07:37

Aşyk, talyp...

AŞYK, TALYP...

Işiňden sowaşma, bölmäýin ünsüň,
Jogap tapdym, jogapsyz jaňlaryma.
Diňe bir boşluklar bolmaýar ümsüm,
Haýpyň gelsin jorapdyr jalbaryma...

Tarapdary däl men dawa, jen-jeliň,
Ýöne, düşün birazajyk maňa-da.
Ütükden görýärin ýakan penjegim,
Aşyk, talyp... öňem ýetik alada.

...Penjek tapdyr az iýip, kän üýşürsem,
Ýöräbersem garşy gitmän akyma.
Ýaşlyk edip uklapdyryn, düýşüm sen,
Düşün, ýürek düşmez talyp hakyma.

Süleýman HAÝDAROW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 294 | Добавил: SüleýmanHAÝDAR | Теги: Süleýman Haýdarow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Alabahar / Goşgular - 21.03.2024
Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024
Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024
Göreş / Goşgular - 11.02.2024
Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024
Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024
Победителям / Goşgular - 29.02.2024
Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024
Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024
Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024

Teswirleriň ählisi: 2
0
1 Hyýalkeş  
752
Ýylgyryp okadym :)

0
2 SüleýmanHAÝDAR  
1012
Sag boluň..!

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]