22:16

Ak guwlary atmaň

AK GUWLARY ATMAŇ

Ötenleriň ruhuna öwrülip,
Bu diýaryň zaryn çekip gelende.
Ak guwlary atmaň, halys bolmasa,
Atyň meni, atyň şolaň deregne.

Oýlanyň, doganlar, gadym diýardan,
Näçe eziz, näçe eziz ötendir.
Bir ganaty umyt, birisi zardan,
Gitdi olar, ötdi olar göterlip.

Bu gün olar ak guwlara öwrülip,
Biz diýip, biz üçin ýüregin üzüp,
Guwlaryň keşbinde şatlanyp, gülüp,
Guwlaryň dilinde nagmalar düzüp.

Gögüň çuňlugyny, ummanyň gerşin,
Ýelpäp gelýär. Gözel görünýär asman.
Şolara gezelýän ýaragy gördüm,
Duruň siz! Saklanyň, doganlar, atmaň,

Ak guwlary atmaň!
Çekmäň küregi.
Ol kimleň umydy, kimleriň zary.
Soň bir gün ak guwlara öwrülip,
Gelenmizde bizem atmazlar ýaly.
Ak guwlary atmaň!

Öwezdurdy NEPESOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 193 | Добавил: Haweran | Теги: Öwezdurdy Nepesow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024
Победителям / Goşgular - 29.02.2024
At galar / Goşgular - 11.02.2024
Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024
Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024
Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024
"Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024
Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024
Soltan / Goşgular - 27.03.2024
Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024

Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Aksary  
876
Bäh bu gün kitapçyñ hemem kitap söýerleñ güni dä şeýlemi ?

1nji sentýabr.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]