02:59 Äkit meni | |
■ ŞOL GÜN Şol gün dünýä goňur geýdi egnine, Asmanam aglaýyp egisdi derdin. Bu ahwaldan gaçyp gutulýan bolsam, Ýeriň aňry ujam bolsa giderdim. Çünki agyr degýä maňa ýaşamak, Gözleriňe bakman, çekmek ezýeti. Dilim baglan bu humarly oýnuny, Ykbalyňam goýarly däl niýeti. Aslynda özümde günä, bilýärin Özüm artyk söýdüm, syladym artyk. Her zat kän bolanda sepi açylyp, Syrylýar ekeni köňülden örtük. Indi niçe ýyldyr çekýän armany, Ýogsa ýek görenim ahmyrly ömür. Yza bakmak jeza, öňümde bolsa, Gözlerim baglapdyr çal reňk ümür. Baglapdyr durmuşyň undup bolmaýan, Aňda doňan süýji, ajy günleri, Kyrk ýyl azap bilen binýady gurlan, Ýatlamalaň garaşýarka münberi. Şoň üçin asmanam birahat bu gün, Meňkä meňzeş ýaly oň çekýän derdem. A mende gussa ýok, çünki düşünýän, Giç hem uzak ýoldugyna giderden. ■ OÝLANMA Alawly durmusyň ýaksa-da ýalny, Şükür, anbar ysly gülüm solmady. Gussalam köňlüme bolanda azar, Eljiredip, näzim çeken bolmady. Otda berdaşlanyp, çuslanyp gaýta, Sözlem ynamymdan düşmedi jyda. Kösensemem müýnsüz duydum özümi, Ömrümi hak işe edemsoň pida. Durmuş duşünjämden gelse-de agyr, Sadalygym üstün çykdy kän zatdan. Her işde bilemsoň hetdim, çägimi, Azam bolsa paýym berlipdir bagtdan. ■ SOWGAT Täleýim ýene syr bermän, Gözlermi baglasy gelýär. Asmanyň bogazy dolup, Meň üçin aglasy gelýär. Töwerek ümsümlik, tukat, Howpdan heder edýän deýin. Men bolsa bu ykbalymdan, Gaçyp, niräge gideýin? Bu ýol uzakmy, bilmedim, Soňsuzlyga döndi ahwal. Kimler üçin synag, kime Bu oýun bolmagam ahmal. Günler sensiz geçer, aýan, Şol gün diýen sözleň nagt. Günortan seňrigin gysyp, Nirä gaçyp barýar bagt?! Çalaran başyny tutup, Ah çekip otyr ömürler. Öňümde näme bar, bilmen, Didämi gapdy ümürler. Seniň beren sowgadyňmy, Ýa, asmanyň serpaýymy?! Sada, sabyrly bolamsoň, Özge alypdyr paýymy. ■ ÄKIT MENI Ezizim, alyp git meni dünýäňe, Ol ýerde gursagym dem alýar rahat. Aýdyňlyk, gündizlik, tümlük ýok onda, Aýlar, ýyllar aýlanyp dur parahat. Ertekide ýaşap ömrüň bir günün, Symrug guşlaň guwanaýyn perine. Şemaly pyşyrdap hüwdä hiňlenýän, Äkitsene, gülleň burk urýan ýerne. Anyk ýorgudyndan başym sämeden Düýşler otyr ynjyk dünýämi yrap. Gözlerimi baglan yşkyň ýalnyna Köňlümde bir yşyk dogdy ýalbyrap. Äkit meni... Roýy çytyk asmanyň, Ýagmyry ömrüme nur sepelesin. Al öýmämi boýap al-elwan reňke, Atynaýyn ak ýagyşyn, şelpesin. Äkit meni, ülkesine ylhamyň, Undar ýaly argyn ýyllaryň gamyn. Gunça AMANSÄHEDOWA. | |
|
√ «Не говори мне, что ты любишь меня!..» / Goşgular - 12.02.2023 |
√ Söýgi derwezesi / Goşgular - 07.01.2023 |
√ Поэзия – бог / Goşgular - 31.01.2023 |
√ Mende başga, sende başga... / Goşgular - 23.01.2023 |
√ Мона Лиза / Goşgular - 09.02.2023 |
√ Самострел любви / Goşgular - 25.01.2023 |
√ Şol gyza / Goşgular - 06.01.2023 |
√ «Сжала руки под тёмной вуалью…» / Goşgular - 08.01.2023 |
√ Плач Ярославны / Goşgular - 05.01.2023 |
√ «Разгадал я, какие цветы…» / Goşgular - 09.02.2023 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |