13:15 Arzuw | |
ARZUW
Miweli baglara deňleşse egin, Ýaşajyk nahal deý boý alyp gitsem. Säwlige ýalňyşyp uzatsam elim, Uzatsam, özümden uýalyp gitsem. Durmuş, seniň salan synagyň bilen, Ýola çyksam yhlas, ynamym bilen, Ýykylsam, ýylgyrsam il-günüm bilen, Söýenseler, käte söýenip gitsem. Kä joşgun köşeşip, käteler joşup, Mynasyp gözeliň yşgyna düşüp, Talyp göwünleriň köşgüne süýşüp, Ýene söýşüm ýaly söýülip gitsem. Erte gögär bu gün eken gämigim, Hernä maňzy pak bolmasyn şänigiň! Çaýkalsa dökülmän akyl çanagym, Ýyllardan ýyllara goýalyp gitsem. Rejep ARZADURDYÝEW. | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024 |
√ Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024 |
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
√ Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
√ Hasap / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |