokary ruhy göteriliş ýagdaýynda kabul etdik.
Hawa, behişdi bedewlerimiz kalbymyza halkymyzyň dünýä beren milli gymmatlygyna — özlerine bolan buýsanjy bagyş edýär, çäksiz ylham eçilýär.

Tirkeş MÄMMEDOW.
Категория: Haýwanat dünýäsi | Просмотров: 554 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Tirkeş Mämmedow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Haýwanat dünýäsi bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]