12:49

Ata Mäneli -10/ soñy

* * *

Sakardor birden gozgalaň tapdy. Gulaklaryny keýerdip, gaharly hokrandy.
Agyzdyrygyny çeýnäp, aýaklary bilen gum peşedi. Salym geçmänkä-de, bir atlynyň oba golaýlap gelýändigini hemmeler gördi.
Ata Mäneliniň terzi bozuldy. Ol yzgytsyz seslendi:
– Gotur, ýollar saklawsyz galypmydy?
– Ýoluň iki tarapyndanam guş uçmaz, serdar.
– Onda bu gelýän atly asmandan indimikä?
Mergen atyny uzakdan tanapdy. Ol pessaý seslendi!
–Serdar, ol ýolagçy-ötegçi däl.
–Kim ol?
–Juma. Zynakäriňogly. Ekin üstünden gelýändir.
–Geliş-ä gaty dyzmaç görünýä. Ol ýakymsyz habary eşidene meňzeýär.
Poladyň göreji köp manyly ýyldyrady.
–Gojugyň howasy belent görünýä-le? – Gotur Juma tarap ümledi. – Elinde jonnujak pyçak bar ýaly-la? – Nöker tüpeňine ok sürdi. – Serdar, bulançak duýguly jahyly göremde elim gijäberýär. Golaý gelmänkä, tükgerdäýsem nädýä?
–Tagapyl et. Ajaly okdan bolsa suwa gark bolmaz. Gözi ýok ýaly üstüne geler.
Ata Mäneliniň sözleri bir gyrada erkekleriň sözüne goşulyp bilmän duran Dursunyň damarlaryndan ot bolup ýöredi. Zenan ýaşmagyny bir dişledi-de, howsala bilen dillendi:
–Polat kakasy, waý, ýetişewer. Juma jany saklawer. Gany gyzgyndyr oglanyň.
–Ot alyberme. – Polat Dursunyň ýüzüne gyňyr garady. – Juma indi gundagly çaga däl. Gezek-nobat berilmese, orta sokulmaz.
Polat kanagatly geplese gepledi welin... Gojugyň ýüreginde ünji ýok däldi. Ol inisiniňgedem häsiýetine ýetikdi. «Ata Mäneli oba döküldi. Kakaň daşyny gabady» diýen habar Jumanyň ýüregini çişirendir. Gagal adamyň ýüregi çişse, pähim-paýhasy serinden uçar. Nätmeli?
Poladyň beýnisine basym aýdyňlyk aralaşdy. Iňkisi artdy. Kiçi daş baş ýarar. Häzir öç odunyňtutaşmagy üçin köp zat gerek däldi. Birje ýerliksiz söz ýeterlikdi.
Polat göwnüni bire baglady, Jumany saklamaga topuldy. Emma giçdi. Ýaş ýigit märekä kürsäp giripdi. Ol jylawy goýberdi-de, üzeňňä galdy. Ata Mänelini nyşana aldy. Ýöne, pyçak zyňmaga ýetişmedi.
Mäneliniň mauzeri batly seslendi. Jumanyň atynyň nalyşly haýkylygy, güpürdi, asmana göterilen tot-tozan, agyly sesler... Ýer yranyp, Murgabyň asuda kenary sarsgyn aldy.
Mäneliniň atan oky bedewiň çat maňlaýyndan sümüldi. Atyň güýçli bedeni bir düýrügip, ýazylmanam doňup galdy. Juma... Gojugyň bagty çüwdi. Mäneli oňa rehim etdi. Atyny nyşana aldy. Ykbalam gülüp bakdy. At art aýagynyň üstüne çökende, Juma arkan zyňyldy. Ýeňsesi gaty ýere gütüläp degdi. Gözi garaňkyrady. Iňledi. Emma it janly ýigit basym özüni rastlady. Iki elini diräp yranjyrap, aýak üstüne galdy.
Dursunokdurylyp bardy-da, ogluny gujaklady.
–Juma jan, guzym. Gyýylma, balam. On iki süňňüň abat bolsa, at tapylar.
– Men ondan arymy alaryn. – Juma agzyny köpürjikledip gygyrdy.
– Köşeş, balam, köşeş. Rüstem deprenmäge ýüzümiz ýokdur, balam.
– Ejeň mamla, inim. – Şally arkasyny öýüň gamyşyna berdi-de, çommaldy.
– Sen köşeş. Pähim gurar, gahar ýykar.
