23:17

Baga aşyk bagban bolsañ...

Baga aşyk bagban bolsañ,
Eliñdäki paltañ näme?
Halal bolsa iýýän nanyñ
Bukup ýören haltañ näme?

Erkimde bägüliñ müşki
Ýüzümde Tañrynyñ yşky,
Eziz bolsa göwün köşgi,
Basyp ýören kültäñ näme?

Soñy boş tupan-silleriñ,
Deñi däl joşly Nilleriñ,
Dür dökýän bolsa dilleriñ
Zäher daman peltäñ näme?

*   *   *

Nämä gerek ýandym diýmek
Uçgun ýokka ýüregimde?!
Allanäme ýazgydym bar,
Özge täleý geregem dä

Öz göwnümden uly menzil
Garaşyp dur geljegimde.
Biynjalyk etmesin meni 
Şol maksada degjegim-de.

Herne Ýer şary togalak
"Atylan daş "aýlanyp dur.
Meniñ çyrçykly ykbalym
Ykballardan saýlanyp dur.

Gülnabat HURŞIDOWA.

Категория: Goşgular | Просмотров: 510 | Добавил: Нawеran | Теги: Gülnabat Hurşidоwa | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Nokat / Goşgular - 28.01.2024
Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024
Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024
Göreş / Goşgular - 11.02.2024
Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024
Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024
Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024
Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024
Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024
Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]