17:37

Atamyň durmuş hakda aytmadyk zatlary: Şowsuzlyk gorkusy

ŞOWSUZLYK GORKUSY

Saňa birnäçe sowal: “Şowsuzlykdan gorkýarmyň? Işiň ugrukmazlygyndan howatyrlanýarmyň? Bir zatda işim ugrukmaz öýdüp, synanyşyp görmekden gaça durýarmyň?».Eger-de sen “hawa” diýip jogap berseň, onda seniň öňüňde, dogrudanam, ullakan böwet, päsgelçilik peýda bolar we sen aglaba şeýle halatda arzuwlaryňy hasyl edip bilmersiň.
Şowsuzlyk gorkunç zat däl. Şowsuzlyk üstünligiň ganatydyr, ruhudyr, barlygynyň jöwher janydyr. Durmuşda haçandyr bir wagt büdremedik ýa-da agsamadyk adamy hiç wagt görmersiň. Işi rowaç adamlaryň ählisi hem şowsuzlyk tagamyny dadyp görendirler. Hiç bir adam Allanyň kesgitlän bu durmuşynda: “Bu ýolda üstünlik hemişe meniň hemram boldy” — diýip, aýtmaga milt edip bilmez.
Şowsuzlyk her birimiziň taplanmagymyz üçin tejribeler toplumy. Ol dogry ýolundan sowlan we egrelen maksatlarymyzy düzedýän zat. Üstünlik üçin düýp esas we özen.
Beýik Britaniýanyň öňki premýer-ministri Uinston Çerçill üstünlik hakda söz açanda:
“Üstünlik bir şowsuzlykdan başga bir şowsuzlyga ynamyňy, yhlasyňy ýitirmän geçip bilmekdir” — diýip belleýär. Ol şowsuzlygy üstünligiň esasy serişdeleriniň biri hökmünde görýär we şowsuzlyk bolmazdan üstünligiň kämil bolmaýandygyny, şowsuzlyk bolmasa üstünligiň sap tagamyny duýup bolmaýandygyny nygtaýar. Ýöne beýle diýildigi şowsuzlyklara kaýyl bolup, arkaýyn oturmalydygymyzy aňladanok.
Bir zada aýratyn ähmiýet ber: nämedir bir zady döretmegi, ýasamagy, ýerine ýetirmegi ýüregiňe düwseň, şol ýerde şowsuzlygyň hem peýda bolup biljekdigini unutma. Esasanam, has gowy tarapa özgermegi ýüregine düwen— özgeriş heňini çalýan adamyň hut ýanynda şowsuzlyk bukulyp durandyr.
Iň ýönekeýi adaty durmuşy alyp göreliň. Her gezek gujurly, işeňňir, işewür boldugyňça, artykmaç işläp, zyýada hereket etdigiňçe, gaýrat etdigiňçe, her gezek hem säwlikler, hatalar ýüze çykyp biler. Ýöne özüne, jemgyýete, il-güne haýry bolmadyk adamlar ýata suw mysaly. Diňe şolar, ýagny işlemeýän, jan etmeýän adam ýalňyşanok. Ýöne bu ýagdaý onuň tutuş ömrüniň ýalňyşlykdygyny, hatadygyny, günädigini görkezýär.
Şowsuzlyga iň mynasyp gaýtawuly hiç bir halatda umytdan düşmeýän we her neneň bolsa-da, hemişe üstünlige ymtylýan adam berip bilýär. Şowsuzlygyň garşysyna iň jaýdar hereket öz maksadyň üçin gaýta-gaýta synanyşmakdyr, erjel we tutanýerli bolmakdyr. Ýeňip geçmek, üstün çykmak üçin şol şowsuzlygyň sebäbini öwrenmekdir.
Arap dilinden terjime eden Rahmet Gylyjow
Категория: Pedagogika we edep-terbiýe | Просмотров: 513 | Добавил: Palitra | Теги: Kerim aş-Şazili | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Pedagogika we edep-terbiýe bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]