10:17 Baglylyk | |
BAGLYLYK
Owunjak zatlara edemok kine, Sähel zada welin şeýle begenýän. Daglary sarsdyrýan begenjim bilen, Ýüregimiň agyrsyny aýyrýan. Şükür, özgelerden bolmadym müňkür, Ilim-günüm bilen ýylyndym gaýta, Özgeler hakdaky aladalarmy, Şu gün etjek boldum, goýmadym ertä. Deň ýörejek boldum özgeler bilen, Il deňinde boldum, bolmadym garşy. Şaýat boldy meniň aýak sesime Ýüregmiň her demde gürsüldäp urşy. Il-halkymyň begenjine begendim, Her sözden ýüregme aldym teselli. Baglydygyn duýdum ata ýurduma Ýüregmiň iň soňky urşuna çenli. (2006-njy) Goçmyrat ORAZBERDIÝEW | |
|
√ Siziñki / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |