07:17

Aýdym-sazyñ Nurylaryna

AÝDYM-SAZYÑ NURYLARYNA

Adyň Nury bolsa, ýa Nurum bolsa,
Saz çalarsyň ýa-da aýdym aýdarsyň.
Degişme bolansoň meniň bu goşgym,
Belki, ony ýalandyram öýdersiň.

Bagşymyz bar NURberdi Gul,
Aýdym aýdýar, hezil berýär.
Annaň ogly NURmyradam,
Toý-tomguda ykjam durýar.

Nabadymyz NURmuhammet,
NURjemalmyz ýürek nagşy.
Iki sany NURYsy bar,
NURýagdyýew Nury bagşyň.

NURy Muhat kompozitor,
NURy Baýram aýdym aýdýar.
Sapar NURum,
Durdy NURy,
Çary NURUm…
Ýöne bular bärden gaýdýar.

Kompozitor Halmämmedow.
Oňam ady NURY ahyr!
Sazçylaryň NURudygna
Sebäpgär däl juwan şahyr.

Geň galmaly!
Muňa seret!
Geçen tomus Moskwadan
Okap geldi bir aýdymçy.
Tanyş boluň: NURY Meret!

Şirin mukam Nurylarmyz,
Guwanýarys adyňyza.
Bizem barars gurultaýa,
NURY dakyp adymyza.

Atajan TAGANOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 484 | Добавил: Мylayym | Теги: Atajan Tagan | Рейтинг: 2.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024
"At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024
Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024
Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024
At galar / Goşgular - 11.02.2024
Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024
Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024
Siziñki / Goşgular - 30.01.2024
Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024
Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024

Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Gurgencli  
324

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]