Azaşarsyň diýme, Galma azara. Dogry — üstüm gije, dostum hem köp däl. Ak pulum ýok gara güne aýara, Keýpim hem hemişe o diýen kök däl. Ýöne görýän dünýä oýnuna gyzyp Ýöreniň gözüne ilmejek zady. Görýärin men bagtymyzyň ýyldyzyn, Azaşanlar üçin ýakylan ody .