07:31 Bagt aýdymy | |
BAGT AÝDYMY
Men bilmezden aşyk boldum dünýäňe, Göz ýeterden daşda galdy ýekelik. Sen maňa şeýle bir höwes eçildiň, Bagt eçildiň tutuş ömre ýeterlik. Bir sähetli gün duşduň-da, melegim, Derrew girmek bilen bolduň kalbyma. Ýaşalan hem ýaşalmaly günlerim Mundan beýläk bergidardyr şol güne. Barlygy gujagma gysasym gelýär, Bagryma oýkasym gelýär hemmäni. Şu hyýaly, şu lezzeti ýüregme Eda bilen salan, eýsem, sen dälmi?! Kagyz-galam ejiz duýgym egserden, Heserden asmany keşt edýär serim. Meni bagtly edişiň deý, gara göz, Menem seni hökman bagtly ederin. Sapa HOMMADOW. | |
|
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Soltan / Goşgular - 27.03.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ «Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |