22:35

Altyn kündük niredekä? / hekaýa

ALTYN KÜNDÜK NIREDEKÄ?

Biz kakamyzyñ öñünden hemişe-de ylgaşyp çykardyk. Kakam dynç gününde, azardan bibazar günlerem şäherden gelýändir. Gyzar ikindin ala köpek üýrer-de, allaowarra tutdyrybiýr. Ol ilki görer ýa-da duýar. Bizem yzynda sürrek. Hol, ala meýdandan eşeklije kakam gelýändir. Horjunyñ iki gözem pökgerip görner. Onda kökemi, diş-diş kant, kemputmy, horaz süýji, içi ýüplüklije nabatmy, künjili şekerek. Käte gyzoglany monjuk bilen begendirse, erkek oglanlara çakgyjykmy-pökgi sowgat biýr. Boş gelmez. Bidäne kişmişmi-erik kişdesi bilen agzy süýjeder, garaz horjyny odyk-budujak zatlydyr.
O saparam kakamyzy ara alyp gaýtdyk. Öñinde küýzä meñzeş daşy saply bir zad-a bar. Ony özimden iki ýäş uly agama berip, eşekden düşmän:
- Sakla! - diýdi.
Horjyny özi düsürdi. Bu gözegine birimiz ýapyşdyk weli, agyr ekeni. Öýe özi göterip gelen kakam dyz epip-epmänkä gözlerini tegeleşip duranlara gözhaky paýlady. Öñler owyrdymyzy dolduryp, berenini gysymymyza gysyp eñiberýän bolsak, bu gezek onyñ bilen ötägitmedik. Iki gözimiz horjynda, daşy mata gaply zat nämekä​ diýýärdik. Kakam horjynyñ iki gözeginem çozdi. Orta dökdi. Şaý. Her hili.
Bilezik, dagdan, düwmeler, at göwüsbendi, tumar. Kümüş kemer. Tirli kysym simu-zer bil guşak. Bir agama kümüş kemeri uzatdy.
- Señki. Dakynyber!
Beýleki aga ýüzi bürgüt nyşanly, kemer diýseñ ýasy kemer, guşak diýseñ, donyñ, ezýaka köýnegiñ üstinden guşanybermeli guşagy berdi.
- Señki. Ýitiräýme, gaçyraýma, ogurladaýma. Ikiñiziñkem gymmatbaha. Nesip etsin!
Gyz doganlarymyza-da at tutdy, şaý sep bilen begendirdi. Boýnumy sallap duranymy görendir-dä, maña:
- Ýanjagazyma gel, oglum! - diýdi. Gapdalynda oturtdy. - Boýnyñ burulmasyn, körpäm. Hemişe paýlanyşygyñ soñyna galaýýañ. Zyýany ýok! - Hälki gaby açdy. Kündük! Lowurdap duran kündük. Elinme tutdyrdy. - Bi-de señki. Sen ýurt eýäm. Şumat gadyryny bilmersiñ, ulalañda bilersiñ. Ejeñden, kakañdan deñsiz-taýsyz ýadygärlikdigne soñ düşinersiñ. Bu satylmaly zat däl. Pula mätäjiñ biri bazara çykarypdyr. Menem lomaý töläp aldym. Ölinçäk ejeñ ikimiziñki, soñ señki. Aýa, aýawly sakla. Eneden miras türkmen haly, ussa atadan miras gural-esbap, zer kündik, satylýan däldir, öýüñ, ojagyñ bezegidir. Pugta ýadyñda sakla.
Agalarym kümüş kemerlerini güjeñleşip heşelle kakyşyp gitdiler. Ullakan bolsamam kakam meni dyzynyñ üstünde oturtdy.
- Tükmen öýiniñ teblesinde at kişñese, şol öy döwletlidir. Türkmen tüneginiñ dulunda türkmen halysy düşelse,şol tünek ata-baba ýalkawlydyr. Türkmen aga öýinde Gurhan saklasa, onuñ ömri nur-imanlydyr. Türkmen agañ öýi dutarly bolsa, ol toýly-tomaşalydyr.
Kakam meni dyzynyñ üstinden düşirip, saçak başynda otyrtdy.
- Şu desterhan, oglym, hanlaryñ hany. Gory kendirikde. Tüweleme, biziñ başymyz kän,saçagymyz bir, rysgallylygyñ alamaty. Üýşip bir tamdyrda nan ýapylsa, agzybirlik, bir saçak başyna ýygnalyp, tagam iýilse, bereketlilik, jebislik.
Kakam kündügi ortarada goýdy.
- Şu kündügiñ täsinligi barada soñ aýdaryn.
- Ine, şu süreler, wah okap bilemok-da, Gurhany hatym edeni getirip okadaýmasam. Şonda senem ýanymda otyrarsyñ, keramatyna göz ýetirersiñ. Bar, öz eliñ bilenjik sandyga sal häzir.
Men ony demir sandygmyza salyp gulpladym, açary ejeme berdim. Ýöne täzeden elime alyp görmesem ynjalmadym. Ýene ejemden açary alaga-da sandygy açdym. Kündügi çykardym. Ýañam intipis etmedik zadym - kündük boýdan-başyna altyn öwüşginli. Öýiñ törinde goýyp, bosagadan synladym. Öwşün atyp dur, Günüñ şöhlesi düşýär weli, hut altyn gupba şekilli. Gelip ýakyndan syn kyldym. Gözüm gamaşdy. Hüjre-hüjre ýazgy. Arman, kakam ýaly menem okap bilemok. Başujumda goýup gördim. Lowurdysy süññüme ornaýan ýaly. Kakamyñ keramat diýmesimikä? Aýaguçdan syn etdim. Ýalkymy duly doldyrdy. Elimde göterip, eýläk-beýläk gezmeledim. Onuñ bilen, meniñ bilen bir nepislik aýlanyp duran kibi! Kakamyñ "Durşyna dogaýylyk" diýmesimikä? Men beý diýmesine düşinemok ahyry, hatda-da okadaryn diýdi weli, haçan okatjakka? Bu ýazgylar süremikä, dogamyka?
Agşam ýassygymyñ ýanynda goýyp gyşardym. Öý ýap-ýagty. Gije aýakýoluna çykylanda çyra ýakmasyz. Penjireden düşýän Aýyñ yşygy bilen bäýlaşýar.
Ertesi namaz wagty kakamyñ sesine oýandym. Seretsem, kündük ýok. Lañña galdym. Içki bosagañ sag gapdalynda duran ekeni. Kakam kündükde täret kylypdyr. Kakamyñ ykaraty bilen kündük aralykda gözimi ýumdym, namaz törden süññümde ýakym döretse, kündûk bosagadan nur sepeleýän ýalydy. Kündük, kakam, namazlyk barada oýlanyp ýatdym. Kakam öýde bäş wagt namazyny okardy, şähere-ojara, bazara, söwda-satyga gidende irden, ýassyn eglip galsa, arasynda göýbererdi. Oraza tutardy, ýaramasa berjaý etmezdi. Dindar däldi, dine ynanardy. Gurbanlygy sypdyrmazdy. Soýlan janlyñ damak ganyndan mañlaýmyza degrerdi, yrymdygny bilsemem, manysyny bilemokdym. Hepdede bolmasa-da, aýda jumalykda molla çagyryp, ölen- ýitene aýat okadardy.
Kakam molla agany nahara çagyrdy. Ýegen sopy diýilýän aýat, töwire, sadaka, degsine ýarap ýören takwady. Ady ýegenmi ýa hemmäniñ dilinde ýegenmi, gürzelek sakgally, boýy kelteräk pyýadanyñ süññi ýeñildi, ýassyk ýassanmaz, aýbogdaşyny gurar. Kakam bilen deñ-duş, obadaşlaryndanam dostlygy ileri. Ikisi çaý başynda geçmişden, bu günden ümmüldeşer otyrar. Ikisiniñem bar pişesi gök çaý. Kakam ýuwanrak içse, Ýegen sopy ajyrak içer, öler aşam nabat. Her gelende-de ak ýaglyga nabatdan esli dolap goltygyna gysdyrar weli, telim öwre gaýtalar.
- Tañryýalkasyn, Şämi, döwlediñ artsyn, bizi sylany hudaý sylasyn!
Ol kakama Şämi diýse, kakamam oña Ýegen sopy diýerdi. Biziñ dilimizde Sopy aga. Sopy aga kakam bilen, baý, degşerd-ä. Kakamyñ iki aýaly bardy. Tünek aýra bolsa-da rysgymyz birdi, ejemem, ejeligimem, bir garyndan bolanu-öweý doganlarymam agzybirdi. Iki aýallylygy üçinem, gurplylygy üçinem kakam silterlenen ekeni, hatda agyr maşgalasy bilen Kawkaza sürgünem edilen. Gelip,ýene kümüşçi, zergär bolyp, özini tutupdyr. "Otyzynjy ýyllaryñ ýüzüne köz degsin" diýýän kakam, senedi gysylsa-da, ussaçylyk etdirmejek bolyp, ysyrgana-ysyrgana, ýokara ýamanlaşyp ýorenleriñ garagyny para-peşgeş bilen ýapyp ýoren kakam soñky döwirlerde biraz ýazylyp-ýaýrapdy. Onyñam öz sebabi bardy. Baba Agajan atly garyndaşymyz raýon içeri işler böliminiñ naçalnigi bolan gününden çekelenmeden eñegimiz dynaýdy. Biz oña "Baba daýy" diýip ýüzlenerdik. Ol bolsa: - Men size daýy däl inilem, uýalam - diýerdi, - Baba kakañyz men. Şamy kakam bilen Agajan doganoglan. Onsañ nireden daýy bolýan, akga boryn- a.
Baba kaka kakamy biçak gowy görerdi, toýymyzy, ýasymyzy sypdyrmazdy, etli-ganly, daýaw adamdy, meýlis halardy, maýor derejelidi. Şol wagtyñ dili bilen aýtsam, milisiýa formalydy, ýan sapançalydy. Ol geldigi kolhoz başlygam, arçynam peýda bolybiýrdi. Kakamam janly soýyp hezzetlärdi. Onuñ hemsaýasynda kakam arkaýyn namazam okap, kümüş, gyzyl, şaý-sep söwdasynam eder, öýe molla, ahunam çagyrar. Ýegen sopyñam aýagy öýmizden çekilmez.
-Señkä gelsem, bir ýaşaýan - diýerdi bende. Ýetde-gütdelikden zeýrenerdi, gol doly maşgalasy bir öziniñ köroññutly daýhan günemasy Sopy aganyñ boýnynady. Aýalynyñ... ony köp agzardy. Iki ejemiñ iki ýerden biş-düşde hozanak bolyp ýorşüne:
- Şämi, sen bagtly adam. Iki aýalyñ ba - diýmesem bar.
Kakamam wäşisirär.
- Ýegen sopy, bu günüñ öñinden düýn gaçmaly, ertäñ aladasyny bu gün etmeli. Ýeke aýal alypsyñ-da, hor bolyp ýörsiñ. Wagtynda ikisini alan bolsañ biri ölse-de, beýlekisi galardy. Ýatan ýeri ýagty bolsyn bendäñ.
- Ana, şony etmändirin.
- Indem giç.
- Giç kemi ýok, Şämi.
- Aý, hawa-da, öñini görip gelen bamy,pahyr boljagyny näbilsin bendesi, Alla bilmese. - Gaýrat et, Ýegen sopy, ýekelik Hudaýa ýagşydyr weli, nätjek başa geleni çekmeli, tüweleme, ogul ýerinde ogluñ, gyz ýerinde gyzyñ bar. Hernä wagtynda dogyrdyp ýetişipsiñ. - Sopy aga kakamyñ ýarym oýyn, ýarym çynyny gaty görmez, söhbetden, nabatly çaýdan, teýli nahardan añyrsyna il gondyrar otyrar...
Kakam bu gezegem maña:
- Hany oglym, täze kündükde Ýegen sopyñ eline ýyljajyk suw akyt! - diýdi.
Men şol kündükli, legenli Ýegen sopyñ öñinde taýyn. Şonda oglanlyk edäýipdirin, kündügi bir elim bilen tutyp. Sopy aga ýuwaşja käýindi.
- Kündügi hergiz iki el bilen tutgun. - Şowarak gözi kündüge dikildi. - Aperin! Aperin! Täsin! Täsin! - El ýuwup boldy-da:
- Hany, bäri al, oglum, bul ýagşyzada gören gadymyýet mirasy - diýdi.
Kündügi usully äberdim. Ony üç mertebe mañlaýyna degirdi, üç mertebe öpdi. Bagryna basaga-da, öñki ýerine geçdi.
- Şämi, Şämi, bahasyna ýetme ýok muñ. Jemşidiñ jamy ýaly bir zat. - Eýlesine bir öwirdi, beýlesine iki. Elinden goýasy gelmedi. - Boýdan-başyna süre, doga, arap hatynda.
- Göziñ alýamy?
- Ýagdaýly.
- Sowadyñ?
- Ýabygorly.
- Onna-da?
- Synanşaýyn weli, başardaýsa... - Birsalym dodagyny müñküldedip otyrdy, harplary goşýarmy, sanaýarmy. Içinden hetjikledi. - Bul, bul, Alham, Alham dogasy. - Sesini gataltdy. - Hut özi. - Gapdalyndaky ýazga geçdi, sakyndy, sakawlady, ýuwdundy. - Bul Iman getirme meleklerin ,ýagny ki perişdeleriñ atlary. Kündüge çokynyp otyrdy. - Bul, Şämi, muñ belany gaýtarar, işikden girjek şeýtany yza testir bul, penjireden sümüljek şeriñ öñini alar, bul haramy kowar, halallyga ündärki, ýylanyñ içýanyñ gözini gapar. Gurhan aýatlaryndan süre-sokma bul. Arwah-jynlary bäri sekdirmez bul, sadagasy boldygym. - Bu diýmä derek bul diýip geplegiç Sopy aga ýene "Bismillahy rahman rahym" diýip ör turdy, kündügi sandygyñ üstüne galdyrdy. - Bul, Şämi, keramat, juda sünni, nepis, altyndan, zerden sen habarly, gözli-başly, süre, dogasyny men añan bolýan.
- Durky kümüş, zer, gulpam, jürnigem zer. Oña şekim ýok. Oýulyp ýazylan dogalaram altyn. Ony garasuw bilen barlap gördim, uýtgänok, mis bolsa garasuwa ýukalyp bozulardy, eger-eger mizänogam.
Sopy aga ýürekden nygtaty.
- Synja kylañda ulalgyn, Şämi, jumalykda ulalgyn, aýada, töwire ýarasyn, tebärek çykylanda, Gadyr gijesinde, agzaçarda, gurbanlyk günlerinde peýdalangyn. Oda tutmagyn, ogluña-gyzyña sarga, içi suwly durmasyn, hatynlaryña tabşyr. Adamlaryñ içini bilip bolmaz, her öñýetene rowa görme, dilege berme, ýokuş görse-de, ol-bi, zada çalyşmasyn senden soñam perzentleriñ.
- Muny, Ýegen sopy, körpäme bagyşladym.
- Hak edipsiñiz, parz iş edipsiñ. - Maña golyny uzatdy:
- Hany, oglym, bäri gel! - Alnynda oturtdy, kündügem aralyga aldy. - Sežde kyldym. Togap kyldym, saña pederiñden nesip etsin, şul altyn kündük ýaly, ömrüñ röwşen bolsyn, alnyñy Hak açsyn!
Sopy aga ýagşy dilegler etdi. Zer-zerewşan kündügem ol dogalary özine siñdirip lowyrdaýardy, geleniñ-gideniñ göwnini götere-götere günbe-gün reñk açýardy, misli bir şamçyrag, gonagyñ nazaryny egläp dur özünde. Agalarym bolsa kümüş kemeri bilen, tyllaýy guşak bilen hoşlaşypdylar. Biri ony warak tirjine çalyşsa, biri aýnagonç ädige başa-baş sowdalaşypdy, kakamyzdan, ejelermizden bigeñeş. Tirjinem dargap ýatyr indi sürerligi galman, ädigem toza- toza, her gonjy bir ýerde, it çekeläp. Hudaýa şükür, altyn kündügiñ başy bitin, dogaýy, sureli kündük gurat. Kakamyñ Sopy aganyñ aýdyşy ýaly, gudraty bilen öýmizi badahätlikden goraýan mukaddeslik. Ol kündük kakamyñ Pygamber ýaşynda elden-ellere aýlandy. Soñra ejelerimiziñ goşadan tutulan ak goýnunda hezil berdi. Ýuwaş-ýuwaş oba arasyny gezdi.
Altmyş üç ýaşyny toýlaýan aksakallar şol kündükde ele suw almagyñ arzuwynda, ogullaryny öýerýänler şol kündükde süýjilik suwyny paýladylar. Ol diñe bir dirä ýaraman, ölä-de ýarady. Merhumy şol kündükde ýuwup arassaladylar. Onuñ at-owazasy dag aşdy, barha gymmaty artdy. Ýöne gözimiziñ öñinde kakamyz garraýardy, ejelermiz garraýardy. Men eýýäm uniwersitetde okap ýördim. Parsçada ders berilýärdi, azak-tenek arapça ýazmanam, okamagam öwrendim. Ýarym ýyldan soñky iki hepdelik rugsatda kündügiñ düýbüniñ iç gatyndaky göze görinmez ýerinde şaýa nagyş çekilýän çyzgyçda adymyñ baş harplaryny arapça ýazdym. Oýulyp ýazylansoñ kümüşsöw öwisdi, oña simaba garylan altyn çaýdym, köze tutdym, ýylmadym, o ýerjagaz gyzyla gaplandy, süññüne şapylaşdy durdy, görer-göze bildirenok eger-eger.
Okuwy gutaryp Aşgabatda işe galypdym. Öýe bardygym kündügi elden düşiremok, ýazgylary birin-birin ýat tuta-ýat tuta. Bir günem "Kakañ agyr" diýen habar geldi. Maşyna, otla gyssanyp, uçyp bardym. Kakam ebgarlan ekeni. Ähli hossary daşynda. Kakamyñ aýagujunda çökdüm, ellerini owkalap, mañlaýyny sypadym. Kakam gözini açdy zordan: "O-oglum" diýdi. Ýene gözini tegeledi, geplemäge ysgynsyz, bir zat göresi gelýärmi, sorasy gelýärmi, güpbe ýadyma düşdi, sandykdan kündügi çykardym, kakama görkezdim, kakam çalaja başyny atdy, oña elini degirdi-de, maña süýşürdi. "Eýelik etgin!" diýdigidi. Şonda uly ýeññemiñ nebsewür görejiniñ kündüge çüýlenenini görüp, inim dyglady, dara-direde-de göwnim gümana gitdi. Soñra kakam iki ejeme gözini aýlady, olam, "ynjytmagyn! "diýdigidi. Şo-da iñ soñkyja demi boldy, agaç ata atlandy-da gidiberdi.
Kakamyñ kyrky geçinçä kündük ýygnalmady, ýygnajagam bolmadyk. Ýanaşyk ýaşaýan, rysky aýra şol uly ýeññemiñ öýe geldigi iki gözi kündükdedi. Dili bilen geplemese-de gözi bilen iýip barýardy. Ol kindi dikmäni halamadym. Kakamyñ kyrkynda,​ sadakasynda kündük ýene hyzmatda. Aladany sowup gaýtjak bolamda, ejem:
- Oglum! - diýip, gözüne ýaş aýlan ýaly etdi.
- Näme, eje?!..
Ýanyndajyk dyz epdim. Göwnüme gelşiçe gepledim.
-Az salyp gaýrat et, eje, göçirip äkiderin, şu mahal üstümde jaýym ýok, kireýine ýaşaýan, gelniñem äkitsem äkidäýdim weli, jaýdan kösenýän, bahym jaý-a berjek diýýäler.
- Ýok,oglum,ony aýtjak bolamok. Atañ ojagyny taşlap gitmenem. Ýöne şi ýeññen bar-a, kündügi diläp goýanok.
Ýerimden zöwwe galyp, lampa çökdüm.
- Hä? Näme? Diläp goýanok! Oñkumy näme? Maña ber-dä kakam, mirasdüşer men-ä. Dilemäge neneñ dili barýar? - Soñam morta aýtdym - Kakamy iki gezek jaýlasym gelenok. Tamasy tala dañlan ýaly bolsun. Sandyga salda gulpla, eje.
- Bor, oglum, bor. Sen razy bolmasañ, bermen.
- Ölsemem razy bolman, eje...
...Ejemiñ göreji haýallapdy, gözüne ýorka inip. Aşgabatdaky göz keselhanasyna alyp gitdim. Bejerdiler. Bir aý gowrak bolyberende "Öýime äkit, balam" diýip özelenip duransoñ alyp gaytdym. Gelsek gapy açyk, içeri weli tämiz. Sandyk gulply. Uly-kiçi gözaýdyñ-a, görme-görşe geldi. Aýaklar ýygnanansoñ sandygy açdym. Kündûk ýok. Depe saçym düýrükdi. Açaram ejemde. Agamlara okdyryldym. Daşardaky otly ojakda tañka, tüñçe şyglap dur. Arasynda gap-gara kündük, gazandan beter garalyp giden. Zähräm ýarylypdy tas. Gyzgyn kündügi nädip garbanymy duýman galdym. Şol kündük oda tutulyp, çaý gaýnadylan. Suwuny agdardym. Ýeññem geldi.
- Gaýynym gelýä sesini eşidip, gelen-gidene gap azlyk etmesin diýip, kündügi çykaraýdym.
Gaharyma gepläp bilmedim. Gyzgyny bilen kündügiñ daşyna geçdim. Üýşmek çägä süssüräge-de sowatdym. Çägäni oýkaberdim, oýkaberdim janhowluna diýen ýaly. Mazaly iş edindim. Çägä arassalady, öñki kaddyna geliberdi. Sagdynja çöpe pagta orabam galan-gaçan ýerin gazaşdyrdym.
Ýene altyn öwsüberdi. Sandyga galdyrdym, ýüregim ýerine geldi. Gaýypdan kakamyñ didary göründi. Gulagym şañlady, "Berekella oglym" diýmesinden bolsun gerek.
Ejem bar, ejeligim bar, atam öýüme gatnawym ýygyja.
Bir gün iş sapary bilen barsam, ejem, ejeligim sortdyryp otyr.
- Hä, ejeler, bu nä bolyş?!
Ejem ilki dillendi.
- Ýeññeñä netikazalygyny edendir.
- Düşünmedim, eje?
Ejeligim soñ dillendi.
- Jan balam, altyn kündüg-ä uly ýeññeñ gözümize basyp alandyr.
Doñaýandyryn, demimi içime dolyp." Hernä uzaga-ha gitmän ekeni".
- Alsa berer-dä, wagtlaýynça gerekländir.
Ikisem gowşaksy aýtdy:
- Haý, näbileýin oglym.
- Jan balam, ikimizem oba arasyndaky toýa görünmäge gidemizde yzymyzda sandygy açan açar tapyp.
"Ýene öñkisini gaýtalapdyr".
Agamam, şo ýeññemem salamlaşmaga gelmedi, ýaşkiçi bolyp özim bardym. Ýeññem agam bilen bileje çaý süzüp otyran ekeni. Hal-ahwal soraşdyk, ondan-mundan gümür-ýamyr etdik. Ahyry kündükli meselä dolandym. Agam gödeksi gepledi.
- Kaka bir señki däl inim. Hemmämiz deñ şärik. Bizem ogullary.
- Ozal zady terekä salnanda paý, ülüş ýetdi ahyry, şaýlary, mallary, türkmen halylary deñ derman paýland-a. Bir körpesine bolsun edilmed-ä, agam. Indikiñiz näme?
Ýeññem agzyny-burnuny towlady.
- Zat kime nesip etse, şonuñky.
- Men binesipd-ä onda? Basdaş agam-a kündüge göz gyzdyranok, ala-böle siz...
Agam ýeññemiñ sözüni alyp göterdi.
-Biz -biz, ol-ol.
Ýeññem agama at goşdy.
- Sen gyzlak, biz- ogullak. Gyzlak halyña nämä gerek ol? Körekenlere berjekmi soñ? Ata maly giýewä düşenok.
Ýüregime tyg uruldy, çydadym.
- Özüme gerek, gelneje. Men köpiñ adamy. Öýüme her ýerden myhmanlar gelýär, höwesim şolaryñ eline kündükde suw akytmak, süreleri okaşmak.
Gelnejem tarsa turdy, öz sandyklaryny açdy, kündügi çykardy. Kündügi görenimden kinäm aýryldy, öýkäm ýazyldy. Elime tutdurar öýdüp begendim. Gelnejem kükregine pugta gysdy.
- Biz ogul öýermeli, nowbahar oglymyz ýetişdi.
- Näme diýjek bolýañ, gelneje?!
Agam perte aýtdy.
- Ulyja oglymyzy öýerde alaý?! - Aýalyna ümledi. - Ýygnaý!
Ýeññem gözüme basyp, güjeñläp ýygşyrdy. Ejeme, ejeligime bolşy ýaly aýtdym. Ikisem deñine başyny ýaýkady.
- Özlerined-ä nesip etmez weli, nätjek, olam ogul, gelin...
Şol ýyllarda ilkinji romanym kitap bolyp çykypdy. Aýagulag alaryn ýa iki otagly jaýymy çalşyp giñärin diýen niýetde galamhakymam başyny bozman, amanat goýymda göterimine goýypdym. "Agamyñam, ýanýoldaşynyñam käkelemesiniñ jany bar, elleri ýuka" diýägä-de galyñyny, haladyny, toý çykdajysyny özüm çekdim. Gelin geldi, toý sowyldy: "Indi-hä kündügi giwşurarlar". Uly tamaly. Öz zadym üçin özim dilege bardym ýene.
- Ikinji oglymyzam öýermeli. Medinstituta saldym diýip arkaýynlanaýjaksyñ.
- Ýüwürjim, kündügi şoña niýetleýän.
Ûçünji ogullarynam ýokary okuw jaýyna eýdip-beýdip ýerleşdirdim. Öý-işik etmäge kömekleşdim. Kündük ýene maña berilmedi. Şol bir gepi tapdylar:
- Körpämize niýetlaýäs.
Ejemem, ejeligimem baky däl ekeni. Belli günlerinde altyn kündük täretde, ele suw alyşda aýlandy. Ony elimizden ogryn alar öýden agamam, ýeññemem öler ýaly gorkuda. Öz zadym bolsa-da beýtmek islemedim. Onda kakamyñ, ejemiñ, ejeligmiñ ruhy ynjajak. Onsoñam dogan, ýeññe. Aýrylyp gitjek ýeriñ yok ahyry. Ýöne kündük göz öñümden gidenok hi-iç.
Menem indi altmyş ýaşap gelýärdim. Tegelek alty onlygy
şaherde-de, obadaky atam öýümde-de bellemegiñ arzuwynda. Doganlar bilen geñeşen ýagşy. Bu ýaşy özümem altyn kündük bilen toýlasam. Galamdaşlarym entek ony görenoklar. Görüp, synlap haýran galjaklaryna gözüm ýetik. Ejeme, ejeligime sadaka berip, toýa soñ başlaýsam. Türkmen agañ gadymy däbi şeýle.
