05:16 Arzuwlaryñ yzy bilen / hekaýa | |
ARZUWLARYŇ YZY BILEN
Oglanjygyň halaýşy ýaly owadan sözler bilen başlaýmaly, ýöne başlamadyk hekaýamyzda onuň özi hakynda gürrüň bermekçi. Oglanjyk köpden bäri kitaphana gatnap, çeper kitaplary okamagy arzuw edýärdi. Ol kakasynyň getirip beren içi doly suratly kitabyndan soň çynyň bilen edilen arzuwlaryň hasyl bolýandygyny bilýärdi. Ahyry arzuwlary onuň gökdäki dilegini kitaphanada gowşurdylar. Ol kitaphana gatnamaga rugsat aldy. Rugsat almak üçinem synagdan geçmelidi. Synagam – kitaphanaçy mugallym saňa dört-bäş sözlem okadýar. Eger sakynman okap bilseň, onda sen kitaphananyň nobatdaky täze okyjysy bolýaň. Oglanjyk bu synagdan geçmegi şeýlebir isleýärdi welin, ol islegi özünden has gowşagyrak okuwçylaryň kitaphana agza bolan gününden soňa hasam çynyrgapdy. Ýöne bir ketçe ýerem bar. Utanýardy. Kitaphana baryp, menem synaga gatnaşjak diýmäge çekinýärdi. Her gezegem ýaýdana-ýaýdana kitaphananyň ýanyna baryp, yzyna gaýdýardy. Geçip bilmerin öýdýärdi. Kiçijek arzuwyň uly ýalňyşlygy – özüne bolan ynamy ýokdy. Eger birden synagdan geçip bilmese näme? Edil öňküler ýaly ýene kitaphana gatnaýan ýoldaşlaň kitabyny okar ýörersiňdä. Ýöne onuň özüniň kitap saýlap alasy gelýärdi. Bu gün bolsa ýüregini bire baglady. Yzyna düşüp gelýän arzuwlaryny öňüne saldy. Uly arakesmede hemmelerden öň kitaphana gaýtdy. Ol hiç kim ýokka synagdan geçesi gelýärdi. Beýleki okuwçylaryň ýanynda utanaryn, aljyraryn öýdýärdi. – Salam mollum! Agzalaryň alfabit boýunça goýlan bellik depderçelerini tertipleşdirip ýören mugallym, öňündäki beýik stoldan sähel saýlanýan oglanjyga gyzyklanma bilen seretdi: – Salam. Oglanjyk mundan soň näme diýjegini bilmeýän ýaly gözüni elek-çelek edip duruberdi. Adamsyzam aljyrajak ekeniň. Bolsa-da, häzir oňa kömegi degip biläýjek ýeketäk adam – mugallymyň özi kömege ýetişäýdi. – Senem kitaphana ýazylmaga geldiňmi? Oglanjyk sakyna-sakyna jogap berdi. – Hawwa… mollum… Men gowy okap bilýän. – Näçinji synpda okaýaň? – Sentýabrda dördünji synpa geçdim. Mugallym elýüzde duran ertekili kitaby aldy. Oglanjyk içinden «bu kitaba derrewem okap bererin» diýip özüne göwniýetijilik bilen oýlandy. Hasam ekezlendi. – Hany onda şu ýerden okap başla. Oglanjyk mugallymyň görkezen ýerinden okap başlady. Özem çyny bilen okady. Bu bolsa ony agzalyga kabul etmek üçin mugallyma aňryýany bilen ýeterlik boldy. …Indi oglanjyk hepde-de iki gezek kitaphana barýar. Ilki başda mugallym ony birinji – çagalar üçin ýazylan kitaply tekjeden beýläk geçirmedi. Goý, geçirmesin. Ol bu kitaplaryň ählisini okap bolansoň hökman beýleki tekjelerede goýberer. Ol indi şol kitaplary okamagy arzuw edip başlady. Göwnüne bolmasa bu tekjedäki kitaplary çaltyrak okap bolsa şol arzuwy hasyl bolaýjak ýaly. Mugallym bolsa ilki-ilkiler her gezek gelende azyndan iki-üç sany kitap alyp gidýän oglanjygyň kitaplary okaýandygynda ynamsyzlygam etdi. Birki gezek kitaplary tabşyrmaga gelen wagty «Hany okan kitaplaryňda näme hakynda gürrüň berilýär» diýip sorady. Näme gürrüň berilýär? Ýok gürrüň berilenokdy. Kitaplarda edil kinodaky ýaly wakalar janlanýardy. Ol ýerde köşkler, uçýan halylar bardy, jadygöýler, syratly şazadalar, owadan şa gyzlary ýaşaýardylar. Olar syýahata gidýärdiler, azaşýardylar, tapyşýardylar, bagtly bolýardylar. Ana, ol mugallyma söz bilen şolaryň suratyny çekip berdi. Mugallym bolsa ahyrsoňy öz öňünde kitaby söýýän oglanjygyň durandygyna düşündi. Öz aýdyşy ýaly oglanjyk indi onuň has gowy görýän okuwçylarynyň arasyndady. Ol oňa soňra uly ýaşly mekdep okuwçylary üçin ýazylan kitaplary hem okamaga rugsat berdi. Hekaýalar, tymsallar, powestler, romanlar… Oglanjygyň öňünde kitaplar dünýäsiniň ýene bir, has uly gapysy açylypdy. Ol bu gapydan teşnelik bilen girdi. Goşguly kitaplar bolsa onuň üçin iň uly açyş boldy. Ilkinji gezek ylham bilen sataşdy. Birdenem goşgy ýazmagy arzuw edip başlady. Birki gezegä synanşybam gördi. Ol synanyşyklar bolsa setirleriň bogun sanynyň deňligi, kapiýa ýaly başlangyç düşünjeleri açyp berdi. Bir gün bolsa özüniň ilkinji goşgusyny ýazdy. Ýok, ol, öz-özünden ýazyldy. Edebiýat sapagynda mugallym kitapdan bir gönükmäni tabşyrdy. Hekaýany okap goşgy ýazmaly. Hekaýanyň manysy şeýleräkdi: «Bir leglek sürüsi göçüp barýan ekeni. Hataryň öňüni çekip barýan garry leglek arkasyndaky balasyna şeýle diýenmişin: «Balam, men halys garradym, tapdan düşdüm, indiki gyşlaga çenli hasam garraryn. Şonda sen meni aldajy sowukda tenha taşlaman, meni ýyly kenara tarap alyp gidermiň». Az wagtlyk dyman çaga leglejik sakawlap «Şonda… Şonda meňem öz çagalam bolar ahyryn» diýipdir. Ene leglek ol jogaby eşidip birhili bolupdyr. Tebigatyň ýene bir ýowuz kanuny bilen ýüzbe-ýüz durmaly boljakdygyna düşünipdir. Soňam özüni dürsemek üçin sürüden çykyp, göýä şol zatlary unutmak isleýän deýin has gaty uçanmyşyn». Goşgy jemi dört bent boldy. Oglanjyk hasam jemleýji bendini gowy gördi. Özünden göwnihoş boldy. Garry leglek gaharlanyp, Açdy sürden arasyny. Gaýgylanyp, gama batyp, Aglady öz agysyny. Onuň goşgusy synpdaşlarynyňkydan has-da tapawutlydy. Ony mugallymam tassyklady. Mugallym bu tapawutlanmanyň syryny oglanjygyň kitaby köp okaýandygy bilen düşündirdi. Oglanjyk şol gün ýene bir açyş etdi. Kitabyň, goşgynyň adamlar tarapyndan ýazylýandygyna düşündi. Asyl, öň bu barada pikirlenmändirem. Belki, gowy günleriň birinde oglanjyk şol hekaýanyň awtor bilen duşuşar. Şol leglejigiň ykbaly bilen gyzyklanar. Ol şony hem arzuwlarynyň sanyna goşup goýberdi. Hawa, ol kitaby köp okaýardy. Öýlerine gelip, nan-çaýyny iýerde, ümsümje ýere kitap okamaga geçer. Tä, ejesi «Gel, mallaryňa ot ber, suw ber» diýýänçä okar. Soňam etmeli işlerini ýadyndan çykarandygyna utanyp, ejesini käýindirendigine gyýylar. Özüne berkidilen işlerini gyssagly edişdirerde ýene kitap okamaga howlugar. Bir günem onuň çaga ýüreginde täze bir arzuw şineledi – özüne bolan ynamy döredi. Ýazmaly. Goý, goşgy bolsun, hekaýa bolsun, ýöne hökman ýazmalydy. Özi-de onuň ýazanlary gowy görýän kitaplary ýaly gyzykly bolmalydy. Onsoň onuň ýazan kitabyny hemmeler okar. Kitaphanadada goýarlar. Belki, ýene pylança ýyldan onuň ýazan kitabyny edil özi ýaly oglanjyklaryň birem okaýsa näme. Ýa, birdenkä olam şony okap ýazyjy bolasy geläýse. Ol-a hasam gowy. Oglanjyk şonuň şeýle bolmagyny süýüjilik bilen arzuw etdi. Hawa, ol oglanjyk özüniň ýazan kitabyny elinden goýman okar. A birden ejesi oňada bar mallaryňa seret diýip käýýese näme? Elbetde, ol oglanjygyň ejesinden gep eşitmegini islänok. Oglanjyk pikire batdy. Özi ýaly bir oglanjyk hakynda pikire batdy. Göýä özi sebäpli ejesi oňa käýýeýän ýaly boldy. Oňa duýgudaşlyk bildirdi. Ýöne oglanjyk şonuň bolaýmaly ýagdaýdygyna, şeýle bolmagyň gerekdigine heniz düşünenokdy. Ol diňe şol oglanjygyň bolmagyny arzuw edýärdi. …Günler edil okumyşyň adamyň elinde geçýän kitap sahypalary ýaly birin-birin geçip barýarlar. Oglanjyk bolsa barha-barha köp kitap okaýardy. Soňra goşgy ýazyp başlady. Olar gazetde çapam boldy. Hekaýada ýazdy. Olaram gazetdir žurnallardan daşda galmadylar. Bu bolsa ony ýazyjy bolmak arzuwyna has-da berk ýapyşmagyna getirdi. Oglanjygyň şol arzuwy hasyl bolarmy bolmazmy, ony bilemok. Ýöne ol henizem okamalydygyny, öwrenmelidigini welin, bilýärdi. Sebäbi häzirki ýagdaýy ony kanagatlandyrmaýar. Şu goýuljak köpnokatlardan soň, oňa bu hakynda ýene bir ýola pikirlenmek gerekdi… Allanur ÇARYÝEW. | |
|
√ Köprüler / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Oglanlyk döwrümiň peji / hekaýa - 21.01.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |