23:21

Ak guwlary atmaň! -6/ romanyň dowamy

17.

Garybyň okuwa girendigi baradaky habar edil bir, ýyldyrym ýaly bolup, oba ýaýrady. Oňa kim begendi, kim gynandy. Oba bu gürrüňi ede-ede, köşeşdi.
Garyp oba eli gipssiz bardy. Ol indi aý ýarym bäri bagda işläp ýördi.
Institutyň rektorynyň teklibi geçmedi. Ogulsona daýza oňa kes-kellämi razy bolmady. Oňa sebäp bolanam, Myrry boldy.
Myrry Garyp okuwda wagty onuň ejesini Gyzylarbat şäherini doktora görkezmäge alyp gideneken. Bu şäherde onuň aýal dogany Jeren ýaşaýardy. Jeren şäheriň demir ýol keselhanasynda tam süpüriji bolup işleýän eken.
...Jeren indi on-on bäş ýyl bäri girip-çykyp ýörensoň, keselhananyň wraçlaryny, bölümlerini, baş wraçyny tanaýan eken.
Jeren Myrrynyň öňüne düşüp, Ogulsona daýzany baş wraçyň ýanyna eltipdir. Ol hem iç keselleri ugrundan Gulpak diýen wraça tabşyrypdyr.
Gulpagam ol keselhanada belli doktor eken. Ol: “Wah, şu gün elime bir gowja keselli düşäýsedi!“ –diýip ellerini owkalap oturan eken.
Ogulsona daýzanyň gelenine, ol şeýle bir begenipdir, şeýle bir begenipdir, asyl, ol begenjinden, tas aglan eken. Gözlerine şaş aýlanyp gidipdir.
Onsoň ol gollaryny çermäkgetdin, şeýle bir barlag geçiripdir, gan basyşmy, gan, peşew, ýürek, bagyr, böwrek, nerwi, aý, garaz barlamadyk keseli galmandyr. Ahyram, netije "birsulýoz!“ Olam maldan geçipdir..
Onsoň, hälki Gulpak doktor şeýle bir bejeripdir. Ogulsona daýza, edil, tut ýaly bolaýypdyr...
Bular Myrrynyň gepi.
- Myrry janyňam, Jeren janyňam, dohtor Gulpak janyňam, ylahym,ömürjikleri uzak bolsun. Ozal-a Alla, galyberse-de, şol meni aýak üstüne galdyrdylar.
- Ejesiniň ertir-agşam aýdýan sözleri, Garybyň hem gulagynda galdy.
- Eje jan, saňa ýagşylyk edene Hudaý ýagşylyk eder.
- Hawa, balam, şeý diý, ýagşylyk edewersin., Allam! Men indi kän gow-a...
Bahar bu ýyl gowy gelipdi. Älem-jahan gül-gülälek bolup ýatyrdy.Baglar paşyrdap, şeýle bir gülläpdi. Guşlar ýazyň demine, gülleriň ysyna guduraşyp, dünýäni hoşboý owazdan dolduraýjak bolýardy.
Ýazyň demi Garyba-da täsir edip başlady. Ol ejesine duýdurman, Selbi Ataýewa iki sany hat ýazyp iberdi. Ýöne jogap ýokdy.
Ol Myrrydan özüne Aşgabatdan hatyň baryny, ýoguny soramaga-da çekinýärdi. Sebäbi, Myrry nämüçindir, ondan birhilije sowaşýan ýalydy.Onuň sebäbi, Bibigüldi.
- Häk, ditjan, oňarmansyň, men bolan bolsam hökman, hökman hatam, sowgadam bererdim.- diýip Myrry öýkeledi. - Men eçjanyňy Gyzylarbada alyp gitdim-ä.Şoňa näçe günüm, näçe pulum, näçe azabym gitd-ä... Men etdim-ä,a sen etmediň...
- Myrry, agam, senmmeniň ýanymd-a däl. Öz ýanyňda-da şonuň adyny tutma.Onuň göwni ýokary, gat-y ýokar-a, gaty, düşünýäňmi? Sen, Men, Garaböwür onuň topugyna-da çykanok. Onuň göwni Moskwada. Ol meniň salamymam almady.Meni görse, maňa görkezip, agzyny, burnuny towlaýar.

Myrry şol bir depen ýerini depdi durdy.
- Men almasam, sen almasaň, ol dagy nätsin?Gider>Ýöne süýtli sygyry öz obaňdan çykarmaly däl.Şonuň ýaly owadan gyzy Moskwa ibermeli däl.
Garyp boýun aldy.
- Ol owadan, gaty owadan. - Ol janyny ýakyp gürladi. - Ýüzi owadan bolandan, häsiýeti owadan bolsun.Ol häsiýetsiz. Men onuň boluşlaryny saňa aýdyp bilemok. Aýtsam, ol gelşiksiz bolar. Sen perişde ýaly oglan, ol gyz saňa mynasyp däl, agam.
Myrry yzyny diňlemän: “A-aý!- diýip elini silkdi-de, yzyna garaman gitdi.
- Sen, sen, onda, bende gidersiňGalanlaryňyz ýap arçamaga.
- Bu hojalygyň adamlary şeýledi. Her hün ertir ir bilen adamlar hojalygyň kontorynyň işigine ýygnanar. Obada, her öýde , maşgalada näme hekaýat bolsa, eşiderler. Oňa çenli brigadir gelip, her kime, şu günüň dowamynda etmeli işini tabşyrar. Oňa-da bu obada „narýad“diýýärdiler. „Nirä barýaň?“, „Narýada“ „Nareden gelýäň?“, “Narýaddan!“
Bu düzgün, baryp,-ha, otuzynjy ýyllarda, bu hojalyk açylaly bäri bardy.
Brigadir Nyýazgeldi aga it ýylgyryşyny edip gülýän, gözleri nar ýaly gyzyl adam bolansoň, o0nuň çyny näme, ýalany näme, düşüner ýaly däldi.
Garyp pilini alyp, adamlar bilen maşynyň kuzowasyna mündi. Onuň ýüzi, gözleriniň aşaga göm gök, gan- gabaçakdy.Aýagynda bolsa, Bir tarapy sürüle-sürüle, ýere ýetip, garylyp duran şo-ol köne ädigidi.Adamlaryň onuň bilen gepleşesi gelenokdy. Bar, onuň düýnki uruşy üçindi...
Garyp özüni günäli saýýardy.Ýöne ol bir kän, günäkärem däldi.Üstüňe gelseler, nätjek?
... Olar oba gaýdýan ene ýabyň bendinde düşdüler.
Brigadir Garyba barmagyny çommaltdy-da
- Sen,- diýdi. - Şu gün şu ýerini bol. - Ol bentden günbatarlygyna, on bäş ädim ädimledi. - Belle, şu ýere çenli...
Garyp sesini çykarman, ýöne başyny atdy-da, brigadiriň yzyna düşdi, sürrenikleşip barýan adamlara garap, bir salym durdy.
Bendiň üstüne jaryň üsti bilen däl-de,ilerden sil gelip urupdyr.Sil äpet-äpet daşlary ene ýabyň akabasyna gapgarypdyr.Ene ýap, gözbaş bolansoň, çuň däldi. Daşlar bolsa ol diýen, az hem däldi.Şonuň üçin bu iş azaby, onda-da jebirlije azaby talap edýärdi. Bu işden başy çykýanyň ony boýun aljak gümany ýokdy. Garyp entek sadaja çagady.
- Jemi kyrk bir sany uly daş bar. Şolary aýyrsaň, iş kyn däl.
Garyp agyrdan-agyr daşlary azap-jepa bilen aýryp başlady.Gün guşluga çykýança, ähli daşy aýyrdy. Soň sil, läbik, çagyl basan silewelije akabany arassalamaga başlady.
Agyr, uly-uly daşla onuň halys ysgynyny alypdy. Oňa işlemek juda agye düşýärdi. Garyp, bendiň üstüni basan gara daşyň biriniň üstünde jaýlaşykly oturdy.
Aýallar taňkalaryny göterişip, bentden suw almaga gelýärdiler. Olar gumak ýol bilen agyr tozan turzup gelýän ýük maşynyna seredişdiler.
Sapynyň maşyny-la.-diýip aýallaryň biri aýtdy.
- Bu wagt nirä barýarka?
- Eýgilik bolawersin-dä, hernä.
- Hawa-la, gyz.
Olar maşyn deňlerine ýetýänçä gymyldama durdular.
Maşyn bendiň gapdalyna gelip saklandy. Ondan kiçi agronom bolup işläp ýören Baýramdurdy hasanaklap çykdy.
Ol tutuş töweregine bir garady-da, Ýüzüni Garyba tarap öwürdi.
- Eý, sen, seni başlyk sroçno, çagyrýar. Bil, mün maşyna, çaltyrak bol.
Aýallar aňk bolup galdylar.
- Han-a, öz garyp günüňe gezmeseň, boljagyňdyr!
- Indi başlyk ony obada goýmaz.
- Düýn, masgara bolanmyş-a. Indi, ili ýygnap, ýygnaga salyp, masgarasyny çykarmasalar biridir!
Maşyn Garyby alyp ugrady.
Garybyň ýüreginiň pynhan çuňlugyndan bir gorky bulutjygy ördi.
- Ýamanyň zeleli ýedi ýere ýeter diýmänmidirler. Öz günüňe gezip ýörseňem, boljaga çäre ýok öýdýän. Baryna Hutdy günäkär ahyry. Gelip, urup dursa, men ne alaç edeýin.
- Hutdy diýenleri, şu töweregiň oglanlarynyň ýowuz ýagysydy. Onuň ýalňyz dosty – Garypdy. Onuň Garyp bilen dost boluşam bir geňsidi.
... Garyp mekdepde okaýarka, juda ejiz hem ýuwaşja çagady. Mekdepde çagalar ejizi, ýuwaşy gorkak hasap edýärler.
Bir sapar Garyby ýedinji klasdan Anna diýen ekabrja oglan hiç zat ýok ýerden, yrs arap, erbet ýençdi.Garyp oňa gahar bilen topuldy. Şol wagt, niredendir, ýetip gelen Hutdy ara düşdi-de, Annanyň ýüzüne urup, onuň burnuny gara gan etdi.
Hutdy muny Garyba rehmi inip edenokdy. Onuň Garyby özüne bagly edesigelýärdi. Sebäbi Hutdi ýedinji synpda indi iki ýyl galýardy. Bu ýyl onuň sekizinjä, çyny bilen geçesi gelýärdi. Indi Garyp bu meselede oňa kömek berip biljekdi. Sebäbi Garyp mekdepde, diňe bäşlige okaýardy. Garyp ýaly zehinli okuwçy bu mekdepde başga ýokdy.
Hutdy şol gün mekdepden Garyp bilen bile gaýtdy.
- Gyz ýaly, müzzerip ýörme-how. Eliň bilen urmasaň, dişläp gulagyny gopar. Ya-da, dişläp, burnuny deş. Gaýdyp, adam ogly saňa el degirip bilmez.
Hutdynyň özüniň ýüreginiň ýerine, bir tokga daş goýlan ýalydy. Ol garadangaýtmaz dogumlydy, güýçlçdi, batyrdy.
Bir sapar mekdebiň jaýynyň üstüni saman suwag bilen suwamaly boldy.
Şonda Hutdyny , güýçlüje bolansoň, samanly palçygy bedre bilen aşakdan ýokary çekmeli etdiler. Şonda ol zähmet mugallymynyň depesinden palçykly , agyr bedräni taşlapdy. Ol munuň bilenem köşeşmän, üstüne heňkirip duran mugallymyna topulanda, mekdebiň tamyny süpürýän aýallar, mugallymy onuň elinden zordan alypdylar. Soň bir gün ol mugallymy mekdebiň guýusyna-da taşlajak bolanda, birki sany mugallym ýetişäýipdir.
Hutdy şonuň ýaly doňbagyrdy.
Ol bir sapar ejesine kilçik söz aýdan epeý adamy, suwa salma ýenjipdir. Oba adamlary şol wakany heniz- henizlerem gürrüň edýärdiler.
- Bilýäňmi, näme, men saňa batyr bolmanyň syryny, uruş tärlerini öwredeýin. Şondan soň, daam ogly, saňa barmagyny batyryp bilmez.
- Haçan?
- Maňa tapawudy ýok- diýip, Hutdy , göwnübir ýaly edip aýtdy.- Okuwy gutaransoň ho-ol bagyň içine, çola ýere baraly. Bolmasa ertir irden şol ýere gel.
Garyp okuwdan soňa razy boldy.
Ilkinji tälim, ýüze urmakdy. Hutdy Garybyň ýüzüne ýumrugyny çalyp goýberdi.
Garyp ýüzüni tutyp oturdy. Hutdy, ýene, ýene, ýene urdy.
- äşinji sapar Hutdy ony urjak bolanda, Garyp aşak egildi.
- Oh-ho!- diýip, Hutdy has möwjedi. Garyp özüni gorady.
- Diňle, sen, özüňi gorama.Ýüzüňe urlan badyňa, gaharyňa oňa topul-da, burnuna, ine, şeýle ur!
Garyp Hutdynyň burnuna eliniň tersi bilen bir ýelmedi welin, Hutdy ýüzüni turup, aşak oturdy.
Olar tutuş günläp, ýüze urmagyň, bu usuldan nädip goranmalydygynyň syryny ürç ede-ede öwrendiler.Hasapda, Hutdy utdy...
Ertesi Hutdy Garyby depesinden aýlap ýere çaldy.Şonda Garyp onuň iki satanynyň arasyna jaýdar depdi.
-Ýok!- diýip, Hutdy, iňläp ýatyşyna aýtdy.- Gulagyny gopar, ýa-da, ökjäň bilen urup, onuň burnuny döw-de, çalt tur-da, onuň garnyna mün-de, kellesini güýçli ur. Olar bu usulam, edil, agşama çenli türgünleşdiler.
Üçünji gün, dördünji gün, göreş, badaklap ýykmak, maşyklaryny geçdiler.
Bäşinji gün Hutdy, Garyba nädip, öz duşmanyňa doňbagyrbolmalydygyny gaty gowy öwretdi.
- Şol oglan seniň ejeňe, bajyňa sögüp, namysyňa degipdir- diýip, pikir et. Asyl, çigir ýalam gorkma. Gorkmasaň hemmeler seni sylar.
Ol Garybyň ikin gapyrgasynyň, garnynyň ýokarsynda irleşýän ýerine duýdansyz bir urup goýberdi welin, Garyp, demsiz-düýtsüz ýere ýykyldy. Bu Hutdynyň azaryna-da däldi.
- Hany, ýatma, indi, tur-diýip, Htdy, onuň aýagujynda arkaýyn durka, Garyp onuň ýüzüne jaýdar depdi. Hutdy, diň arkan düňderildi.
Garyp, baryp, onuň iň howply diýilýan ýerine güýçli urdy welin, Hutdynyň ýüzi ak tam boldy galdy...
Olaryň ikisem bu gün şondan aňry oýnamaga ýaramady.
Hutdynyň ýalan sözlemek, hilegärlik, hile salyp, ýykyp, aýakdan süýremek ýaly emelleri Garyba ýarady. Ol bu okuw bilen örňeşen bir aý wagtyndan soň, Hutdudan kem kem galanokdy. Onuň bir artykmaç ýeri, bu emelleri, pikirinde has berkidýärdi.
- Indi bir zat edeli! Mekdepde, uly arakesmeleriň birinde, hiç emelimizi gaýgyrman urşaly. Öýne gaty çynymyz bilendir. Sen meni ur-da, süýräp, guýa taşla.Ýöne, gara çynyň bilen bolsun.
Garyp Hutdynyň gepine geň galdy.
- Näme üçin?Hutdy geň teklip aýtdy.
- Sen ertir meniň doganym Bibigüli ur, oň sög. Ýöne, ony gowja ur, ol gaty azypdyr!Olam gelip maňa aýdar. Menem barar-da, seni uraryn. Şonda senem gaty dogumly uruş.Men gaçaryn, sen kowaap ur, gaýgyrma. Men gaçyp-gaçyp mekdebiň guýusyna golaý bararyn Men guýa sallanyp duran bedräni aljak bolup egilerin Şol wagtam sen ýetiş-de, meni guýa taşla! Soň üstümden bedräni okla. Özem, uly arakesmede bolsun.Tutuş mekde görer ýaly. Bormy?!
Garyp razy boldy. Ýöne agşamsy bilen maşk edip çykdy. Ertesem ejesiniň ýüň guşagy bilen bilini berk, çekip guşandy-da üstünden köýnegini goýberdi.
Ertesi ol mekdepde Hutdyny görmedi. Ýöne welin, Bibigül bu gün eddil, guduz açan ýalydy.
Garyp, Bibigül ýanyndan geçip barýarka, gyzyň aýagyna aýagyny goýdy.Bibgül partanyň üstüne güpürdäp gaýtdy. Garyp ömründe birinji gezek hahahaýlap güldi. Beýle- beýle urga garaşmadyk, agasynyň arkasyndan mekdepde, „Towguna tok“ diýilmän ýören gyz, şerraý ses bilen, çyňsap aglady-da, Garybyň kakasynyň mazaryna, ýarawsyz, haly harap ejesineagza alynmajak sözler aýdyp, şeýle bir sögüp başlady welin, Garyp, ylgap baryp, Bibigülüň nogta ýaly saçyndan tutdy-da, onuň ýüzüne, ýüzüne gazap bilen uru başlagy.
„Ýöne, çala, rehimdarlyk bolmasyn!“ diýip, Hutdynyň sowuk, gaharly sesi onuň gulagynda ýaňlandy durdy.- „Gaty ynamly bolsun!“
- Me, saňa, -diýip, ol Bibigüli depibem goýberdi. - Hany, ýene bir agzyňy porsatsan-a.
Klasdaşlary syçan ýaljak bu oglanjykda beýle güýjüň, gazabyň nireden peýda bolanyna aňk bolup galdylar.Ýöne hç kim onuň öňünde Bibigülüň tarapyny çalmady. Sebäbi bu klasyň okuwçylarynyň her biriniň öňünde Bibigülüň kiçirägem bolsa günäsi bardy. Olar, taýagyň bir ujunyň özlerine degäýmeginiň ahmaldygyny unudanokdylar.
- Hutda bir aýdaýyn, ol seniň ata-babaň bilen bilelikde, meýdiňi yrar...
Garyp Bibigüli dözümli depdi.
- Ine, Hutdyň, bar, bar aýdyp geç.
Bibigül waý çekip, tasanjyrap, klasdan çykyp gitdi.
„Hutdy“ diýenden tutuş klas özüne geldi-de, bagyryp başlady.
Jaň bolan badyna matemaika mugallym bilen mekdebiň direktiry bosuşyp geldi.
- Haýryllaýew, tur, näme boldy?
Garyp ýüzüni sallady.
- Mugallym, onuň kakasynyň, mazaryna, ýarawsyz ejesine gaty erbet sögdi - diýip, klasdaş gyz aytdy.
Bibigül hem ýüzüni şumjartdy.
- Ilki özi aýagyma depdi. - Ol aglady. - Endamymda gögermedik ýerimi goýmady, meýit.
- Ol gyz mydam şeýle. Garyba gün berenok.- diýip, başga bir gyz aýtdy.
Direktor oňa çiňňerildi.
- Otur sen. Senden soralanok. - OlGaryba barmagyny çommaltdy.- Gowja bol, mekdepden gümüňi çekip, kowaryn.
Garyp ýene-de sesini çykarmady.
- Gyz maşgalany urmaga neneň eliň barýar. Uruşsaň, bar, oglanlar bilen uruş, külüňi çykarsynlar...
Okuwçylar güwläp başlady.
- Mugallym, Bibigül bar-a, dogany Hutda aýdyp geldi. Ol häzir onuň külüni çykarar!
„Bul-a aýdylyşyndanam gowy boldy – diýip, Garyp oýlandy. Gelsin Hutdysam, gelýän bolsa. Ol dözmez diýýändir. Enşalla, görübereris!“.
- Boldy, senden soralanok, başlaň okuwa - direktor haýkyryp, käýinjiräp, haýbat baryny atyp çykyp gitdi.
Indiki arakesme nähili bolarka?!
Arakesme bolan badyna, okuwçylar heniz klasdan çykmanka, Hutdy edil bir arslan ýaly bolup, kükräp geldi.
Garyp klasdaşlarynyň sandyrdaşýanyna bakman, başyny galdyrman nämedir bir zatlar ýazyp otyrdy. Klas dym-dyrslyk bolandan, ol Hutdynyň gelenini aňdy.
Hutdy yzky parta geçdi-de, Garybyň ýakasyndan ebşitläp tutdy.Ol Bibigüle seredip, Garybyň ýüzüne meçewli gürledi.- Ýöri, daşary çyk!
Näme, ejeň dogrup goýan çagasy barmy? Meniň doganymy näme üçin urduň?!
- Özünden-diýip, Garyp müzzerilen boldy Hutdy Garybyň ýüzüne urdy-da, ony daşaryçekjek boldy.
Bolmalysyna, uruş tagtanyň öňünde bolmalydy. Emma Hutdy howlukdy. Ol ýene bir sapar urjak bolanda, Garyp onuň howply nokadyna duýdansyz, gaty batly urdy.
Hutdy ýere çökdi. Garyp onuň garnyna mündi-de, kellesini gaty pola birki sapar batly urdy. Geň galmaly ýeri, Hutdy özüni dü\sedi-de, garnyna münüp oturan Garyby işige bakan zyňyp goýberdi. Garybyň kellesi işige deňdi. Ýöne, olam Hutdy gelip ýetmänkä, ýerinden turdy.
Hutdy Garyba topulyp, ony arkasyna aljak boldy. Garyp onuň gulagyndan dişläp, aýaklarynyň ökjesi bilen onuň gasygyna depdi. Hutdy ony goýberdi-de, egildi. Garyp onuň arkasyndan erbet depdi-de, guýa bakan süýräp başlady.
Hutdy onuň elinden sypyp. Nämedir bir zat gözleýän ýaly bolup, mekdebiň öňündäki suwly guýa bakan ylgady. Emma eline iler ýaly hiç zat tapman soň, gýynyň agzyndaky kerpiç kertlezde duranbedrä bakan ylgady.
Bedre suwdan doly eken. Hutdy ony aljak bolup egilenden, Garyp ýetişdi-de, ony güýçli depdi.Hutdy yzyna öwrüljek bolanda, güýynyň ýanyndaky palçykly ýerde aýagy typyp, ýykyldy.Garyp, bir bökende, ýetişip, çälerip ýatan Hutdyny süýräp, guýynyň agzyna eltdi-de bar güýji bilen guýynyň çine bakan depip goýberdi.
Hutdy güwläp guýynyň içine gitdi. Bularyň bu söweşine tutuş mekdebiň ähli okuwçysy, hat-da mugallymlary-da aňk bolşup seredişip durdy. Oňa çenli mugallymlar Garyby tutdylar-da, Hutdyny guýydan çykarmak bilen boldylar.
Bu gürrüň derrew oba ýaýrady.Ýöne, beýle agyr urga, agyr masgaraçylyga sezewar bolaryn öýtmedik Hutdy, tutuş bir hepdeläp, mekdebe gelmedi.Soňam, tä kanikula çykylýança, Garyp bilen gepleşmän gezdi.Ýöne, matimatikasyny, dilleşişleri ýaly, Garyba işletdi. Şeýdibem, ol sekizinjä geçdi. Sekizi tamamlabam, Kaka etrabyndaky oba hojalyk maşynlarynyň sürüjiligini öwreýän uçilişä okuwa gitdi.
Garyp ony indi köp wagt bäri görenokdy.Hutdy semräp, garynjagaz çykarypdyr.
Birneme salykatlaşypdyr. Ol obanyň ortasyndaky skwažinanyň ýanynda hekgerip durdy.
Garyp ony görenine begendi. Ol Hutdy, özüni görmäge, okuwa girenini gutlamaga gelendir öýütdi. Hudaýa şükür, indi olaryň öýünde naharly gazanyň gulagy gtyzýardy.Häzirem, ejesi edil ýaňy, tamdyrdan çykypdy, Öýde nahar bişip durdy.
- Salam, dost, Ýöri, öýe baraly.- Ol gelşine Hutda elini uzatdy. Hutdy onuň salamyny aljak ýaly etdi-de, howply nokada şeýle bir jaýdar urdy, Garyp içi üzülendir öýtdi. Oňa çenli, Garybyň gytygrak saçyndan penjeläp, onuň öňem-ä, bie idilidä, agyr urga has hem myrtarlanan ýäzäni galdyrdy.
- Eý, sen ýetimçe, porsy arwah, Aşgabatda Bibigüle näme diýdiň?
Garyp Hutdy bilen şol mekdepdäki gyzyl ýumrukan soň, Hutdynyň uruş dessurlaryny ýekeje pursadam ýadyndan çykaranokdy. Onu her gün , hiç bomanynda hyýalynda, oýunda , birden, zerurlygy çykaýjak ýaly, telim gaýta ý
gaýtalaýardy. Aşgabatda, wokzalda bolan wakadan soň bolsa ol öz çilik ýaly bedenini, edil bir kök ýaly gataldyp, agyr-agyr daşlary gün yrman göterýärdi. Meýdanyň agyr pil işi, yzygyderli türgünleşikler ony diýseň taplapdy.Özi horam bolsa , çiginleri burum-butum bolupdy.
Ol Hutdynyň okuwa gidip, öňküsinden on esse dagy horlanandygyny duýdy. Onuň üstesine, 0onuň üstünden çilimiň ysy pöňkäp durdy. Ol şujagaz hereketine-de, has-has edip, ýüregi agzyndan çykyp gelýärdi. Ýöne, ol gazaplydy, ýüregi erbet çişirilen bolmaga çemelidi. Onuň gany gaýnap durdy. Ol gan görmese köşeýjege meňzemeýärdi.
Garyp onuň hilegärlik, ýalançylyk pirimini ulandy.
- Jan agam, öldürýäň-ow. Goýberäý, azajyk, Men baryny aýdaýyn-how.
Hutdy elini sähel gowşadandan, Garyp onuň gasygyna kellesi bilenurd
welin, öz kellesi diwary süsülen ýaly boldy.
Hutdy ýere ýazyldy. Garyp onuň garnyna münüp, kellesini çagylly ýere gaýta-gaýta urdy.
- Bagyşla-diý.
Hutdy onuň aşagyndan dyzanyp turdy-da, onuň ýüzüne berk urdy. Garyp yza çekildi.
- Ursaň, urularsyň. Başlan özüňsiň.
Hutdy erbet sögündi-de, dişlerini jygyrdadyp, Garyba topuldy. Garyp onuň howply nokadyna erbet urdy. Düňderilip barýan Hutdynyň agzyna depdi.
Hutdy ony urjak boldumy, ýa-da ondan tutjak boldumy, onuň köýnegini arym-arym etdi-de badyny saklap bilmän ýere güpüläp ýykyldy.
Garyp ony süýräp, skwajinanyň buz ýaly suwuna, güžžüldedip basdy-da, neşelenip ösdürilen saçyndan berk tutup, kellesini suwuň düýbüne gaýta-gaýta çümdirdi.
Hutdy urnup-urnup, ahyry, kellesini suwuň ýüzüne çykardy.
- Goýber.
- Ýok, indi özüň geldiň, özüň degdiň, indem tä öýdürýänçäm sypmarsyň. - Ol Hutdynyň kellesini ýene suwa çümdirdi. Soň, bar güýjüni jemläp, ony suwuň düýbünde saklady. Hutdy ölümiň öýünde kellesini suwdan çykardy-da, ellerini galdyrdy.
- Şu sapar men ýeňildim, bagyşla, Garyp!
Garyp ony suwa itip goýberdi.
- Hiç haçanam ýeňen dälsiň.
Hutdy üst-başynyň suwuny şalpyldadyp, skwažinanyň howdanjiygyndan çykdy- da, yra-dara bolup aňyrda eýýäm üýşüp duran adamlara bakan yra-dara ýöräp gitdi. Ol bir sebäp bilen dodagyndan akýan gany, aldygyna ýalaýardy.
Gan göründi, köşeşer.
Hutdy elini salgady.
- Sen, eý, düýnki uçguryny daňyp oňarman ýören ýetimçe, ine, ýene görüşeris. Şonda alaryn arymy. Arymy köýdürsen, heleý bolaýyn.
Garyp egildi-de, ýerde ýatan ullakan daşy ýerden göterdi-de, yzyna döndi.
Ol:
- Nä-me, hany, ýene bir gaýtal-a!-diýip, üýşüp duran adamlara bakan ugrady. Hutdy duran ýerinden ökje ogurlady-da, jyrralyp, gaçyp gitdi...
Ine, bar bolany.... Ýöne obada gaty seýrek boýan bu waka, tutuş oba şaýat boldy. -diýip. Ol maşynyň üstünde ýelejiräp barşyna, ynjyly oýlandy.
- Özi geldi, özi urdy-diýerin.Men näme, özümi goradym.Goranmadyk bolsam, ol meni hökman öldürerdi.- diýerin.- Juda bolmasa, ýalan sözi bir ýerden satyn almal- däl.“Bagyşlaň!“ diýmeli bolar-da.
Ol ejesiniň gamgyn, ahmyrly sesini eşitdi.
- Oglum, sen Hutda eňzejek bolma. Özüňe görä bol. Çymçygyňky ýaly janyň bilen Hutda degýäň. Ol bir çaga däl-ä, ganojag-a., oglum.
- Bor, eje, meni bagyşla...
Garyp hojalygyň kontorynyň öňünde saklanan ýük maşynyndan keýpsiz düşdi.
Kiçi agranom başlygyň jaýyna bakan ylgaşlap gitdi. Gapyny açyp-açmanka-da:- Başlyk, getirdim.- diýip, dabaraly aýtdy.
Başlyk oňa rugsat berdi-de, işige gygyrdy.
Garyp özüni erbet silterlenmä taýýarlady. Ýöne ýürek oňa boýun bolman, ynjy bilen gürsüldedi.
“Men şular ýal ownuk gürrüňi gaty ýigrenýän...“
- Gel, gel-diýip,Şyhym aga, çasly gygyrdy.
- Salawmaleýkim!
Şyhym aga aladaly, hoşamaýja ýylgyryp, onuň hor, emma berdaşly elini berk gysdy.
- Salamyň bar bol-a.
- Hä?- Garybyň ýüzi ak tam boldy- „Indi başlasa gerek!“.
- Aşgabatdan Berdi Kerbaba seni gyssagly sorap, iki sapar jaň etdi.
- Kim? Selbimi, Atamy?- Ýa Gulýamyka? Kim.
- Kerbabaýew, Ýazyjylar soýuzynyň başlygy.
Garyp henizem düşünmedi.
- A-A-a!
- Sen ertir irden Ýazyjylar soýuzyna ýetmeli! Moskwadan gaty uly komissiýa gelipdir. Sen görjek, gürleşjek diýýärmişler.
Garybyň ýadyna, bir zatlar, bir zatlar düşjek ýaly
- Kerbabaýew, Ýazyjylar soýuzy?! – Ol ýene aňşyryp bilmedi. - Hutduly mesele-hä dldir?
Şyhym aga Garybyň gum, tozan, palçyk bolan argyn keşbine nebsagyryjylyk bilen seretdi.
- Goşgularyňy berdiňmi?
Garybyň başynda ýyldyrym çakan ýaly boldy.
- Goşgymy?Ýok! Hawa, hawa. Beripdim, şolmyka?- Ol işige bakan ýöredi...
- Dur, saňa gowja gaşeýinewersin- diýdi. - Abatja köwşüň, ile çykar ýaly bir, geýim-gejimiň bir barmy!
Ol jübülerini sermeläp durşuna:
- Şaýyňy gowja tut. Agşam, meniň şofýorym seni otla çykarar- diýdi.- Başlyk jübüsindäki pullary çykaryp, elin sanady.
- Me munam al. Ütüklije jalbar, arassaja köýnek geý.-
Ol Garybyň buýr-bulaşyk saçyn seretdi.
- Häzir bar-da, gowja ýuwun, saçyňy bejert. Bormy, taýýar bol.
Garyp işikden yzyna döndi.
- Iş nähili bolar?
- Bar. Sen öz işiňi et! Sowhozyň işini başgalar eder.
- Bentdedim, pilimem şol ýerde galdy.Bolmasa, gidip, agşama çenli işläýeýin.
Şyhym aga gapdalyndaky garaja düwmän basdy.
Agranom içeri girdi.
- Garybyň pilini alyp eliň. Bentdedir.
- Maşynly gidipmi?
- Maşynly gidäýiň.
Maşyna Garybam mündi.
Ol maşynyň çaltlygyndan müň esse tizlikde öňe göwün ýüwürtdi-de, täze bir baharyň, täze bir dünýäniň parlap duran ruhuna garylaan ýaly bolup, töweregine göz aýlady. Ol indi öňki Garyp däl ýalydy. Güle çümüp oturan sähra, goja daglar, ondan jülgä akyp gelýän boz bulaklar, ýakymly şemal, indi öňki ýaly däl ýalydy. Olar jenneti, Allahy duýga gaplanan Garyba gujak gerýärdi. Şu ýerde, Garyp, özüne täze bir ykbal, köşgüniň tylla işigi açylan ýaly, täsin duýgulary başdan geçirýärdi.
Ol özüne geldi.
- Obamyz nähili owadan eken – diýip gygyrdy.
Категория: Romanlar | Просмотров: 266 | Добавил: Haweran | Теги: Öwezdurdy Nepesow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Romanlar bölümiň başga makalalary

Janserek -4: romanyñ dowamy - 15.03.2024
Hakyň didary / roman - 28.02.2024
Hakyň didary -6/ romanyň dowamy - 02.03.2024
Hakyň didary -3/ romanyň dowamy - 29.02.2024
Hakyň didary -7/ romanyň dowamy - 02.03.2024
Gala -9: Ömrüň beýany - 16.02.2024
Gala -7: Oýlanma pursady - 16.02.2024
Hakyň didary -8/ romanyň dowamy - 02.03.2024
Hakyň didary -9/ romanyň soňy - 02.03.2024
Gala -10: Höküm / romanyň soňy - 16.02.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]