09:59

Ata Mäneli -4/ romanyñ dowamy

* * *

Atä Mäneli ýüreginiň, göwnüniň gysylan çaglary çölüň sahabatly gollaryny, belent depelerini küýseýärdi. Oňa rumda goş ýazdyrdanam şu islegdi. Köz kimin läleler, reýhan güller, kä gökje, käbişen otlaryň müşk ysy onuň nepesini durlaýardy. Ýumşak howa, sergin şemal Atany, gör, näçe gezek gazaply pikirlerden saplapdy. Depeden-depä dyrmyşyp, çöl baryny söküp ýörkä, damarlarynyň ýumşap, janynyň aram tapýandygyny lezzet bilen duýdy. Şeýle pursatlarda ol arkasyna agdarylyp, urnup ýatan pyşdylyňam deňinden geçmezdi. Barypony eline alardy. Ýaltanman otuň sonar ýerini gözlärdi, tapardy...
Pyşdyl gök ota siňip gidende, Ata Mäneli kanagatly ýylgyrardy. Bu oňat nyşandy. Göwni päkligiň nyşanydy.
Bu gün welin... Çöl Mäneliniň gözlerini özüne örklemedi. Ony ezýetli oý-pikirdenem saplamady. Ýogsam çölüň şypasy häli-häzir egsilmändi. Sapasam ýeterlikdi. Ata olaryň hiç birini duýanokdy. Gije gören düýşi onuň ýüregini lerzana salyp durdy.
...Ata obasyna at derini sowatman geldi. Öýlerine golaý baranda atdan düşdi. Bedewiň jylawundan Tutup, gapdallap ýöredi. Goýun dersiniň ýiti ysy burnuna urdy. Gandymyň Sakardoruň bahasyndan alan mallary bösgäne meňzeýär, agyl giňäpdir. Onuň içindäki ders-gemre galňapdyr. Ýöne, ejesi görnenok-la? Görgüli ir-ertirden mal ýatagyny syrardy. Ata tamdyra tarap nazar aýlady. Ejesinigörmedi. Sakardoruň ýatagyna ser saldy. Sakga daýandy...
Ata Mänelini gorkuzmak kyndy, Ol heniz huşunda-da, düýşünde-de tisginmändi. Häzir welin... Sakardoruň ýumrulan ahyryny göreňde onuň depesinden ýeke- daban inderilen dek boldy. Elendi. Gözi garaňkyrady. Maňlaýyny sowuk der basdy. Ol: «Kakam Sakardoruň ahyryny apalap saklar» diýip umyt etmeýärdi. Ejesinden welin umydygärdi. Bedewiň gazygynda-ahyrynda Atanyň yhlasy, buýsançly ýüreginiň howry bar ahyryn! Heý, ene-de bir oglunyň mähri siňen zady harlarmy? Ene perzendiniň basyp giden yzynam goraklar.
Ýaş ýigidiň ýüregine howul düşdi. Ejesiniňbaşy ýassyga ýetendir. Pahyr, galyp bilmän, gury ten bolup ýatandyr. Ol muňa şübhelenmedi. Diri aýralyk damardan guradar. Görgüli: «Oglum bu gün gara berer, erte dolanar» diýip, gözüni ýola dikendir. Aý aýlanyp, ýyl dolanansoň, enä teselli beren umyt uçgunlary öçendir. Indem ýanyny ýere berendir. Şeýledir. Bolmasa ol Sakardoruň toýnagynyň sesini eşidenden ylgap çykardy. «Balam, geldiňmi? Ejeň didaryny görmäge geläýdiňmi?» diýip topulardy.
Ata Mäneli öýe kürsäp girdi. Ejesini görmedi, Onuň dyzyndan ysgyn gaçdy. Ojagyň başynda çökdi. Öýüň içine gözüni aýlady...
Bu öýde pelegiň çarhy togtaýdymyka? Artan-üýtgän zat ýok. Şol köneje keçeler. Hemmesiniň gyra garasy solan, gülleri tüýdülen. Iki sany haly çuwal. Ine, tärimiň bar zynaty-bezegi. Olaram şu pany dünýä dek köne. Hanha-da, Atanyň moýly käsesi. Ol ondan çaý içipdi. Gowurdak atynan pillesem bolupdy. Demir sandygam, gyrasy gädilen tabaklaram öňki-öňki ýerinde. Düýe ýüňünden gaplanan bir oýnam ýorgan. Olarda Atanyň teniniň ýylysy saklandymyka? Üýtgän-özgeren zad-a ýok. Öýüň uklaryna ýelmeşen gurum, olaryň ýanyk ysy... Bularda-da artan-kemelen zat ýok. Hamana, Atanyň bu öýden çykyp gidenine iki ýyl geçmedik ýaly.
Indi seredip otursa, Ata bu öýde, her halam bolsa, bagtyýar eken. Sakardora guwanardy. Ejesiniň mährine çoýunardy. Seýregem bolsa hezil edip gülerdi. Käte aw etinden çekdirme-de bugarardy. Ejesiniň mele-myssyk nanyndan doýanda billenerdi. Huruş küýsemezdi. Ol günler öz mazasy bilen ömürlik geçip gidäýdimikä? Pelek gyňyrdyr öz-ä!
Doýduk gapydangeldi. Onuňgoltugynda gury jagrama bardy. Gyz agasyny görüp ýylgyrmady. Oňa sözem gatmady. Sowuk göreçleri bilen igendi. «Sen bizi unutdyň, Bir at diýip, ejemden geçdiň» diýdi.
Ata ýaýdançly gepledi:
– Doýduk, ejem hany? Bir ýana gitdimi?
Gyz dymdy. Hasrat bilen dymdy, Onuň horja ýaňagyndan bir damja ýaş syrykdy-da, ojagyň külüne siňip gitdi. Şol pursatda-da aýylganç bir ses Mäneliniň depe saçyny üýşürdi.
– Aýu, aýallar-u-u! Meň zarymy eşideweriň-u-u-u. Gaýratly ogul dogurmaň-u. Laçyn dogurmaň-u, aýallar-a-a. Söýüp, mährinden ganmankaň uçar gider-u-u.
Hurma asmanda gaýyp, uçup ýören ýalydy, Onuň sesi bir görseň, Atanyň edil alnynda, bir görseňem alysda ýan berýärdi. Kä ýerden, kä asmandan eşidilýärdi.
Ata Mäneli çar tarapa ylgady. Ýykyldy, Hasanaklap galdy. Ýene ylgady. Emma ses ýetdirmedi, Oýa indi daglara düşdi. Şondan soň älem-jahan hasratly heňe gaplandy gitdi.
– Laçynymy uçurdym-u-u-u, laçynymy uçurdym-u-u-u...
Ata Mäneli birbada näderini bilmedi. Aýak çekdi. Ýüzüni ses gelýän tarapa öwürdi-de, gygyrdy:
– Eje-e-e! Men geld-i-i-m...
Ata öz sesine oýandy.
Beýle-de bir elhenç düýş bolar eken. Ýykylan ahyr. Ejesiniň gaýyp bolmagy, onuň hasratly zary... Bular nämäniň alamatyka?
Ýaş ýigit düýşüni ýorjak bolup azara galmady. Ur-tut geýindi. Ol Mänä tarap atlanmakçydy.
Kimdir biri igençli seslenen ýaly boldy:
– Tal çaýkansa, şemaldan. Ykbal çaýkansa, bikemallykdan.
Mäneli göteren ädimini yzyna aldy. Lampa aşak oturdy. Ses ýene ýanlandy:
– Sabyryň yzy salamat, sabyrsyz kişi – melamat.
Sabyrsyzyň melamat boljag-a ikuçly däl.
Ata dogduk obasyna barsa, onuň öňünden çykan bolmazmyka? Perman baýyň kowmuna düşen ýara köneläýdimikä? Könelen däldir. Namys ýarasy könelmeýär. Ganjarýar, durýar. Olar Mäneliniň ata-enesine azar bermediler. Goja kişileri bigünä saýdylar. Ata bärden barsa, köräp duran namys ody täzeden tutaşar. Permanlar ýaraga ýapyşarlar. Ýapyşmasalar olary bigaýrat saýanlar tapylar. Olar sürünseler, Ata-da mauzere ýapyşar. Gülle çawar. Ýene gan, ýene pida. Duşmançylyk täzelener...
Ata Mäneli birhowa ejirli oýlandy. Soňra egnindäki mauzeri sypyrdy. Duşmançylyk täzelenjek bolsa, duşuşygyň mazasy bolmaz. Oba ýene ýas çöker. Beýle duşuşyga Atanyň ejesi begenmez. Gaýta gyýylar. Mäneli muny ýüregi bilen syzdy. Howlukmazlygy akyl saýdy. Häzir ol ejesine dogaý salam ýollar. Başynyň dikdigini eşitse, ene perzendini gören ýaly bolar.
Ata Mäneliniň ýüregine batyp duran daş erän ýaly boldy. Ol ilkinji gezek soňuny saýypdy. Öz höwesini-islegini owsarlapdy. Il bähbidini arap owsarlapdy.
Ata Mäneli hak ýoluna düşäýdimikä?

* * *
Jumady-el-owwal-dört tirkeşigiň üçünji aýy ortadan agdy. Ýazyň howasy, hamana, juwanlykdan arany açan adam ýaly, durguşdy. Lemmer-lemmer bulutlar gözden uçdy. Asman indi gije-de, gündizem açykdy, durudy. Kuýaşyň howry pursat saýyn artdy. Toprakdan nem göterildi. Ýap-ýaňy bahar çabgasyna ýuwlan daragytlary çaň basdy.
Meýdanyň maýsa-sonaram tomsuň ýyly demini golaýdan duýdy: olaryň ýüzi gaýtdy. Akaba suwdan ganan ýorunja gülledi. Ir säherde ol bal garnawly ysy töwerege ýaýratdy. Terje güllerde bal arylary perwaz urdy. Murgap derýasy bahar daşgynyndan soň köşeşdi. Akymy-bady haýallansoň, derýa argyn görünýärdi.
Adamlar... Tomsuň alkymlap gelmegi bilen olaryň ata-baba gelýän ýörelgesi üýtgemändi. Jan bar ýerinde, şatlygam bardy, hasratam. Bagty çüwen rowaç tapýar, arşa galýar. Kimiň etegine ot düşse, şolam ýanýar. Kesel aşdan başlanýar, dawa garyndaşdan turýar...
Günler yzly-yzyna geçip durdy. Dursun rahatlanyp bilmeýärdi. Zenan agyr-agyr ahwalatlary gözüniň öňüne getirýärdi. Köp-köp zada kaýyldy. Durdy üstüne aýal alsa-da, ol aglamaz-eňremez. Ajy kysmata är kimin döz geler. Goşa pudagy synmasa bolýar. Baş dilegi şol. Ýöne zenan gorkýardy. Käte körüň zyňan daşy baryp, keliň başyny ganadaýýar.
Soňky döwürde alasarmyk bir duýgy Dursunyň ýüregine ýapyşdy. Edil ojakdan göterlen uçgun kimin ýapyşdy. Uçgunyň gün-günden howry artýardy. Dursun gojugyň Hallygözel bilen şol ir-ertirki duşuşygyny birden ýatlanyny duýman galýardy...
Dursun derýanyň güzerinden indi. Şemala pasyrdaýan köýnegini bir eli bilen tutup, boş eli bilen bedrelerini doldurdy. Agras yranjyrap ýapyýokaryk dyrmaşdy. Zenan suwly bedreleriň agramyna öňe egilýärdi. Şonda onuň birneme ýaýran ýagyrnysy mazaly küýkerýärdi. Boýnundaky, alkymyndaky ýygyrtlar gürelýär, ýognaýar. Dem almasy ädim saýyn ýygjamlaşýar.
Zenan kenardan känbir saýlanman aýak çekdi. Ol nepesini dürsemekçidi.
Gojuk şol gün giç örüpdi. Olam, ýöne ýere däldi. Hataryň ugry adam-garadan sabaşansoň, Hallygözeliň gapysyndan garamakçydy.
Hallygözel şol ýakymsyz duşuşykdan soň ätiýaçlydy, känbir obadan arany açmaýardy. Ýagdaýyny tapsa, ekin üstüne-de ýeke gidenokdy.
Durdynyň gökdäki dilegi ýerde gowuşdy: Hallygözel daşky bosagada bir zada güýmenip otyrdy. Gojugyň süňňi guş ýaly ýeňledi. Duýdansyz möwç alan hyjuw-duýgy ony öz tolkunyna dolap aldy-da, täze ryswaçylyga tarap alyp gitdi.
Dursun gojugyň jahyl dek bezemendigini saýgardy. Onuň Hallygözeliň gabat garşysynda aýak çekendigini, gelne siňňin-siňňin seredendigini gördi. An-ha, Hallygözel pasyrdap (ara açyk bolansoň, onuň siltenjiräp turandygyny saýgarmandy) galdy, saýhally basyp kepbesine girip gitdi.
– Gojug-a täze gelni synlaýar-ow. – Dursun höwesli pyşyrdady. – Don-u, gelin, täze bolsa parhy ýok, ula-kiçä syn bolýar-da. – Ol hoşallyk bilen dem aldy. – Hernä, Mergen gelinden bagtly eken. Hallygözel asylly maşgala. Görelde görüpdir. Görk-görmeginde-de kemi-kösi ýok. Alny-bagty açyk bolsun-da hernä.
Dursun suwly bedreleri ýeňil göterdi...
Zenan şol gören ahwalatyny gaýdyp ýatlamandy. Ol onuň ýadyndanam çykaňkyrlapdy. Ýöne Dursunyň kalbyna şübhe dolaly bäri, ir-ertirki duşuşyk ýowuz mana eýe bolup barýardy.
– Toba estagpyrylla. – Dursun öýünde, ojagyň başynda oturyşyna şol duşuşygy huşundan geçirdi. – Men päli azanyň ýaman niýetini ýagşa ýorup ýörsem nätjek. Gojuk gelniň işe gaýymlygyna guwanýandyr öýtdüm. Ol bolsa ýaraşykly syna gözüni diken eken. Akmak, azgyn diýerler saňa. Ýaş, owadan teniň gadyryny biljegem senmi? – Zenan ýuwdundy.– Beýle-de bir keýpbazlyk bolar eken. Eý, Hudaý jan Durda-ha bir erkek kişi. Hallygözele näme gerek diýsen-e. Namys, utanç-haýa. Äriň mertebesi, güler ýüzi. Dogan-garyndaşyň ady-abraýy. Bularyň üstünden ätläýmek... Başartjak zatmy? Ätläýeňde nämäniň hatyrasyna ätlejek? Iner kimin äri bar. Üstüne öý dikildi. Ojakly boldy. Abraýly, döwletli hatara goşuldy. Beýle bagtyň ýüzüne gara çekmek, ataň ýaly adamyň höwesini paýlaşmak... Ärem-ä ýaňyrak gelip gitdi. Ýüregine sowuk suw urmadymyka, lolyň.
Dursun pikir ede-ede ýoruldy. Ol eline pilini, ýüpüni aldy-da, baga tarap gitdi.
Howa petişdi. Asman gümmezi bagyň depesinde doňup durdy. Özem, hamana, aşak çöken, peselen ýaly, garry erikleriň şahalaryna degäýjek bolýar.
Zenan howpurgady. Bulanan, aşak çöken asmanonda hoş duýgy döretmedi. Ol gaýdyp gögüni garamady. Bagyň aşak çetindäki ýaş nahallaryň hataryna baryp aýak çekdi.
Haşal ot hüwläp galypdyr. Olaryň kölegesinde saýalabermeli. Sanlyja günde ot nahalyň janyna dalaş gurar: yzgary sokga sorar, ýeri demir ýaly gatadar. Ana, onsoň nahal demligi gysylan çaga dek boglup, saralyp oturandyr.
Dursun ilki gabat gelen nahalyň düýbüne çökdi. Pil bilen ösgün çaýry gyrçap başlady. Birbada onuň dünýäsi giňedi. Zenan ýiti pili ýere birsydyrgyn sünjüp oturyşyna, ejirli pikirlerden kem-kemden ara açdy. Ol gyrçan çaýyrlaryny isrip edenokdy. Saýhallap, kölegeräk ýerde basyp goýýardy. Soňra her daýym bilini ýazýardy. Otdan saplan nahalynyň düýbüni agdaryp, ýumşadýardy,
Şäher tarapdan şemal öwüsdi. Dursun ýagyrnysynda ýakymlyja sowuklyk duýdy: ol derläpdi. Emma saýa çekilmäge, deriňi gaýtarmaga wagt ýokdy. Basym ekin üstüne gidenler gaýdyp gelerler. Olar gelmänkäler, çaý-naharyň ugruna çykmalydy.
Dursun ýygan otlaryny arkasyna aldy-da, öýünegaýtdy.
Zenan öýüň deňine gelende doňup galdy. Uýat işde tutulan dek goram-gowşak boldy. Arkasyndaky ot syrygyp düşdi. Aňmady. Ýüzi laplap gyzdy. Dodaklary kepedi. Kineden, namysdan ýaňa bokurdagy doldy. Ol ysgyn-deramatdan gaçan göwresini zordan ojagynyňbaşyna atdy.
Dursun bary-ýogy sanlyja ädim ädipdi. Emma ol kötel ýol külterläne meňzeýärdi. Daljygyp dem alýardy. Ýüregi bolsa... Ýürek ýarylaýsam diýýärdi. Bu, geňem däldi. Dursunyň gören ahwalaty onuň ýüregine sygardan uludy: Durdy Hallygözeliň tamkepbesine girip barýardy.
Dursun dura-bara öçli pyşyrdap başlady. Gargyndy. Kime? Elbetde, Hallygözele. Şol ganjyk guýruk bulamadyk bolsa, Durdy haram keýpe huşuny aldyrmazdy. Bedasyl kemçin hile gurandyr. Dursunyň döwletli ojagyny görübilen däldir. Gojugam erkek eşek-dä! Abraýdan düşerin, ryswa bolaryn diýýän däldir. Töwerekde gözüň, tamda gulagyň bardygy, köpdügi huşundan uçandyr. Haram keýpem batyl bolarmyş. Akyl-huşa badak atarmyş. Dursun oturan ýerinden Hallygözele hemle urdy:
– Dur bakaly, kemçin. Terje bedeniňi güjeňläp, Gojugyň akyl-huşuny güň edensiň welin... bal gününe batmarsyň. Durdyň gujagyna özüňi oklan günüňe nälet okap geçersiň. Öz tutaşdyran oduňa çürşersiň. Sözüm sözdür, ähdim ähtdir, heleý.
Kimdir biri Dursunyň synyndan çekýän dek boldy. Gabahat işe Durdynyň özi baş goşan bolaýmasyn? Gelniň ýanynda äri-penasy ýok. Gojuklary arka tutunyp oturan ýeke ýigidiňnaçary. Gaýyn ata ornunda daşyny dolamaly adam sürünse, ol aljyrar,gorkar. Beýle masgaraçylygy diline alyp bilmez.
Bu pikir kellesine gelende, Dursun böwrüni diňledi. Onuň gulagynda bolsa, bir wagt aýdylyp-golan, soňam wagtyň geçmegi bilen undulan sözler ýaň berip gitdi...
–Dursun, dogan, sen, ýaşyp barýan Gün kimin git-gide solýaň-la. Juwanlykdan ara açmankaň soldun-la? – Doýduk eltisine dözümsiz garady. – Gylyksyz är bilen sürlen ömürde maza ýok bolarly.
Dursun birbada dil ýarmady. Onuň ýüzüne düşengasynlar çuňaldy. Ýöne, zenan eltisine gahar etmeýärdi. Doýdugyň ýüregi sapdy. Bu gürrüňi ol eltisini örtemek üçin agtarmandy. Dursuny ynjadýan, onuň ýüregini oda çirkizýän zat başgady. Ol bagty oňan zenan kimin başyny dik tutup gezmegi başarýardy. Eradasynam saklaýardy. Onuň kalbyndaky harasady duýýan ýokdy. Ýöne, görküňe, durkuňa wagtyndan öň talaň salynsa welin... ony dostuňdanam, duşmanyňdanam gizläp bolmajak eken.
