11:21

Alberto Morawiýa

ALBERTO MORAWIÝA
(1907-1990)

XX asyr italýan edebiýatynyň iň tanymal ýazyjylarynyň biri Alberto Morawiýa 1907-nji ýylda Rimde dünýä inýär. Onuň hakyky familiýasy Pinkerle, Morawiýa bolsa ýazyjynyň edebi lakamydyr. 9 ýaşyndaka Morawiýa erbet keselläpdir, diňe 17 ýaşynda düzelipdir. Geljekki ýazyjy şol ýarawsyz wagty örän köp kitap okapdyr. Has hem XVII, XVIII asyr ýazyjylaryny (Goldoni, Şekspir, Molýer ýaly ýazyjylary) ürç edip okapdyr. Dilleri hem öwrenipdir: italýan, fransuz, nemes, iňlis dilini suwara bilýär eken. Ol 17 ýaşyndaka ýazyjylyk senedine baş goşupdyr.
Hassahanadan çykarylandan soň, Morawiýa Bressanon atly şäherçede ýaşap, şol ýerde “Biperwaýlar” atly ilkinji romanyny ýazmaga girişipdir. Bu eser 1929-nji ýylda çap edilip, döwrüň syýasy gapma-garşylyklaryna garamazdan, ýazaryna derrew şöhrat getirýär. Mundan soň ýazyjy özüniň pikirdeş italýan ýazyjylary Korrado Alwaro we Massimo Bontempelli bilen dostlaşýar, “XX asyr” žurnalyna işe girip, ol ýerde “Ýadan Kortijiana” atly nowellasyny çap edýär.
Ol wagtky Italiýada häkimýetlik eden faşistler “Biperwaýlar” romanynda özlerine garşy pikirleri tapyp, ýazyja garşy göreşip başlaýarlar. Şonuň üçin ýazyjy uzak wagtlap syýahat edýär, ýol ýazgylarydyr makalalaryny “La Stampa” gazetinde çap etdirýär.
Morawiýa Gresiýada, Hytaýda, ABŞ-da, Fransiýada, Meksikada bolýar, ol ýerleriň ýokary okuw jaýlarynda I.Niewo, A.Mandzoni, J.Werga ýaly ýazyjylar baradaky leksiýalar bilen çykyş edýär.

1937-nji ýylda Italiýa gaýdyp baranyndan soň, ýazyjy “Bompiani” žurnalynda “Ýalan” atly hekaýalar ýygyndysyny çap etdirýär. 1941-nji ýylda Morawiýanyň “Maskarad” atly antifaşistik romany kitap bolup çykýar. Bu romandan soň ýazyja eserlerini çap etmek gadagan edilýär, şonuň üçin ýazyjy makalalaryny “Pseudo” lakamy bilen çykartmaga mejbur bolýar.
Uruş döwri Morawiýa Kapride ýaşap, ol ýerde “Agostino”(1944) romanyny tamamlaýar. Şol döwürlerde hem “Epidemiýa” ýygyndysyna girizilen hekaýalary çap edilýär. Uruş döwri gören zatlarynyň täsirinde Morawiýa “Çoçara”(1957) atly iň belli romanlarynyň birini döredýär. Italiýa, Rima gaýdyp baranyndan soň ýazyjy has hem öndümli işleýär, “Karriere della sera” gazetinde ömrüniň ahyryna çenli makalalary bilen çykyş edýär, döwrüň her bir wajyp hadysalaryna seslenýär.

Alberto Morawiýanyň uruşdan soňky döwürlerde ýazan eserlerinden “Rimli”(1947), “Konformist”(1951), “Ýigrenç”(1854), “Gam-gussa”(1960), “Üns”(1965), “Men we ol”(1971), “Içki durmuş”(1978) romanlary, “Boýunegmezlik”(1948), “Är-aýalyň durmuşyndan”(1949) powestleri, “Rim hekaýalary”(1954), “Täze Rim hekaýalary”(1959), “Atom”(1962), “Jennet”(1970), “Başga durmuş”(1873), “Bäh”(1976), “Zat”(1983) atly hekaýalar ýygyndylary bütin dünýäde meşhurlyk gazanyp, okyjylar tarapyndan söýülip okalýan eserlere öwrülýär. Morawiýa “Täze deliller” atly žurnal açýar, onda Sartr, Wittorini, Italo kalwino ýaly ýazyjylar öz eserlerini çap etdirýärler. 1958-nji ýylda ýazyjyny Nobel baýragyna dalaşgär saýlaýarlar. Ol iň mynasyby hasaplansa-da, baýrak döwrüň ýagdaýy sebäpli Pasternaga gowşurylýar.

Morawiýa 1990-njy ýylda aradan çykýar. Ol dünýeden öteninden soň hem täze hekaýalar ýygyndylary çap edilýär.

Çeşmesi: https://tk.wikipedia.org/wiki/Alberto_Morawia. 06.09.2022ý.
Категория: Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly | Просмотров: 124 | Добавил: Bagabat | Теги: Alberto Morawiýa | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]