23:46

Aý bilen söhbet

AÝ BILEN SÖHBET

Unutma,
Her agşam seni ýatlaýan,
Bialaç ýatlaýan gözel keşbiňi.
Maňa derek bolsaň görüp bilerdiň,
Arzuwlarma ýoda ýasap gelşiňi.

Gije gelip göge seçende patrak,
Bulutlaryň girdabyndan Aý bakýar.
Aşagynda duşuşanmyz ýatladyp,
Ýene-de gulagma çawuşyn çakýar:

— He-eý aşyk, ýene-de geldiňmi seýle?
Näzlerini gözläp şol näzeniniň,
Pelek öwrüminden bolup nägile,
Hem näletläp näletkerde zeminiň,
Saňa atan ýowuz pitjiňlerini,
Synaglarny seň ýoluňy baglaýan...
Bilýän, ýerliksizem däldir-le weli,
Ykbalyňdan sen juda kän nalaýaň.

Durmuşdan ýitiren bagtyňy sorap,
Aýlanýaň şol duşuşylan tünege.
Ýyldyzly asmana nazaryň dikýäň,
Misli garaşýan deý menden kömege.

Hany?! Meň elimden zat barmy gelýän?!
Düşün maňa, durma içiň hümledip.
Ne-hä men bagtyňy gaýtaryp bilýän,
Ne-de bilýän dertli halyň ýeňledip.

Bilýän, saňa agyr gelýär bu günler,
Menden başga düşünmez seň derdiňe.
Biumyt ertirler, armanly düýnler
Şu günlerňi hiç goýanok erkine.

"Hemme zat düzeler" diýip biljek däl,
Ýa biljek däl dertleriňe em edip...
Söygiň ömürbaky galar kalbyňda,
Ýaşaýyşa hyjuwyny kemedip.

Berdimyrat BÄŞIMOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 322 | Добавил: Мylayym | Теги: Berdimyrat Bäşimow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Güýz gijesi. Noýabr / Goşgular - 30.01.2023
Hoşlanmakak aýtjaklarym / Goşgular - 08.01.2023
Saňa duşup... / Goşgular - 06.01.2023
«И ночи и дни примелькались…» / Goşgular - 12.01.2023
Nirede sen, jenanym? / Goşgular - 01.01.2023
Sowally dünýä / Goşgular - 04.02.2023
Deprem / Goşgular - 13.02.2023
Красная Шапочка / Goşgular - 14.01.2023
Сочувственное послание Сарре, графине Джерсей, по поводу того, что принц регент возвратил ее портрет м-с Ми / Goşgular - 10.01.2023
Элегия / Goşgular - 24.01.2023

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]