18:15

Arkadag döwrüniñ döwrany Rowaç!

ARKADAG DÖWRÜNIŇ DÖWRANY ROWAÇ!
    
Şu günler «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip atlandyrylan 2019-njy ýylyň ilkinji günlerini başdan geçirýäris. Rowaçlyk — bu örän ýaýrawly, ýaýlaly düşünje. Ony bir şekilde, bir görnüşde, bir jümlede aňladaýmagyň ýeňil däldigi belli. Onda ýurt parahatlygy, il agzybirligi bar. Maksatlaryň myrat tapyp, döwletliligiň güzer eýlemegi bar. Ykballaryň şowlamagy, ýerdäki tutumlary gökde Biribaryň oňlamagy bar. Onda arka-arka nesilleriň, halka-halka ýörelgeleriň ertä sapýan dowamy bar...
Ynha, hormatly Prezidentimiz 8-nji ýanwarda IIM-niň ýanyndaky Hojalyk müdirliginiň desgalarynda işleriň ýagdaýy bilen tanşanda, özüne sowgat berlen, täze ýylyň ilkinji gününde doglan altyn öwüşginli taýçanaga ýylyň şygary bilen baglanyşykly «Rowaç» diýip at goýmak bilen, uly hakykaty gaýtadan açdy: «rowaçlyk» düşünjesinde jemlenýän ähli gowulyklaryň behişdi bedewiň keşbinde açylýandygyna ýene bir gezek ünsi çekdi.
Rowaçlygyň baş nyşany — bedew! Hatda düýşe girmesi-de myrat saýylan, Zeminiň altyn zerinden zyýat saýylan bedew! Türkmeniň asyrlaryň içinden parlap-pasyrdap gelen döwletlilik tugy!
Bedew! Çapan çagy ýürekleriň gürsüldisi, toýnaklarynyň dükürdisi bilen öz-özi owazlanyp barýan arzyly Aýdym! Ýyldyrym deý süýnüp barşyna, giň sähranyň ýüzünde öz-özünden düzülip-ýazylyp barýan kämil Şygyr!
Eýsem, ak alnynyň aklygy bilen täze ýylyň ak ýoluny, birtäsin kişňeýşi bilen ýeneki rowaç menzilleri buşlan Rowaç taýçanagyny teleýaýlym arkaly synlan pursatlarymyzda haýsy birimiziň göwnümiz gozganmady?! Haýsy birimiziň kalbymyza duýgular deňzi dolmady?! Haýsy birimiz bu pursady söze, sungata siňdirmegiň yşkyna düşmedik?!
Ýene-de nusgalyk göreldäni Gahryman Arkadagymyz görkezdi. Milli Liderimiziň hut şol günüň ertesi — 9-njy ýanwarda Halkara ahalteke atçylyk toplumyndaky iş otagynda ylhamly dünýäsine berlip, täze ýyldaky ilkinji eserini Rowaç taýçanagyna bagyşlamagy gözelligi göwnüň bilen duýmagyň, onuň waspyny ýetirmegiň mynasyp mysalyna öwrüldi.
Dünýäniň özi deý gadymy halkymyzyň aňynda ýol, menzil düşünjesi bedew bilen aýrylmaz baglanyşykly. Menziller bedew bilen geçilýär. Belent maksatlara bedew bilen ýetilýär.
...2014-nji ýylyň maýynda hormatly Prezidentimiziň Hytaý Halk Respublikasyna döwlet saparyna gatnaşmak bagty bize hem miýesser edipdi. Saparyň çäginde Hytaýyň Halk ýygnaklar öýüniň uly maslahat zalynyň eýwanyna uly mähelläni, şol sanda bedew janköýerleriniň ýüzlerçesini ýygnan Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň göçme mejlisinde söz sözlän milli Liderimiz halk hakydasyndaky şeýle rowaýaty dile getirdi...
Allatagala owalbaşda halklaryň her birine onuň özüne muwapyk guşuny we mynasyp rysgalyny paýlanmyş. Kimlere — laçyn, kimlere — bilbil... Nobat türkmene gelende, Biribar guşa derek, guşa berimsiz bedewi eçilenmiş. Bedew atyna münüp, çarpaýa galan türkmen Hakdan rysgal paýyny soranda, «Seniň rysgyňy bedewiň bilen bile berdim. Atyň çarpaýa galmasy saňa hemişe rysgal-döwlet getirer» diýen owaz eşidilenmiş. Şindi «At rysgy alnynda» diýýändir halkymyz.
Bedew at — türkmeniň ganaty! Bedew at — türkmeniň rysgy, rowaçlygy! Türkmen şu ganatly bedewleri bilen ýaşaýşa tizlik, rowaçlyk, nepislik beripdir.
Bu mizemez ynanç ildeşlerimiziň şu günlerki adaty söhbetlerinde hem açylýar.
«Öýüňde bedewiň keşbi bolsa ýa-da onuň nalyny gapydan assaň, rowaçlyk getirýändigine ynanylýar. Bu gün bolsa paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň merkezindäki Olimpiýa stadionynyň ýaraşygy bolan ahalteke bedewiniň görkli-görnükli şekili kaşaň jaýlarymyzyň penjiresinden seleňläp görünýär. Hatda alyslardan hem ap-aýdyň saýgardýan, arşdan inen döwlet guşuna çalymdaş bu şekil ak şäheri ganatynda göterip, ak öýleri rowaçlyga ataryp durana çalymdaş» diýip, paýtagtly ildeşlerimiziň biri gürrüň berdi.
«Ýerde dogan bagt ýyldyzy deý lowurdap duran «Bagt köşgüne» barýan ýol Arkadag binasynyň üstünden geçýär. Gahryman Arkadagymyzyň çarpaýa galan bedewiň üstündäki keşbi bagtly nesilleriň durmuş ýoluna ak pata berip duran ýaly... Görüp, gözüm gönendi, göwnüm göterildi» diýip, ýakynda bu ýerde agtygynyň bagt toýuny tutan ak saçly ene şatlygyny paýlaşdy.
Halypa şahyrlarymyzyň biri bolsa şeýle diýdi: «Täze ýylyň öňüsyrasynda «Mizan» täjirçilik merkezinde geçirilen dabarada Gahryman Arkadagymyz öz mähriban agtygy bilen ak roýalyň başynda täze «Arzuw» aýdymyny, ylaýta-da, ondaky «Bedew atyň badynda ýol uzasyn dowama!» diýen setirlerini aýdýarka, milli Liderimiz göz öňümizde, göýä diýersiň, giň sährada ak atynda barýan ýalydy. Asyl, şol pursatlarda biziň özümiz hem bedew ata atlanan ýaly duýgy doldy göwnümize...».
Eýsem, bu diňe bir göwnümizemikä?! Aslynda, Gahryman Arkadagymyzyň bedew batly zamanasynyň her birimizi bedew ata ataryp, rowaç menzillere ruhlandyrandygy döwrüň beýik hakykatydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri dörediji Liderimiziň ganatly bedew baradaky, rowaçlyk baradaky kämil eseridir.
Ýene-de täze goşguda waspy ýetirilen, «rowaçlygy buşlap gelen ýyllaryň salamy, göwünleri hoşlap gelen ýollaryň kemaly» Rowajyň keýerjekläp durşy göz öňümizde janlanýar. Hawa, ol häzirlikçe taýçanak. Goşgudaky senaly sözler bilen aýtsak, «saba öwsen ýeller deýin, ýaz açylan güller deýin» näzikden enaýy taýçanak. Ine, ol hä diýmän, «toýnagyndan ýyldyz syçradyp, türkmen toýlaryny bezeýän, ýeňişden serpaýy ýeten» şabaz bedewe öwrüler. Ýöne bu, elbetde, öz-özünden, tebigy ýagdaýda bolýan zat däl. Aty at edýänçä, oňa näderejede yhlas siňdirilýändigini, edil çaga sereden deý, nädip idi-yssywat edilýändigini seýisden sora! Edil şonuň ýaly, taýçanagyň keşbinde gelen rowaçlyk ýylymyzyň hem «aýlyk ýoly alty basyp», syçrap duran bedewe öwrülmegi, ýeňişlere beslenmegi üçin her birimiz oňa yhlasymyzy, söýgimizi siňdirmelidiris. Gahryman Arkadagymyzyň rowaçlyk ýylynyň senasy bolan «Rowaç» şygry her birimiz üçin şanly sepgitlere çagyryşdyr.

Kakamyrat REJEBOW.
«Türkmenistan».

Категория: Publisistika | Просмотров: 651 | Добавил: Нawеran | Теги: Kakamyrat Rejebow | Рейтинг: 3.5/2
Awtoryň başga makalalary

Publisistika bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]