20:26

«Baharystanyň» baky solmaz gülleri

«BAHARYSTANYŇ» BAKY SOLMAZ GÜLLERI

Gündogar edebiýatynyň görnükli wekilleriniň biri, eserlerini pars-täjik dilinde döreden Abdyrahman Jamy Alyşir Nowaýynyň döwründe ýaşapdyr.
Nureddin Abdyrahman Jamy 817-nji hijri ýylynyň şaban (meret) aýynyň 23-ine (1414-nji ýylyň noýabr aýynyň 7-si) Horasanyň Jam diýen ýeriniň Harjert obasynda dogulýar. Şahyr bu babatda bir kasydasynda şeýle diýýär:

Sekiz ýüz segseninjide pygamber hijretinde,
Mekgeden Ýasryba şan çadyryn getireninde,
Şol uçuşda men bakylyk asmanyna galypdyryn,
Hem ganatlarymy ýaýyp, şu pes ýere gonupdyryn.

Jamynyň ata-babalarynyň asly Yspyhanyň Deşt diýen ýerinden bolupdyr. Onuň kakasyna Nyzameddin Deşti diýipdirler.
Olar soňra Horasanyň Jam diýen welaýatyna göçüp gelipdirler. Abdyrahman Jamy hem şu ýerde doglany üçin özüne Jamy diýen edebi lakam edinýär.
Abdyrahman Jamy şahyrlykdan daşgary, geometriýa, pelsepe, yslam kanunlary ýaly dünýewi we dini ylymlardan oňat baş çykarypdyr, edebiýat ylmyny kämil özleşdiripdir. Kazyçylyk, müftüçilik käri bilen meşgullanypdyr.
Bir rowaýata görä, şahyr heniz ýaşka, olaryň öýüne halypasy Hafyzeddin Omar Abardihi atly şyhyň aradan çykandygy sebäpli öz şäherini taşlap, Fahreddin Lurystany atly bir möwlana gelipdir. Ol ýaş Abdyrahmany dyzyna alyp, barmaklary bilen howada hezreti Omaryň, Osmanyň we Alynyň atlaryny ýazypdyr, şonda Jamy şol atlary okap bilmegi başarypdyr. Bu bolsa Jamynyň ýaşlygyndan ylma-bilime höwesek bolandygyny we onuň aýdyň zehinini görkezýär.
Jamy ilki Dilkeş atly medresede, Jüneýt Usulydan orta aziýaly meşhur dilçi Sagdeddin Mesgut ibn Omar Taftazanynyň (1322-1389) şygra hem şahyranaçylyga degişli «Muhtaser ul-magany» atly kitabyny, soňra bolsa onuň «al-Mutawwal» atly ritorika degişli teswir hem düşündiriş berlen kitabyny öwrenipdir.
Jamy hyratly meşhur alym Hoja Alaeddin Aly Samarkandydan (ol bolsa alym Şerip Gürgenliniň şägirdi bolupdyr) kyrk günläp sapak alýar. Soňra Taftazynyň şägirdi möwlana Şyhabeddin Muhammet Jajarmydan tälim alypdyr. Hoja Alaeddin Aly Samarkandy we Şyhabeddin Muhammet Jajarmy Jamy ýaly zehinli talyba henize çenli duş gelmändiklerini aýdypdyrlar.
Hyratly halypalar şägirdi kanagatlandyrmandyr. Jamy bilimiň gözlegine çykyp, kakasy bilen öz döwrüniň bilim ojagy bolan Samarkanda gidýär. Şol ýerde Ulugbegiň ýakyn maslahatçysy Kazyýeddin Rumynyň elinde okap, ylym-bilim alyp ugrapdyr.
Abdyrahman Jamy elli ýaşynda Sagdeddin Kaşgarlynyň agtygy Muhammet Ekberiň gyzyna öýlenipdir. Şahyryň dört ogly bolup, olaryň üçüsi ýaşlykda aradan çykypdyr. Öýlenenden bir ýyl geçensoň, onuň bir ogly dünýä inip, ol doglan güni, heniz at dakylmanka aradan çykypdyr. Şahyr altmyş ýaşyna girende, 1475-1476-njy ýylda ikinji ogly Safyýeddin Muhammet dünýä inýär, ol hem bary-ýogy bir ýyl ýaşapdyr. Hijri senesiniň 981-nji ýylynyň şowwol (baýram) aýynyň 4-ine (1477-nji ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 9-y) üçünji ogly Zyýaeddin Ýusup dünýä inýär. Hijri senesiniň 991-nji ýylynyň muherrem (aşyr) aýynyň 5-inde (1486-nji ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 11-i) bolsa dördünji ogly Zahyreddin Ýusup doglup, bary-ýogy kyrk gün ýaşapdyr. Şeýlelikde Zyýaeddin Ýusup Jamynyň ýeke-täk arkadaýanjy, göz guwanjy bolupdyr. Şonuň üçin hem Jamy ogluny diňe bir gowy görmek, ony gözüniň göreji ýaly söýgüläp saklamak bilen çäklenmän, onuň il ogly bolup ýetişmegi üçin uly alada edipdir. Oňa ýörite ylym hem terbiýe beripdir. Şahyryň bu babatda çeken azaplary ýerine-de düşüpdir, çünki ogly kakasy ýaly şygyr hem beýleki eserleri ýazmakda taryhda äşgär yz galdyrmasa-da, mätäçlere haýyr-sahawat etmekde, myhmansöýerlikde, ynsansöýerlikde döwrüniň tanymal adamlarynyň hatarynda ady tutulypdyr.
Abdyrahman Jamy 78 ýaşynda erbet sowuklaýar we 1492-nji ýylyň Sanjar aýynyň 9-ynda (muherrem (aşyr) aýynyň 17-si) şondan aýňalman, Hyratda aradan çykypdyr.
Hyratlylaryň ählisi şahyryň ýasyny tutupdyr. Onuň ýas dessurynyň başynda Alyşir Nowaýy durupdyr. Ýasa gelen myhmanlaryň gynançlaryny hem Nowaýy kabul edipdir, çünki Zyýaeddin Ýusup heniz 15 ýaşyndaky ýetginjek oglan eken. Jamynyň namazyna Soltansöýün Baýgara bilen onuň egindeşleri-de gatnaşypdyr. Nowaýy hem Soltansöýün Baýgara ýasa gelen döwlet işgärlerine, halypalara, alymlara hem dana kişilere ýokary derejede hyzmat edipdirler. Şahyryň aradan çykanyna bir ýyl dolanda, Jamynyň hatyrasyny tutup, Nowaýy bütin hyratlylara sadaka beripdir.
Jamy jemi 50-den gowrak dürli ugurlara degişli eserler döredipdir.
Onuň eserleriniň iň meşhurlarynyň biri hem Nyzamynyň «Hamsasyna» öýkünip ýazylan «Heft öwreng» («Ýedi tagt») atly eserdir. Ol «Leýli-Mejnun», «Ýusup-Züleýha», «Salaman we Absal», «Silsilet-az-zeheb» («Altyn zynjyr»), «Subhetal-ebrar» («Takwa kişileriň tertip-dessurlary»), «Hyradnamaýe Isgenderi» («Isgenderiň akylnamasy»), «Tuhfatul-ahrar» («Asylzadalaryň sowgady») ýaly ýedi sany eseri öz içine alýar.
Abdyrahman Jamynyň «Baharystany» hem dünýä meşhur eserleriň biridir. Bu eser Sagdy Şirazynyň «Gülüstan» atly eserine nezire-öýkünme häsiýetinde ýazylypdyr. «Baharystany» şahyr öz ogly Zyýaeddin Ýusup üçin okuw kitaby hökmünde ýazypdyr. Şahyr «Baharystanyň» girişinde bu babatda şeýle diýýär:
«Eýsem-de bolsa, bu göwnühoş çagymyzda mähriban perzendim eziz Zyýaeddin Ýusup (Beýik Ýaradan ony ähli gaýgy-gamlardan aman saklasyn!) arap diliniň başlangyç kadalaryny öwrenmäge we edebiýat ylmynyň kadalaryny özleşdirmäge meşgul boldy. Ýaş çagalaryň we tejribesiz ýetginjekleriň kalbyna mälim bolmadyk söz aňlatmalaryny eşitmeginiň olaryň kalbynda howp döredýändigi we kynçylyk emele getirýändigi hemmelere mälimdir. Şeýle bolansoň olaryň ýürek duýgularyny oýarmak we ýadyny taplamak maksady bilen wagtal-wagtal meşhur şyh we beýik ussat Musliheddin Sagdy Şirazynyň «Gülüstan» kitabyndan okap berýärdim».
Jamynyň «Baharystan» eseri sekiz bölekden ybarat bolup, şahyr olary «Bag» atlandyrýar. Bu jennet «Baglarynyň» her biri özboluşly gülleriň ýalkymy we özboluşly reýhanlaryň atyr ysy bilen okyja ruhy lezzet berýär. Şahyryň «Baharystan» barada: «Munuň güllerini güýz şemalynyň hazany urmaz we reýhanlary gyşyň sowugyndan hem solmaz» diýen sözleri ýöne bir çeper meňzetmäniň hatyrasyna aýdylan jümleler däl-de, eýsem şeýle sözler bu eseriň geljekde ölmez-ýitmez edebi mirasa öwrüljekdigi baradaky şahyryň öňdengörüjiligini ýüze çykarýar.
Jamy her «Bagyň» başynda näme hakynda gürrüň ediljekdiginiň gysgajyk beýanyny berýär.
Eseriň birinji «Bagy» belli sopularyň we şyhlaryň görelde alarlyk aragatnaşygy we olaryň sözleri barada bolup, onda Jüneýt Bagdady, Sary Sakaty, Mansur Hallaç, Abu Haşym, Şibli, Abubekir Wasyty, Abulhasan Kuşanjy, Şakyk Balhy, Hoja Ýusup Hemedany ýaly taryhda belli yz galdyran şahsyýetler barada söhbet edilýär.
«Baharystanyň» ikinji «Bagy» hikmet we hekaýatlardan düzülip, munda hakykata öz başarnygyça akyl ýetirmäge synanyşýan we akyl ýetiren zadyny başarnygyna görä, ulanyp bilýän adamlar barada söhbet edilýär. Bu «Bag», esesan, Isgender Rumy, Peridun patyşa, Ibn Mukaffa, Buzurgmehr, Hajjaç ýaly şahsyýetleriň durmuşlary bilen baglanyşyklydyr.
Üçünji «Bagda» patyşalaryň paýhasynyň patyşalyk etmegiň şan-şöhratynda däl-de, adalatlylykda we adyllykda ýüze çykýandygy hakynda gürrüň gozgalýar.
Dördünji «Bag» sahylyk hem jomartlyk, sahawatlylyk ýaly gyzykly hekaýalary özünde jemleýär.
Bäşinji «Bag» ynsan söýgüsiniň belentligine bagyşla-nypdyr.
Altynjy «Bagda» gyzykly degişmeler, teýeneli sözler beýanyny tapýar.
Ýedinji «Bagda» şygyr sungaty hem onuň ussatlary hakynda söz açylyp, onda Firdöwsi, Ammara, Abul Haýyr, Unsury, Rudaky, Merwezi, Ferruhy, Nowaýy ýaly şahsyýetler bilen baglanyşykly gyzykly gürrüňler bilen birlikde olaryň şygyrlaryndan nusgalar hem getirilýär.
Sekizinji «Bagda» haýwanlar hakyndaky hekaýatlar şol jandarlaryň öz dilinden gürrüň berilýär. Şahyr beýleki «baglarda» bolşy ýaly, bu «bagy» hem çuňňur many-mazmuna eýe bolan, ýokary çeperçilige ýugrulan degişli şygyr setirleri bilen bezeýär.
Jamynyň «Baharystan» eseriniň türkmen edebiýatyna täsiri örän uludyr. Nusgawy edebiýatymyzyň wekilleri Jamynyň bu kitabyndaky ynsanperwerlikli pikirleri öz eserlerine siňdiripdirler. Aslynda, Jamy «Baharystanda» türkmen halkynyň arasynda-da gadymdan ýörgünli bolan rowaýatlary, tymsallary, hekaýatlary ýerlikli peýdalanmagy başarypdyr. Şonuň üçin bu eseri edebiýat ylmy nukdaýnaza-ryndan öwrenmek halk döredijiligi bilen ýazuwly edebiýatyň arabaglanyşygyny aýdyň ýüze çykarmakda ygtybarly edebi çeşme bolup hyzmat eder.
Edebi mirasy öwrenmek barada öňe sürülýän taglymatdan gelip çykýan aýdyň wezipelere hötde gelmekde bu edebi çeşme edebiýatçylaryň, halk döredijiligini öwrenijileriň ünsüni özüne çeker diýip ynanýarys. Şondan ötri, «Baharystan» çeper eserden ruhy lezzet alýan giň okyjylar köpçüligine gymmatly edebi sowgatdyr.
Ýazylanyna bäş ýüz ýyldan hem gowrak wagt geçendigine garamazdan, Jamynyň «Baharystanda» eken gülleri özüniň müşk ysy bilen bark urup, ýer ýüzüne atyr saçýar. Dünýäniň köp dillerine terjime edilen bu ajaýyp eser dürli dillerde gürläp, ynsanlara ruhy lezzet berýär, olary sap ýüreklilige, päk göwünlilige çagyrýar.
Bu gün Jamy türkmen dilinde gürleýär-türkmen dilinde tymsal aýdýar, türkmen dilinde şygyr okaýar. Okyjylary «Baharystanyň» sekiz jenneti ýadyňa salýan sekiz «bagyna» syýahata çagyrýar, olara şol «baglaryň» ömür solmajak güllerinden çemen paýlaýar.

Gülälek NURBADOWA,
Türkmenbaşy adyndaky Türkmenistan Milli golýazmalar instituty.
Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 129 | Добавил: Haweran | Теги: Gülälek Nurbadowa | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Edebi makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]