09:41 Bagt nirede? | |
“Bagt nämede?” diýip soraýaň menden,
Diýýärsiň: “Hany, aýt, nirede bagt?!” Küti-küti kitaplary agtarsaň, Nagt, bu soragyň jogaby nagt! “Bagt-jansaglykdyr” diýip gidipdir Gadym eýýäm ýaşap geçen bir dana. Ýazylypdyr iri-iri harp bilen: “Päk zähmetdir bagt getirýän ynsana!” “Agzybirlik - bagt”, “Parahatlyk — bagt”, Sanap gutarardan kän onuň yzy Kitaby gürrüňe ynansaň, asyl, Bagtdan ybarat dünýäniň özi! “Bagt nämede?” diýip soraýaň menden, “Bagt nirede?” diýip goýýarsyň derde… Alymlara hergiz ynanma, janym, Bagt — seň nazaryň eglenen ýerde! Tirkeş Sadykow. | |
|
√ Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |