22:43 Aýly agşam Newanyň kenarynda | |
AÝLY AGŞAM NEWANYŇ KENARYNDA
Mawy öýme tolkun atýar ýüzünde, Geçmişi görýärin Newaň gözünde. Kenaryňda atlar galýar çarpaýa, Şeýle bir howlugýar olar bir ýana. Gök asmana atylýan dek bürgütler - Elleri jylawly merdem ýigitler. Aýly agşam göýä çyn dek şekili, Ýitýär, üýtgäp tolkunlaryň akymy. Tolkunlar ylgaşyp, bir ýana gitdi, Gursagynda Aý asmana seretdi. Seçelenip, daşyn aldy halka zer, Onuň kenizleri - parlak ýyldyzlar. Mawy Newa, aýly asman öpüşdi, Göýä syrdaş pynhan ýerde tapyşdy. Aýyň zülplerini oýnady, öpdi, Aý käte tutuldy, käteler sypdy. ...Newada köp täsin aýdymy duýdum, Söýdüm men olary, janymdan söýdüm. Goja Newaň ýüzi şeýle bir tämiz, Göýä heniz öpülmedik gözel gyz. Ogulgerek GULLAÝEWA. | |
|
√ Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024 |
√ Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Şert / Goşgular - 09.02.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |