16:45 Aramyzda bir zad-a bar... | |
ARAMYZDA BIR ZAD-A BAR... Aramyzda bir zad-a bar, ýöne ol Ne-hä söýgi, ne-de ýöne tanyşlyk. Men seni ýatlasam, göwnüm açylýar, Ýüregim giňeýär habar alyşsam. Seň sesiňde bir üýtgeşik mähir bar, Alada hem birazajyk howsala. Bilýän, sen bar gözellerden mähriban, Duşmadym men heniz senden gowsuna. Ine, indem gidip barýaň elimden, Menem gol gowşuryp, garap otyryn. Sen hakdaky ýatlamalaň baryny Geçmiş ýumagyna sarap otyryn. Geleňsizlik bilen, ýygralyk bilen, Öldürmeli bolýan duýgulaň baryn. Men bir ah çekerin, haçan-da, seniň Toýuň sähedini eşiden çagym. Şonda-da syr bermen, güldürip gözüm, Seň şanyňa galdyraryn bokaly. Barybir, men seň ýadyňda galaryn, Bolup sessiz söýgiň gamly mukamy. Aşyr HANOW. | |
|
√ Ракета / Goşgular - 24.01.2023 |
√ Söýgi derwezesi / Goşgular - 07.01.2023 |
√ Памятник / Goşgular - 28.01.2023 |
√ Первый шаг любви / Goşgular - 06.01.2023 |
√ Kim ol? / Goşgular - 11.01.2023 |
√ Оссиан / Goşgular - 06.01.2023 |
√ Ýene bir gün... / Goşgular - 06.01.2023 |
√ Русская песня / Goşgular - 12.02.2023 |
√ «Если б в сердце тебя я не грел, не ласкал…» / Goşgular - 18.01.2023 |
√ Eger... / Goşgular - 25.01.2023 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |