22:21

Aşyk ýigdiñ haty

AŞYK ÝIGDIÑ HATY

Ýeri, näme diýip, näme aýdaýyn,
Sütemkär gözleriň synagy niçik?!
Bar syrymy ýüze çykaryp barýar,
Rentgen deý, nazaryň içimden geçip.

Gabaklarňy serpen çagyň gözüňden,
Gözüme üýtgeşik ýakym çaýylýar.
Kalbym sema oýnap, sowan gursagym,
Seň naşyja näzikligňe çoýunýar.

Sen owadan, düýşegirginç owadan,
Kämil sen Mosartyň mukamy deýin!
Her säher seň höwesiňde oýanyp,
Seniň arzuwyňda uka gideýin.

Duşsam aljyraýan, senem aňýansyň,
Alajyn gözleýän sowarak gezmäň.
Ömrüm sakawlady saňa ýetende,
Dörtburç arzuwlarmy togalap bilmän.

Sen meni şahyrlyk hetdine eltdiň,
Söneňkirlän ylhamymy gorjalap.
Söz aýtsam,
çem tapyp, eger aýdaýsam,
Ýeri, näme diýip berersiň jogap?!

Eger sözüm alsaň, ýürek näderkä,
Megerem, partlar ol bagta çydaman.
Ýöne «ýok» diýäýseň, estagfurylla,
Nirede, nähili dilärkäm aman?!

***
Men nätsemkäm,
Kimden ýeter delalat?!
Ýüregmi dökmesem aýylar essim.
Hut şu gün uludan dem alagetdin,
Ençe günden bäri telim göçürlen
Kisämdäki haty bererin, besdir!

Soňam..,
a soň jogabyňa garaşman,
Ýüzüm göge tutup, sözüm seçeläp,
Tapawudy ýok,
men, haýsy hem bolsa,
Bir ýana umytly nazarym çenäp,
«Indi näme bolsa, şol bolsun» diýip,
Giderin galanyn tabşyryp Taňra.
Sebäbi ýeke söz aýdyp bilmänem,
Şunça gün bimaksat tamşanypdym-a.

***
…Men ýene-de sanap galdym kirpigiň,
Owadan göz bilen, nazaryň bilen,
Gyrkyp gitdiň kisämdäki hatymy,
Ýyrtyp gitdiň bir ömüriň ýazgydyn.

Saňa sataşamda dilim tutulýar,
Bedenim aýrylýar ysgyn-mydardan.
Ýüregim urunýar, görgüsi ýaman,
Ejiz ol, bu yşky çekip-çydardan.

Maňa näme bolýar, näme bolmaýar,
Hasratymdan barmy habaryň beri?!
Sen nädip özüňe bagladyň, a gyz,
Böküp duran bir lukmajyk jigeri?!

Meger, seň yzyňa düşer-de gider,
Ýüregmi saklaýan damary çöşseň.
Wah, häzir aglara bahana bolsa,
Hezil edip, hezil edip köşeşsem.

***
…Heniz saňa du:şman ýaşap ýörşüme,
Duýulmanka artyklygyň, kemligiň,
Beýle mätäç hala düşmedik wagtym,
Has oglan mahalym, seniň kimligiň
tanamankam,
gyzlar meni söýmänkä,
Az bolsa-da, heniz duruka aklym,
Üýtgeşik aladam, arzuwym ýokka,
Oglantak kalbymda arman hem ahmyr
döremänkä,
ýöremänkäm ýanyňa,
Ömrüň sepgidinde, hawa, ullakan
sepgidinde saňa gabat gelmänkäm,
Bagtlydymmykam?!

***
Men asla uýmadym şu güne çenli,
Sen deý kämil gyzyň ýaşap ýörenne.
Ýaşamagyň ebeteýni ýitirdim,
Bakyşlaryň durmuşymy dörende.
Gorkýan men seni hem ýitirerimden.
Arzuwlarym dönüp barýar tokaýa,
Müň pikir şineläp ýeke serimden.

Beýnimiň ilkinji gurşan gününde,
Gözüňden gözümi aýyryp bilmän,
Dünýäň pauza wagty aklym uklady,
Indem gezip ýör ol oýanyp bilmän.

Ýatdan çykmaýanyň ýadyma düşüp,
Gulaga eşdilip Mosartyň sazy,
Owadan ýöreýşiň, ýylgyrşyň bilen,
Diňe özüň üçin ýaşarym ýaly,
Gyzyl köýnegiňi galkyjakladyp,
Ýaldyrap, galdyrap geläýjek ýaly,
Hem diýäýjek ýaly: «Seni haladym!»
Giden-gitdi ylham beräýjek ýaly,
Şeýdip ýaşap ýörün söýgä gark bolup,
Ýadadýar ýüregmiň sorag bermesi.
Ýüzüm salyk bolsa, geň görme, a gyz,
Men bir gezip ýören sorag belgisi!

SEÝITMYRAT GELDIÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 688 | Добавил: Нawеran | Теги: Seýitmyrat Geldiýew | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Göreş / Goşgular - 11.02.2024
Alabahar / Goşgular - 21.03.2024
Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024
"Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024
Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024
Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024
Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024
Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024
Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024
Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]