ARZUW
– Özüm ýakynda öýlenemsoň, täze goş-da. Özüň bilýäň, şu, rozgäre gerekmejek zat ýok, ine, şeýdip, irden-agşama çenli gan-garader işlämizde-de, zordan ýetirinýäs. Toýuň bergisindenem entägem çykamyzok. Aý, hudaý bardyr, janymyz sag bolsa, çykar gideris, esasysy jan saglyk, şeýle dälmi, agam?
Makgy bu soragy müşderä berýärmi ýa özüne berýärmi, ol belli däl, ýöne indi telim ýyl bäri maşyn ýuwdurmaga gelen müşderileň ýanynda aýdylýan gep şü. Hemişelik gelip-gidip ýörenler-ä beledem bolup gidipdir. Makgyň iki ýyl mundan öňem, edil şu günem şol aýdýanlary. Täze goş, toýuň bergisi we şuňa meňzeş zatlar.
Häzirem müşderiň soragyna bir çak ýat tutulan zatlary sanaşdyrdy, ýöne bu müşderi has ünslüräk diňleýän eken. Eli gury esgili, ýuwlan maşynyň daşyndan aýlanyp ýören Makgynyň edýän hereketleri bilen sözlerini baglanyşdyryp görjek bolýan ýaly synlap duran geýnüwli adam:
– Çyn adym Maksat diýdiňmi?
– Hä-ä, hawa, Maksat, aý, bylar-da, gysgaldagetdin, “Makgy” diýip goýberýärler.
– Oba nirden?
– Obamy!
Ol jogap bermäge howlukmady, işini goýup dikeldi-de, elindäki esgisini sykdy we silkip, gaýta epledi.
– Şu ýerli men. — Ol garşydaky öýe elini uzadyp — Ana şo domuň aňyrsyndaky iki sany kese dom bar-a, şoň ikinjisinden.
– Öz köligiň barmy?
– Ýok-la, pyýada baraýmaly, bäş minutlyk ýol.
– Diýjek bolýanym, indi siziňem işiňiz ahyrlandyr, ýol ugry bolsa alyp gideýin.
– Hä, ýok, sag bol, azar edinme. Soňam men bärden iýip-içip, soň gitjek.
– Şu çaýhanadanmy, ol işleýärmi näme ýediden soň? — Ol golaýdaky çaýhana ümledi.
– Öňi ýapygam bolsa işleýär, yzyndan giräýmeli. Altydan soň ýapmaly diýipdirlermi nämemi, öň tarapyny ir ýapaýalar.
– Ýör, onda, bile iýip-içeli, soň bile gidäýeris.
Makgy üçin garaşylmadyk teklip, her näme-de bolsa. Özüniň gürrüňçilligi we tanyşlyk açmaga höwesekligi ony iderdekledip çaýhanaň stoluna oturtdy.
– Köpden bäri işleýäňmi bärde?
Nätanyşyň soragy Makgyny hakykatdanam iňkise goýdy. Ol haçandyr bir wagt biri şeýle soragy berse, näme diýmeldigi hakynda oýlanmandy.
– Hä, menmi, bärdemi. Aý, ýok, gaty köpem däl-le… Ýogsa-da, siziň adyňyz kim, agam?
– Meň adymam Maksat, ýöne maňa hiç kim Makgy diýmedi, Maks diýýärler. Maksadyň, gysgaldyp, Makgy bolýanyndan meň-ä habarymam ýok, dogrusy.
Makgy üçinem Maksadyň Maks bolmasy geň, ol, bir azajyk wagtam bolsa, özüniň Maks däl-de, Makgy bolanlygyna kemsindi. Maks bolanynda gowy bolarmydy diýip, pikirlenip, hälki gürrüňini dowam etdi:
– Agam, men bar-a, saňa dogrymy aýytsam, bärde häki bir işlän bolaýýan, öýüm zadym bar, Hudaýa şükür, ýeter-ýetmez däl. Gül ýaly üç komnat jaýym bar. Daşary ýurtda okap ýörün.
Ol birden hörpüni üýtgetdi-de:
– Elli gram urjakmy? – diýdi.
– Ýok, men rulda.
– Hmm, onda men-ä elli gramjyk guýduraýjak. Ol gitdi-de, guýduryp gelip, sözüni dowam etdi:
– Menem bir hemişe içip ýören adam däl, özüňiz ýaly bir jynym alşan adam bilen otursam, elli gramjyk uraýmam bar. Aý, olam, näme, günde gabat gelip durmy. Gepiň gysgasy, meň, agam, ilden kem günüm ýok. Ýöne, ine, heleýden welin oňmadym. Dogrusy, ol mesirgedi, aý, näme, öň nirde gören zady. Bolelin durmuş, näme iýseň, näme içseň bar. Onam, näme, göternip bilmekde iş bar…
Maks onuň sözüni böldi:
– Atdaş, men neme diýjekdim-leý. Şu maşyny satjak bolýan, çalyşjak ýa-da aljak diýen bolsa, agzaý-da, moýka gelenleň ýanynda. Başga-da ulagym bar welin, muny aýraýsam diýýän indi. Aljak bolsa, gowam oňuşjak.
Maks telefon belgi we ulagy hakda ýazylan kagyzjykdan on-onbäş sanysyny Makga tutdyrdy-da, turmak bilen boldy. Hoşlaşmazdan öň birentek zatlar aýtdy welin, Makgyň gulagyna ýele ýanyndanam geçmedi.
Geýnüwli müşderi hem gitdi, ýene bir özi galdy, gaýtadan guýduryp içdi. Häzirlikçe, asyl-ha, öýüne gelensoňam tutyş şu günki aladasy Maks bilen Makgynyň tapawudy boldy.
“Dogry-da walla dogalan wagtyňa meňzeş at dakylýar, soňam sen başga, ol başga at bilen tutylýar” Makgy adamlaryň şeýle adalatsyzlygyna gahar edip daňa golaý uklap galdy…
***********
Ertesi irden dogan günem Makgyň ýüzini “sypamydy”. Kellesi sämäp turdy, bu kelle bilen işede gidip boljak däl.Ol biraz böwrini diňläp ýatdy. Kireýne ýaşaýan öýiniň eýesi işe giden bolsa-ha ne ýagşy. Ýogsama iňňirdäp ýürege düşer “Näme üçin işer gideňok” diýip. Ýeri saňa näme diysene kreý pulyň berilenine şükir etde otyrda Hudaý diýip. Makgy biraz pikirlere gümüra bolyp ýatdy-da, birdenem bir möhim zat ýadyna düşip ýerinden galdy. Hasanaklap herekete başlady. Birazdanam ak köýnek galstukly, tahýaly ýeneli, goltugynda hem kitap depder hakyt talyp lybasynda ýola çykdy, badyny gowşatman gelişine uzaklygyna garamazdan uniwersitete ýetdi. Üstiňe abanyp duran okuw jaýyň kölegesem oňa salkynjak duýuldy. Ol binany biraz synlap durdy-da, edil çat maňlaýyndaky duralga baryp çökdi. Makgydan öňem bärde iki sany gyz, bir sany oglan bar eken. Awtobus geldi olar mündi we awtobusdan düşenlerden iki sanysy duralgada galdy. Ýene birden ikiden gelenler we gidenler bar. Makgy bu ýerde gözini kän elek çelek etmäniräk talyplarça otyrdy. Daşyndan göräýmägä agras talyp. Bir sagada golaý otyrandan soň, bir topar talyplar bilen awtobusa mündi. Awtobusda başgada adamlar köp. Hemmesi Makga seretýär, we bile münen talyplara seretýär. Bularam edil meň ýaly geýinen, näme parhy bar, diýmek şu awtobusdakylaň hemmesi üçin men talyp şu adamlar meniň Maks ýada Makgylygymy nireden bilsin diýip Makgy için gürletdi, we şu wagt kimdir biriniň habar gatmagyny isledi, eger habar gatan bolsa ol ýetişiksiz talyp durmuşyndan zeýrenjekdi. Hiç kim oňa habar gatmady. Bu ýagdaý Makgyny biraz gamlandyranam bolsa ol awtobusda hiç bir tanyşyň ýoklugyna, hemmesiniň nätanyşdygyna begendi. Galybersede ol bu gün hiç kimi edil agzy bilen aldamady, bu ýagdaýam Makgynyň özi üçin elinje teselli. Ýene ýaşaýan ýerine golaý düşip galdy, we kreýne ýaşaýan öýjagazyna dolandy.
Merdan BAÝADOW.
|