Dursun tukat dillendi:
–Ýazgytdyr-da, dogan. Ýazgytdan-kysmatdan sowlan ýok. Menem sowuljak bolmadym. Kaýyl boldum.
–Gül ömrümi köýdürdim diýsene.
–Zenanyň ömrüniň barja manysy göwün söýen ärli bolmakdamyka? – Dursun Doýdugyň ýüzüne täsirli garady. –Il deňinde öýüň-ojagyň bolsa. Ogluň-gyzyň direnişip dursa. Bular aýal üçin pes bagt däl ahyryn. Onsoňam, dokuzy düzüw barmy näme?
–Ah, dogan, gylyksyz är ol bagtyň tagamyny bildirmez. Ýüregiň ýanyp durandygyny bilýän-le.
–Ýüregim ýanyp dur. Ol aýdýanyň çyn. Ýöne, gursagym ýalynly diýip, abat ojagymy ýumraýynmy? Öz ýamanymy kişiniň ýagşysyna çalşaýynmy? Ýa ýüregimdäki ody söndürjek diýip, haýa-şerimden ätläýinmi? Men ene ahyryn! Ogul-gyzyň hatyrasyna zenanlyk hyjuwymy-duýgymy pida edip bilmesem, menden ene bolarmy? Maňa nesip etmedik eşretiňogluma-gyzyma nesip edenini görsem maňa bes. Ondan uly bagty küýsejegem däl.
–Belki, nesip edäýedi-dä! Ýöne, dogan, ogluň bir atasyndan ejaply bolsun-da.
–Waý, gyz, o näme diýdigiň bolaýdy?
Doýduk darykmady. Sesini peseldip dowam etdi!
–Sen äriňaýal-gyza seredişem bir uýatsyz. Iki gözi görejiňde, ýa göwsüňde. Onuň süňňi halal, niýeti düzüwmikä, gyz?
–Niýetimi? –Dursun Doýdugyň ýüzüne ýylgyrypbakdy. – Göwsüňi güjeňläp ýörseň, erkegiň niýeti düzüw bolarmy?
–Toba! –Doýdukburç ýaly gyzardy. – Beý diýmäge neneň dilin barýa, gyz?
–Gyzaryp oturma. Oýun etdim, men. Ynha, ýüwürjiň kyrkdan geçer welin, garran göhert kimin mugyra geler.
–Haý, bilmedim-dä. Süňňi haramylar düzelmezmiş.
–Agzyndan haýyr açawer, dogan.
Doýduk şonda sesini çykarmandy. Manyly dymypdy. Indi Doýduk weli bolup çykaýdymyka? Belki, Dursun peşeden pil ýasaýandyr. Zenan olary çolaşyp ýatyrkalar görenok ahyryn. Gaýyn atadyr-da, aýtmaly-diýmeli zady bolsa gelniniň öýüne bararam-gaýdaram. Töre geçip, bir käse çaý içäýende-de aýyp-syn ederezat ýok.
Dursun uludan demini aldy. Ynjyly pyşyrdady:
–Ýüregim ynjalyk tapanok. Köşeşenok. Bir gabahat işiň bardygyny syzyp dur.
Dursun ynjady. Şonda-da, ol namys jeňine galkynyp bilmez. Zenan muňa basym göz ýetirdi. Onuň tutaşdyrjak bolýan odundan ganyň ysy kükäp dur eken. Aýylganç syr açylsa, ýeňiji az bolar. Oňa derek gojuklaryň hataryndan süýjülikli günler göteriler. Ulynyň-kiçiniň depesinde ölüm karkarasy ganat gerer. Ilki bilenem Göwheriň namysyna talaň salnar. Şat günüňde-de, namys jeňinde-de gunça gyza tiňkesini dikmejek erkek bolmaz.
Zenan ýüregini bire baglady: ol dymar. Çydamsyz hasratam, näme, kem-kemden onuň ýüregine çöker. Dursunyň duýgusy indi depelenmeli däl ahyryn!
–Ol-a şeýle-le. – Dursun göwünsiz pyşyrdady. – Hasratyny-derdini ýüreginiň teýinde göterip ýören zenan-a köpdür-le. Hudaýym, men şolaryň iňsoňkusy bolaýyn-da!
–Eje, sen kim bilen gürleşip otyrsyň? – Gözher açyk gapydan çalasyn ätledi. – Ýanyňda hiç kimem ýok-la. – Gyz ejesine çiňerildi, – Waý, sen aglaýaňammy? Saňa näme boldy? Ýaranokmy?
Dursun gyzynyň elinden tutdy-da, gapdalyndaoturtdy. Emma dil ýarmady. Käme diýsin? Keýgim, seň ataň zynakär diýsinmi, ogul-gyzy hatyralamady. Çal başyny ryswa etdi diýsinmi?
Dursun ýüregi üzlen ýaly tisgindi. Zenanyňgözmiň öňünde aýylganç görnüş janlandy. Mergen bagyň çola künjünde Göwheriň üstüne topulýar, ony ösgün otuňüstüne süýreýär...
Ene gyzyny biabraýçylykdan goraýan dek, ony hyruç bilen gujaklaýar. Aladaly seslenýär:
– Seň başyň aman bolsa, ejeňe dert-bela ýokuşmaz, gyzym.
Göwher arkan gaýyşdy, ejesiniň gözlerine seretdi:
– Waý, ejemiň aýdýanyny. Sen aglapsyň, Gözüňgyzaryp gidipdir.
Dursun gyzyna siňňitli garady. Haýran galdy. Içini gepletdi:
– Iki aýakly iki günde diýenleri-dä. Ýap-ýaňyja-da mana düşmez gyzjagazdy bi. Eýýäm oglanlykdan saýlanyp barýa. –Dursun Göwheriň şar gara saçlaryny sypady. – Saçy örüme gelipdir. Bosagamyň agzyny sübselänlerinem duýman galaryn...
Ene mamlady. Daragt boýny alsa, ilki bagban duýýar. Gyzyň boýy ýetse, il-gün biler. Dogran ene gapysy açylanda aňar...
Gül parasy ýaly gyza atasynyň kösti ýetäýse, nädip bolarka? Bu pikir enäniň tenine neşder bolup batdy ýöne, ol öz ünjüsini bildirmedi. Gyzyny ynjaltmaga howlukdy.
–Ejeň indi garry aýaldyr-da, Göwherim. Begense-de aglar, gynansa-da.
–Waý, ejemi! Begenen adam aglamaz. Güler-ä ol.
– Ýaşyň bir çene baransoň, begenjiň-gynanjyň gatyşar gider. Adamzadyňky şeýledir, gyzym.
Göwher ejesiniň sözlerinde hile gatanjy bardyr öýtmedi.
Dursun gobsundy:
–Gyzym, men oturmaýyn. Kakana çaý goýaýyn. Basym geler ol.
–Kakam atyny münüp gitdi ahyryn.
– Gitdi? Nirä gitdi?
– Ýüz-ä şähere tarapdy.
Dursunyň ýumşan damarlary täzeden tow aldy.

(dowamy bar)...
Категория: Romanlar | Просмотров: 750 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Amanmyrat Şakulyýew | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Romanlar bölümiň başga makalalary

Gala -5: Maksat - 12.02.2024
Gala -4: Ömrüň beýany - 11.02.2024
Janserek -4: romanyñ dowamy - 15.03.2024
Hakyň didary -6/ romanyň dowamy - 02.03.2024
Gala -10: Höküm / romanyň soňy - 16.02.2024
Janserek / roman - 13.03.2024
Janserek -2: romanyñ dowamy - 13.03.2024
Hakyň didary -3/ romanyň dowamy - 29.02.2024
Hakyň didary / roman - 28.02.2024
Hakyň didary -5/ romanyň dowamy - 02.03.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]