07:50

Atanyñ ogluna pendi

ATANYÑ OGLUNA PENDI

Ömür boýy hemrañ bolsun kanagat,
Päliñden tebähet göçmesin oglum.
Diýmesinler: "Başa düşen melamat"
Ojakdan alawyñ öçmesin, oglum.

Iliñ oñlan zadyn senem ykrar et,
Ýar ýolunda gözleriñi dikrar et,
Mahal-mahal sähralara şikär et,
Atan okuñ sowa geçmesin, oglum.

Dostuñ ynamyny çykarma puja,
Çyn sarpa beslegun gaýrata, güýje,
Goñşyñ bilen ýaşap äbede-jüýbe,
Gozgama olary göçmesin, oglum.

Gadyrly görende senem gadyr bil,
Myhmanyña aş-nanyñy hödür bil,
Ýolda-yzda adam görseñ Hydyr bil,
Zybandan ajy söz çykmasyn, oglum.

Gabat gelse batyllara dide bol,
Giñ deñizde azaşana ada bol,
Mertebäñi sakla hem-de sada bol,
Biweje syryñy açmagyn, oglum.

Adalatly, halal, ynsaply bolgun,
Ýürekden aglagyn, ýürekden gülgün,
Ýagañda şeýle bir gübürdäp gelgin,
Ýalñyz damja bolup gaçmagyn, oglum.

Müdümilik alyp durmaryn ýanyñ,
Uzynly-gysgaly biçiler donuñ,
Şonda durgun sarsmaýşy dek gaýanyñ,
Sähel zada gonup-göçmegin, oglum.

Hakykat ugrunda tutaşsañ ýaka,
Jiger bölünmesin hiç wagt ikä,
Bir şowsuzluk başa düşse birdenkä,
Özüñden öz göwnüñ geçmesin, oglum.

Ýoldaşyñy düzet ýola çykañda,
Gözde müýn bolmasyn dogry bakañda,
Hem oýlanyp ata pendi hakynda,
Il-günden arañy açmagyn, oglum.

Hajyly ŞAMÄMMEDOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 328 | Добавил: Medinilla | Теги: Hajyly Şamämmedow | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Ak goşgy / Goşgular - 04.02.2023
Ива / Goşgular - 18.01.2023
Hoşlanmakak aýtjaklarym / Goşgular - 08.01.2023
Gar ýagýar / Goşgular - 06.01.2023
«Всё настоящее ничтожно…» / Goşgular - 26.01.2023
Алмаз / Goşgular - 09.02.2023
Змей Горыныч / Goşgular - 22.01.2023
Goşgularym! / Goşgular - 06.01.2023
Лиле Эфрон / Goşgular - 29.01.2023
«Муза, погибаю!.. Глупо и безбожно…» / Goşgular - 19.01.2023

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]