15:08

Allaberdi Haýydow

ALLABERDI HAÝYDOW (1929-1998)

Zehinli türkmen ýazyjysy A.Haýydow Hojambaz etrabynyň Beşir obasynda 1929-njy ýylda garyp daýhan maşgalasynda dogulýar. Beýik Watançylyk urşunyň gazaply ýyllarynda onuň çagalygy Mekan obasynda geçýär.
Ýazyjy 1942-nji ýylda ýediýyllyk mekdebi tamamlaýar. Geljekki ýazyjy şol ýyllar ulularyň hatarynda durup, zähmetde bişişýär.
Ýazyjy häzirki Atamyrat şäherindäki mugallymçylyk mekde¬bini tamamlap, «Pagtaçynyň ýoly» atly etrap gazetine işe geçýär. Şol wagtlar ol gazetde ýaş şahyr Berdinazar Hudaýnazarow hem işleýärdi. Allaberdi bilen Berdinazar öz işleýän gazetleriniň ýanyn¬da edebiýat gurnagyny döredýärler. Bu merkez etrabyň edebiýat bilen gyzyklanýan ýaşlary üçin ilkinji döredijilik mekdebi bolup hyzmat edýär.
Allaberdi bilen Berdinazar ýaşlaryň şowly çykan goşgularyny «Pagtaçynyň ýolunda» çap edýärdiler we Türkmenistan Ýazyjylar birleşigine iberýärdiler. Şol ýaşlardan Durdy Baýmyradow, Öde Abdyllaýew, Kaýum Taňrygulyýew, Ýagmyr Pirgulyýew dagylar belli ýazyjylar we edebiýatçylar bolup ýetişdiler.
Atamyrat etrabynyň «Täze ýol» gazeti ýaş ýazyjy-şahyrlaryň arasynda giňden iş alyp barýardy. Ol gazet Allaberdi Haýydow, Ber¬dinazar Hudaýnazarow ýaly ýaşlary döredijiligiň şaýoluna atarypdy.
Bu gazet türkmen şahyrlary Rehmet Seýidow, Ata Köpek Mer¬gen dagylar bilen yzygiderli aragatnaşyk saklaýardy.
1946-njy ýylda Türkmenistan Ýazyjylar birleşiginiň maslahaty¬na gatnaşan Allaberdi Haýydow şahyr Rehmet Seýidow bilen ýakyn¬dan tanyşýar. R.Seýidow ýaş şahyryň döredijiligine hossarlyk gözi bilen garaýar, onuň goşgularynyň çeperçiliginiň barha kämilleşmegi üçin maslahatlar berýär.
A.Haýydow 1950-nji ýylda Türkmen döwlet uniwersitetine okuwa girýär. Ony gutarandan soň «Türkmenistan» neşirýatynda redaktor bolup işleýär. Soňky wagtlarda bolsa Türkmenistan radiosynda redaktor, TYA-nyň filosofiýa we hukuk bölüminde ylmy işgär bolup zähmet çekýär. Çeper hem ylmy döredijilik bilen meşgullanýar. Kan¬didatlyk dissertasiýasyny goraýar.
A.Haýydow uniwersitetde okap ýören ýyllarynda edebi dörediji¬lik işine has talapkär we jogapkärçilikli çemeleşip başlaýar. Öz eser¬lerini R.Seýidow, D.Haldurdy, B.Seýtäkow ýaly görnükli ussatlara okap berýär, olaryň maslahatlaryny diňleýär.
A.Haýydowyň «Biziň günlerimiz» (1952) diýen ilkinji ýygyndysyna giren goşgular Watana, il-güne buýsanç duýgulary bilen bes¬lenipdi.
Şahyryň «Watan», «Türkmenistan» atly goşgularynda hem beýik Watanyň gözel keşbi janlanýar, güneşli ülkäniň waspy edilýär. Içi ýüzlerçe gämili goja Hazar, baýlyga baý Garabogaz, narly, limonly, hozly deräniň içi bilen akyp ýatan Sumbar, Köpetdagdan şaglap inýän bulaklar, bag-bakja bürelip oturan Pöwrize, onuň şypa beriji gözelligi we salkyn howasy, gadymy Mary, onuň täze görki, dünýä belli ýüpek pagtasy, çyrpynyp akýan Amyderýa… birin-birin okyjynyň gözüniň öňünden geçýär.
Şahyryň «Aşgabadyň baýyrlary» (1957), «Täze döwür» (1959), «Türkmen topragy» (1959), «Gözel Watan» (1958), «Köp gezdim ýurdumy» (1958), «Söýdüm» (1959), «Pöwrize» (1958), «Ýadyma düşdi» (1959), «Eý Watan» (1967), «Meniň mekanym» (1965), «Arçman» (1964), «Sen şygyr ülkesi» (1962), «Garybata» (1963) ýaly onlarça goşgulary hem türkmen topragyna bagyşlanandyr. Bu eserlerinde ol ýurduň her bir künjegine mähir, söýgi besleýär.
Şahyr öz goşgularynda geçmişiň agyr günlerini gynanç bilen ýatlasa, zamananyň häzirki gözel keşbine guwanýar. Ol «Sen şygyr ülkesi» diýen goşgusynda Orta Aziýanyň geçmişini ýatlaýar. Onuň geçmişde şygyr ülkesi, senet ülkesi bolandygyny, Hafiz, Jamy, Ferdöwsi, Nowaýy, Magtymguly ýaly sungat ussatlarynyň şol töwerekde ýaşap geçendigini guwanç, söýgi bilen beýan edýär.
A.Haýydowyň döredijiliginde Watan hakdaky we watançylyk ruhly goşgular Türkmenistan, onuň obalarydyr şäherleri baradaky eserler bilen çäklenmeýär. Onuň uzak Sibir, Ukraina, Täjigistan, Kawkaz hakyndaky goşgulary hem munuň şol şygyrlarynyň üstüni ýetirýär. Bu şirin labyzly eserlerinde tebigat bilen ynsanyň bagrynyň badaşygy hakynda söhbet edilýär.
Şahyryň döredijiligindäki bu äheňler gönüden-göni bütin dünýäde parahatçylygy gorap saklamak bilen berk sepleşip gidýär.
A.Haýydowyň parahatçylyga bagyşlap döreden goşgularynyň arasynda «Watan eý görýär» (1950), «Kepderiniň suraty» (1951), «Ýoldaş, ýadyňda sakla!» (1950), «Şöhle keseli» (1959), «Negr rusça gepleýär» (1959), «Alžir» (1959) ýaly onlarça täsirli ýazylan goşgular bar. Şeýle goşgularda parahatçylygy bütin dünýäniň halklary bilelikde gorap saklamalydyr diýlen pikir öňe sürülýär.
A.Haýydowyň liriki eserlerinde parahatçylygyň esasy daýanjy hökmünde zähmet esasy orunda goýulýar. Şahyryň «Zähmet» (1949) diýen goşgusynda şahyr zähmetiň eşreti we getirýän şöhraty hakynda duýga baý setirleri döredipdir.
Şahyryň «Ata-ogul dikeltmäge barýarlar» (1948), «Gije» (1948), «Ýetilen arzuw» (1950), «Säher» (1948), «Ak altyn ýetişýär» (1949), «Brigadir» (1951), «Erik bagy» (1947) «Çölde» (1950), «Pagtaçy gyzlaryň aýdymy» (1950), «Daň atanda» (1949), «Kömek ber kolhozyňyza», «Pil» (1949), «Gowaçalar suwsapdyr» (1960); «Bugdaý» (1954), «Gurluşykçynyň aýdymy» (1959), «Ekinleriň ygşyldysy» (1954), «Altyn atyz» (1953), «Gabarçykly eller» (1959), «Traktorçynyň aýdymy» ýaly goşgulary tutuşlygyna zähmete we zähmet adamlaryna bagyşlanypdyr.
A.Haýydow soňky ýyllarda kyssa eserlerini hem döredip başlaýar. Onuň «Düýnki adamlar», «Million ädim» we «Hökümdaryň kowulmagy» romanlary halk arasynda höwes bilen okalýar.
Allaberdi Haýydow eserleriniň aglaba bölegini tebigat temasyn¬da ýazypdyr. Ol türkmen edebiýatynda tebigatşynaslyk kyssasyny döreden ýazyjy hasaplanýar.
A.Haýydowyň kyssa eserleriniň birnäçesi awçylaryň durmuşyndan bolup, birnäçesi hem Türkmenistanyň tebigat we haýwanat dünýäsini gorap saklamak meselesine bagyşlanandyr.
Ýazyjy «Günüň uklaýan ýerine syýahat» diýen eserinde Amyderýadan tä Köpetdag aralygynyň tebigat we haýwanat dünýäsini okyja görkezmek isleýär. Bu eserde haýwanlar hakynda gürrüň be¬rilse-de, ondaky haýwanlar allegoriki häsiýetli däldirler. Olar tebigy bolşy ýaly häsiýetlendirilip görkezilipdir. Ýygyndynyň «Meýdan towugynyň aýdymy», «Hany tokaý?» ýaly hekaýalarynda-da tebigaty gorap saklamak ýaly möhüm tema gozgalýar.
«Hany tokaý?» hekaýasynyň gahrymany Abdy aga oba – dogduk depesine birnäçe ýyllardan soň gelip, obanyň golaýyndaky gür to¬kaýlygy görüp bilmänsoň lapy keç bolýar. Gahrymanyň tebigat bi¬len baglanyşykly oý-pikirleri, oňa gatnaşygy, nesiller üçin şol tokaýy saklamagy başarmadyk adamlara bolan nägileligi eserde esasy pikiri ýüze çykarýar.
«Günüň uklaýan ýerine syýahat» powestinde emeli derýanyň boýy bilen günüň ýaşýan tarapyna mejbury syýahat etmeli bolan gara şagalyň täsirli başdan geçirmelerinde ýazyjynyň synçylygy güýçli duýulýar. «Million ädimden» tapawutlylykda ol eserde adamyň üsti bilen däl-de, haýwanat dünýäsiniň üsti bilen ýazyjy täze geçirilen ka¬naly, töweregini okyjynyň göz öňüne getirýär. Kanalyň geçmegi bi¬len Garagumuň tebigatynyň gowulyga tarap özgerişini görkezmek bu eseriň baş maksadydyr.
Ynsan bilen tebigatyň, tebigat bilen haýwanat dünýäsiniň arasyn¬daky bitewülik ýazyjynyň «Bilesigeliji garsak» hekaýasynyň da süňňüne siňipdir. Ýazyjy ünsüni tebigata berip, tebigat bilen gürleşýän ýaly täsin tebigat keşplerini çeper suratlandyrýar.
Ýazyjynyň «Million ädim» (1979) romany häzirki zaman temasyn¬dan bolup, ol özünde bir topar meseleleri birleşdirip alyp gidýär. Bu eseriň baş gahrymany Muhammet – çopan oglan. Ol dynç almak üçin Pöwrizä berlen putýowkadan ýüz öwrüp, Garagum çölüni gaýradan iler¬ligine kesip geçmek – syýahat etmek isleýär, sebäbi çöl Muhammediň «öz öýi». Muhammediň öňünde goýan maksady çöli ýöne bir kesip geçmek däl, oňa has hem belet bolmak, tebigatyny, haýwanat dünýäsini synlamak. Onuň ýan ýoldaşlary düýesi we Akbaý atly iti.
Muhammet öz syýahatynda çölüň tebigatyna degişli jandarlar bi¬len bilelikde adamyň gum içinde alyp barýan işlerine gabat gelýär. Bu romandaky wakalaryň üsti bilen ýazyjynyň tebigata bolan özboluşly synçylygyny duýmak bolýar. Okyjynyň gözüniň öňünden yzly-yzyna Garagumuň tebigaty bilen haýwanat dünýäsiniň sazlaşykly keşpleri geçip dur. Şolary gözden geçirmek bilen ýazyjy tebigaty goramagyň örän zerur meseledigine okyjynyň ünsüni çekýär.
«Million ädim» romanynda Garagum çölüniň gözellikleri, sähra keşt eden adamyň gören zatlary, başyndan geçiren wakalary, oý hyýallary öz beýanyny tapypdyr. Ýazyjy Muhammediň keşbini döretmek bilen şol uçsuz-gyraksyz sähra goýulýan sarpanyň belent derejesini açyp görkezýär.
Eserde çölüň estetiki gözelligi şahyrana şöhlelendirilýär. Gözelligi duýup bilmeýän Tagan bilen Rüstem ýaly adamlar haýwanlara, ösümliklere rehimsizlik bilen daraşýarlar hem-de çöl haýwanlaryny gyrýarlar.
Allaberdi Haýydowyň döredijiligi Watan we halk bilen berk baglanyşykly. Ol Watany ähli zadyň gözbaşy hasaplaýar. Watany, halky, tebigaty, haýwanat dünýäsini jandan eziz söýýär. Ýazyjy tebigat temasy bilen aýratyn gyzyklanyp, çuňňur many-mazmuna we ýokary çeperçilik derejesine eýe bolan edebi eserlerini döredip, türkmen edebiýatynyň bu ugruny has-da baýlaşdyrdy.

A.Haýydow ussat prozaçy, ilhalar şahyr, köp meselelerden baş çykaryp bilýän, edebiýatçy hem filosof hökmünde türkmen edebiýatynyň ösmegine önjeýli goşant goşdy.

Çeşmesi: Begenç Hydyrow, Durdymyrat Rejepow. Türkmen çagalar edebiýaty. Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby.-A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2015. 85-90 sah.
Категория: Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly | Просмотров: 210 | Добавил: Bagabat | Теги: Durdymyrat Rejepow, Begenç Hydyrow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]