23:06 Ahmet Bekmyradowyň Magtymguly Pyragy baradaky işleri | |
AHMET BEKMYRADOWYÑ MAGTYMGULY PYRAGY BARADAKY YLMY IŞLERI
Magtymguly türkmen halkynyň milli şahyry, milli guwanjy, milli buýsanjy hasaplanýar. XVIII asyrdan bäri Magtymguly her bir türkmeniň öýünde, kalbynda, aňynda ýaşap gelýär. Türkmen diýlende, Magtymguly, Magtymguly diýlende, türkmen diýen söz biygtyýar ýadyňa düşýär. Şahyr nusgawy edebiýatyň we jemgyýetçilik aňynyň ösüşine örän uly goşant goşdy. Magtymgulynyň ömri we döredijiligi barada ilkinji ýazylan işler geçen asyryň ortalarynda peýda bolýar. Şahyryň edebi mirasy ençeme syýahatçylaryň, ensiklopediýadyr sözlük düzüjileriň, aýdym-saz sungatyny öwrenijileriň we beýlekileriň ünsüni çekýär. Magtymguly barada ilkinji söz açanlaryň biri polýak alymy A.Hodzko-Boreýkodyr. Soňra I.N.Berezin, F.Bakulin, I.Belýaýew, A.P.Krymskiý, W.W.Radlow, A.Wamberi, A.N.Samoýlowiç, B.Kerbabaýew dagy we beýlekiler Magtymgulyny we onuň goşgularyny öwrenmekde, halka ýetirmekde kän işleri etdiler. Alymlarymyzyň köp ýyllyk ylmy agtaryşlary esasynda M.Kösäýeiň “Edebiýat barada söhbet”, B.Garryýewiň “Magtymguly”, G.O.Çaryýewiň “Magtymguly— akyldar”, M.Annanepesowyň “Magtymtuly we onuň döwri”, H.Durdyýewiň “Akyl gämisi”. Ş.Gandymowyň “Poeziýanyň pälwany”, M.Annamuhammedowyň "Gizlin syryň bar içde” atly kitaplary we beýlekiler peýda boldy. Magtymgulynyň toýlaryny ýazyjy-şahyrlarymyz, sungat işgärlerimiz hem uly sowgatly garşyladylar. G.Kulyýew “Magtymguly” romanyny, B.Kerbabaýew “Magtymguly” dramasyny, T.Taganow “Dürler hazynasy” powestini, “Magtymguly” romanyny ýazdy. Şahyr barada kinofilmler döredildi. Hudožnik A.Hajyýew Magtymgulynyň suratyny çekdi. Şahyr barada önjeýli işlän edebiýatçy alymlarymyzyň biri hem Ahmet Bekmyradowdyr. Alymyň “Magtymgulynyň halypalary”, “Pyragynyň düýşlerini ýorup bolmazmyka?!”, “Tilim guş tilidir, suratym-ynsan” ýaly ylmy işlerdir makalalaryny ýatlamak bolar. Alym Magtymguly Pyragynyň ömür ýoluny, goşgularyny öwrenip, halka ýetirmekde ýadawsyz zähmet çekipdir. Pyragynyň çuň many-mazmunly goşgularynyň maňzyny çakmaga synanypdyr. “Pyragynyň düýşlerini ýorup bolmazmyka?!” atly ylmy makalasynda alym Magtymguly Pyragy hakyky döredijilige düýş hakyndaky şygyr bile başlapdyr diýip belleýär. “Turgul” diýdiler” diýen şygry we ýene sekiz şygryň: “Ýar bizim sary”, “uçdum ýaranlar”, “Sataşdym”, “Boldum girýana”, “Kulahly geldi”, “Oýan!”diýdiler”, “Diwana geldi”, “Bir nan getirdi” şygyrlarynyň düýş bilen baglydygyny aýdyp geçýär. “Tilim guş tilidir, suratym-ynsan” atly ylmy makalasynda Magtymgulynyň şygryýetinde häli-şindi gabat gelýän özboluşly simwollaryň syry, nyşana alýan nokady barada, liriki gahrymanyň guşlara aýratyn “söýgüsini” ylmy nukdaýnazardan derňeýär. Halk hemişe beýik akyldara we onuň baý edebi mirasyna uly sarpa goýupdyr, ony hormatlapdyr, onuň keşbini ebedileşdirmek barada tagalla baryny edipdir. Bu däp Gahryman Arkadagymyzdan dowamat dowamly Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem dowam etdirilýär. Aýgözel ÝAZYÝEWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |