23:06 Ak guwlary atmaň! -3/ romanyň dowamy | |
10.
Garyp ir turdy. Bildiriş çap edilen gazeti eline alyp, gerekli dokumentleri, ýene bir laý tükelläp, tertipleşdirdi. Soň çaý goýdy. Saçak ýazdy. Saçagyň üstüne külçe, badam maňzeny, böwürslen mürepbesini goýuşdyrdy. Işik kakyldy. - Baýram aga, Baýram aga, gapykakylýar. Baýram ýüpek ýorganyny serpdi-de,ýeňillik bilen ýerinden turdy. - Kakam bolaýmasa. Ol agşamam gelen bolmaly.- Ol ýeňillik bilen baryp işigi açdy. - Aal-lam- diýip, gyz ses eşidildi. Garyp onuň Akgülüň sesidigini çak etdi. - Girmek mümkinmi? Baýram gözlerini owkalady. Elini otaga tra salgady. - Baş üstüne, geliň, geçiň. Men ýuwnup gelýän. -Ol saçaga mürehet etdi.- Bir käse çaý içeliň. Garyp gyzlar görüp utandy hem begendi. - Garyp jan, oňat ýatdyňmy? - Sag boluň. Selbi Garybyň horja, gelşiksizje didaryna hyrydar seredip durşuna: - Dokumentleň taýýarmy?—diýdi. Menem seniň bilen gitjek... Garyp yşnyksyz ýüzüni utançly sallap oturyşyna: - Wah, azara galmasaňyzlaň!- diýeninem duýman aldy. - Ýok, ýok, maňa hiç hili azar däl. Raýa meniň gowy tanşym. Şol alýar gaýybanaçylaryň dokumentlerini. Men oňa bir zat aýtmaly. Baýram egni ullakan, gülli, owadan mämiş plotensaly geldi. - Çaý demläliň. Akgül bu otaga belet bolara çemeli. Gidip çäýnegi alyp geldi-de, ikiçäýnege çaý atyp, olary demledi. - Bizem, ine, tort paýyňyzy getirdik. Baýram torty görüp, begendi. - Şun-a oňaraýypsyňyz. Özüm gidip, galmadymy- diýip sorajak bolup otyrdym. Akgül çaýy gaýtaryp, käselere çaý guýdy. - Baýram, men saňa „sag bol“ aýtmaga geldim. Sowgadyň üçinem, kömegiň üçinem. Toýuňda gaýtsyn. Gaty minnetdar boldum Baýram kellesini ýaýkady. - Bolýa-laý, üýtgeşik edilen zat ýok-laý. Akgül Beaýramyň göreçlerine garap: - Biziň doganymyz Garyp jana hossarlyk edeni üçinem, sag bol.Ýaşyň uzyn bolsun. - Baýram Garybyň arkasyna kakdy. - Garyp jan- geniý bolar, Arkadag bolar. Öten agşam gürrüňleşip oturdyk. Welin, Alla kessin, tüweleme, men-ä haýran galdym.Türkmende, sowky wagtlar akyldar döränok diýýärler welin, ine- akyldar Ýöne, oňa hossar gerek, hossar. - Baýram ýassyga gyşardy-da, ýene çuslanyp oturdy. - Men gijesi bilen bir zat barada oýlandym., Akgül! Köwüş näm-äý, eşik näme. Baýlyk näme?! Hemmesini birinden pul karz alyp, birje salymda, satyn alyp bolýar. Emma Alla Garyp jana, mal bilen, baýlyk bilen pul bilen satyn alyp bolmaýan hazyna beripdir-ä! Biz şuny duýdukmy, indi Garyby goramaly, ony ýerli-ýerden goldamaly... - Dogry. - Gaty dogry –diýip, Selbem durup bilmän gürrüňe goşuldy.- Men Garyp ekzamenlerini gutarýança, onuň ýanynda boljak. Baýramyň ýüzi dogumlandy. - Dogry edýäň, uýam! Pul tarapynam özüm oňararyn. Akgül hem kem galmady. - Süýjüje naharyňyzam , menden. Baýram ellerini dallalatgy. - Sen her ekzamenden geçenini palow bilen ýuw. Eti, tüwüsi, ýagy öýde bardyr. Çekinme, sen palawy bezpodobno (taýsyz) bişirýäň. Dažy, ejemem seniňki ýaly bişirip bilenok., palowy, alla kessin, çynym... - Goýsana, Baýram... - Garyp garbanyp, çykyp gitjek bolan gyzlary saklady. - Agşamky paýyňyzy alyň. - Akgül Selbiniň ýüzüne garady. Selbi ýylgyrdy. - Bolýa diý, bolýa diý. Ýogsa, öýkelär. Gyzlar garaşdy. Garyp bäş-alty, nar, iki iki kilogram ýaly hozy, olaryň eline tutdyrdy. - Bu näme? Selbi eýemsiredi. - Agşamky külçeler bilen bile berlen sowgat. Elimize sygmady. Ikinji reýsi etmelidik. Akgül Baýramyň eline garady. - Alaýsakmyka? Külçeler-ä gaty tagamly eken. Baýram güldi. - Berilen bolsa almak gerek, urulmankaňyzam, gaçyň. - Wiý, şeýlemi? Onda gaçaly, gyz... Gyzlar gülşüp gitdiler. Garyp geýinip, dokumentlerini stoluň üstündäki gerekmejek gazýetleriň birine dolady. - Şu gazýeti alaýdym, men-ä. - Alaý! Baýram Garybyň üst-başyna seredip, onuň golaýyna geldi. - Garyp jan, üst-başyň ýaman ýeňil. Sen göwün etmeseň, Meniň eşiklerimden geý. Meniň köwşümem kän., saňa uly bolmasa. Kiçi bolmaz. Garyp başyny ýaýkady. - Baýram aga, Birden baý boljak bolmaýyn. Aýagymdaky, Aýazhanyň çarygy. Men ol çarykdakam, pikirimrm, ruhumam, duýgymam erkin. Bolýar. - Ýok, ýok, geý. Seni beýdip iberip bolmaz. Garyp barybir razy bolmady. - Meniň şu eşikde gelenimi köp adam gördi. Olar menem, senem tanaýan adamlar. Soň bir gün “Baýramyň könesini geýip ýörendir” diýseler, maňa “köwşi ýyrtyk” diýleninden agyr deger. Baýram Garyba düşündi. - Adym hem Garyp, Özüm hem garyp diýjek bolýaň-da. Garyp ýylgyryp başyny atdy. - Dogry, dogry, aladaň üçin sag bol. Eliň- gözüň dert görmesin. Garyp umumy ýaşaýyş jaýyndan çykyp, heniz hiç kimiň aýak yzy düşmedik, täzeje ak garyň üstüne basyp,institutyň baş ymaratyna girdi. Dokumentleri alýan rus gyzy her birkagyzdan , büre gözleýän ýaly, boýdan başa synlaý-synlay, baryny kabul etdi. Eline şa dokumenti kabul edendigi baradky şaýatnam bilen synag listini berip, - Ertir sagat sekizde, diktant ýazmaly. Gijä galmaň- diýip, ýene dokumentlerine güýmendi. - Kagyz bereris. Ruçkaňyz bolsun. Ol gyz Garybyň durkuna, ýyrtyk köwşüne, nebsagyryjylyk bilen garap, ýene görmezlige salan boldy. - Sen , üşäýme, oglan.Gelip bilersiňmi? Gijä galsaň, goýbermezler.- diýdi. - Ertir sagat sekizde?! Bir ýüz kyrk ikinji auditoriýa. Kagyzy özüňiz berýäňiz. - Sekizde başlanýar, ýedä geliň! Galyňrak geýniň, peçler ýylanok. Bar zat düşnüklidi. - - Diktant bolsa, ýetmiş bäş söz bolar.Olam, hersi dört sözden bolsa, on alty sözlem bolar. Her sözlemi iki sapar gaýtalasa,, bir sagada galman ýazarys. - Indi, ol bu günlükçe, boşdy. Nirä gitmeli?! - GelAşgabady synlaýyn! - Ol trelleýbusyň duralgasyna geldi.Adamlar bu garly, sowukhowada ýuka geýnen, ýyrtyk köwüşlije oglanjygy geň glyp synlaýardylar. Trolleýbus gelen badyna, ony içeri ilki goýberdiler. Maşynyň içi ýylydy, gowudy. Garyp ortaraklardaky oturgyçlaryň penjire tarapyndaky boş ýerleriň birinde jaýlaşykly otyrdy. - Hany, bilet al!- diýip, boragana galan ýaly, geýinip bilenini geýnen garryja, dolmuş aýal onuň üstüne heňkirdi. - Dawaý, bilet al!.. Garyp puluny oňa uzatdy. Häzir Aşgabat juda owadandy. Gazýetleriň birinde “Aşgabat iň bagly paýtagt!“ diýilip ýazylany okapdy. “Diýeniçe-de bar eken“ diýip, Garyp oýlandy. Bu agaçlar ne bela. Swoboda prospekti äpet-äpet agaçlaryň aşagyndaky darajyk asfaltlanan garly ýodajykdan emaý bilen sümülip barýardy. - Häzir şeýle bolsa, tomus nähilikä?! Äpet-äpet dub, çynar tut agaçlary biri biri bilen tutluşyp, olaryň ählisiniň depesem, galyň ak gar bilen gaýmalanyp durdy. Şäheriň her ýerinde, her ýerinde iki- üç, dört gatly jaýlar galyň garyň gujagyna gysylyp otyrdy. - Ah, adamlary diýsen-e!Aşgbadyň adamlary nähili owadan, mähriban. - Trolleýbusa owadandan owadan, başlary dürlije ýaglykly aý ýaly gyzlar münýärdiler, düşýärdiler. Olar gyrawlan ýaňaklaryny, garýapyşen gara zülplerini akja aýalary akja, kösük ýaljak barmaklary bilen sypalaşdyrýardylar welin, Garybyň ini dyglap gidýärdi. - Garyp, adamyň ýüzüne jikgerilip garaýan çaga däl. Emma owadan gyzlaryň özleri, ýanyp duran jahyl, nurly, otly didelerini Garybyň gözlerine, ýüzüne, çekinmän, bazyrdadyp basýardylar. - Şu ýer boş-a däldir. Oturmak bolarmy?- diýip saçy akja, ýüzüne, garagözelek ýüzün egelşipjik duran çepiksi gyz sorady. Garyp trelleýbusyň diwaryna ýelimlenäýjek ýaly bolup, gapdala süýşdi. Ol: “Aşgabada syýahadym tamam bolaýdy öýdýän ýa başga oturgyja geçäýsemmikäm?” diýip, töweregine garanjaklady. Amatlyja oturgyç agtardy. - Siz Börmedenmi?- diýip, ol gyz sorady. Garyp onuň ýüzüne seretdi-de, “ýok“ diýen manyda başyny ýaýkady. - Börmede babamlar bar. Siz şol obanyň adamlaryna meňzeş gördüm. Olaram siziň ýaly burunlak, gözleri ullakan, owadan. - “Owadanlyg-a sürtseňen ýokmaz-la bize!“- diýip, Garyp oýlandy. - Uniwersitete okuwa girdim. Kitaphanadan kitap aldym. Bu-da bir agyr, bu garly gün elim kesim-kesim boldy.- diýip, gyz toruň bary göm-gök, gyzyl edip goýan näzik aýalaryny oňa görkezdi. - Sizem, okuwa geldiňizmi“— diýip, ol Garybyň biçäre ýüzüne garap, ýylgyrdy. – Wiý, bu wagt okuwa alynýan däldir-ow. Gyz gazakçalym gözlerini gyrp-gyrp etdi.- Ýok, oba hojalyk institutyna alýarlar diýip, men gazýetde bir biuldiriş okapdym... Garyp dillendi. - Men şoňa girmäge geldim. Ertir diktant ýazmaly. - Gaýybanadyr? Garyp baş atdy. - Häzir nirä barýaňyz? Garyp köwşüne seretdi. - Ýaňy dokument tabşyrdym. Indi barara ýerimem ýok. Agşama çenli wagt geçireýin diýip, trelleýbusa mündim. Aşgabada ilkinji sapar gelişim. Gyz ýylgyrdy. - Aşgabada pyýada aýlansaň gowy bolardy. Bazarlar, adamlar, baglar,gar, gör, nähili gowy... - Köwşüm ýyrtyk. Gyz Garybyň aýaklaryny ýiti-ýiti seretdi. - Köwşüňi, düşüp, köwüşçä tikdiräýmel-ä. Ondan aňsat ýog-a. Garalabam berýärler. Özem köpüg-ä. Aýakgap ussalary iş tapman otyrlar-a. Indiki duralgada düşeli. Biziň tanyş aýakgap ussamyz bar. Ejem jigimiňkini, özümiziňkini berip goyberýär. Men olary getirip tikdirýärin. Garyp ýyljak ýere ýaňja öwrenişipdi. - Meniň üstümem ýuka.Iller gülşäýmese! Agyr ýüküni ýene-de özi götermeli boljak gyzyň ýüzi üýtgäp gitdi. Ýöne ol Garypdan el çekmedi. - Erkek oglan merdiräk bolmalymyka diýýän.Ýöri, ine, geldik. Häzir düşýäs... Gyz eline agyr toruny aldy. - Getir, tory maňa beräý.- Gyz uly höwes bilen ýylgyrdy-da, agyr toruny Garyba berdi. Ol tory eline alansoň bu gyzyň ony näme üçin düşürjek bolýanyna düşündi. - Oba hojalyk instituty oba adamsy üçin, gowy okuw. Biz- şäherli-dä. Ol bize bolmaýar. Şonuň üçin, ejem, kakam meni uniwersitete saldylar. Häzir ors dilem gerek-dä. Özüme, bakja-da, orta mekdebem orsuja-da. Türkmen dilinde okabam biljek däl, biz-ä. Ol gyz edil eňegine jaň dakylan ýaly, gürleýärdi. Garyp, içini hümledip gelýärdi. - Doganym, Moskwada! Gorkiý adyndaky Dünýä edebiýaty institutynda. Eşitdiňmi? - Iň uly ýazyjylar, şahyrlar, terjimeçiler şol institutdan çykýar. Resul Gamzatow, Çingiz Aýtmatow, Kugultinow diýip eşitdiňmi? Olar dünýä belli. Olary dünýä tanaýar. Ine, onsoň, okanyňa örä, şeýle institutda okaýsaň.Ýöne oňaň ekzamen berip girip bolmaýar. Oňa beýik zehin gerek. - O nähili zehin?- diýip, Garyp gyzyklandy. Ol gyz şol nstituta girmänine kemsinýän ýaly, ýüzüni gamaşdyrdy. - Zehin – zehin-dä. Alla tarapyndan zehin berlip, üýtgeşik goşgy, hekaýa, powest ýazýan bolmaly. Moskwadan aty güýçli ýazyjy-şahyrlar, terjimeçiler gelip ýazan zatlaryňy barlap, saýlap-seçip, iň gowularyny alýarlar. - Seniň doganyň näme ýazýardy? Gyz başyny ýaýkady. Onuň açyk başyndaky owadanja şarf silkinip gitdi. - Meniň doganym beýle zehinli däl. Ol uniwersitetiň üçünji kursundan Moskwa geçdi. Ol rus dilinem, türkmen dilinem gowy bilýär. Terjime etmäge kakam kömek etdi. Soňam, az-kem tanyşlyk boldy. Şeýdibem girdi. - Şoň-a tanyşsyzam girse bolardy-la... Gyz ony goldamady. - - Aý, ýok, aý, ýok, beýik zehiniň bolmasa... Häzir beýle zehinli adam barmy, näme? Özüm - öldürseňem, goşgy ýa powest ýazyp biljek däl. Onsoňam biz heniz ýaş. Garyp adamlaryň gürelýän ýerine girdi. - Bazar! - Bazar. Olar seýreklän ak gary jagyrdadyp, hatar-hatar budkajyklaryň biriniň ýanyna geldiler. - Salam dädýa Artur!- diýip, gyz ekabrja habar gatdy. Ýüzi-gözi, edil bir kömür çalnan ýaly saçy bürmek kimin bulaşyk goja - Guliçkam, kel! Eje, kaka kurgun?- diýip, çalgyrt gürledi. - - Däde Artur, bu oglan biziň myhmanymyz. Ejem, däde Arturyň ýanyna baraý- diýdi. Köwşi sökülipdir. Goja kirli elini uzatdy. - Maňa ber.- Ol gyza oturgyç süýşürdi. - Otur. Garyp oturgyja çökdi-de, sökülen köwşüni aýagyndan çykaryp, goja uzatdy. Goja köwşi gözüniň öňüne eltip, birlaý dykgat bilen seretdi- de agyr başyny ýaýkady. - Tikin tutmajakdy. Bu ne botinka? Ýaman bolupdyr! Gyz gorkuly ýalbardy. - Gaýrat et, däde Artur, biz puluňy bereris. Goja kirli öňlügini dyzlarynyň üstüne ýazdy-da, bir tekizje tagtajygy goýup, köwşüň yz tarapyny agaç galypa salyp, ony çekiçledi. Soň iş edinip, ony tikip başlady. Gyz içi kitapdan doly torunyň üstünde, edil, totugu ýalyjak bolup otyrdy. - Kaýdan kelmiş?- diýip, goja indi teletin bölegini köwşüň ökjesiniň iç ýüzünden tikip durşuna sorady. - Gara böwürden. - Obamy? - Oba. - Ol ýerde köwüş ussasy war? - Ýok. - Kel, men saňa öwredijem, gel bura, otur, botinka tik! Garyp mys-mys güldi. Oňa çenli ol gyz dillendi. - - Ol Oba hojalyk institutyna okuwa gelipdir. Goja okuwyň ikinji taýyny hem teletinläp başlady. - Heý, ohuw nedi? Ohuw-pohdy. Puluň war. Ýoh, ohuwa girmejek sen. Kimiň puly war. Şol ohyjakdy.- Ol köwşi görkezdi- Beýle köwşi geýmiş- ohuw ýoh. Gel, bur-a master bol... - Gojanyň bu hor, ejiz diňe burun bolup duranbu gaýly günde, ýyrtyk köwüşli, çyplak eşikli çykan oglanjyga nebsi agyrdy öýdýän. Ol garybyň köwşüne gara lak çaldy. Onuň aşagyna, ökjesine galyň teletin, sowam nal kakdy. Içine şukajyk oltaň goýdy. - Meh!Allah şaýat. Sen bala, uly adam bolsaň meni unutma. Gyz oňa üç manat uzatdy. - Ýoh, kizim,. Ol gaty uly adam bolar, däde Artur biler! Şonda men ondan alaryn. - Sag boluň. - - Allah- Hafezdir! Garybyň ýüki ýeňlän ýaly boldy. - Ýaňy Moskwada, şol institutda okasaň gowy diýdiňmi? Gyz onuň ýüzüne sowally garady-da, birden hälki gürrüňi ýadyna saldy. - Elbetde, sen seret, sen obada ýaşaýaň. Emma etrap merkezinde ýaşaýanlar oba ýerindäkiden bäş esse kän bilýär diýeli? Aşgabatda ýaşaýanlar etrap merkezinde ýaşaýanlardan on esse kän bilsin. Moskwada ýaşamak, Aşgabatda ýaşaýanlardan ýüz esse kän bilmek ahyryn. - Ýüz esse! - Elbetde, Moskwada okanlar iki okuw jaýyny gutarýar diýýärler-ä. Moskwada bäş ýyk ýaşap okamak, uniwersitet gutaran ýal-a. Edebiýat instituty bolsa, dünýäde ýeke-täk institut. Ony gutaranlar, başgaça oýlanýarlar. Olara – dünýä guwanýar! Nesiller gelip geçýär, ýazyjy- şahyrlaram gelip geçýär. Emma, olaryň ýazan eserleri ölmeýär, galýar. Olar dünýäniň ýüzünde, adamzadyň köňlünde, ýüreginde ýaşap ýörýärler... - Bu gürrüň, bu owadanja gyz Garyby haýran galdyrdy.Ol boýurganyp, töweregine seretdi. - Häzir, häzir ýetýäs. Indi uzak däl.Olar tirkeşip, iki gat jaýly howla girdiler. - Eje, biz geldik. Garaýagyzdan dogumly, görmegeý aýal tasanjyrap daş çykdy. - Waý, çagam ýaman gija galdyň-la,Okuw wagtyň bolup barýar.Gaty gaýgy etdim. Ol gyz şadyýan ýylgyrdy. - Eje, ine, obadaşyňy getirdim. Okuwa girmäge gelipdir. Ol aýal Garyby boýdan başa synlady. - Wah, wah, çagam, meniň Guliçkam ýaly, horja ekeniň.Hany, gir içeri. Eliňdäkini göterip durma-da, şujagaz ýerde goýaý.- Ol aýal gyzy bilen içerki jaýa girip gitdi. Garyp bir ýagdaýy synlady.Bu aýal onuň köwşüne seretmedi. Diýmek, Garybyň şunça mahallap gorkup gezen zady , düzelipdir. - Eje jan, bir agyr, bir agyr, - diýip, içerden, bir ýerlerden gyzyň zeýrençli sesieşidildi., herne, bagtyma, bu oglan kömekleşäýdi. Babamyň obadaşlaryna şeýle bir meňzeş. Onsoň menem salam berenimi duýman galypdyryn. Şeýdiýp tanyşdyk. - Ady näme?- diýip, ejesi gyzyndan sorady. Ejesi güldi. - Şeýdip tanyş bolunýarmy, onsoň. Tanyş bolsaň, gowja tanyş bolmaly-da. Bar, stoly taýýarla. - Eýwan haly bilen düşeklenendi. Bir gapdalda diwan, stol durdy. Garyp, gaýtsammykam, gaýtmasammykam diýip, bir salym durdy. Emma, bir aýby bar ýaly edip, gidibermegem, bir hili görüp, bir salym durdy. Hoşlaşmaly. Iň esasy zat, Baýram heniz okuwda bolmaly. Ondan otagyň açaryny soramagam gelşikli däl. - Wiý, sen henizem aýak üstünde durmyň?- Ol içeri girdi.- Aý eje, myhmana geç, oturam diýmändiris-ä. - Ol stoly görkezdi.- Ýok, gel, ilki tanyş bolaly. Meniň adym Ogulgözel - Gulýa. Ol Garyba elini uzatdy. Garyp salamlaşdy. - Meniň adym- Garyp! Kakamyň ady- Nurylla! Garyp- Nur-Allah!.. - Garyp gowy adyň bar eken. Ejemiň adam – Bibi! Bibi gelneje.- Ol stoluň üstüne saçak ýazdy. - Geç, otur, howlukma, bile gideris. Daşarda ýene gar tutaşyp başlady. - Men yzymy taparmykam?! - Taparsyň. Aşgabat beýle bir çylşyrymlam däl-ä.Trelleýbusa münseň, ediljek institutyň işigne eltýär. Bibi gelneje eli şakäseli eýwana çykdy. Ol Garyby görüp, ýakasyny tutdy. - Eý, Allam! Beýle-de bir hor çaga bolarmy? Bu gül ýaljak çagany nädäýipdirler?! Haýsy ene, haýsy ata muny beýtmäge dözdükä. Çagam, ejeň, kakaň bir bardyr-a? Garyp stoluň gyrajygynda amanat adam ýaly, bir gysymjyk bolup oturdy. - Ejem bar. Kakam ýogaldy. Ejem ýarawsyz, gaty ýarawsyz. Men işläp başladym, ýagdaýymyz indi gowy. - Öýüňüzde başga işleýän kişi ýokmy? - Ýok, Bibi gelneje. Men şonuň üçin gündizki okuwa gidip bilmedim. Bibi gelneje dözmezçilik bilen başyny ýaýkap, agyr ýumrugy bilen agzyny tutdy. - Heý, senem bir işe dözüp boljakmy. Dözende-de işläp biljekmi sen. Näme iş etmeli? Garyp ýere garap oturşyna, hümürdedi. - Işmi? Baglara suw tutýan. Baglaryň arasynda ýap gazýan. Bag nahallaryny oturtmak üçin çukur gazýan. Bibi gelneje gözlerini ýumdy. - - Wah, wah, onsoň, her aýda näçe alýaň, şeýdip işläp? - Garyp egnini gysdy. - Käte gowy düşende, kyrk bäş , käte, otuz dokuz - kyrk manat!.. - Wah, çagam, çagam, otuz-kyrk manadam bir pulmy? Ony, hana, - Ol gyzyny görkezdi.- Ol okany üçinem alýar-a.- Al, çagam, naharyňy sowutma. Gulýa içerden okuw eşiklerini geýip çykdy. - Eje, onuň ady-Garyp! Bibi gelneje güldi. - Asyl, adyňam Garypmydy, çagam. Garyp garnyny ýagşy doýurdy. Indi gaýtsa-da boljakdy. - Gar ýene başlady-da. Howlynyň garyny syrmaga bir adam iber- diýip kakaňa jaň etdim. Onuňam bir başy bar, müň işi... Garyp ýerinden turdy. - Gelneje, gar arassalara piliňiz barmy? Men arassalap bereýin. Barybir, gidere ýerim ýok.Ýoldaşym okuwda. Açaram onda. Getir, ber... Bibi gelneje ellerini gerdi. - Ýok, ýok, çagam. Ederler, özleri eder. Sen ol işlere dözer ýaly çaga däl-ä. Gulýa ýylgyrdy. - Bereli, eje, ol nirede garaşsyn. Onsoň, menem kömekleşeýin. Bibi gelneje gyzyna käýinjiredi. - Seňki näme? Ugra, okuwyňa. Mugallymlaň näme diýer. Gulýa ýylgyrdy-da, kellejigini oýnatdy. - Kitaphanadan kitap aldym diýerin. Näme, kitap almadymmy? Onsoň, soňky sagarlara baraýaryn. Barybir, iki sagat leksiýa. Bibi gelneje gyzynyň bolşuna düşünmän, bir ýerlerden täzeje suw ädigini getirdi. Egnine galyň ýeňsiz geýip, eline açar alyp, howla çykdy. Waý-waý, şul-a adamam boýlajak. Ol sübse, pil,afgaç hürek alyp işige, garyň üstüne taşlady. - Ädigi geý, Garyp jan. Howlukmanjyk ediber,m gaty ýadama... Garyp sähel salymda, derwezeden tä howlyň düýbüne çenli, gary üzümleriň düýbüne tarap, aýyrdy. Soňra süpürişdirip, käbir ýere, ýoluň gyrasyna howlunuň çüňkünde üýşüp ýatan ownujak çägeden getirip sepdi. - Boldumy, gelneje? Bibi gelneje gyzy bilen howla çykyp, Garybyň işini synlap durdy. - Bolup galdy, çagam. Ak gyz ýoldaşyň bolsun. Gulýa-da gapdaldan: - Eje, ekzamenden bäşlik al!- diýsen-e- diýdi. Bibi gelneje gyňyr gepledi. - Boldy, suwjarmasan-a. Sne gyz, adam görseň kilçeren bolup, okuwa gitmäniň maňa hiç ýakanok, seniň.- Ol Garyba- Pili, sübsäni, küregi özüm ýygnaryn . Indi, oglum, giräý, içeri. Ýöri gyzgynjak çaý iç, üşänsiň. Garyp elini ýumşak gar bilen ýagşy ýuwdy-da, üstüni kakyşdyryp, içerde aýgyndaky ädigini çykardy. Çaý başynda, Gulýa oňa, ruçka, depder uzatdy. - Ertirki diktanta, azajyk taýýarlanaly, bolýamy! Men saňa üç hili, ýumşak, ortaça gaty aýdyp diktant ýazdyrjak. Bibi gelneje gyjyrdap gepledi. - Çaýny bir içsin gyz, Özüňem, beýle ökde bolsaň, bar okuwyňa git-de, güýjüňi şol ýerde görkez. Beýle hekemsirediň bu oglanyň üstüne, meniň başyma, köpbilmişsiräp. Gulýa ejesiniň käýemesine gulagam asman, Garyba ilki ýumşajyk, aýtdy. Soň çaltyrak aýtdy, soň çalt aýdyp, üç tekst ýazdyrdy. - Bäri ber, barlaly. Gulýa Garybyň owadan, däne-däne hatyny görüp, haýran galdy.Soň edil bit gözlän ýaly bolup, üç teksti üç-dýrt sapar okady. Emma, ýekeje ýalňyşam tapmady. Ol ejesiniň ýanyna ylgady. - Eje, gör bu haty, özem, ýekeje ýalňyşam ýok. Bibi gelneje daşaryny görkezdi. - Iş edişini görmediňmi? Berekella, çagam. Sagat iki boldy. - Men turaýyn.- Garyp ýerinden turdy. Bibi gelneje-de ýerinden turdy.Ol gyryljak sesi bilen, gepledi. - Howa ýenebulaşjal öýdýän.Meni bogup, janymy alyp barýar.- ol Garybyň ýüzündäki gussaly sowala düşündi.- Demgysmam bar.Howa şunuň ýaly bulaşdygy, janyma jaý tapamok Işe-de gidip bilemok, indi, iki gün bäri. - Ol içki otaglaryň birine girip gitdi. Gulýa hem ýerinden turup, Garybyň ýanyna gelip: Bu hatyňy maňa ýadygärlik beräý-Me, bu-da menden ýadygärlik. Diňe bäşlik al! -Ol näme?- diýip, Garyp elini uzatman sorady. - Awtotuçka-laý. Olýa maňa Moskwadan getiripdi. Gaty gowy ýazýar. Saňa berýän. Garyp ruçkany aldy. Ýöne, gabynyň içinde matajyk bardyr, perosy hapalansa, şoňa süpüräý. Başga ýerini elleme. Çernili doludyr. Garyp köwşüni geýdi. - Duraweri, aýtjak zadym bardy. Bibi gelneje daş çykdy. - Garyp jan, men saňa bir zat aýdaýyn. Eger okuwa girip bilmeseň, ejeňi aldajyk, Aşgabada gel. Men seni işe, ejeňi keselhana ýerleşdireýin. Jaýam taparyn. Gulýanyň kakasy uly tipografiýanyň hojaýyny.“Işgär gerek” zeýrenip ýör. Gündizem, gije-de işlär ýaly ýagdaý bar. Hem oka, hem işle. Gel, çagam, Aşgabat Garybyň ýurdydyr. - Eje ady Garyp bolany üçin aýdýaň gerek. - Goýsan-a gya. Saňa oýun gerek. Meniň gara çynym.- Bibi gelneje owadan gaýyş kurtkany Garybyň egnine atdy.- Me, şu kurtkany özüňe deňäp gör. Garyp ör-gökden geldi. - Ýok, al diýemok. Deňäp gör, ölçegiňi biljek bolýan... Garyp ony geýdi. Ol özüne şaplaşyp durdy. Özem gaty gowy gelişdi. -Gowja jübülerem bar eken. Ruçka salar ýaly. Bibi gelneje Garyba ruçkany çykarmaga bermedi. - Dur, bahasy ýigrini bir manat. Biri ogluňa diýip, Bolgariýadan getirdi. Oglum ýaňy üç ýaşynda.Ol ýigit çykýança modasy ýütgär. Oňa çenli mundanam gowylary çykar., bormy.Seniň nesibiň eken., toýa geý. - Nesip bolsa, puluny getirerin. Ol bu kurtkanyň bahasynyň ýüz manada ýakyndygyny aňanokdy. Ol hoşlaşyp, çykyp gaýtdy. 11. - Ine, şu 142-nji auditoriýa! Bu auditoriýa beýle bir uly däldi.Oňa kän adam gelmändi. Düýn, Baýram, tanyş gyzlar aljyrapdylar. Garyp agşamara gelipdi. Şoňa çenli“Garyp işikde garaşyp duran bolaýmasyn“- diýip, Baýram bolýan ýerine telim sapar gelip-gidipdi.Akgül, Selbi, Şasenem bolsa bolýan otaglaryna nobatçy durupdylar. Olar Garybyň täzeje köwüşli, üýtgeşik, owadan kurtkalyja, keýpi kök gelmegine, haýran galypdylar. -Şähere aýlandym, köwşümi tikdirdim, kurtka aldym. - Edeniň bar bolsun, ýüregimiz-ä ýardyň! - Trolleýbusa münseň, münenje ýeriňe getirip düşürýän eken-ä. - Kim aýtdy? - Soradym. Baýram kurtkany geýip gördi. Oňa-da şaplaşdy duruberdi. Özem şeýle bir gowy gelişdi. -Gaty gowy kurtka eken, nesip etsin. Näçä aldyň? Garyp dogrusyny aýtdy. - Ýigrim bir manada-diýdi.- Ýöne heniz puluny beremok. Baýram ony çykaryp, agramyny biljek bolýan ýaly, elinde saldarlap durşuna:- Aý, ýok, ýüzden-ä aňry bolmaly, munuň bahasy.- diýdi-Soň ol Garyba birhilje, ynamsyz seretdi. Şondan soň Garyp Gulýaly gürrüňi aýdyp berdi. - Ol başga gürrüň. Sen almarsyň öýdüp, ýigrimi bir manat diýäýendir. Garyby haýran galdyran zat Gulýanyň sözleridi. O gyz hiç bir oýlanman etmän, heniz gaýtalanmadyk parasatly pikirleri aýdyberýärdi. Garyp ol gyz bilen tirkeşen wagtynda, tutuş bir uniwersiteti geçen ýaly boldy. Ol Gulýanyň dana pikirlerini gaýtalady. -“Erkek adam merdiräk bolmaly“- Ol bu sözleri öň hiç kimden eşitmändi. “Etrap adamlary obaly adamlardan bäş esse, şäher adamlary şäher adamlary etrap adamlaryndan on esse, emma Moskwada ýaşaýanlar Aşgabatda ýaşaýanlardan ýüz esse köp habarly bolýar.“ “Moskwada okan iki uniwersiteti gutaran ýaly bolýar“. -Gulýa bizden ýüz esse köp bilýär. Gör, ol meni gören badyna , ýumşak, zyýansyz adamdygymy bilip, meniň indi telim gün bäri alada edip ýören zadymy bäş minutda düzedip, köwüşçi ussa muzdsyz tikdirip berdi. Maňa kitabyny öýlerine çenli götertdi..- Ol Gulýadan utanyp başlady. Menem, gulagymy pakgardyp, ol gyzyň yzyna düşüp ýörşüme, näme diýse “howa, dogry“ diýip durmadan başga ýekeje sözem aýdyp bilmedim.Olar men barada näme diýýändirler. Garyp Gulýanyň beren ruçkasyny açyp , oňa gaýta-gaýta seretdi. - O näme?- diýip, Baýram elini uzatdy. - Awtoruçka-laý. Şol gyz sowgat berdi. Baýram Garybyň öňki aýdanlaryna ynansa-da, bu perosy sap altyndan, gaty gymmat bahaly ruçkany görüp, agyr iňkise gitdi. Onsoň, saklanyp bilmän: -Sen-ow, bu aýdýanlaň çynmy bir? Ýa-da, trolleýbus-trolleýbus diýip, jübüden jübä girip ýören tüýkesme ogry bolaýma. Garyp gatam görmedi. Baýram ony hasam geň gördi. - Öz-gaty geň öz-ä. Sen –ow, gatam göreňok-la. Gaharyňam gelenok! Özüňi aklaňog-a. Garyp stolda bigünä halda oturşyna, bir otuşyndan üýtgemedi. - Özüň arassa bolsaň, seniňki dogry bolsa, gaharlanyp, gaty görmek hökman däl.Ynamsyzlyk ahlagyň weýran bolmasy. Ahlagyň parçalanmasy. Meniň ekzamenim bar, ynanmasaň “Howdan- 41-12“ bar-da sorap göräý. Garyp ertir irden turup, çaý goýdy-da, ýarty külçe bilen bir käse çaý içdi.Soň ekzamene gaýtdy. ...142-nji auditoriýada ýigrimä golaý adam bardy. Dört sany rus aýaly gezek-gezegine kagyzlary paýlap çykdy. - Howlukmaly däl! Pugta diňlemeli-diýip- diýip, owadan zenan aýtdy.- Düşnükli! Onda okaýan. - Togsan bäş söz!On bäş sözlem. Garyp, kyn sözleri hetjikläp goýberdi. - Düşnükli! Diktanty edil birinji synpyň okuwçylaryna ýazdyrýan ýaly aýdýardylar. Ilki tutuş sözlemi okap, soň, beýleki sözleri hetjikleýärdiler. Garyp gyrada otyrdy. Geçip barýan mugallymlaryň biri geçip barýarka,tötänden , onuň kagyzyna seretdi. Soň gözüni aýtyp bilmän, gaýtadan gelip, onuň işini synlady. Az-kem sägindi-de: - Molodes, ne speşi! (Berekella, howlukma!)- diýip gitdi. Diktant ýazdyrma tamam boldy. Garyp öz işini dört-bäş sapar okap, ony mugallyma tabşyrdy. Ol diktantdan soň daş çykanda Selbiniň özüne garaşyp duranyny görüp, onuň ýanyna bardy. - Näme, ýüzüň salyk. Gowy ýazmadyňmy? Garyp birhili gamgyndy. - Boljak. Selbi ör-gökden geldi. - Näm boldy, Garyp. Garyp ýuwaşja ýöräp başlady. - Oturar ýaly ýer ýokmyka? - Ýör, kitaphana baraýaly. Olar tirkeşip kitaphananyň okalga zalyna bardylar. - Hany, indi sen aýt, näme boldy? Garyp nämüçindir, öten agşamdan bäri, Baýramyň özüne bolan ynamsyzlygyny ýüregine sygdyryp bilenokdy. -Selbi, ynamsyzlyk ahlagy weýran edýär.- düşünýäňmi? Bir adama töhmet atmak üçin, özüň nähili betgüman bolmaly. Bu gowy zat däl. Ony adamyň ýüzüne aýtmak üçin, nähili jebir çekmeli. Ýöne, şeýle aýdyp bolmaz-a. Selbi hiç zada düşünmese-de, ýöne başyny ýaýkady oturdy. - Muny nämeden aýtdyň? - Garyp ýerinden laňňa galdy. - Sen bir zada şaýat bolarmyň? - Bilemok. Garyp özçni duýman, Selbiniň akja elinden tutdy. - Ýör, Baýramy tapaly. Olar el tutuşyp, umumy ýaşaýyş jaýyna tarap gaýtdylar. Işikde Baýramyň täzeje “Wolgasy“ garly günüň güneşine lowurdap durdy. - Sen häzir şu ýerde birje minut dur! Birsalymdan soň Garyp Baýramy alyp, daş çykdy. - Ýör, häzir gitmesek bolmaz. Baýram maşynyny sürüp barşyna, başyny nägilelik bilen ýaýkady. - Men oýun etdim ho-w, - Ýok, ynamsyzlyk ahlagy weýran edýändir. Soň özüňe gowy bolar... Maşyn Gulýalaň howlusynyň işiginde durdy. - Ýörüň, girip çykalyň. - Bolýa-laý, özüň baraýsan-aý.- diýip Baýram kes-kellämi garşy boldy. – Soň ol birhilije gaharly- Woobşe, şu nämä gerek!- diýdi. Garyp maşyndan düşdi. - Ýöri, men seniň üçin geldim. Maňa geregi ýok şonuň. – Ol derwezäni açyp, howla girdi. - Kimsiň? Bibi gelneje öýde eken. - Men, Bibi gelneje. Öýdemiň, daş çyksan-a. - Bibi gelneje daş çykdy. Baýram bilen Selbäm howla girdiler. - Bibi gelneje, Taňry ýalkasyn. Kurtkanyň puluny getirdim.- Ol Şyhym aganyň beren ýigrimi bäş manadyny oňa uzatdy.E mma Bibi gelneje puly almady. - Ýok , çagam, indiki sapar Aşgabada geleniňde berersiň , diýdim-ä.- Ol elini salgady.- Wiý, bolmasa, şonuň puluna badam getiräýsene, indiki geleniňde. Şol demgysmanyň bire-bir emimiş. Baýram ony tassyklady. - Ýöne, ajysy. Ajy badam derman diýýärler. Ejemem demgysmaly bolansoň, şony soraýar. - Ajysam bolsa, süýjüsem bolsa, puluň özüňde dursun. Men o kurtkany oglum ýaly göremseň berýän.-ä. Ol, ol... Baýram ara düşdi. - Gelneje, başga ýokmaý. Gaty gowy zat eken.- diýdi.- Ýöne öz bahasyny bilýän-ä, onuň hakyk bahasyny. Bibi eje iki egni bilen agyr dem aldy. - Howa ýene üýtgejek öýdýän, demimi berenok.- Ol özüni ýagşy dürsäp gepledi: - Men gorispolkomyň bölüm müdiri. Işgär aýallarymyz oňa, muňa gidenlerinde, “ogluňa“ diýip, sowgat getirýärler. Oglum ýaş, ol ýigit çykýança,täzeden täzesi çykjak. Garyp jany özüm gowy gördüm. Düýn, Guliçkam bilen tanyşyp, onuň kitaplaryny göterişip, öýe geldi. Howlymyzyň garyny arassalap berdi. Gül ýaly çaga-da. Men oňa ejeňi al-da Aşgabada göçüp gel.- diýýän. Gelseler, elimden gelen kömegi etjek. Garyp jübüsinden akja ýaglyga dolangy zady çykardy. - - Bibi gelneje, düýn, şuny maňa Gulýa sowgat diýip berdi. Görsem, gaty gymmat zat eken. Men ony alyp biljek däl. Taňry ýalkasyn. - - O näme? - Awtoruçka! - Bibi gelneje ony aldy. - - Ruçka bolsa, özem sowgat beren bolsa, alaýmaly ekeniň-dä. - -Ýok, sag boluň, biz gideli. - OL howla bakan ýöneldi. - Baýram kurtkaly meselesini berkitmek üçin yza galdy. - Garyp hiç zada düşünmän oturan Selba seretdi. - - Selbi, men gljak. Sen meniň çemodanymy, kitaplarymy Baýramlardan alyp, öz ýanyňda goýsan-a. Men olary senden alaryn. Men indi ol otaga baryp bilmerin. Baýram howlukmaç geldi. - Ýöriň, indi gideliň. Garyp maşyna münmedi. - Hä, näme? - Ýok, men maşyna münjek däl. Siz gidiberiň. - Ýok, ýok, gel , mün. Men bagyşla diýdiň-ä. Bilmän, ýöne, kellämiň ugruna aýdyp goýberdim-läý. - Garyp ýüzüni turşytdy. - Ýok, Baýram. Men indi ol otaga barman. Selbem maşyndan düşdi. - Menem seniň bilen bileje gitjek, Garyp. Baýram gitdi. Selbi sesini çykarman ýöräp gelşine: - - O saňa näme diýdi?- diýip sorady. Garyp ýere garap gelşine: - Üýtgeşik diýen zady ýok-la.- diýdi. - Aýdaýsan-a diýip, Selbi özelendi. - Kurtkany, ruçkany ogurlap alansyň - diýdi. - Sen şonuň üçin ony alyp geldiňmi? - Elbetde, Selbi, töhmetiň ulusy, kiçisi ýokdur! Agyz-agyzdan ýel alýandyr. Baýram-a oýun etdimdiýip aýdan bor.Bibigül ýalam ony oba elter. Maňa okuw, kurtka, ruçka nämä gerek. Hem-ä garyp günüňe, dişleriň etini sorup hor-homsy gezmeli! Hemem , bir agzy boşuň töhmetine galmalymy! Dünýe şeýle adalatsyz-a. Meni garyp, gedaý eden dünýä ogry, orramsy diýip wejera edip bilmezmi?!Onsoň, men baý , beg bolanymda-da, bu týhmetli adym bilen nädip ýaşaýyn, abraýsyz, Selbi! Ol başyny ýaýkady. - Men okuwa gaýtmaly däl ekenim. Şol, şol...- Ol yzyny aýtmady. - Diktant bir ýazdyňmy? Garyp gaşlaryny çytdy. - Şonam nähili ýazanymam bilmedim. Ömrümde birinji sapar, pikirimi jemläp bilmedim. Selbi ynjalyksyz gepledi. - Indi nirä gitjek sen? Olar trolleýbusyň duralgasyna geldiler. - Ýör, Garyp, bize gideli! Sen çaý-nahar bir iý, onsoň pikirlenişip, bir zat taparys. Bolmasa kursdaşoglanlardan haýyş ederin. - Ýok, Selbi. Sag bol.Öz günümi özüm göreýin. Ýöne, sen ertir sagat dörtde, ekzamen alynýan auditoriýa ruçka bilen kagyz getir. gaýrat et. Adam başyny alyp durjak zat bolmaz. Ýere-suwa höküm eden Säleýman pygamberiň kakasy Dawut pygamberiň bir ýüzügi bar ekem. Ol ýüzüge:“Bu-da geçer!“ diýilip ýazylypdyr. Bu-da geçer. Mün trolleýbusa sen. Hoş, ertire çenli!.. | |
|
√ Gala -5: Maksat - 12.02.2024 |
√ Gala -6: Ýeriň aşagynda gäwüşeýän ýylanlar - 16.02.2024 |
√ Hakyň didary -5/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Hakyň didary -7/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Gala -7: Oýlanma pursady - 16.02.2024 |
√ Gala -10: Höküm / romanyň soňy - 16.02.2024 |
√ Gala -9: Ömrüň beýany - 16.02.2024 |
√ Janserek -4: romanyñ dowamy - 15.03.2024 |
√ Hakyň didary -6/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Gala / roman - 08.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |