19:02 "Alma" agajynyñ astynda / esse | |
«ALMA» AGAJYNYÑ ASTYNDA
Bu sözbaşydaky almanyň goşadyrnagyň içinde ýazylmagyna gysgaça düşündiriş berjek bolup göreýin. Ol agajyň miwesi togalaklygy bilen alma çalym edýär. Ýöne adam üçin iýmitlik däl. Guşlar, esasan, gögerçinler ýere gaçyp, ýarylan ýa-da ulagyň tigriniň astyna düşüp, mynjyran bolsa, ol agajyň miwesini (miwesiniň çigidini) işdämenlik bilen çokjalaýarlar. Aňan bolsaňyz gerek, oňa gepleşik dilinde «şişka» diýýäris. Garaz, «Şişka agajynyň astynda» diýen sözbaşyny goýsaň, birhili gelşiksiz bolýar, duýman durkaň gökden kerpiç gaçan ýaly-da. Ine, şunuň üçin goýdum bu sözbaşyny. Bu ýazga iterenem şol kerpiç gaçandaky ýaly gürpüldi (ýa-da şol agajyň kerpiç ýaly bolup gürpüldäp gaçan miwesi) boldy... Nýuton döwründe-de şu daragt ösýärdimikä? Eger onuň ýeriň dartyş güýjüni açmagyna şahadan tänip gaçan hakyky alma däl-de, şu «alma» sebäp bolan bolsa, nähili bolardy?! Ýeriň dartyş güýjüniň formulasy başgaça bolardymy? Altynjy synpdakak fizika mugallymymyz Nýutonyň kanunyny näçe düşündiren hem bolsa, ol barada suwytly zat aňymda galmandyr. Şeýle-de bolsa, onuň aňymda galan bölejigi, ýagny bagdan gaçan «alma» oýlara iterdi. Birinji nobatda göz öňüme gelen zat her ýyl güýz ortalaberende bolýan görnüş: ol «almanyň» ýol ugrunda mäjum bolup ýatan miwesini, çigidini iýýän gögerçinler. Şonda okalan jadyly ertekiler täsir etdimi, nämemi, pikirler mesaýy akyp barýan hanasyndan mesip çykdy: gögerçiniň iýen çigitleri ganatlarynyň arasyndan şineläp çykyp, daragta öwrülen haly göz öňümde janlandy. Pikirler edil iç-içinden çykýan gurjaklar ýaly bolup, artyp başlady: şinelän gämik nahala, soň daragta öwrülip miwe getirdi. Daragtyň üstüne guşlar gondy. Miweleri tänip, ýere gaçdy. Şeýdip pikirler ýene ýere — hälki daragtyň miwesiniň gürpüldäp gaçan ýerine dolanyp geldi. Dogrudanam, olar tänip, gaçmasa, boljagam däl. Şu ýerde-de ikinji görnüş göz öňümde janlandy. Gyş. Daragtyň ýapraklary dolulygyna seçilip gutarypdyr. Daragt diňe çyplak çybyklar bolupdyr. Kä ýerde birlän-ikilän tänmekden ejap edip, ýa-da haýygyp, ýa-da, belki, pese düşmegi kiçilik bilip, şahada asyl-asyl bolup duran miwe bar. Ýöne nä miwe... Çürşüp, aýaza gaýzygyp giden, palak ýumurtga ýaly zat görünýär. Ol indi ýere gaçaýanda-da, şine ýarmasa gerek. Şaha üçinem artykmaç ýük. Bu görnüş göz öňümde başga bir görnüşiň peýda bolmagyna sebäp bolýar. Öýleriniň töweregine çekilen haýatyň çäginden çykyp görmedik bir oglanjygyň bolup oturyşy ýadyma düşdi. Ol howlularynyň bir çetinde ýatan äpet töňňäniň üstüne çykyp, daşky dünýä barada diňe şol nokatdan görünýän zatlar esasynda netije çykarýardy. Deň-duş oglanlaryna asla goşulmazdy. Hawa, şol tänmän galan «alma» ýaly... Tänen almalar bolsa, gör, nirelerde kök urandyr! Miwe berendirler, belki. Gögerçiniň ganatyna galtaşyp, birje bölejiginiň asmana galan bolmagy hem ähtimal. Garaz, bişen miwe tänmese, hälki ýaly gürpüldi bolmasa, onda bu durmuş sazlaşygy bozuljak. Pelsepäni bir gyra goýup, göni manysynda seretsek, hiç bolmanda, şu ýazgy-ha ýazylmazdy. Belki, Nýutonam ýeriň dartyş güýjüni açmazdy... Nýuton barada fizika sapagynda okandygymyz ýadyma düşüp, bu ýagdaý hem başga bir fizik hakynda pikirlere itermezdi. Ol diňe fizik hem däl, belli fransuz filosofy, meşhur «Pikirleriň» awtory Blez Paskal. Ony kakasy juda berk tutup terbiýeläpdir. Paskalyň kakasynyň oglundan uly umydy bar eken. Özüni dolulygyna onuň terbiýesine bagyşlamak üçin, ol döwlet işini taşlapdyr. Oňa geografiýany, taryhy, filosofiýany, dilleri we matematikany öwredipdir. Ýat tutmaga mejbur etmän, onuň aňyny seresaply hem yzygiderli halda ösdüripdir. Paskal meşhur matematik, fizik we dini filosof bolup ýetişipdir. Onuň «Adam — ejizje gamyş, ýöne pikirlenýän gamyş» diýen meşhur pähimi köpleriň ýadyndadyr. Emma onuň tutuş ömründe ýekeje-de bagtly gününiň bolmandygyny özüniň boýun alandygyny welin bilýän kişi azdyr. Blez Paskal bary-ýogy 39 ýaşapdyr. Ejesi ol ýaňybir üç ýaşyndaka ýogalyp, ene mährini bütinleý bilmändir diýen ýaly. Deň-duşlary bilen gatnaşmakdan mahrum bolansoň, ol diňe kakasyna ýakyn durup, onuň bilen hemsöhbet bolupdyr we hemişe zabun düzgünde ýaşapdyr. Elbetde, bu onuň saglygynda we psihikasynda duýulman bilmändir. Bu fransuz fizigi baradaky gürrüňi men ýaponiýaly Masaru Ibukanyň kitabyndan okadym. Ol Paskal barada ýaňky maglumaty aýdandan soň şeýle diýýär: «Kaka çagadan geniý kemala getirip biler, ýöne diňe eje ondan ruhy we beden taýdan düýpli sazlaşykda bolan gowy adamy ýetişdirmegi başarar». Onuň bu sözleri ýene-de hälki göz öňümde janlanan, ýalňyz halda töňňäniň üstünde oturan oglanjygy ýatlatdy. Kakasy käýeýänligi sebäpli, howlularyndan asla çykmaýan oglanjyk bolsa, şahadan tänmekden gorkup, ho-ol belentde ýeke galan çürşük «almany» göz öňümde janlandyrdy. Olam tänip, gürpüldäp ýere gaçan «almany»... «A-how, bu ahyry bir nokada baryp diremelidir-ä» diýýärsiňizmi?! Ýadyma düşüşine görä aýdaýyn. Mundan kyrk ýyl töweregi ozal oýnamakdan ýaňa ýadap, halys surnuksak-da, çagyrylaýmasa, öýe köwlenmäni bilmeýän çagakak, güýzüň çigrek çagy kakam çagyrdy. Ol mekdepden pökgi deregine aýagymyz bilen depip, tigirläp öýe çenli getiren «almamyzy» görkezip, «Gel, muny ekeli!» diýdi. Soňra bolsa iki gulakly pili bilen maňa çukur gazdyrdy (ýa özi gazdymyka, allajanlarym, çyn kaýsy, hyýal kaýsy, bilebilmem). Garaz, ýaňky «almany» pil bilen kerçäp, ýere gömdük, ekdik. Ýalňyşmasam, hälki «gürpüldäp» gaçan «alma» şol kerçelen «almanyň» nesli bolmaly... ...Onsoň menem sözümiň başyndaky, ýagny şu ýazgylara itergi berip, kerpiç ýaly gürpüldäp gaçan «almany» hem pilimi elime alyp, howlynyň aýagujuna tarap ugradym. Şol barşyma-da ho-ol aňyrda ala-gowur bolup oýnap ýören çagalary çagyrdym... Orazmyrat MYRADOW. | |
|
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024 |
√ Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |