23:22 "Öz çyraña sak bol!" | |
AMANAT
Köp wagt bolandyr. Telewizorda «Näme? Nirede? Haçan?» diýen gepleşigi görenimde meni bir ýagdaý haýran galdyrypdy. Öňem ol gepleşigi görenimde haýran galýardym. «Janly ensiklopediýa» diýdirýän bilermenleriň tomaşaçylardan gelýän sowallary şänik döwen ýaly edişlerine haýran galýardym öň. Hatda olara öz ýanymdan gözüm gidip, «Aperin!» hem diýýärdim. Sebäbi «tegelek stoluň» başynda egele bolup oturyşlaryna, olar iň bir çylşyrymly sowallara hem, logika juda ökdeligi talap edýän, «bäh» diýdirýän tapmaça kysmy sowallaryň hem aglabasyna sähelçe salymda jaýdar jogap tapmagy başarýardylar... Emma şol bir gezek welin, saçlary degirmende agarmadyk ol bilermenleriň tomaşaçynyň sowalynyň ýorgudyny tapyp bilmeýişlerine haýran galypdym. Çünki ol sowaly Muhammet pygamberiň ymmatyndan bolanlaryň, gündogarlylaryň aglabasy hökman biläýmelidi. Çünki ol ýaşulularyň köneden açýan gürrüňlerini heşerlenişip diňlänleriň aňyna siňen ýagdaýdy. Ine, ol: Dört çaryýarlaryň biri Hezreti Omaryň halyflyk edýän döwründe onuň döwlet işine meşgul bolup oturan çagy bir dosty gelipdir (bu wakany ýadymda galyşyna görä beýan edýärin). Musulmanlaryň halyfy dostuny garşylapdyr. Oturmagy mürähet edipdir. Dosty ornaşýança öňünde ýanyp duran şemi öçürip, başga bir şemdandaky şemi ýakypdyr... Gepleşigi alyp baryjy onuň bu hereketiniň sebäbini sorapdy. Ol sowalyň jogabyny şol pursat ekranyň öňünde oturan tomaşaçylaryň juda köpüsiniň, bilermenleriň ýüzüniň gyzmazlygyny isläp, pyşyrda bu gygyryp aýdandyklaryna şübhäm ýok. Ýöne olar ýeňselerini gaşap oňmaly bolupdylar. Sowalyň jogaby: öçen şem — döwletiň gaznasyna dahylly, ýakylan şem bolsa halyfyň öz hususy şemi eken. Hezreti Omar dosty bilen döwlet işine dahyly bolmadyk mesawy gürrüň edýän wagty döwlet tarapyndan amanat berlen zady harçlamagy uslyp bilmändir. Bu gürrüňi, ýagny şol gepleşikdäki ýagdaýy ýatlamak bilen ýaňky bilermenleriň «mellegine daş atmakçy» bolamok. Olar, belki, ony unudandyrlar. Adam, umuman, gündelik iş salyşýan ýagdaýlarynda zerur bolmadyk zatlary unutgyç hem bolaýýar. Elektrik çyra has öwrenişen adamyň şemi hem şemli gürrüňleri unudaýýan bolmagy ähtimal. Köp ýyllaryň dowamynda höregi tamdyrdan ýaňy çykan mele-myssyk nan bolan adam bulamak diýen tagamyň bardygyny bilmänem biler. Ýaňky gepleşigi görmedik bolsam, belki, aňymyň aşaky gatlaklaryna siňip barýan şemli waka bütinleý bugaryp ýa-da siňip giderdi. Gepleşik onuň aňymda ýaňadan janlanmagyna sebäp boldy. Şondaky amanat şem hem öz gezeginde aňymda galan amanat zatlar bilen bagly ýagdaýlaryň birini janlandyrdy. Mekdepde okuwlaryň başlanýan güni tutuş ýylyň dowamynda okaljak kitaplary alyp gelerdik öýe. Onsoň uzynly günüň ol kitaplara dümtünilip geçirilerdi. Ilkinji nobatda edilmeli iş bolsa, kitaplara daşlyk tutmalydyr. Käsine kagyzdan, käsine matadan daşlyk tutular. Bu işe maşgaladaky ulular hem gatnaşar. Sebäbi ol kitaplar bize birýyllyk amanat berlen baýlykdy. Ine, şu düşünje hem maşgaladaky ulularyň yhlasy bilen kiçilikden aňymyza guýlan. Şol günlerden galan tipik keşp bolup bir gojanyň sudury häli-häzir hem aňymda: «Amanada hyýanat etme! Ha, ol kitap bolsun, ha, şemdandaky şem, ha-da, tendäki jan, amanady aýa! Hasaby bardyr» diýip, sargap duran ýaly. Belki-de, bu meniň şu tymsaly okanlygym üçindir: «Ýunanystanly, 20-nji asyryň meşhur ylym eýesi hasaplanýan dana goja Profiriý Hudaýtarapyn köp ukyp-başarnyklara eýe bolupdyr, ol öňde boljak zatlary hem görmegi başarar eken. Bir gezek ol şägirdine sowuk suwa düşünenligi üçin käýinipdir. Ýüreginden sanjy tutup, öläýmeginiň hem ähtimal ekenligini aýdypdyr. — Halypa, siz meniň ýene uzak ýyllar ýaşajakdygymy aýdypdyňyz ahbetin. Indi näme üçin düýn meniň ölümiň öýünden gaýdanlygymy aýdýarsyňyz — diýip, ol halypanyň sözüniň çapraz gelýänligini duýdurypdyr. Goja oňa şeýle düşündiriş beripdir: — Meniň saňa aýdan sözlerim hakdyr. Seniň ömür çyraň köp ýyla ýeterlik ýagy bar. Ýöne sen ony ýere gaçyrsaň, ýag döküler-de, çyra söner. Ömür şeýledir. Hudaý bize gymmatbahaly ömri peşgeş berýär, biz ony kabul edip alýarys, ol amanatdyr, ony aýamalydyrys, bimany howp-hatara uçratmaly däldiris. Öz çyraňa sak bol!». Hawa, öz çyramyzy hem aýalyň, döwletiň şemini hem! Amanat! Orazmyrat MYRADOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||