09:55

Bahar - eneleriñ köñül baýramy

BAHAR - ENELERIÑ KÖÑÜL BAÝRAMY

Bahar - eneleriñ köñül baýramy
Törlerde ýazylar kerem saçagy.
Bu baýramyñ dünýä belli ýaýrawy -
Enä, uýa dünýäñ gujak açany -
Abatlygyñ arzuwynda ojagy.

Bu ak ýollar kökün urup hakyda
Zerinaýdyr, Tumar hatyn, Altynjan!
Mert zenanlar göýä bu gün ýakynda -
Mertebesi bolup dünýä galkan, jan!
Saz çal uýam, düýnüñ ýaly - tolkun, jan!

Ertekide göreş tutan ezber gyz,
Gaýdyp gelip ýeñişlere ýar boldy.
Bilezigin alan ýigit dözmez, gyz
Mergen gyzlar, türgen gyzlar bar boldy,
Agyrlygy götermekde zor boldy.

Şägirdi kän bu gün Saçly Dursunyñ,
Münüp ýörler Rodogunañ atyny.
Zähmete, ýeñişe besläp gursagyn,
Ogul-gyzy, bu gün ösýär Watanyñ,
Altyn sallançaga duşdy Watanym.

Oguljemal ÇARYÝEWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 193 | Добавил: Haweran | Теги: Oguljemal Çaryýewa | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Жизнь / Goşgular - 29.02.2024
Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024
Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024
Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024
Alabahar / Goşgular - 21.03.2024
Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024
Soltan / Goşgular - 27.03.2024
Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024
Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024
Erjellik / Goşgular - 05.01.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]