–Näme? Köşeş, pähim et? – Juma bir ejesiniň, bir agasynyň ýüzüne gahar bilen çiňerildi. –Siziňdiýýäniňiz näme? Ýa meni bigaýrat saýýaňyzmy?
–Gaýratlyňam pähim etmeli ýeri-pursaty bolýandyr. – Polat Juma tutumly garady. – Ýüzüňe gara çekilse, gaýratlam dymýandyr.
–Biziň ýüzümize gara çeken kim?
– Serdar. – Gotur ýaňsyly ýylgyrdy. –Zynakäriň ogly-ha syrtynyň çaňňalaklydygyny bilenok. Bara ot alýa.
Ata Mäneliniňýüz-gözünden ýalyn çabrady:
–Içýan gyssansa öz depesinden çakar diýip eşitmänmidiň?
– Men siz ýaly ygyp ýöreni çakaryn. – Juma elerinigalgalyp haýkyrdy. –Sen gojuklara kyzylyk edip bilmersiň.
–Goçak. Ata «goçak» sözüni aýdýanda ýaňsyly ýylgyrdy. – Biziň diwan agtaryp, şerigata many berere ýagdaýymyz ýok. Bize sütemhordan zowal sora diýseň, ynjan ýüreklere melhem et diýseň...
Juma Mäneliniň sözüni gödek böldi:
– Sen tetelli tebibiňmen enesini dula bakdyryn.
«Enesini dula bakdyryn». Bu sözlerdäki zäher Atanyň ýüregine salymyny bermän ornady.
Bedähet nadan adamlaryň awuly sözlerini, gahar-gazabyny giňlik çeýelik bilen ýeňmek, gaýtarmak Ata Mänelä berilmändi. Ol ýamanlygy güýç bilen syndyrmaga endik edipdi. Şonuň üçinem Atanyň gany bada gaýnady. Indi onuň gojuklara berjek jezasyny göz öňüne getirmegem kyndy.
Ata Mäneli mauzerini garbap aldy. Nökerler, gan ysyny alan möjek deýin, galkyndylar: kim egnindäki hataryny düzetse, kim tüpeňine ok sürdi. Mäneli kem-kem üzeňňiň üstüne galdy,
–Sen güjük, öz eneň dula bakyşyny häzir görersiň. Nagt görersiň. – Ol hemleli gygyrdy. Gotur!
–Gulluk, serdar!
– Şujagaz itiň enesi bilen uýasyny öýe dyk.
Gazaply perman gojuk ähliniň süňňüni gagşatdy.
– We... we... weý, serdar. – Şally demligi gysylan ýaly, boglup gepledi. – Rr... rehim et, in... inim. – Goja ýerinden turup, Mänelä tarap gadam urdy. – Serdar sen nadan jahyl bilen deň bolma. Geçirimli bol. Bir dil bozar, bir dil düzer. Sen düzýänlerden bol, serdar.
–Ata, inim, naçarlara sütem etme. – Polat agasyna goltgy berip gepledi. – Dil-de, gaharda näme diýmez. Sen geçirimliräk bol, serdar.
–Taňrynam unutmawer, han ogul. – Şally birneme özüni dürsedi. –Onuň alnynda bihasap iş ýokdur.
– Gojuk, menem bir pähim aýdaýyn. – Mäneli Şalla tarap agras garady. –Däli adam Hudaýyň tarhany bolar.
Ata Mäneli Gotura tarap gözüniň agyny köpeldip seretdi. Nöker öz säwligine düşündi. Dursuna guduz it ýaly topuldy. Emma zenanyň goşaryndan tutmaga birbada maý bolmady. Juma onuňdöşüne pyçak diredi.
– Çekil! Itden arsyz, eşekden gadyrsyz, haramzada.
Ata Mäneli jynssyz gygyrdy:
– Ur, it ogluny. Depesini oý.
Gazaply permana hajatam ýokdy. Gotur onsuzam öç bilen dem alyp durdy.
Ol bir yza çekiljek ýaly etdi-de, tüpeňiň gundagy bilen Jumanyň çowly eňegine jaýdar ýelmedi.
Urgy güýçlüdi. Gotur oňa ýoňsuz tebigy güýjünem, gany gyzgyn ýigide bolan çensiz ýigrenjinem siňdiripdi. Jumanyň gözüniň öňünde ýiti ýalyn bir çabrady-da söndi. Soň... Soň ýiti agyry ýigidiň ýüregine, beýnisine ornady. Gözüniň öňi garaldy. Ol ýoldan azaşan kör ýaly, iki eli bilen howany sermedi. Entirekledi. Emma aýak üstünde saklanyp bilmedi, bir ýana agyp gitdi.
Dursun zähresi ýarylan ýaly, çirkin gygyrdy:
– Waý, balam. – Ene ýakasyny çäkläp, özüni oglunyň üstüne oklady. – Juma jan, gara bagrym, gözüňi açsana, dillensene, balam.
Juma güňleç iňledi.
Ata Mäneli takatsyz ardynjyrady. Iki Nöker Dursuna topuldy. Olar zenany gamak deýin gaýdyryp, gapynyň agzyna gondurdylar.
Daşky bosagada Dursunyň aýagy sähelçe wagt ýer galtady. Ol söýäniň ýanynda bir gysym bolup duran ärine ýigrenç bilen garady:
– Näme ýygrylýaň? ýüzüňi sowmaň näme? Ile näme görkezseň, şonam görersiň. Eşidýärmiň, zynakär? Oglumy gana boýan, meň namysymy guma garan seň haram nebsiňdir. It gylygyňdyr.
Dursun gaýdyp äriniňýüzüne seretmedi. Ol gerdenini ýazyp, dikeldi, Ata Mänelä hykaratly garady:
– Batyr ýigit, men boýasy synan aýal. Ölüme-de kaýyl men. Bolmanda-da bu günki ryswaçylykdan soň, ömürde tagam-gadyr galmaz. Bir dilegim bar: ogul-gyzyma sütem etme. Enäniň, näletine galma, serdar.
– Sen öz agyraň ýeriňi tutduň. Öz balany gorakladyň. Hallygözeliň enesem özüň ýaly hamrak enedir. Ol balasyny gaýdyp görmez.
Dursun ýüregine neşter sünjülen dek tisgindi. Zenan nökerleriň deprenerine garaşmady. Bosagadan özi ätledi.
Doýduk häliden bäri gapynyň tutusyna bukulyp durdy. Ol Dursunyň öýe gireniňi görüp, atylyp çykdy.
–Eý, Taňrym! Bi adam öz gazabyndan lezzet alýarmyka? Muňa öňki eden sütemi az ýaly-la? –Doýdugyň sesinde agy gatanjy bardy. – Indi näme etsem hyýaly barka? – Zenan ärine soragly garady. Polat uýatly adam dek başyny aşak saldy. Doýduk Mäneliniň eýmenç niýete ýugrulandygyny aňdy. Ol ot çirkizilen ýaly bagyrdy.
–Waý, Polat! Heý, sizde gaýrat ýokmy? Siz beýle masgaraçylykdan soň, nädip başyňyza telpek geýjek? Nädip il ýüzüne çykjak? Ol Dursuny nökerlerine... Waý, il-güneý! Beýle sütem eder ýaly, Dursunyň ýazygy näme? Hallygözeli derýanyňdüýbüne iteren olmy näme? Polat, sen erkekmi bir?
–Bes, samsyk heleý. Meň erkekligimi şu wagta çenli duýmadyňmy?
Doýduk dilini dişledi. Ol äriniň beýnisiniň gyzandygyny aňdy. Zenanyň endamy jümşüldäp gitdi. Gazap öňe düşende adamyň ätlemejek serhedi barmy näme?
Doýduk gapdalyndaky öýe tarap götinjekledi. Polat azmly gygyrdy:
–Dur, gitme, ganjyk. Men erkekligimi gör. –Ata Mäneliniň atynyň jylawyndan ýapyşdy. – Serdar, sen mertlik et. Maňa-da tüpeň ber. Atyşaly. Başym dik bolsa, sen nökeriň eli Dursuna uzamaz.
–Polat, men seň ganyňa galmaýyn. – Mäneli Gotura eli bilen yşarat etdi. –Poladyňelini arkasyna daň-da, öýe dyk. Ol indi Doýduga tarap ümledi. – Ol gagyldap duran garganam bile dykyň.
Perman sessiz-üýnsüz amal edildi.
Şally halsyz adam dek, iki egninden dem alyp durdy. Ruhy sarsgyn onuň tenindäki janly damary gysypdy. Ol ne gepläp bilýärdi, ne-de gymyldap.
Juma ejirli ýuwdundy, iňledi. Ol kynlyk bilen huşuna gelýärdi. Gözleri süzülip, açylypdy. Emma durlanmandy. Oňa adamlaryň göwresi salgym atyp görünýärdi. Çişen, gyşaran erninden al gan syrygyp, guma bulaşan köýnegine siňýärdi.
Ata Mäneliniň ýene bir permany amal edildi: ataly-ogluň hersini öýüň bir söýesine ýapladylar. Olaryň ýüzleri öýüň törüne bakýardy.
Dursun öz üstüne abanan sütemiduýýardy. Ony namys, aýdyp-diýip bolmajak gahar-gazap örteýärdi. Zenanyň indi ýagty ýalançyda ýalňyz arzuwy bardy: gyzynyň goşaryndan tutulmasa bes. Ter gunça soldurylmasa, zenan öz sütemhoryna-da gahar etjek däldi.
Indi nobat Göwheriňkidi. Ol Polat bilen Doýdugyň salynan öýünde tärime gysylyp durdy. Gotur gyzyň gabat garşysynda saklandy. Wagşyýana ýylgyrdy:
–Hany, gel. Gorkma, gojuk gumrusy, gorkma. Goturyň eli gyza tarap uzady. Polat saklanypbilmedi:
– A-how, nöker. Ol bir gyz maşgala ahyryn. Utanaňokmy?
– Päli azany utanç-haýa saklamaz. Ony är kişiniň gazaby-gaýraty saklar. – Doýduk ärine alarylyp seretdi. Olaryň hiç birem gojuklara berilmändir.
Polat it ýaly jabjyndy:
–Lal bolsana. Ganjyk deýin çyňsap durma-da.
–Köpek guýrugyny ýamzyna gyssa, ganjyga başga näme alaç galýar? – Zenan gyňajynyň ujy bilen ýaşaran gözlerini syldy.
Göwher Goturyň elinden sypjak bolmady. Uýatly gyzy başga dert, başga alada horlaýardy: boş eli bilen aý ýaly ýüzüni, ýörände, towsaklaýan göwsüni gezekli-gezegine penalaýardy.
Dursun gyzyny öýüň ortasynda bagryna basdy:
–Gel, sonam, gel.
Göwheriň göwresi ädim etdirmejek bolýardy. Gyz daljygyp-daljygyp dem aldy. Ýarym-ýaş gözlerini ýumup, kellesini ejesiniň gerdenine ýaplady horkuldap aglady.
– Goý, gunçam, goý. – Ene gyzynyň arkasyny sypady. – Alla keremdir. Özi gorar. Goý, geregim.
Göwher köşeşmedi. Gyz ýüregine nalamaga sebäp ýok däldi...
– Serdar, ýüregimdäki lowlan duran ody söndüreýin. – Tolgunmakdan ýaňa Mergeniň dodaklary titredi. – Rugsat ber, serdar.
– Ar ýerine salynmasa, ýürekdäki ot öçmez. Öz-özünden tutaşar durar. – Ata Mäneli sus seslendi.– Gir, ýüregiňe sowuk suw ur.
Mergen bosagadan böküp girdi.
Şally gojugyň mazasy gaçdy. Onuň könelişen gözleri nemlendi:
– Ata serdar, sana abraý-iman gerek dälmi? Etjek bolýan işiň-ä gabahatdyr öz-ä.
– Durdy gojuk haýyr iş gaýyrdymy? – Mäneli gojanyň ýüzüne dözümli garady. – Ogrynyň elini çapan adamy, ata-baba ýazgarýan ýok. Zynakäre berlen jeza üçinem il-gün ýüzüni çytmaz. Alkyş okar. Men gazabymy eşiden zynakäriň gaýdyp, haram damary gymyldamaz.
– Dilimiň gysgadygyny bilýän. Şonda-da, sen mertlik et. Ýaragyňy maňa ber. Durdyny öz elim bilen ataýyn. Iki sany garawsyz naçary nökerleriňe çekeletmeseň bolany.
– Gojuk, äht etdim men. Ähtden dänmek maňa berilmändir. – Mäneli sabyrsyz gygyrdy. – Mergen...
Dursun ýangynly gepledi:
– Sen, hanym, on ýedi ýyl meň elimden duz iýdiň. Şony unudan-a dälsiň-dä?
– Minnet edýäňmi, ýeňňe? – Mergen sagdyn seslendi. – Beren duzuň üçin meň namysymytalap edýäňmi? Seň gyzyň goltugyňda Hallygözel bolsa derýaň goýnunda. Ony eýýäm unudaýdyňmy?
Mana sütem edeniň bilen Hallygözel direlermikä?
– Gepi uzaltma. Hany aýt. Özüňden başlaýynmy ýa terje gyzyňdan?
– Näme? – Dursun Göwheri odugyp bagryna basdy.
Mergen guşagyny çözdi. Dursun batragy gahar bilen yzyna serpikdirip bilmejegini aňdy. Göwheri öýüň törüne bakan itdi. Özi batraga tarap süýşdi. Köýneginiň etegini ýokary göterdi. Göwher ejesiniň çyzgananyny görüp, iki eli bilen ýüzüni tutdy. Çirkin gygyrdy:
– Waý, eje. Beýtme, eje.
– Balam, goý. Bu adamlaryň ýürekleri daşa dönüpdir. Seň nalyşyň, gözýaşyň daşy eretmez. Özüňi kiçeltme, gyzym. – Zenan köýnegini çermäp göbeginden geçirdi. – Är bolsaň, menden başla. Bigünä gyz bilen işiň bolmasyn. Gel, hanym.
Dursunyň öz hasaby-tamasy bardy: köýneginiň etegini çermäp duran aýaly görse, Mergen utanar, haýygar öýdýärdi.
Mergen haýykmady. Dogrusy namys ody ony öz ygtyýaryna goýmady. Ol zenanyň alaça köýnegini gazap bilen kellesine büredi. Onuň gasyn bezän garnyny, terligini ýitiren göwüslerini biparh synlady. Soňra düýnki bikesini garsa gujaklady-da, gülli keçäniň üstüne ýykdy. Aýylganç tomaşa başlandy..
Öýüň töründe ejirli hykgyldy kem-kemden güýçlendi. Durdy gojuk gaharly silkindi. Emma gozganmaga, gymyldamaga ýetişmedi. Gotur onuň döşüne tüpeňiniň nilini diredi. Durdy gözlerini ýumdy. Maňlaýyny öýüň söýesine urdy.
Dyza çökdi, ýalbardy:
– Serdar, at meni. Mundan artyk depeleme, kiçeltme. At meni.
– Gojuk, gurt alnyna gelen. it alnyna-da gelýändir. Seret. Tomaşa et. Düýn senem erkeklik gaýratyňa guwanansyň. Bu gün... batragyň gezegi.
–Serdar, gurbanyň bolaýyn. At meni. Mundan artyk gynama. Kiçeltme.
– Sen özüňi naçar gelne el uraňda kiçeldensiň. Diňle, gojuk. Aýalyň hykgyldysy azaldy-la? Ol seň günäňi ýuwup bolaýdymyka?
– Bolýa-da, galtaman. – Durdy möjegiňki dek lowlap ýanýan gözlerini Mänelä dikdi. – Diri galsam, ajalyň meň elimdendir.
Şally egninden basylan dek aşak çöküpdi. Onuň bokurdagynda bir zat yzly-yzyna bulkuldaýardy.
Goja gözýaşyny ýuwudýardy.
Juma iňläp, yranjyrap durdy. Şally ejizlän, iki bükülip oturyşyna ýaş ýigidi bagtly saýdy:
– Wah, akyl-huş meni terk eden bolsa, gowy bolardy.– Ol gussaly dem aldy. Gabahat işi görmezdim. Çäresizlikden kiçelmezdim.
Ejesiniň ýalanaç tenini görende, Göwheriň haýýaty göçdi. Gyz geçi kimin lägirdi. Onuň ýürek diliji sesi gojuk barynyň depe saçyny üýşürdi. Olar bir-biriniň ýüzüne bakyp bilmän, ýüzlerini kese-kese sowdular.
Dursun ýatan ýerinden Mergeniň döşünden itdi. Ýigit gozganmady. Zenan bagry-girýan bolup gygyrdy:
– Gaç, Göwher jan! Gaç. Gözüň gören ýerine gaç. Özüňiderýa at. Ölseňem perişde kimin päk öl, gyzym...
Enäniň soňky sözleri gyzyň erkini oýardy. «Päk ölmeli»! Ine, ýol, ine, çykalga. Göwher ýaýdanmady. Bir towsanda bosagadan atylyp çykdy. Gotur gyzyň yzyndan kowmaga synanyşdy. Emma Ata Mäneli ony yşarat bilen saklady. Gyz bolsa, gurduň agzyndan sypan keýik owlagy dek, derýanyň kenaryna atylyp çykdy. Ol säginmedi. Bir demde özüni derýanyň goltugyna oklady. Gojuklar ýeňillik bilen dem aldylar: gyz gark bolmaz. Ol oglanlardan ezber ýüzýärdi...
Mergen bosagadan bir gez beýgelip ätledi. Onuň ýagyrnysy öl suwdy. Emma nepesi durudy.
Nökerler Mergene tarap ümleşip, bir-birleri bilen pyşyrdaşýardylar. Ol pyşyrdylar batragy beýgeldýärdi.
Mäneli Mergene gülümjiräp garady:
– Ýüregiňe sowuk suw urdyňmy?
– Kemiňi goýan däldirin, serdar.
– Zaluwat, öz bikesini dula bakdyraý-dow. –Gotur Mergeniň çignine bälçiräp kakdy. – Oň gujagy sowan-a däldir-dä?
– Indi onuň bedeninden howur öçmez. Öz-özünden tutaşar-da, alawlar durar.
Namys ody tutaşyp, ýigrenç aňa, ýürege eýelik edende, ynsan ynsanlyk ýüzüni ýitirýär: utaýaç-haýadan, ynsapdan-şepagatdan jyda düşýär.
Adam, hernä, akyl-paýhasdan kesilmesin, ylaýym!
Ata Mäneli üzeňňä galdy:
– Zynakäri gapynyň söýesine ýaplan.
Durdy gojugy söýä dirediler. Onuň iň soňky gören zady Mäneliniň mauzeriniň nili boldy,
– Atyň! – Mäneli gazaply gygyrdy. – Tüpeňiniz boşaýança atyň.
Ata Mäneli yzly-yzyna bäş gezek atdy. Gyzgyn gülläniň bäşisem Durdynyň çüri maňlaýyndan sümüldi. Gojugyň kelleçanagy pytrady. Ganbilengatyşylan beýni öýüň gamyşyna syçrady.
Nökerlerem ok gaýgyrmadylar...
Şally oturan ýerinden turjak bolup, telim sapar gobsundy. Bili galmady. Goja iki elini ýere diräp, emedekledi. Ýöne, gapynyňagzyna baranda, garrynyňiňsoňkyja ysgyny gaçdy: onuň öňünde owlup, tike-tike bolanjesediňsudury ýatyrdy.
– Ah, dogan. – Şally maňlaýyny ýere goýdy. – Saňa adam şekilli ölmegem miýesser etmedi. Agaň-a ýakdyň-da, gitdiň. Abyrsyz masgaraçylygy men gerdenim göterermikä?
Şally bagryny ýere oýkap ýatyşyna ysgynsyzsamraýardy:
– Eý, Taňrym! Beýle-de bir gazap, beýle-de bir ýowuz kysmat bolar eken. – Şally dikelip oturdy. Töweregine agyr, näletli nazar saldy. – Asman näme üçin aşak inenok? Ýer näme üçin çöwrülenok? Şemalam öwsüp dur. Heý, pany dünýä! Sen biwepa göwsüňde adamyň derdine ýanjak, aglajak, onuň bilen göwündeş gopjak barmyka?
Şallynyň agzyndan çykýan üzlem-saplam sözler, hiç kimiň gulagyna ilenokdy. Ýogsam, Poladam, Doýdugam onuň gapdalynda ýüzlerini asyşyp otyrdylar.
Dursun henizem öýüň töründe süýnüp ýatyrdy Ol jansyz jesede çalym edýärdi. Ne aglaýardy, ne gymyldaýardy. Ajy aýňalma heniz öňdedi. Ýöne duýgynyň-huşuň doňunyň çözülenine gojuk bary öküner.
Aý aýlanar, ýyllar dolanar. Emma olar ýedi ýadyň ýüzüne seredip bilmän örtenerler. Käte bir-birleriniň ýüzlerine garap bilmänem, ezýet baryny çekerler. Ile-güne çykmazlar. Olara dagdan kölege, derýadan suw ýetmejek ýaly bolar durar.
Daragta dil bitsedi. Onda gojuklaryň bagy dünýäde iň hasratly hekaýaty dörederdi.
Daragtlar, daglar-daşlar dymsalar, hasratly hekaýatlary döretmek adamlaryň paýyna düşýär-dä!

Dekabr aýy, 1992-nji ýyl.

Ikinji kitabyň birinji böluminiň soňy.

* * *

MÄHREM HEM EZIZ ÝÜREK BILEN TÄZE DUŞUŞYK

Redaktoryň sözsoňusy

Ine, Garaşsyz Türkmenistanymyzyň garaşsyz edebiýatynyň janköýer okyjylary iňlisleriň Aýweigosy ýaly, gürjüleriň Data Tutaşhiýasy ýaly mährem hem ýowuz ýürekli gahryman Ata Mäneli bilen ýene duşuşdylar. Türkmen kyssasyna soňraky döwürlerde gelip goşulan alym ýazyjy Amanmyrat Şakulyýew 1991-nji ýylda okyjylaryň göwün çözgüdine hödürlän «Ata Mäneli» romanynyň Ikinji kitabynyň birinji bölüminiň öz okyjylarynyň kesgidine we – suduryna täzeden hödürledi.
Men bu romany birneme tolgunç bilen redaktilemäge girişdim. Çünki, romanyň başky kitabyny ussat ýazyjy dostum Amanny Ataýew redaktirläpdi. Men, eýsem, Amanny neresse ýaly awtora talapkär, sünnä, eseriň many-mazmunyýetine hüşgär redaktor – rejeleýji bolup bilermikäm? Bu baradakykesgide gelmegi men okyjylaryň özüne goýýaryn, ýöne, romanyň täze kitabyny üns elegimden geçirenimde awtora zyýan bermezlige-hä çalyşdym.
«Ata Mäneli» romanynyň täze kitaby juda ýowuz waka barada söhbet gurýar. Ar-Namys, Maşgala abatlygy, Ynsan mertebesi, Aýal-Gyzlarymyzyň mukaddesligi ýaly türkmen halkyna juda gadymdan mälim, juda möhüm meselelere ýowuz darap geçýän bu eser okyjylary gümansyz oýlandyrar. Romanda hut oýlandyrjak ahwalatlar barada batyrgaýlykbilen, şol bir wagtyň özünde-de, örän eserdeňlik bilen, uly medeniýet bilen söz açylýar. Wakalaryň ortasynda Päklik, Haramylyk, Namys, Bigaýratlyk diýen ýaly ynsanyýet üçin juda irnik häsiýetler pelpelläp dursa-da, awtor ahwalatlardan uly ussatlyk bilen baş alyp çykýar. Awtor bu babatda juda dogry hem ýeke-täkbolmaly ýoly saýlaw alypdyr: ol wakalary jikme-jik beýan edýär, a çözgüdi welin... biziň özümize goýýar. «Ata Mäneli bilen, onuň töweregi bilen, ine, şeýleräk wakalar-ha bolupdyr. Men şony beýan kyldym, manyny özüň al, netijäni özüňçykar, gardaş!»diýýär. Dogry pikir.
Biziň başymyzyň, ojagymyzyň penasy, dillermiziň senasy Aýal, Gyz babatda gürrüň açansoň, romanyň şu kitaby juda döwrebapýaňlanýar. Dogrusyny dogry aýtmak gerek, durmuşymyzda bu babatda häzir käbir säwlikler, nogsanlyklar hem ýokdäl. Muny Merhemetli Prezidentimiziň telewideniýe boýunça bir çykyşynda:
«Ar-namys» diýlende men gelin-gyzlarymyzyň bidüzgünçilik edýänlerini, ýoldan çykyp, maşgalada agzalalyk döredýänlerini göz öňündetutaryn. ...Jemgyýet şol adamlary ýazgarmaly, jemgyýet şol adamlarda utanç döredip, ar-namys, milli duýgulary dikeltmeli...» diýip, janygyp aýdan sözleri hemdoly subut edýär. Ine, şu mesele babatynda-da romandöwrümiziň sesine öz mynasyp sesinigoşar. Türkmen halkynyň Aýna, Uzuk, Zyba ýaly päk, arassa göwünli edebi gahrymanlarynyň – sejdegähleriniň üstüne şu romandan soň Hallygözel hemgoşuldy. Men muňa pugta ynanamsoň aýdýaryn. Şol gahrymanlar, şol päkize gelin-gyzlar ýaly, Hallygözel biçärä gelin hem «Ata Mänelini» bir okan okyjynyň gözüniň öňündenömürlik gitmez.
Bu ussatlykdan nyşan.
Ata Mäneli obrazyny, hoşniýetli galtaman obrazyny türkmen edebiýatynda ilkinji bolup diýen ýaly getiren ýazyjy Amanmyrat Şakulyýew gollaryny çyzgap işleýär. Şol başlan obrazyny dolulygyna, başy-aýagy, ähli gapma-garşylyklarybilenokyja ýetirmegiňüstünde gijesinigündizedip, üstümizdäki ýylyň başyndan pensiýa çykyp, eline kagyz-galam alan mahaly iş otagyna hatda, jan ýaly agtyklaryny hem goýbermän, gapyny içinden gulplap işleýär. Romanyň birinji kitaby ýurdumyza ýaýransoň, oňa gazetleriň, žurnallaryň üsti bilen, hatlar arkaly, dürli duşuşyklarda, gürrüňdeşliklerde birtopar bellikler, hoşniýetli arzuwlar aýdyldy, käbir faktlar salgy berildi. Awtor şol arzuwlary, bellikleridoly öwrenip, bişirip, özleşdirip, özüniň fantaziýa eleginden ymykly geçirip, eseriň dowamynyň üstünde işleýär. Ol geljekde, nesip bolsa, ähli faktlary ýenebir gezek öwrenip, işläp, syntgylap-sozup, romany okyjysyna tutuşlygyna hem hödürlemekçi. Göwrüm babatda ýassyga gaýra dur diýjek şol kitap, saglyk bolsa, bize gowja sowgat bolar.
Men roman babatynda öwgi ýa-da tankydy nazaryýet ýöretmekden bilgeşleýinsaklanýaryn. Sebäbi, biziň kyssadan ýagşy baş çykarýan, okap-ýazyp bilýän, gazete, žurnala pikiriniiberipbilýän okyjylarymyz bar. Olar täze kitap barada hem şeýderler diýip umyt edýärin. Bu awtor üçin gowy goltgy bolar, hemaýat bolar.

Amannazar AŞYR, ýazyjy.
aprel, 1994 ý.
Категория: Romanlar | Просмотров: 964 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Amanmyrat Şakulyýew | Рейтинг: 4.5/2
Awtoryň başga makalalary

Romanlar bölümiň başga makalalary

Gala -7: Oýlanma pursady - 16.02.2024
Hakyň didary -4/ romanyň dowamy - 29.02.2024
Hakyň didary -2/ romanyň dowamy - 28.02.2024
Hakyň didary -8/ romanyň dowamy - 02.03.2024
Janserek -4: romanyñ dowamy - 15.03.2024
Hakyň didary -3/ romanyň dowamy - 29.02.2024
Hakyň didary -6/ romanyň dowamy - 02.03.2024
Gala -9: Ömrüň beýany - 16.02.2024
Hakyň didary -5/ romanyň dowamy - 02.03.2024
Janserek -2: romanyñ dowamy - 13.03.2024

Teswirleriň ählisi: 8
0
1 Nurdan  
100
Juda dartgynly roman. Okalym bäri täsirinden çykyp bilemok.
Gynançly..
Emma iñ soñunda Mergeniñ eden işi bilen ylalaşmak, makullamak kyn geldi maña..

0
7 wepaa  
1533
Her dogur bir dowur

0
2 Nurdan  
100
Elbetde gahar, onda-da namysa gezek ýetende gahar has howplydyr, paýhasy başyñdan uçurjagy gûmansyz. Ýöne "iki oba gan çaýkanmaz ýaly hereket edip, Hallygözelñ ene-atasyna-da ýagdaýy şol sebäpli duýdurmadyk Mergeniñ birdenem bir biçäre enäni "ar almak" üçin eden işi aýlyganç. Eger muny Hallygözel diri bolanlygynda-da "namysymy ýerine sal" diýäge-de bigaýrat zynahoruñ günsini ol pahyrdan çykarylmagyna ýol bermezdimika diýýän. Mergen aryny Dursundan däl, Durdy gojagyñ özûne şol işi eden bolsa başga gep. Edil şol ýerine gelinende Mergeniñem Durdy gojukdan tapawudy galmadyga dönen ýaly..

0
3 Nurdan  
100
Ýöne ýene bir zat: Hallygözeliñ armany-ahmyry ýandyrýarka, gül ömri gutaryp durka Mergeniñ Dursuna etmän Göwhere beýle zulumy edäýende-de şol işi etmäge nädip ýüregi galyp edip bildika? Mergen beýdeninden Durdy gojugy daşarda ýalañaç goýup başgalara gözcykgynç has aýlyganç edibem aryny alyp bilerdi. Onuñ Dursun ýaly öñem samsyk binamys ärden ezýet çeken naçaryñ namysyna el gatmagy Mergeni-de haýasyzlandyrdy meñ pikirimde..

0
4 Nurdan  
100
Mergen "iki obanyñ asudalygy üçin" garry zenana el gatyp "namysyny" ýerine saldygy boldugymyka? Ylalaşmak kyn. "Namysy ýerine salmak" däl-de bir naçar üçin başga bir bigünä naçara adalatsyzlyk etmek, olam bir biçäre ene, öz bikesi.. onuñam samsyk äri zynahor gojuk hiç diýeniñde-de Dursunyñam dogan garyndaşlary ilen çalany bardyr-a, olaram-a namys eder Dursun daýza edilen haksyzlyga. Ýa oñaraýypdyr, Mergen haklaryndan çykdy diýip oñaýarlarmyka?

0
5 Nurdan  
100
Durdy gojuk ýaly betnebisi ite daladyp öldürmän kösäp kösäp iñ soñy Mergen atmalydy oglynam ol haramynam. Dursun daýzany ýa-da ýene bir naçary zorlap adalatly "namysy" ýerine salanyndan. Şeýden bolsa Mergenem Ata Mänelem hasam beýgelerdi, hasam adalat dabaralanardy

0
6 wepaa  
1533
Nurdan
Ata maneli hic wagt zyna etmesin diyip edendir ony

0
8 sylapberdimuhamov  
1428
Edil menem şu ýokarky epizodlary halamadym.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]