16:58

Bagt oýlanmasy

BAGT OÝLANMASY

Göremde gözlerin kalbym nurlanyp,
Akyldyr - huşymy aldy gözel ýar.
Indi mydam ýürek gürsüldäp diýer:
" Bu melek bolmasa dünýe maña dar ".

Syýa zülpi bezär inçe bilini,
Keşbi haýran kylar ajap ilini,
Süýji sözli näzeniniñ dilini,
Sorsam diýip, bu gün köñlüm bolar zar.

Maýda gadamlary gör neneñ ajap,
Misli alma - nar deý ýetişen süýjäp,
Ýanyna howlukýan gaýratym güýjäp,
Barynçam küýseýän, bu ýüregim har.

Edebi bir mekdep, hiç tapylgysyz,
Mydam dowam eder, hiç ýapylgysyz,
Menem aşyk etdi, hiç gutulgysyz,
Ömrümiñ " bagt " - sözi, onuñ bilen bar.

Şirnazar ädimlär, bu gün bagt sary,
Ýañlanyp kalbynda söýgüniñ tary,
Her gün däl,her demde beýgeler ary,
Çünki beýik yşkyn kabul etdi ýar ...

Şirnazar TAGANOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 173 | Добавил: Ichki_dunyam_officiall | Теги: Şirnazar Taganow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

"Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024
Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024
Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024
Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024
Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024
Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024
Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024
Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024
At galar / Goşgular - 11.02.2024
"Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024

Teswirleriň ählisi: 2
0
1 mango  
651
-goşgy näme üçin ýazylýar?
-bilemok.
-menem bilemok.
- gulagyň ýanyndaky zülp inçe bili bezäp bilermi?
- "Syýa zülpi bezär inçe bilini"-hä diýipdir, belki bezäp biler.
- "ajap il" diýen il barmy?
- "ajam" diýjek boldumyka? araplar özlerinden dällere, ýagny arap dällere "ajam" diýýämiştikler.
- "Keşbi haýran kylar ajap ilini" - häää, dünýäniň türkmenlerini hem tükmen dällerini haýran eder diýdigimikä?
- belki. bäh, şu сразу sorasyň gelýäninem ile jar etmegem birhilimi?
Süýji sözli näzeniniñ dilini,
Sorsam diýip, bu gün köñlüm bolar zar.

- bilmedim, ýöne "Edebi bir mekdep, hiç tapylgysyz" bolan ýaryňa garşy edepsizlik ýalam eşdilýär.
- "Ýanyna howlukýan gaýratym güýjäp,
Barynçam küýseýän, bu ýüregim har"
real waka kellä geldi: bir original kişi diýýämiş: "eý öwlanlar, anakom iýmäliňläý. ony iýip dukäň ajykýaňa-how".
- düşünmedim.
- aý, geçirip göýber.
- "Şirnazar ädimlär, bu gün bagt sary,.." adyňy agzap, awtograf goýmak... buýem könelişdilaý.
- bäh, ýaranyp bolmadaý.

0
2 MURGAP  
1401
Şular yaly goşgy ýazyp öziñde şahyr diýdirmek ýagyp duran gary ýere gaçyrmajak bolup ikiýana ylgaýan halasgäre deñ bolaýmasa

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]