Alnym dynçgüni. Oñat görýän ulagym otly, ýata-tura gitmeli. Şenbe güni agşamy münseñem, şäherde oba golaý duralgada düşäýersiñ. Oglanlykda gezen ýerlerim gözüme yp-yssy. Kakamy eşeklije gatnadan ýollarym. Pagta ýygan pellerim. Guşly-gumruly giñişlik. Sergingählikden, hoştap howadan keýpim zereñ. Aýaklarym ýeñil ädile-ädile bardym kyblaýy atamyñ, käbäm enelerimiñ tünegine, ojagyna.
Kakam bar bolsa, ilki kakam bilen görüşerdim, ejem, ejeligim bolsa, öñürti olar bilen salamlaşardym. Gezek doganlaryñky, soñ ýeññeleriñki. Bary sag-salamat, Allaga şükür. Arman, uly agam, uly ýeññem bihal. Dyz epip-epmänkäm açyk sandygy görkezdiler.
- Körpe iniñ-ä oñarmady- agam ýüzi salyk gepledi.
- Sandygy açyp, kündügi alyp gidipdir, ýatyrkak- ýeññem ýaka ýyrtmazynyñ bäri ýany.
Dûnýäm düñderildi, yrañ ata-yrañ ata çaýkow. Ýeññemiñ pyşyrdysy zordan gulagyma ildi:
- Agzy hapa degýädi...
Uçurnyk bolyp durşyma içimi daraklap çykan sowala agamyñ ýarym-ýalta jogabyny eşitdim.
-Satmaga bazara giden bolaýmasa...
Hyrra öwrüldim. Pikirim aýagyma duşak: Ogullaram özleriniñ sandyk açyşyny edipdird-ä", ejem, ejeligim deñine ýüwürdi: "Özlerined-ä nesip etmez weli, nätjek, ogul, gelin...?!" Jygyllyga nähili ýetenimem bilemok maşyn tutup. Kümüş, gyzyl, şaý satylýan oturma, dik bazara siñdim, alyjylary, itekläp, ýykylyp, sürşüp. Birden göräýdim. Hanha ol, elinde-de altyn kündük. Eñdim. Kimdir biri bilen söwdalaşýan bolara çemeli. Añryk, çolarak ýere, derýa boýuna çekildiler. Aga ogly kündügi egninde göterip durdy, alarmanam pul sanaýardy. Edil şol wagtam, gürmekden çykyp ýetdim-ýetdim edemde, ketgen saçly, sakgal-sapyly bir degenek kündügi kakagada urdy Murgaba özüni. Bir eli kündükli, bir eli bilenem ýüzüp ugrady. Alyjy-da, aga ogly-da añkaryp galdy. Menem badyma, eşigim- zadym bilen suwy gulaçladym, jan durman. Ýeri ýigrim bäş ýaşly zaññar altmyş ýaşla ýetdirermi diýsene! Ogry añyrky kenara​ çykybam "Ine, alyp bilseñ, al!" diýen terzde ony somlap-somlap zut gitdi.
Meniñ gözümem, göwnümem altyn kündük bilen gitdi. Ýöne atamyñ yhlasy siñen mirasy, ýadygärligi ýeññeme, agama, olaryñ ogluna nesip etmeýşi ýaly, soñky päliýamana-da nesip eder öýdemok. "Haýyrly mal eýesini tapar" diýleni. Altyn kûndük, göwnüme bolmasa, aýlanyp, dolanyp öz elime gowşaýjak ýaly.

Gowşut ŞAMYÝEW.

"Garagum" žurnaly, 2004/6.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 183 | Добавил: Haweran | Теги: Gowşut Şamyýew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Ýolagçy / hekaýa - 12.01.2024
Kitap / nowella - 16.03.2024
Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024
Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024
Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024
Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024
Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024
Garagumda / hekaýa - 09.03.2024
Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024
Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]