22:42 Ak guwlary atmaň! -5/ romanyň dowamy | |
14.
Garyp matematikadan, himiýadan, biologiýadan hem bäş aldy. Indi onuň bir hepdelik berkidiş okuwy bardy. Oňa onuň takady ýetmeýärdi. Ol çaltyrak öýe gaýtmak üçin instituta gaýtdy. Ata henizem gelenokdy. Ýöne iki sapar jaň edip, özüniň eglenmeli bolandygyny aýtdy. - Gaýrat et, men barýançam garaş.Sözümiz sözdür... Gulýa-d her gün jaň edip durdy. Ol bir sapar gelibem gitdi. Ýöne ekzamenden geçenden soň, Garybyň hiç zat bilen weji ýokdy. Bar pikiri-hýaly obadady. - Meniň ýagdaýym nähili boldyka?- diýip, olşol dokument alýan gyzyň ýanyna baryp sorady. - Geçdimmi, geçmedimmi? Gaýtmalymy ýa-da okamalymy? Ol gyz Garyby gördü-de, kagyzlarynam dargatmady. - Nurylleýew, gel bäri. - Ol işige bakan haýdady. - Sen şu gün sagat dörtde, rektoryň kabul edilişigine barmaly. - Ol sagadyna seretdi. - Ýene ýarym sagatdan. - Birinji gat, 68-nji kabinet! Garyp tisginip gitdi. Garyp oýurganypdurdy. Ga-ry-yp! Garyp tisginip gitdi.Bu ses Selbiniň sesidi. Ol yzyna-da garaman: - Sel-bi-i!- diýdi. Selbiniň agzy bir garyşdy. - Waý, Garyp, sen nirä ýitirim boldyň. - Ol Garypözüne bakan öwrülenden, gözlerini gyrp-gyrp edip, Garybyň doňup duran eline, sypjyryk- sypjyryk bolup, indi könelişe ýaraly ýüzüne garady. Eliň näme, ekzamen nähili boldy? Garybyň tutuş süňňüne bir kuwwatly güýç gelen ýaly boldy. - Ýykyldym-laý. Elimi döwdürdim. - Ekzamendenmi? Bolmadymy, Garyp? Selbiniň sargaran ýüzünde gorkudan ýaňa möleren gözleri, birhili agyly sesi Garyby gorkuzdy. Ol ynamsyzja: - Ekzamenmi, bilemok. - diýdi. - Häzir direktoryň ýanyna barmaly. Selbi gaty tolgundy. Ol ýaşly gözlerini tegeläp durşuna: -Wah, wah. Ýöri, men rektoryň ýanyna elteýin. - Olar tirkeşip birinji gata düşup. Töre bakan ýörediler. - Rektora näme diýjek? Rektorymyz gaty gowy adam. Oňa “Menden gaýtalap ekzamen alyň: -diýjekmi? Garyp başyny ýaýkady. - Ýöne, sen garaş, Selbi! Saňat aýtjak zadym bar. Bormy.. - Maňa hiç zat, okuwam, beýlekem gerek däl. Sen, maňa garaş!.. Garyp rektoryň kabinetine girende, törde goýlan stolda nämedir bir zada dümtünip oturan çal saçly, haýbatly adamy gördi. - Salowmaleýkim! Rektor başyny galdyrdy. - Salam, gel, näme habar? Garyp stoluň başyna ýöneldi. - Çagyrypsyňyz! Rektor ullakan gözlerini ýumjakladyp, Garyba bir seretdi-de, stolunuň üstüni sermedi-de, äýnegini garbap alyp, gözlerine dakyndy.Soň gaýtadan gelen oglana seretdi. - Sen kim bolmaly? Garyp adyny, atasynyň adyny aýtdy. Agronomçylyga girmäge gelipdim. - Rektor ýüz keşbini birden üýtgedip, Garyba bakan ýöräp başlady. Gelip, iki eli bilen görüşip, salamlaşdy-da, Garybyň sag elini ýyljak, ýumşajyk aýalarynda saklady. - Oglum, gel, otur. Ol gapdaldaky giň diwana geçdi-de, stoluň burçundaky garaja düwmän basdy. - Içeri giren sekretar gyza: - Çaý getir!-diýip, buýrukly aýtdy-da, ýüzüni Garyba öwürdi. - Geç, oglum, otur. - Garyp bu hoşamaý adamyň ýüzüni görjek boldy. Emma het edip, ýüzüni galdyryp bilmedi. - Garyb, Garyb, oglum, sen nireden çyhtyn? - Rektor türkmençäni çalgyrdrak gürleýän eken. - Sen kim, seniň ataň, annaň kim? Dogan-garyndaşlaryň kim? Garyp gipsiň aşagynda az-kem agyry, symyljak gijeýän goluny, sag eliniň aýasy bilen ýylydaýjak bolýan ýaly, sypalaşdyrdy. - Gürrüň bereýinmi? - Gürrüň ber! Garyp çukur gabalkarynyň düýbüne çöken gözlerini endiklije gyrpyldatdy. Onuňjallyk agzynyň bir gyrasy müňküldäp gitdi. - Kakam – Nurulla aga men kiçijikkäm aradan çykypdyr. - Ýok olan? - Hawa. - Annaň? - Ejen garryja, agyr syrkaw. Öýdenem çykyp bilenok. Başga hiç kimim ýok... - Hiç kimse ýoh? - Hiç kimim ýok. - Aşhabatda dogan-kardaş ýohmy? Garyp gussa batdy. - Wah, obada-da ýok, obada-da. - Sen bu ýerde kimlerde ýaşaýarsyň? - Bu ýerde! Bir gije klsdaşymyň ýanynda boldum., indem, wokzalda.Onda-da hulganlar kurtkamy aljak boldylar. Olardan gaçyp barşyma, bzda typyp, geçip barýan maşynyň aşagyna düşdüm. Elim döwüldi. Özäm ölmän galdym. - Wah, wah, bala. Wah, wah! Rektor gaty gynandy. - Geçmiş olsun, bähbit olsun. Ol ýerinden turuý bir kagyz bukjany eline alyp, ýene ýerine geçip jaýlaşykly oturdy. - Ol hakda soň aýdaýyn! Ýöne sen aýt, bu diktanty seniň özüň ýazdyňmy? - Hawa, hawa, eger, gerek bolsa, ony häzir ýatdanam ýazy bereýin. - Howlukma, howlukmak gerek däl-eý. Fizikany, matymatikany, himiýany özüň ýazdyňmy? Özüň işlediňmi? Garyp geň galdy. - Hawa, näme, dawa edýän barmy? Men, men... - Mugallymlar görüp otyr-a. - Rektor şol kagyzlara ýene bir laý göz gezdirdi. - Aýtdylar, emma, men olara yşanmadym.Bagyşla. Meb indi on ýyl bäri rektor, Öňem şu okuw jaýynda. Henize çenli bize beýle okuwçynyň gelenini bilemýok. Ol getirilen çäýneklerden käselere çaý guýdy. - Al, iç, Garyb!- men dogrusy, ynanmadym. Indi, seni görüp, ynandym. Özm mugallymlara: “Gabana okuwa gelenlere giriş ekzameninde bäş goýmak bolanýok“ diýip, görkezme berdim. bBir görsem hemmesi bäş! - Ol käseleriň birini alyp, Garybyň eline berdi, beýlekisini özi aldy. - Saňa, oglum, bir maslahatym bar. - Ol m Garybyň hor, aljyraňňy ýäzäne howsala bilen garady. Soň ony boýdan başa synlady. -Bize, gündizkä okuwa gel! Garybyň käseli eli titiredi. - Ýok, ol bolmaz, ýoldaş mugallym. Ejem... Rektor elini Garybyň gpslenen golunyň üstüne goýdy. - Men düşündim. Saňa okuwyňdan daşary iş berejem. Iň ýokary stependiýe alarsyň.Ýene ýüz manat işläp alarsyň. Şu ýerde institutymyzyň mugallymlary üçin ýaşaýyş jaýy bar. Iki otagly jaý berejem. Şoňa ýazgy etdirejem. Annaňy alyp gel. Özüm öňüňe düşüp, dohtorlara bejerdeýin. Gutulsa, oňa-da iş berejeýem. Sen diňe oka... Gündiz ohy. Ol Garyp „bolar“ diýer öýtdi. Emma Garyp bir netijä gelip bilmedi. - Mugallym, oba gidip, ejem bilen bir geňeşeýin.Maňa okuw hiç, ýöne esasyiş- ejemde. Ol gaty ýarawsyz... Rektor Garybyň bu hqsiýetini erbet görmedi. - Ýagşy, bala. Sen dogry aýtdyň. Annaňy eziz görseň, Allah-da seni ezi görejekdir. Ýöne, annam diýseňem, seniň kimin beýik zehinler Watana, halkyna, ýurdyna gerekdir. Sen özüňbarada-da, döwletiň barada-da, ýagşy oýlanjaksyň! Sen böýik olsaň ene-de, böýük bolajakdyr. Sen döwlete, halka annaňdan-da gereksiň. Garyp ýerinden turdy. - Mugallym, meni okuwa aldylar dälmi? Rektor onuň elini atalyk hoşamaýlygy bilen elini gysyp durşuna, başyny atdy. - Seni has ýokary okuwa-da alarys. Ýöne gowja oýlan. - Bolýar, sag boluň! Garyp baş atdy-da, rektor bilen hoşlaşyp, ýagşy umytlara beslenip, onuň jaýyndan çykdy. Oňa işikde Selbi tolgunyp garaşyp durdy... - Nätdi, geçdiňmi?! Garyp Selbiniň elinden tutdy. - Selbi, hemmesi senden, hemmesi. Selbi elini çekip aldy. - Näme menden! Men näme... - Beýle bolmaly däl-ä, hemmesi bäş! Selbiniň gözleri pyýala ýaly boldy. - Ýüregimi ýardyň-a, Garyp! Hemmesi bäş! Gutlaýan! Ýöne, ol saçy kesilen gyzyň täsiri köpräk bolaýmasyn?! Ol gün gysmyljyraşan bolup barýardyňyz-a. Garyp ýylgyrdy. - Bir zat aýdaýynmy?! Şonuň bilen barýarkam, sen barada pikir etdim. Düýşüme giripsiň. “Garyp, bolmandyr. Ikilik.“ Indi sen gaýtsaň, men näderin? Diýip, aglaýarmyşyň. Tas ýüregim ýarylypdy. Asyl, sen ekzamnden bäşlik alanymy byşlan ekeniň. Selbi sakga durdy. - Kim aýtdy? Akgül ýa şasenem aýdandyr. Men şolara gürrüň berdim-dä. - Ýok, men olary şondan bäri bir gezegem göremok.Ýöne öz düýşüme giripsiň. Selbi oýa batdy. “Dogrumyka, ýa birinden eşitdimikä?! Ýa dogrudanam, özi düýş gördümikä? Ol az-kem öwe gitdi-de, yzyna, oýlanjyrap gelýän Garyba seretdi. - Bilýäňmi, näme?! Ejem meniň bilen ýaraşypdyr. Agam bilen gelnejem , yzymdan geldi. Gelnejem aýdýa: “Maşyna münjek bolanymda daýzam ýanyma geldi” diýýä. Elinde-de düwünçek diýýä. “Bu näme?“ diýsem “Selbi janyň paltosy” diýdi - diýýär. Men geň galyp ýüzüne bakdym. Şonda:“Hana, gyzlaryň ýetişip gelýär. Başyňa düşende bilersiň“ diýdi diýýär. “Balam-bagrym! Bagryňy kesip bolýarmy? Ene gursun! Kanikula öýe gelsin. Bolmasa özüm bararyn, ýüregme düşüp barýar- a, şol gyz” –diýdi diýýär. Paltomy, gyzyl şaýlaryny, pul, çörek, gowurma iberipdir... – “Özüne gowja seretsin” diýipdir. Selbi gözlerine ýaş aýlady. Soň hamsygyp: Garyp begendi. - Wah, heý enäniňem bir öz çagasyna ýamanlygy boljakmy, Selbi!. Onda-da seniň ýaly mähriban gyza. - Ejem janym!- diýdi. Selbi gözüniň ýaşyny süpürdi. - Rektor näme üçin çagyrypdyr, aýdaý! Garybyň göwni göterildi. - Gel, ho-ol oturgyçda azajyk oturaly. Men saňa iki zat aýtjak - diýip, Garyp oturgyçda oturansoňlar aýtdy.- Ýok, üç zat aýtjak. - Birinjisi, ilkinji saňa aýdýan. Okuwa, diňe bäşlik baha bilen kabul etdiler. Ikinjisi, seni dogrudan hem düýşümde gördüm. Sen aglap, dady-perýat edip: “Bolmandyr, sen indi gaýtsaň, men näderin“ diýip, meni gujaklaýarsyň. Tisginip oýandym. Selbi ýylgyrdy. - Onda ikimizem şol bir düýşi oraşan görüpdiris. Ol seniň begenjegiň eken, Garyp. Men seni ýykylarsyň öýdüp, gaty gorkdum. Gel, indi iliň gözüniň öňünde, beýdip, oturmaly. Gyzlar saňa garaşýandyrlar. - Ol birden saklandy. - Rektor näme diýdi? Onda soň aýdaý-da. Garyp baryny Selbä gürrüň berdi. Gyzlaryň olara garaşýany çyn eken. Olar stoluň üstüne tort, limonad, alma, çörek goýupdyrlar. Bir salymdan Baýram bilen Bibigülem geldi. Gyzlar hakykatdan hem palow bişiripdirler. - Men Garyby gutlaýan- diýip Baýram söz aýtdy. Okuwa giripdir, gutly bolsun! Agronomçylyk gowy kär!.. Nämüçindir, Baýramyň ýüzi açylanokdy. Ol başyny atdy-da, ýerine geçip oturyp, nahara güýmendi. Selbi bilen Şasenem gysgajyk söz aýdy. Akgül gaty begenýärdi. - Doganym, doganjygym, Garyp jan, on ýedi ýaşynda diňe bäşlik bilen instituta girdi. Eger, mümkin bolsa, rektordan haýyş edip, Garyp jany, gündizkä geçirmeli! Meniň doganjygym zordur! Bibigül agzyny, burnuny towlady. Ol daşardan geleni üçinmi, ýa hakykatdan hem, şeýlemi, ýaňaklary nar ýalydy. Ak ýüzli gara gözelek Bibigül tutuş otaga nur paýlaýardy. - Bibiş jan, senem aýdaý! Diýip, Baýram, gapdalynda oturn Bibgüliň eliniň üstüne aýasyny goýdy. Bibigül näz bilen ýerinden turdy. Soň özüne aňkarylyp duran Şaseneme: - Näme ýüzüme jikgerilip dursuň- diýip, ýüzüni emelije gamaşdyran bolup, dilini çykardy. Soň hiç zat bolmadyk ýaly bolup: - Men agranomçylygy halamaýan. Püf! Hapa iş. Men bu beýderek okuwy gutarsamam, onda işlemeýen. Men erkek adam üçin hakyky kär näme diýeýin. Meniň bir gowy tanşym bar. Ol Moskwada Dünýä edebiýat institutynda okaýar. Geljekde ýazyjy bolar. Şol tanşym aýdýa: “Ýazyjy, şahyr dünýä belli adamlar. Ýöne ol okuwa okuw, bilim bilen girilmeýär. Oňa tebigy zehin gerek. Biziň institutymyza her bir özüni oňaranam, özün oňarmadygam girip ýör. Emma il instituta goşgy, powest ýazany, saýlap-seçýärler. Soň Moskwa çagyryp ekzamen alýarlar. Ekzamenler rus dilinde. Gaty güýçli bolmasaň, oňa almaýarlar. Okuw diýip, şoňa aýdaýsaň. Ýöne, oňa hakyky beýik adamlar alynýar... Ol oturdy. Agronomçylyk erbet kär däl-ä- diýip, Baýram goldaw tamakinçiligi bilen gyzlara garap aýtdy. - Sen geljekde ýolbaşçy bolmaly. Brigadirlikden pes iş-ä bermeýeler. Brigadirligem, näme, ýolbaşçy-da. Soň, galany özüňe bagly-da. Raýkom bol, ministr bol, obkom bol... Iň esasy zat, yrsgal-berekete ýakyn bolýaň. Garyp oturyp bilmedi. - Häzirki wagtda ýolbaşçy bolmak gaty kyn. - Hawa - diýip, Baýram tassyklady. - Ýolbaşçy bolmak üçin üç häsiýetiň bolmaly. Birinjiden, diňe bir özüňi bilýän, örän ýowuz, zabun, hiç kimi sylamaýan, ýüregi daşdan hem gaty adam bolmaly.Ikinjiden, Iň akylly, beýik, juda pynhan ýaranjaň bolmaly. Üçünjidenem, diňe öz jübüsini bilýän husydyň hem husydy bolmaly. Ýöne, özi,”içi jäjek, daşy möjek“ şeýtana sapak beren adam bolsa-da, “şu adam juda mähriban adam...“ diýdirmegi başarmaly. Kim şu üç häsiýeti özünde ösdürse, şol hem gowy, uly ýolbaşçy bolup biler. Baýram Garybyň bu sözüni ýa-ha üns berip diňlemedi, ýa-da oňa akyl ýetirip, dyrnak ýaly, kembagt oglan bilen jedelleşesi gelmedi. - Hany, Garyp jan, özüňem aýtsan-a- diýip, Akgül özelendi. - Garyp aýtsyn. - Selbi bilen Şasenemiň sesi deň çykdy. Gyzlar jykyrdaşyp, “Islegim haçan hasyl bolýa“ diýişdiler. Garyp ýerinden turdy. - Meni ýaňy rektor çagyrdy. - Ol Selbiniň ýüzüne seretdi. - Selbi bilen bile bardyk. - Hawa. - diýip, Selbi tassyklady. - Rektoryň sekretary: - Rektor bilen çaý içýän oglan kim-ä? - diýip sorady. – Menem, ol geniý!- diýdim. - Selb-i-i, dur-a... Soň, soň. Akgül bu gürrüňi Garybyň öz agzyndan eşitmäge howlukdy. - Ol “gaýybanaçylardan hiç kime bäş goýmaly däl“ diýen eken. Mugallymlaryň gaýybanaçylara bäş goýuşyna rektoryň gaty gahary gelipdir. - Garyp Bibigüle seretdi. Bibigül owadan, alma ýaly owadan gözlerini gedemlik bilen süzüp, owadan dodagyny enaýyja çommaldyp, ýekeje sözem sypdyrman, diňläp oturdy. Garybyň birden ruhy göterilip başlady. - Özi getirdip, şol bäşlik goýlan işleri barlapdyr. Soň meni çagyrypdyr. - Näme diýdi? - Gündizki okuwa geç –diýdi. Iş bereýin- diýdi. Jaý bereýin- diýdi. Öňüňe düşüp, ejeňi dogtora görkezeýin- diýdi. Onsoňam, ýokary stependiýa bereýin- diýdi. Diňe okasaň bolýar- diýdi. - Sen näme diýdiň? - Ejem bilen geňeşeýin - diýdim. - O näme diýdi? - Ol “oňarýaň” diýdi. “Eneňi sylasaň, seni Alla sylar” diýdi. - Molodes! Berekella! -Garyp oturdy. - Gündizkä geç, Garyp! Gyzlaryň bu sözünden soň ilki Baýram, soň Bibigül turup gitdi. - Geç, hökman geç. - Akgül Garyba seretdi. - Saňa meýdanda, pil işlemek bolmaýar. Sen beýik alym bolmaly. Pil işlemäge adam gyt däldir. - Düşündiňmi?! Garyp çemodanyny alyp, gyzlar bilen hoşlaşyp, çykyp gaýtdy. “Be, Edebiýat institutyna girmek şeýle kynmyka?“ Garyp ýolda, taksiniň içinde-de bu pikiri küýünden çykaryp bilenokdy. Ony has geň galdyran zat, Bibigül bilen Baýramyň bolşudy. Akgül bilen Şasenem çemodany alyp gelmek üçin Baýramlara baryp gelende, gyzlaryň boluşlaryny geň gördi. - Utançsyz, Baýramyň şony alas-a ýok. Beýdip ýörmäge utananogam... - Näme gyz?- Selbi stoluň üstüni syryp ýörşüne sorady. Şasenem jygyr-jygyr etdi. - Bibigüll-le! Baýram bilen her hili bolup otyr. Gapynam içinden gulplapdyrlar. Zordan açdyrdyk. Ol, gyz, utananogam-da... Men indi şonuň bilen bir otagda ýaşajak däl. Ertir komendanta aýdyp, şony başga otaga geçirdişime seret. Akgül oňa Garyby görkezip, “sesiňi çykarma“ diýen manyda, elini dodagyna ýetirdi. Ýöne Garyp, eýýäm ýagdaýa düşünipdi. - Halaşsalar, öýlenseler näme, ol öz işi dälmi?! Akgül Garybyň garşysyna geçip oturdy. Garyp jan, sen gaty görme, bu gyzdan. Bu gyz gaty edepsiz gyz eken. Instituta gelen badyn-a, bur mugallym bilen masgara boldy. Indem, ol Baýramyň otagyndan çykanok. Ýagşy däl-ä. Ol bir aýally, çagaly adam-a. Garyp sesini çykarmady. - Utançsyz, ol. Bu gidişine gitse, ol instituty gutarman, institut ony gutaraýmas-a. Selbiniň bu sözüne,gyzlar gülüşdiler. - Namysy kime deger, masgara bolsa. - Goý, bilýäninden galmasynl-a! Şasenemiň janykmasy Garyby oýundan açdy. - Namysymy? Onuň namysy degjek adamla öýünde otyr-a. Ejesi bar, kakasy bar, agalary bar. Tutuş obanyň deň ýarysy şular-a. Okuwa goýberen bolsalar, görsünler ýagdaýlaryny! Men aýtmaýyn, ýa-da obada dil ýarmaýyn bolmaz... Indi, men gaýdaýyn. Selbi, Akgül, Şasenem ony ugratmagaçykdylar. Han-a, şolar-da. Olaryň geçmeli ugrunda, gary ereşen arça agajynyň düýbünde iki gara bir biten ýaly bolup durdy. - Şolar. - Hoş, görmesek, Taňry ýalkasyn. Selbi Garyba golaý geldi.. - Garyp, hat ýazaý-da! Institut, Ataýewa Selbi!... Meniň seň bilen maslahatym bardy. - Bolýar! - Bize-de ýaz. Akgül güldi. - Garyp jan, Şasenem jana-da ýaz. Gyzlar gülşüp gitdiler. - Berzeňňiň niresine? Taksiçi Garyby ukudan oýaran ýaly boldy. - On! Bäş! On bir... - Näme? - Berzeňňi on, öý-bäş, otag- on bir! 15. Bolýan ýerine gelensoň, Garyby iki zat ynjalykdan gaçyrdy. Biri dosty Myrrynyň haty, sowgadydy. Ikinjisi, Edebiýat instituty meselesidi! - Ertir, dynç güni, birigün, instituta baryp, ekzamende bolandygym baradaky hatymy alaýyn. Elimi barladaýyn, gutulan bolsa, gipsini aýyrdyraýyn. Onsoň, ikinji gün öýe gaýdaýyn. Ol Myrry barada oýlandy. Nähili gowy adam! Ýok, Bibigül oňa düýbünden mynasyp däl. Olar başga-başga adamlar! Olar... Olar... Garyp stoluň bir gyrasyndan, Amanyň goýup giden gazýetleriniň birini aldy. Ol gazýeti açan ýerinde, „Ine!“ diýip, tisginip gitdi. ...Moskwanyň Dünýä edebiýart institutyna girmäge isleg bildirýän abiturentleriň döreden ( goşgy, hekaýa, publisistika, powest) döreden eserleri seçip-saýlap almaga kabul edilýär. Şonda oňat hasap edilen eserleriň awtorlary institutyň özünde - edebiýatdan düzme (rus dilinde), edebiýatdan dilden (rus dilinde), SSSR taryhyndan (rus dilinde), daşary ýurt dilleriniň haýsam bolsa birinden ekzamen tabşyrýar... Garyp doňup galdy. - Ine, ine, ine! Hany saňa eser? Hany hekaýa? Hany – goşgy?! Ol bar zady ýagyndan çykyp, diňe bu instituta girmek barada oýlanyp başlady. - Eý, Allam, nädip muňa gatnaşmaly?! Ol eserleri Ýazyjylar guramasyna tabşyrmaly wagtyny, synag wagtyny gördi. - Bolsa-da, bir aý möhlet bar! Maňa ýene bir on bäş gün bar! Onsoň, indi näme etmeli?! Ol diwana süýndi. - Men girerin! Hökman şol instituta girerin. Özümem, goşgy ýazyp girerin. Ine, il, oba, älem maňa haýran galar!- Ol içini çekdi. - Haçan, nirede?! ...Ol ýene-de şo-ol garly, sowuk ýeller, buzly syrgynlar üfläp geçýän läheň-läheň daşly, belent dagyň alnyna geldi. - Ýok, men bu daga çykyp bilmerin. Ýok, ýok... Ol egni ap-ak ýapynjaly, ak çakally, ak telpekli şo-ol gojany gördi. - Çykyber, ine, çykdyň-a! - Öň meni sen çykarypdyň. Ýadyňa düşenokmy? Elimden çekipdiň?! Goja onuň elinden tutdy-da, oglany bu dagyň çür depesine çykardy. Garyp şeýle bir gagşap üşedi welin, tas balagyna siýipdi. Ol ýokardan seredende, aşaky kertlezjikde titräp duran ene keýgi gördi. - Hany, tüýdük berdim-ä?, tüýdük...Şol keýgiň gözlerine seredip çal!Umydyň hasyl bolsun! Garyp jübüsini sermeledi. Emma üýdük ýokdy. - Gaçyrypsyň-a, han-a, al! Indi gaçyrma! Garyp tüýdügini dodagyna ýetird-de, onuň deşigine üflä, ene keýigiň buldurap, gaýnap duran çeşme ýaly owadan gözlerine garady. Ol özüniň ak guwa öwrülip, alyslarda uçup ýörenini gördi. Ol has belent, has belent galýardy. Birdenem, zalym ok onuň ganatyna degdi-de, ol aşaklygyna tüwdürilip gaýtdy... - Ak guwlary atmaň!- diýip, ol samrady.Ýöne tüýdügiň janyňa şypa bolup ýaraýan keramatly sesi, şol ene keýigiň görlüp-eşidilmedik owadan gözleri, onuň dünýäsini gaplap aldy.nuň ýüregi stola bakan atygsady. Ol Atanyň akja kagyz goýýan çekerini açdy-da, ondan birtopbagyny aldy. Ruçkasyny çykardy. Sähel oýlandy-da, ýazyp başlady. Onuňýazanbirinji sözlewmi: “Mähribanym halyň niçik?“ diýen sözler boldy. Onuň gözleri dagyň başynda gözlerini balalarynyň ýoluna dikip,aldajy sowukda titräp, buýup duran keýige düşdi. - Mähribanym, ene keýik!.. Aldajy gyş kükräp gelip, Gar syraýar, ýollar uçut. Gaýa galan ene keýik, Mähribanym, halyň niçik. Goşa gumry, küýsäp bahar, Zaryn aglar gonup, uçup, Erte çynar çykjak nahal, Mähribanym, halyň niçik. Berdim köňlümiň sonaryn, Eziz ejem—Käbäm, hajym, Derdine derman bolanym, Mähribanym, halyň niçik. Öwlüýäň içinde öwlüýäm, Kakam—gelen „ obaň“göçüp, Soňam iman bersin Möwlam, Mähribanym, halyň niçik. Asman-zemin gatyşanda, Ýollar yrak, ýoda-öçük, Eý, ugrun ýitiren bende, Mähribanym, Halyň niçik. Men sen bilen, eziz bende, Umytlaň meýinden içip. Azaşsam bile azaşyp, Gel, saňa syrdaş bolaýyn, Başga çäräm ýok golumda, Mähribanym, halyň niçik. Garyp birhili düşnüksiz, ýagty hyjuwa gaplanyp barýardy. Ol ýazan bentlerini okajagam bolmady. Onuň gözleriniň öňüne alasmanda tüwdürilip barýan guw geldi. Ol şol guwa özi diýip düşündi.-de, hälki samran sözlerini indi, aňy bilen gyzgyn kalbyny ýakyp barýan duýgusy bilen gaýtalady. - Ak guwlary atmaň. Ol üýtgeşik titredi-de, ýazyp başlady. Ötenleriň ruhuna öwrülip, Bu diýaryň zaryn çekip gelende. Ak guwlary atmaň,halys bolmasa, Atyň meni, atyň şolaň deregne. Oýlanyň, doganlar, gadym diýardan, Näçe eziz, näçe eziz ötendir. Bir ganaty umyt, birisi zardan, Gitdi olar, ötdi olar göterlip. Bu gün olar ak guwlara öwrülip, Biz diýip, biz üçin ýüregin üzüp, Guwlaryň keşbinde şatlanyp, gülüp, Guwlaryň dilinde nagmalar düzüp. Gögüň çuňlugyny, ummanyň gerşin, Ýelpäp gelýär. Gözel görünýär asman. Şolara gezelýän ýaragy gördüm, Duruň siz! Saklanyň, doganlar, atmaň, Ak guwlary atmaň! Çekmäň küregi. Ol kimleň umydy, kimleriň zary. Soň bir gün ak guwlara öwrülip, Gelenmizde bizem atmazlar ýaly. Ak guwlary atmaň! Ak guwlary atmaň... Garyp gaty tolgundy. Ol nämedir, bir zatlar diýip samyrsamyr etdi-de, çygly, hoňkaryp ýatan guýynyň içinde bulduraýan suwa güneş tyglarynyň düşüşi ýaly, çalaja bulduraýan gözleriniň ýaşyny süpürdi. - Ah, eje jan! Men näme ýazýan!Näme!Syrkawlykdan pagtasy könelip, lagta-lagta bolan, yşnyksyz ýassyk ýaly bolup galan göwresini zordanjyk göterýänejesi onuň göz öňüne geldi. - Balam eglendiň-le. Halymyň haraplygyndan habarsyzmyň? Wah, balam üstüme bir ýetişermikäň?! Garybyň gözlerinden akýan ýaş burnunyň suwy bilen garyşdy. - Eje jan! Sen – mrtsiň. Garaş, eje. Ýöne, ýöne.—Ol horkuldap aglady. - Ýöne, na-mart edäým-m-m -e-gin eje, garaşgyn. Ol öz sesini tanaman, ýene-de ýazyp başlady. - Eje! Sen keten köýnegi gowy görýärsiň, Men saňa iň gowsun satyn alaryn. Ýola gaýtdym, gelmedi diýp, girýansyň, Gitsemem ýanyňa hökman gelerin. Öýlenmegim isleýärsiň, bilýärin, Gelýä gelin görüp, agtyk ysgasyň. Iň gowy gyzlarnyň birin dünýäniň, Alar-da gelerin, eje jan, garaş. Hem meniň obadan hiç ýere gitmän, Isleýärsiň, ile-güne garylyp. Ýaşap ýörmegimi, aslym unutman, Öz ilimde, biýaralam ýaýylyp... “Ölenimde üstümde bol“ diýýäň sen, Ölüm nirde, entek ýaşarsyň, eje. Sen ölümden özge jebri gördüň sen. Indi juda bagtly borus bileje, Ýöne sen azajyk, azajyk garaş. Saňa süýtli sygyr satyn alaryn, Toý köýnegni,ýene owadan ýaglyk. Basym agranomlyk hatyn alaryn, Şonda abraýam bor, hem uly aýlyk. Ýöne sen azajyk, azajyk garaş. Ol soň ýazyp bilmedi. Kimdir biri onuň adyny tutup, çagyrdy.Ýöne hiç kim ýokdy. Garaňkylyk! - Garyp! Garyp, tur, tursana!.. Ol gözüni açdy. Gün al asmana galyp gidipdir. Başujynda duran Ata ony çalaja yralady. Onuň elinde bir petde kagyz bardy. - Bu näme?- diýip, Ata kagyzlary onuň ýüzüne golaý tutup sorady. Garyp ýerinden turdy-da, diwana geçdi. Onuň kellesine gelen zat „Ata kagyzlary näme üçin ellediň?“ diýýändir diýen pikir boldy. - Bagyşla, Ata, soraman alandyryn. Ata ak tam bolan ýüzüni kagyza dikdi. - Bu goşgulary kim ýazdy? Kimiňki? Sen, sen... - Bilemok! - Sen ýazdyňmy? - Şeýledir. Ata oturgyçlaryň birini alyp, onuň garşysyna geçip oturdy. - Garyp, bulary sen ýazdyňmy? Haçan, haçan ýazyp ýörsüň? - Şu gije! Ata ellerini serdi. - Это чудо! Это, bilýäňmi, чудо! On ýedi ýaşyňda, men, men beýle gudraty hiç haçan göremok. Görerinem öýdemok. Garyp Atanyň käýýemeýändigine düşündi-de, özüni ýagşy ele aldy. - Sag-aman geldiňizmi? Haçan geldiňiz? - Ýaňy otludan düşüp durşum.- Ol ýerinden turdy.- Gelip, işigi açsam, sen stoluň başynda uklap ýatyrsyň. Öňüňde kagyz bary üýşýp dur.Ýüregim ýaryldy. Ýerde gazýet-bildiriş, aşagy çyzym-çyzym. Soň bir zatlar aňjak boldum.- Ol gazetiň bildirişli ýerini açdy. - Näme, synanyşsam - diýýäňmi? Garyp başyny atdy. - Näme, institut bolmadymy? Garyp gümürtigräk, sakyna-sakyna gürledi. - Bolmasyn-a, boldy-la. Ýöne... - Bahalň näçelik boldy? - diýip, öz çakynyň dogrulygyny barlaýan ýaly, hetjikläp sorady. - Ýa-da?.. - Bahalaryň bary bäş! Institutyň rektory-da: “Gündizki okuwa geç, okuwyň daşyndan iş bereýin, özüňe, ejeňe ýaşar ýaly jaý bereýin“-diýdi. - Не можеть выть - diýdi. - Ol ak esgä dönen goturaky, süýnmek, gelşiksiz ýüzüni bürüşdirip, ýadaw, ýumjyk gözlerini bürüşdirdi. - Gaýybanada hemmesi bäş!, näbileýin-dä... - Ol bir salym böwrüni diňledi. - Ýönesi näme, onda? Garyp Atanyň elinde tutup duran kagyzyna başyny atdy. - Synanyşaýsam diýýän!.. Ata kagyz listlerini kart garan ýaly, garyşdyryp durşuna: Öňem goşgy ýazansyň-la- diýdi. Garyp başyny ýaýkady. - Birinji sapar. Ata çyny bilen haýran galdyda. - Не можеть выть-diýip goýberdi. Soň sesini çykarman, penjireden gary kiparlaşan açyk meýdana tarap seretdi. Soňam: - Haýran galaýmaly?!- diýdi. - Ebet säl, munyňda iki-üç sany gaty gowy goşg-a bar! Ýöne, bagt işidir, hödürläp gör... Garyp öz pikirini aýtdy. - Bu gün dynç güni, ertir irden Ýazyjylar guramasyna eltip, soň institutyna baryp, ekzamende bolandygym baradaky hatymy alyp, soň gaýdaryn. Eger mümkin bolsa, gipsi açdyrmaly. - Obamy? - Oba! Ata pikirlilik bilen baş atdy. - Özüm ugradaryn.Ýa-da, ýa-da, özüm eltip gaýdaryn. Ata Garyby ir bilen oýardy. - Gel, çaý içeli. Ýagşy tanşaly. Meniň senden bir uly haýyşym bar! Garyp ýuwunyp, saçak başyna geçdi. Ata onuň käsesine çaý guýup berdi-de, öz çaýly käsesiniň öňräk süýşürdi. - Garyp!- Ol Garybyň hor, jebirli ýüzüne dykgatly seretdi.- Men saňa özümiň kimligimi aýdaýyn.... Garyp gulak asdy. - Ata özüniň Gökdepäniň Kelejar diýen ýerindendigini, orta mekdebi gowy tamamlandygyny, aýtdy. - Ýaşlykdan ýazyjy bolmagy höwes etdim. Oňa bu ýerden synandym. Moskwa gidip, Edebiýat institutynyň umumy ýaşaýyş jaýynda üç ýyl ýaşap, okuwa synanyşdym. Emma bolmady. Goşun gullugyna gitdim. Gullukdan soň, geologiýa ekspedisiýasyna işe girdim. Ondanam, Owganystanda, üç ýyl ekspedisiýada boldum. Gelip şu jaýy, şu maşyny aldym. Çärjewiň pedinstitutyny geografiýa fakultetine okuwa girdim. Okuwy tamamlap Köýtendag geologiýa-gözleg ekspedisiýasynda işläp başlagym. Bir gün şenbe güni, Çärjewe, öz maşynymda barýardym. Ýolda bir är-aýal, ellerinde çaga, ellerini galdyrdy. Menem olara nebsim agyrdy-da, olary aldym. Olar Farabyň çatrygynda düşüp galdylar. Görsem, üç-dört ýüz metllikde, awtoinspektorlar, milisionerler reýr-barlagynda duran ekenler. Ýanlarynda kijijik güjüjik, Men bolsa gaty arkaýyn. Güjük meşyna giren badyna jöw-jöwläberdi.. Nilisenerler ýerli-ýerden ylgaşyp, habar aldylar-da,, şol ýerden ep-esli düwünçegi çykardylar. Görüp otursam, halki ýolagçylar düzüg däl ekenler. Meni türmä basdylar, sud etdiler, üç ýyl iş kesdiler. Ýaňy poseleniýä çykdym. Onda-da, poseleniýä çykmaga bir aý bolmanka, saňa wokzalda duçar boldum. Aşgabada-da iki günlük diýip, ölümiň öýünde rusgat alyp, gizlin gaýdypdym. Öňki günäm, gizlin gaýdanym, senli waka, bular uly jenaýat bolup, meni gaty aljyratdy. Sebäbi, bäş-alty ýyl bar-a bular, azyndan bäş ýyl... Ol dymdy. - Sen synanyş! Synanyşma diýjek däl.Ýöne bir zady haýyş etjek.- Ol dymdy-da, elindäki çaýly käsesini titretdi. Okuwa girseň, şu goşgularyňy maňa sat!Düşündiňmi?!Men saňa, ene süýdünden halal, öz münüp ýören maşynymy bereýin. - Nädip?- diýip, Garyp, geňgalmasyny gizlemän sorady.- Munam bir satyp bormy, Ata?! - Bolar. - Nädip? - Sen goşgularyňy soýuza tabşyranyňda, oňa diňe“Garyp“ diýip gol goý. Girseň, “Garyp-Men- lakamym“ diýerin. Soň bu ýerden eseriň saýlanyp alynsa, aňyrda kömek berýärler. Şeýle girmek kyn. Garyp geň galdy. - Bu goşgular geçermikä? - Geçer, men bilýän. Olar, olar...- Ol hälki beren bahasyny unudan ýaly,- Bular, gaty gowy goşgular. Bular geçer!- Çoň has dabaraly ýagdaýda: - Olar чуда, чуда!-diýdi. Garyp ýylgyrdy. Ol şu wagt hiç bir gypynç etmän, bu göşgulary Ata bermäge taýyndy. - Bilýäňmi, näme- Ol elindäki topbak kagyzy stoluň üstünde emaý bilen goýdy. - Mende zehin ýogam däl, ýöne, tohummyz bir gargyşa galypdyr. Edenim, hiç ugruna däl. Birine ýagşylyk etjek bolýan, ýamanlyk bolýar. Ol hem gelip-gelip, özüme düşýärrdim, şu ýurtdan, dört-bäş ýyl Moskwada okasam ähli çiläm açylaýjak ýaly. Ol gap-gaçlary ýygnamaga durdy. - Sen, heniz on ýedem ýaşamadyk oglan .Oba hojalyk institutyna diňe bäşlik bilen giren bolsaň, bir gijede munça goşgyny ýazyp bilýän bolsaň, rektor seni çagyryp, juda gowy teklip edýän bolsa,ýene bir ýyldan, has beýige göterilersiň. Men welin... Telefon jyňňyrdady. Ata baryp telefonyň trubkasyny göterdi. - Salam! Hawa, bar.Hawa, kim?Hawa, bolar, häzir. Ol Garybyň ýanyna gelip, Garybyň gulagyny görkezdi. - Kimkä? - Gyzjagaz. Garyp öň telefonda gürleşip gören adam däldi. Şonda-da, ol illeň edişi ýaly, telefonyň trubkasyny gulagyna tutdy. - Al-ýo!, - Ol ýylgyrdy. - Gulýa? Bu senmi? - Salam!- Hawa. Hawa - Ol dymdy.. -Hawa... Näme? “Seniň bilen maslahatlaşmaly zadym bar- diýdiňmi? Meniň bilenmi? Bolar, gel, geläý... - Ol ýylgyrdy. Ertir, nesip bosa, oba gaýtjak. Garyp trubkany ýerine goýdy. - Kim-ol! - _Gulýa. Şu kurtkanyň eýeleri. Häzir geljek- diýdi. Ata tisginip gitdi. - Öýi görkezdiňmi? - Özi geldi. Ata klýonkany taşlady. - Men gitdim. Men şu goşgulary maşinkadan geçirdip geleýin, bormy?! Gulýa bir sagatlardan gara der bolup geldi. - Awtobusa kän garaşdym. - Hany, gel, geç, otur. Men saňa çaý bereýin. - Gyz sesini çykarmady. - Okuw nätdi?- diýip, Gulýa birhili ysgynsyzja, soramaga çekinýän ýalybolup sorady.Sebäbi, ol Garybyň ýüzünde, biçärelikden başga, begenç, üstünlik alamatlaryny görmedi. Ol Garypdan “Okuw-a bu ýyl bolmady“ diýen ýaly bir ýakymsyz söz eşitse, özi-de agyr gussa batjakdy. Garyp göwnübir ýaly gürledi. - Okuwdan- a geçdim-le. Hemmesi bäş. Ýöne... Gulýa Garybyň ýanyna ylgap bardy. Ol duýdansyz begenipdi. - Men aýtdym-a, sen geçersiň- diýip. Gutlaýan! - Ol Garybyň hor, süňklek, agyr elini gysdy. - Ýöne, ýönesi näme? Garyp Gulýa rektoryň çagyranyny, onuň tekliplerini gürrüň berdi. - Näme edeýin? Gulýa owadanja boýnuny burdy. - Bilmedim. Garyp ýene-de ýüzüni sallaýan ýaly bolup, agras dillendi. - Moskwanyň Edebiýat institutyna-da bagtymy synap göräýsem diýýän. Sen nähili görýäň? Gulýa makullady. - Şeýtsen-e, Garyp. Moskwany gündiz okap, isleseň, bu instituty gaýybana okabam bilýäň-ä. Ol gaýnan kitiriden çäýnege suw guýup durşuna, - Meniňem, senden haýyşym bar.. - diýdi. - Näme haýyş-diýip, Garyp gyzyklanma bilen sorady. - Aý, bolýa-da. Gulýa aýtmady. Ol çaýly çäýnegi, saçagyň üstünde goýdy-da diwanyň üstünde geçip oturdy. Garyp ynjalmady. - Näme haýyşyň bolsa, aýt. Men saňa bergidar, Gulýa! Gulýa gussa bilen penjirä garady. - Barybir, sen etmersiň. Onuň üçin aýtjak däl. - Ederin, sen şu wagt aýtdyň-a, aýtjak zadym bar- diýip. Gulýa güldi. - Ony ejem seniň ýanyňa ibersin. - diýip aýtdym. – Ol ýerinden turdy. - Men hoşlaşmaga geldim. Ol gussa bilen Garybyň elini gysdy. - Hoş, Aşgabada geldiň, instituta okuwa girdiň. Şol institutdan söýgülili bolduň. Indem, Moskwa okuwa git! - Gyz birden gözlerine ýaş aýlady-da, gapyny özi açyp, tersine öwrülip, çykyp gitdi. - Gulýa, dur! Garyp, ol gyz gidenden soň, ol gyzyň näme diýjek bolany barada oýlandy. Emma nämüçindigini aňyna getirip bilmedi. Ýöne ol: “Selb-ä beýle etmezdi!“ diýeninem duýman galdy. 16. Ata maşynyny saklady. - Şu jaý bolmaly, Ýazyjylar soýuzy. Garyp maşyndan düşdi. - Seresap bol, maşyn. Düýn Ata Garybyň goşgularyny birnäçe nusgada maşynkadan geçirdipdi. Ol goşgulary soňam birnäçe sapar okany üçinmi, ol indi olara başgaça seredýärdi. Garyp goşgularyň käbir harpjagazlaryny düzedende-de, onuň aşagyna goluny çekende-de, Ata edil, wawwasy bar ýaly, onuň ruçkaly eline ýapyşybeýärdi. - Indi el degirmäli. Indi el degirmäli!.. Ata begenýärdi, göterilýärdi. Eline bir üýtgeşik hazyna düşen ýaly, essinden çykyp, badyhowa gürläberýärdi. - Hersinde bir gowy pikir bar, pikir! Hersinde bir näzik filosofik öwüşgün Ylaýta-da türkmen poeziýasy bilen deňeşdireniňde, hyjuw, pikir, täzeçilligi bar, düşünýäňmi? Men beýle täzeçilligi öz poýeiýamyzda göremok. Ine, şonuň üçinem gowy görerler. Bu goşgulary ýat tutmaly, ýat... Garyp öz goşgularyna sowuklaç garaýardy. Sebäbi, ol sarç mal ýaly, goşgulary ýazsa-da, olary mähir bilen apalamady. Onuň goşgularyna bolan pynhan mähri, gursagynda uýap galypdy.... Olar Ýazyjylar soýuzynyň Azady köçesiniň ugrunda ýerleşýän jaýyna tirkeşip girdiler-de ilkinji işiggiň eltutawajyny çekdiler. Işik gulplydy. Soň ikinji işigi çekdiler, gapy açyldy. Kellesiniň gytykrak saçy ýokarrak galdyrylyp bejerilen, ýüzi ullakan ilik ýaly, gulaklary hekgerip duran ýaşuly adam stoluň aňyrsyndaky kreslo çümüp oturyşyna, bir zatlar ýazýardy. - Salam! - diýip, Ata içeri ätledi. - Salam! Geliň, geçiň. - Ol adam Atany tanady, şonuň üçin bolsa gerek, ýerinden söm-aýak turup, Ata bilen hal-ahwal soraşdy. Garyp töweregini synlady. Ýaşulynyň töwereginde kitap görünmeýärdi. Garyp geň galdy. Ýaşuly ýazuw işini goýdy-da, gelenler bilen elleşip görüşdi. - Oturyň! Näme ýumuş bilen geldiňiz? Ata näme üçin gelendigini aýtdy. - Ha-wwaa-ýt! - diýip ýazyjy stoluň bir çetinde "Kazbek“ çilim gabyndan bir çilimi aldy-da, ony eliniň aýasyna alyp ençe wagt, yzygyderli, hut, iş edinip, käte-de aýasyny dilini degirip, ölläp, owkalady, soň müşdügini telim sapar üfläp, onuň howa geçirýänine ýagşy göz ýetirensoň, müşdüginiň deşigine çiliminiň yz tarapyny dykdy. - Dogry, şeýle bildiriş-de berildi, dogry. Ýaşuly müşdügini agzyna saldy-da, çilimini otlaman,ýene çilimini aýsyna alyp, ony sypalap başlady. - Bizem, şoňa gatnaşaýsak diýip geldik. Aý“Ýatyp galandan, atyp gal!“ diýipdirler. - Dogry. Ýöne gatnaşýan kän. Bir hat gelýär, bir hat gelýär, ýöne çeniň, çakyň däl. Eddil, öňünde durar ýaly däl. Ýöne ýörite bir komissiýa, saýlap-seçme işini alyp barýar. Oňa Moskwadan gelenler, Kerbabaýew dagy gatnaşýar. Ýamman düýpli, berk! Ýöne, näme, sizem goýsaňyz goýaýyň, bagtyňyzdakyny görersiňiz-dä. Ol bir bagt işi-dä. Meniňkä, bir hälki duýdurmak... -Ol çekerinden ullakan bir depder çykardy-da, müşdügini töwekgellik bilen dodagyna gysdyrdy. Soň iki eliniň aýasyny, kotýumynyň ýakalaryny emaý bilen kakyşdyrdy. Soň jübüsinden otluçöp çykaryp, ony gulagyna tutup, şykyrdadyp, çilimini juda seresaplylyk bilen otlady. - Özüňmi?- diýip, ol Atanyň ýüzüne köpmanyly garady. Garyp az-kem öňe süýşdi. - Ýok, men. Ýaşuly Garyba geň galyp, seretdi-de, mчşdügini eline aldy. - Ana, gördüňmi?- diýdi - Adyň, familiýaň, adresiň? Garyp baryny düşnükli edip aýtdy. Ýaşuly bulary ýazdy-da, başyny galdyrdy. - Sen, oglanjyk, näçe ýaşyňda?! Ata Garyba seretdi. - On ýedi. Ýaşuly birhilije seretdi-de "hih-hih“ edeip güldi-de: - Men-ä on ýedem ýokmuka diýýän- diýdi. Soňam: - Moskwa gitjekleriň diňe eserine däl, ýüz-gözüne, boýuna syratyna-da serediljekdir- diýdi. - Olar orta mekdebi gowy gutaranam bolmaly. Ata-da ara goşuldy. - Bul oglan Oba hojalyk institutyna diňe bäşlik bilen girdi. Ýöne gaýybana! Ýaşuly kükäp duran "Kazbegini“ aldy-da, demine dartdy. - Gül ýaly okuw-a. Okabermel-ä şony... Sen ýaş, ejeňe, kakaňa ýakyn ýerde, Moskwa kyndyr, ýam-man kyndyr. Üstesine, sowugam bir gazab-a. Ýöne, meniňki, konkursdan geçmäň gürrüňi. Soň, Moskwada agyr ekzamenem bar. Olam rus dilinde. Gidenler, sapsim, yzyna dolanyp gelýär. Bir topar horluk, bir topar biderek çykdjy. Garyp sesini çykarmady. - Bolýar, sag boluň, netijesini şu ýere gelip bilmelimi? Ata ýerinden turdy. - Aý, dogry, ýaşuly ýene güldi.- Netijesi bolup, oňa goşgy boýunça, ýekeje - Adam alynýar. Olam belli däl ýaly. Gazetde, žurnalda, radioda, telewideniýede yzygiderli çykyş edýän, kitaby çykjak bolup duran Köşekguly Kössekoň diýen ýigit bar. Owadan, görmegeý,özler-ä şony diýýärler. Ol bolmaýanda-da, ýene on-on bäş dagysy bar. Ol adam kazbegi lezzet bilen sordy-da, tüssesini gpdala tütedip goýberdi. - Hawa-la, getirisiňiz, indi durubersin. Konkursdan soň gelip alaýarsyňyz. Atanyň bar keýpi gaçdy. Garyp welin ýaşulynyň bu sözlerine ünsem bernedi. - Aý, biziňki bir synanmak! Olaryňky saýlap-seçip almak. Galany, esasy zat dälle. Garyby maşynda oturtdy-da, Ata ýene, Ýazyjylar guramasynyň jaýyna girip gitdi. Bir salym eglenip, ýene çykdy. - Kerbabaýewi soradym. Çalarak tanaýan. Onsoň öz adresimem familiýamam ýazdyrdym. Sen, sen birden göwnemeseň, men gidiberer ýaly. Не может быть-laý, Şu goşgularymyz, ine, görersiň, bir ýerden, urup çykar. Ol maşynyny otlady-da, Oba hojalyk institutyny nazarlap, sürüp başlady. | |
|
√ Gala -4: Ömrüň beýany - 11.02.2024 |
√ Hakyň didary -6/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Gala -8: Duşuşyk - 16.02.2024 |
√ Janserek / roman - 13.03.2024 |
√ Hakyň didary -8/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Gala -3: Är garrar, ar garramaz - 11.02.2024 |
√ Gala -7: Oýlanma pursady - 16.02.2024 |
√ Gala -5: Maksat - 12.02.2024 |
√ Hakyň didary -5/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Gala -6: Ýeriň aşagynda gäwüşeýän ýylanlar - 16.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |