15:33

Bakylyk / powest

 BAKYLYK

1. «DIŇE BIR SEŇ BILEN BAKYLYK BARDYR...»

Sözbaşy ýerine:

Indi näçe ýyldyr bergili ýaly bolup ýörün. Gurbannazaram agyr daşlary jykyra ýükläp, ilerligine barýar. Daşlaryň agramyna köne jykyryň ýeke tigri sypaýjak bolýar. O wagt 1974-nji ýylyň awgust aýynyň ahyrydy. Sentýabryň başynda toý etmeli bolamyzsoň, öýmüziň töweregini arassalaýardyk. Gurbannazar toýuň üç-dört gün öňünden gelip, bize kömekleşýärdi. Jykyr jygyldap barýar. Neresse şondan soň ýekeje ýyl ýaşap gitdi.
("Neresse", "ömür tanapy üzüldi" diýen ýaly sözleri ulanmaryn diýýärdim. Başarmadym.) Men bolsa toýumda eden hyzmatyny ýerine saljak bolýan ýaly näçe ýola ýas hudaýýolusyna kömekleşdim. Ýogsa, ol ýagşylyk «goňşyokara» dälem diýýär. Heniz ölüm-ýitimi görmedik oglankam Gurbannazar maňa, dirikäň eden hyzmatyň ýogalanyňdan soňam yzyna gelip durýandygyny öwretdi. Men ol daşlaryň nädip tamymyzyň düýbüne üýşenini bilemok. Ýöne olar edil Gurbannazar awgustyň yssysynda derläp daşasyn diýlip üýşürilen ýalydy. O-da soň mydam meniň göz öňüme gelip durmak üçin olary daşan ýaly... Gurbannazaryň eden ýagşylyklarynyň az-kem gaýtargysy hökmünde bir zatlar ýazjak bolýanlyr diýip bir görnüňize getirmäň! Bir adamyň eden ýagşylygynyň gaýtargysyny berdim, indi meniň ýagşylyk bergim ýok diýen düşünje adam çagasynyň kellesine gelmäwersin. Menden az-owlak adam ysy gelýän bolsa, şol bergilerimiň barlygyndan, olary ömür boýy ýagşylykda ýaşasamam üzüp bilmejekligimdendir. Gurbannazar hakynda kitapça ýazjak bolmagyň özüm üçin badyhowalykdygyny-da düşünýän. Bu işi başlamazymdan öň onuň dostlaryndan rugsat alanam bolsam, kimdir biriniň, dogrusy, şahyryň ruhunyň öňündemi ötünç sorasym gelýär. Arassa niýet bilen bir iş etseňem biedeplik ýaly görnäýdigi boljak eken.

1. «ÝALAN SÖZLESEŇ KYÝAMATDA ODA ÝAKÝARLAR»...

Gurbannazar şeýle bolupdyr diýilende, men ýigrimi üç ýaşymdadym. Ilkinji gezek göremde-de mekdepde bäşinji-altynjy klasda okaýardym. Şonda men birinji gezek ullakan adamynyň oglanjyk ýaly, degişip-gülüşip, göwnaçyk oturyp bilýänini örüpdim. Ýogsa agalarymam beýle dymma, garasöýmez däldiler. Ýöne olar uludylar biz kiçidik. Gurbannazar bilen welin, bile oýnamaga gidibermelidi... Giden adam gözüňe has gowy görünýär. Her kim ony ýagşylykda ýatlamalydygyna düşünýär. Diri adamyň gybatyny etse bolýar, ýöne ýogalanyň gürrüňi edilende üýşenýäs. Edil onuň ruhy arkamyzda diňläp duran ýaly. Kim bilýr, diňleýändir. Adamyň ruhy göze görünmeýär ahyryn. Şu düşünje adamlaryň aňynda şeýle berk ornansoň, bu zatlary ýazyp oturmak nämä derkar? Her kim seniň bilen razylaşýan äheňde başyny atar. Boldugy. Senem öwersiň, goýarsyň. Emma Gurbannazar öwgime mätäjem däl. Ol deň-duşumam däl. Bile-de işlemedim, bile piwoda içmedim, çüýşede boşatmadym. Onsoň men Gurbannazar hakynda näme gürrüň berip bilerin? Hiç zat. Ýöne meniň Gurbannazar bilen gürleşesim gelýär. Ol hakynda, töweregimdäki adamlar hakynda, özüm, ömrümiň manysy hakynda Gurbannazar bilen gürleşesim gelýär. Gürrüň beresim gelenok, gürleşesim gelýär. «Onuň ruhy biziň ýüreklerimizde baky ýaşar» diýlen ýazgyny okanyňda ýogalan pahyr bizden nähili uzaklara gidýän ýaly. Birdenem, ýöne otyrkaň ýatlap, «Şol bolaýan bolsa, şeý diýerdi» diýenimizde, ol ýanymyza gelen ýaly bolýar. Meniň hem ony ýanyma getiresim gelýär ýa-da özümiň onuň ýanyna barasym gelýär. Bolmanda, ondan ýol salgy alsam. Göwnüme bolmasa, ol aramyza düşen boş ýyllary göz açyp-ýumasy salymda geçip ýanyma geläýjek, mähirli seredişi bilen başymy sypalaýjak, meni dert-azara goýýan sowallaryma jogap beräýjek ýaly bolup dur. Hemmesi özüme, çynym bilen, başga hiç zat tamakin bolman ony çagyryp bilşime bagly mysaly. Ruh diýleniň arassa ýere geljegi iki-uçsyz. Gurbannazar öýümüzde dutar çalyp, hindi aýdymyny aýdyp berýär. Menem on-onki ýaşly oglanjyk. Özlerem agam Baýramguly bilen öýe gündiz, on-on bir töwereklerinde gelipdiler, bir-iki sagat oturybam gidipdiler. Şonda Gurbannazar bilen köçä çykyp, onuň ýaşaýan ýerini sorapdym. Ýogsa, ony soramaga gaty utanýardym. Ýöne soramasam, ony ömürlik ýitiräýjek ýalydym. Ol näme üçindir gülüp, «Daşda däl, ýokaryýanjagazyňyzda» diýipdi. Onuň keýpi kökdi. Men Gurbannazaryň keýpsiz wagtyny göz öňüme getirip bilemok diýen ýaly. Ýöne ýekeje gezek ýadyma düşýär. Olam entäk juda oglan wagtymdy... Ol gün barada häzir ýatlasym gelenok. Bilýän, şol günüň üstünden sowlup geçip bilmerin. Ýöne Gurbannazar sowulaýardy. Sowlup geçmäge gaty ökdedi. Gaçalak-sapalak etmezdi-de, pyýadanyň deňinden atly geçen ýaly geçer ötägiderdi. Onuň ýaşyndan uly paýhasy bardy. Duýgurlygy bardy. Gurbannazaryň sadalygynyň aňyrsynda türkanalyk däl-de, uly akyl bardy. Adamlar ýöräp ýören bolsa, ol olardan bir gez ýokarda uçýardy. Onuň ýaşaýan ýeri, oýlanýan meýdany ýokardady. Şol gezegem «daşda däl, ýokarýanjgazyňyzda» diýensoň, bizden ýokarda ýaşaýan goňşulardan ony soraşdyrypdym. Emma ol has ýokarrakda ýaşaýan eken. Ol wagt biz, Aşgabatda, Daşhowuz köçesiniň on birinji jaýynda ýaşaýardyk. Şindi-şindem ol öýe baranymda onuň otaglarynyň Gurbannazary göresi gelýän ýaly boluberýär. Ol otaglaryň diwarlary näçe gezek neressäň üýtgeşik dury gülküsini özüne siňdiripdi. Onuň mikrofony eline alyp, owazly sesi bilen, täsin labyzda okaýan goşgularyny ýaman gulakdan, görüp gözünden gorapdy. «Saňa indim toý-tomgaly jaý diýip, Gözel gördüm, sagy-soluň, bu dünýe...» Magnitofon seniň bu setirleriňi öz sesiň bilen gaýtalap berýär. Ýöne senem ýok, diwarlaram başga. Ol diwarlary soň telim ýola reňklediler. Neresse: «Bir öz öýmüzde, birem sizde özümi şeýle arkaýyn, erkin duýýan» diýerdi. Men welin, Gurbannazar elmydam özüni arkaýyn, erkin duýýandyr öýderdim. Onuň ýüzi el-mydama bir zada begenip duran ýalydy. Göwnüme bolmasa, oňa edil ýaňja "ogluň boldy, buşluk" diýlen ýalydy. Ýogsa şol buşluga näçe garaşyp, garaşyp ahyram eşdip bilmän gitdi. Buşlugam beýle ýowuz, rehimsiz bolup biljek eken. Onuň ýüzünden begenç nury töweregini ýagtyldar durardy. Sen onuň nämä begenýänini bilmeseňem özi bilen deň begenip oturanyňy bilmän galarsyň, ýüregiň birhili onuň nurundan dolan ýalydyr. Gynansa-da edil çaga öýkesi deýin, bahym ýadyndan çykyp gidýäne meňzeýärdi. «Ýagşy diýip, ýamanlyga sataşdym, Ummana taşlady salym, bu dünýe» diýse-de, ol dünýe bilen gaty oňşykly ýaşaýardy. Ýöne bu dünýe bilen oňuşyp ýaşan bar bolsa?! Ýüzüň näçe nurlanyp duranam bolsa, senem «öz köňlümem ahy-zarda» diýip geçdiň. Aslynda, Gurbannazar diňe bir oňşukly däldi. Gurbannazar bu jahanyň gözel görküniň aşygydy. «Kim aýdypdyr pany diýip barlyga, Ýaşanyňa juda degýär, bu dünýe». Seniňki ýaly nurly ýüzleri men soň Hudaýa tüýs ýürejigi bilen ynanýan adamlaryň arasynda bolanymda gördüm. Olaryň bar aladalary Hudaýa hyzmat etmek. Hudaýyň göwnünden turjak sähelçe iş etseler hezil edip, olaryň ýüzi nurlanýar. Meniň olara seredip, seredip gözüm gidýärdi. Şeýle ynamyň maňa-da gelerini dileýärdim. Ony dilemezlik mümkin däldi, olar şeýle üýtgeşik nuranadylar, päli pesdiler. Olaryň gözleri seniň gözleriňe meňzeýärdi. Emma sen beýle hudaýhon däldiň. Ýa-da seniň Hudaýyň goşgularyňmydy? Ýa-da Hudaý seniň ýüregiňe goşgy bolup giripmidi? Mahal-mahal sen töweregiňde özüňe kybapdaş dünýe döredip, şol dünýäde-de hezil edip ýaşap geçen ýalam bolýaň. O wagtlar Ylýas goşgy ýazardy. Bir gün ol Şekspirden eden terjimelerini alyp Gurbannazarlara gideli diýdi. Men bolsa, goşgy ýazmagy işsiziň pişesi hasaplaýardym. Ýogsa Gurbannazary hezil edip diňleýärdim. Niçigem bolsa, Ylýasa ýoldaş boldum. Ýazyň günüdi. Irden dokuz töweregi. Barsak, Gurbannazar öýünde eken. Biziň gelenmize şeýle bir begenýär. Biziň bolsa, onuň ýanyna uly adam ýaly bolşup iki-çäk birinji gezek baryşymyzdy. Ol Ylýasyň terjimelerini gowy gördi. Has gowy setirlerini aýtdy. Soň nähililik bilen bolanyny bilemok, ol öz suratlaryny görkezdi. Megerem onuň iş stolunyň üstünde içi suratly maşgala albomy durdy. Gurbannazar suratlarynyň içinden murtlyja düşen suratyny görkezip Lermontowa meňzeýänmi? diýdi. Biz onuň üçin edil bile bir içeriden ören jigileri ýalydyk. Olam biziň üçin kiçijikligimizden bile ulalan süýtdeş doganymyz ýalydy. Soň «Sowetskoýe foto» žurnalynda çykan suratyny görkezip, şo suratdan soň köp gyzlardan hat alandygyny, gözlerini güldürip, aýdyp berdi. Gurbannazar asylam görmegeý oglandy welin o suratda hasam syratlydy. Ol suraty ilkinji gezek gören nätanyş adamam suratdaky gussaly gözleri bilen sähel aşak bakyp oturanyň şahyrdygyny anyk aýdyp biljekdi. Onsoň biz gaýdarman bolduk. Şonda ol özüniňem ýazyjylar birleşigine gitmelidigini aýdyp, bile gitdi. Göwnüme bolmasa, ol biziň bilen aýrylyşasy gelmeýän ýalydy. Dogrusy biziňem ondan aýrylyşasymyz gelenokdy. Ýolda onuň aýagyndaky gonuşly köwüşlerine gözüm düşdi. Daşarda-da gün çykyp durdy. Ýazyň gowy günleriniň biridi. Ylýas ikimizem üýtgeşik geýinmäni halamyzokdyk, ýöne şonda-da gözümize onuň horaşaja geýinýändigi ilipdi. Biz Gurbannazar bilen hoşlaşanymyzdan soň, ýolda onuň gürrüňinem edipdik. «Aý, goşga gonorary az berýändirler» diýen netijä gelipdik. Soň, Gurbannazar ýogalandan bir-iki ýyl soň, ýaş ýazyjylaryň seminaryna gatnaşamda bezemenen geýinen ýaş şahyrlary göremde Gurbannazaryň şol gyş köwşi göz öňüme gelipdi. O wagtlar boýny ýapyk «wodolazka» diýilýän ýoň edilip geýilerdi. Seminara baran oglanlaryň köpüsi şonludy. Bilýän, gep eşikde däl, gep şahyryň dünýesinde. Elbetde, Gurbannazaryň dünýesine üýtgeşijek eşikli girip bolýan däldir-dä. Şahyrçylyga nähilem bolsa üns berilýän, goşgy diýilen zadyň ürç edilip okalýan döwründe, her kimiň şahyr bolasy gelýän wagtynda Gurbannazaryň döreýşine geň galýaryn. Göwnüme bolmasa, şahyr diýlen diňlenmeýän zamanasynda döremeli ýaly. Gurbannazaryň ýeriniň gädilip durandygy-ha hak. Onuň şo horaşaja eşikde gezjeginem göz öňüme getirýärin. «Näme, köwüş köwüşdir-dä. Ol hiç. Men agşam şeýle bir goşgy ýazdym, sen bolsaň köwşüň gürrüňini edýäň» diýäýjek ýalam bolup dur. Muňa düşünmek kyndyr. Biziň ýaşaýşymyz näçe düşnüksiz bolsa, şonça-da düşünmesi şeýle aýan zatlara, kes-kelläm, düşünip bilmeýäris. Ynssanyň ruhuna ýakyn zat daşlaşýar, daş zatlar ony gujaklaýar. Biziň häzirki ýaşaýşymyzdan, gijeler ýatman ugrunda ylgaýan durmuşymyzdan düşnükli zat barmy? Emma oňa paýhas edip bu bolup ýörşüm nähi-laý? diýýäne duşmak kyn. Biz muny «Durmuşyň kanuny» diýip düşündirýäris. Hakykatdanam durmuşyň kanuny giň oňa hemme zat sygýar. Gurbannazar, seniň öz, şahsy kanunlaryň nähilidi? Diri bolan bolsaň, men ony senden gönüläp sorardym. Bilýän, sen gaçalak-sapalak etmän, çynyň bilen jogap bererdiň. Mümkin sen oňa bir eýýäm jogap berensiň. Seniň goşgularyň köpüsiniň manysy şonda dälmi? Men saňa düşünjek bolýan, ýöne sen düşnüksiz adamam däldiň ahyry. Gurbannazar gaty durudy. Onuň aňyrsy görnüp durdy. Gurbannazar üçin töweregindäkiler eliniň aýasynda ýalydy. Oňa welin, söwer dostlaram doly düşünendir öýdemok. Dostlar näme, Giden günüň aglarlar, Birnäçe gün seni ýatlar-köýerler. Çyn ýürekden köňüllerin daglarlar, Soňra? Soňra aglamasyn goýarlar. Ýöne ýyllar geçip, üýşüp deň-duşlar Gök otuň üstünden basanda gadam Otlar olaň aýagyna çyrmaşar, «Saklan! — diýýän ýaly – mähriban adam. Keýpiňiz neneňsi? Barmydyr bir tap? Gezip ýörmüsiňiz başlaryňyz jem?!» Emma şol otlaryň ýüzüne garap, Mendigimi bilmez olaň birisem... Gurbannazar bu goşgusyny dostlarynyň arasynda köp okardy. Olar «Hawa, dogry» diýýän ýaly başlaryny aşak salardylar, käbirleri «berekella!», käbiri bolsa «şol goşgyňy okap bersene, Gurbannazar» diýerdi. Emma olaryň hiç birem «Aýdýanyň näme?» diýmezdi. Diýer ýalymy?! Onuň aýdýany dogrudy. Onuň aýdýanlarynyň dogry ekendigi indi hasam açyk görünýär. Göwnüme bolmasa, oňa düşünmek kyn däl-de, oňa eýermek kyn. Ýa-da öz gedemligiňi, göripligiňi, ýalan buýsanjyny, ham hyýalyňy unudanyňda, hakykatdanam saňa, seniň päkize goşgularyňa eýerip bolýarmy? Näçe kyn düşse-de men saňa düşünjek bolaryn. Saňa düşünen günüm saňa eýerjegimi bilýän. Sebäbi saňa düşünen günüm, gaty köp zatlara düşünerin. Bu ýazýanjalaryma başlamazymdan owal kän ýyllar ýaýdanyp gezdim. Ahyry ählije batyrlygymy jemläp, diktofonly Gurbannazarlara girenimde, gerşime edil öňküdenem agyr ýük urlan ýaly boldy. Her bir zady bilen şeýle tanyş howly. Giräýen badyňa sag egniňde jaýyň ýerzeminine gidýän gapy. Onuň içinde owal tabyt saklardylar. Gurbannazaryň atasy Hümmet aganyň ýasadan, soňra Hümmet aganam, Gurbannazaram, Eziz aganam göterip äkiden tabyt bolmaly. Eziz agaň Gurbannazaryň köplenç oturýan iki adamlyk uzyn, diwan şekilinde ýasalan agaç oturgyjy. Basgançak bilen ýokaryk çykmaly gapy. Ol basgançalardan eli goşguly, täsin dünýýeli şahyr näçe gezek münüp düşendir?! Ýüregime howsala geldi. Sen ony ýatlarsyň, ejesi, gelni, dostlary bilen ol hakynda gürleşersiň, soň olary kagyza geçirmäge oturarsyň. Gurbannazaram seň ýanyňa geler, saňa köp zatlar aýdar. Şonda onuň aýdanlaryna doly düşünmeg-ä beýle-de dursun, sen olary ýüregiňe bir sygdyryp bilermiň? Gurbannazaryň ömri hakyky dirilikdi. Onuň aýtjaklaram hakyky dirilik bolmaly. Gurbannazarlaryň howlusyndan ätlänimde men ölümden beter dirilikden gorkyma dere batdym. Ýöne indi götünjekläre ýagdaý ýokdy. Gurbannazara iň belet kimkä? — diýip pikir edemde, onuň goşgularyndan soň ejesi bilen gelni göz öňüme geldi. Eziz aga-da ýeke oglunyň guburynyň ýüzi könelmänkä dünýeden ötensoň aýdym-sazy, şygyry-şagalaňy sowulmadyk, birdenem boşap giden howluda bäş sany çaga bilen galan bu iki naçaryň gaýraty-kuwwaty hakynda ýazmak üçin nireden söz tapaýyn? Men olarsyz nädip Gurbannazaryň adyny tutaýyn? Olar Gurbannazaryň dünýesiniň bir bölegidi. Eger adamyň dünýesini böleklere bölüp bolýan bolsa. Eger şeýle bolsa, şahyryň dünýesiniň galan ähli bölekleri şol bölegiň üstünde düzülýärdi. Biri: «Öýüm-içerim, çagalarym bir ýaňa, ýazan zatlarym bir ýaňa. Sen olardan birini saýla diýseler, ýazanlarymy saýlardym» diýýär. Ezraýyl ýaly ýowuz bolaýmasaň Gurbannazara ikisinden birini saýla diýip bolmaz. Eger diýen tapylaýanda-da ol ikisiniň arasynda sary-sadylla bolup galardy, emma saýlap bilmezdi. Setanda-seýranda bolaýmasa, öýüne otluçöpem almadyk adamyň içersine söýgüsini, ol içeriňem şeýle adama siňdiren mährini nädip düşündirjek? Öýüne garniturlaryň her-hilisini maşyn-maşyn edip daşaýan başga bir kişiniň şol öý goşlaryndan ýaňa mähribanlyga, ýürekdeşlige ýer galmadyk içersinden elli bizardygyna düşünse bolýar. Ony düşündiribem bolýar. Emma Gurbannazaryň üýtgeşik dünýesine düşünmek üçin başgarak ölçeg birlikleri gerek. Eger şol ölçeg bilen ölçemäni başarsak, biziňem dünýämiz gonuçly gyş köwşüne ýerleşmez. Biz o hakynda asla pikirem etmeris. Ejesi Gülnabat daýza ogly hakynda gürrüň berýär. Gözünde ýaş ýok, ýogsa, diktofony tutup duran meniň ellerim sandyraýar. Ejesiniň welin, gürrüň berdigiçe, gözleri nurlanýar. Ol edil Gurbannazary ýanynda görüp oturan ýaly… - ...Büzmeýinde oturýarkak goňşymyz bardy Ürkül aga diýip, purgun sürýärdi. Aulpoň mata-marlagyny daşaýardy, köneje, ýeke at goşulan purguny bilen. Gurbannazaram o wagtlar bolsa dört-bäş ýaşlaryndadyr-da welin, teý, Ürkül agaň arabasyndan aýrylmazdy. Haçan görseň oturandyr ýanynda, gözjagazlaryny balkyldadyp. Şu wagtam edil ýaňy ýaly gözümiň öňünde. Nahar beýleki edip, Gurbannazary iýdirip-içirjek bolsaň, Ürkül agany görmediňizmi? — diýip soraşdyrybermelidir. O wagtlar RKKA diýerdiler, «Stalin» kolhozy diýerdiler. Şol ilerligine giderdi, garry görgüli o-da gapdalyndadyr. Gowy adamdy bende. Gurbannazaram gowy görerdi. Ürkül horaz seňkimi? — diýip oglanlar gülüşerdiler. «Horaz» o bendäň atasynyň adydy. Ahyry pahyr şo ýolda arabasy bilen awariýa düşüp ýogaldy... Gülnabat daýza, hamala Ürkül aga içinden ýagşy dileg eden ýaly, gürrüňine maý berdi. Gulagyma Gurbannazaryň sesi gelýär: «Juda ir höwrükdim ýaşyl baglara Sähräniň üstünden ösen şat ýele...» Özüň bilen deň-duş çagalar ala galmagal bolup oýnaşyp ýörkä, sen Ürkül aganyň arabasynyň tigrine diň salyp barýarsyň. Mawy gözleriň töweregiňde, ýola seredýäň ganyp bileňok. Ürkül aganyň gürrüňlerindenem ýadama ýok. Purgunam her daşyň üstünden geçende tisgindirip barýar. Purgunçy ýaşuly seniň ulalyp şahyr boljagyňy bilmese-de, seni ýanyndan aýrasy gelmändir. Ýa biläýdimikä? Adamyň ömründe bilip edýäninden bilmän edýäni köp ýaly. Bildim diýip ýöreniňem nä derejede bilýänini bilýän ýok. Bilmän gürleýäris, bilmän begenýäris, bilmän aglaýarys... Ürkül aga-da purguny bilen özi bilmän Gurbannazar şahyry bu dünýä juda ir höwrükdirip barýar. Goja ony biljek bolup azara-da galan däldir. Etjek işiň netijesi bilinmese, alty tarapy beton jaýdan çykmagam kyn görülýän döwürde obaň sada adamlary gözüňe şeýle eziz görünýär. Olaryň «düşünjesiz» düşünjeliliklerine haýran galýarsyň. Göwnüme bolmasa, adamlary içinden çüýredýän bilip, gaýtargysyna tamakin bolunyp edilýän ýagşylykmyka diýýän. Gurbannazara şu häsiýet ýatdy. Ol biriniň özüne eden ýamanlygynam, özüniň başga birine eden ýagşylygynam gaty tiz unudýardy. Ol göwnüni tamakinçilik demirine daňyp goýmazdy. Mümkin men elli ýyl mundan öň bir garry purgunçynyň bir oglanjygy (goý, geljekki şahyram bolsa) purgunyna mündürenini üýtgeşik bir waka edip, ulaldyp oturandyryn. «Şahyr ýüregi» diýilýär. Şahyryň çaga ýüregini hem göz öňüme getirjek bolýaryn. Onsoň bir gün däl, iki gün däl, tä Gurbannazarlar Büzmeýinden göçüp gidýänçä çaga Gurbannazary purgunyndan düşürmän gezdiren Ürkül aga barada has çuňurak gürrüň edesim gelýär. Göwnüme Gurbannazar: «Sen Ürkül aga hakynda aýdyber men bolsa onuň purgunyndan asla düşmäýin» diýýän ýaly. Belki-de ol goja, Gurbannazaryň çaga gözleriniň täsin mährine özüniň garran göwnüniň ýüzüni ýuwandyr? Gurbannazaryň gözleri asla ulaldymyka beri? Gussasy artsa artandyr. Onuň gözleri mydama çaganyňky ýalydy diýesim gelýär. Ýöne keýpine bir garry bilen oglanjyk beýle çatlyşaýmaly däl-ä. Çaga-da oýnara oýun kän, uly-da alada. Olar bolsa köneje purgunyň üstünde, garran ýabyny gyssaman RKKA-dan «Stalin» kolhozyna garşy barýarlar. "Ýaşyl" şemalam garry ýabynyň seýreklän ýalyny, şahyryň ýaşajyk başyny, gojanyň maňlaýynyň gasynlaryny sypalaýar… Sähra ýyldyzlary öçdi bir eýýäm Gyzaryp başlady baglaryň başy. Guşlar göçdi meýlisinde bu dünýäň Jürküldä öwürip töwerek-daşy. Bolmanysy boldy garagol serçe, Torgaýam hoş bile asmana galdy Zeminiň söýgüsi sygmansoň içe Tebigat gürläýjek-gürläýjek boldy... Gurbannazar «Haýyş edýän, üns beriň» diýip okap oturan goşgusyny böldi-de, soňam «Bagyşlaňda meni, bagyşlaň» diýip goşgyny bölenine ötünç sorap dowamyny okady. Ýogsa ol wagt oturanlaryň hemmesem üns bilen şahyry diňleýärdi. Oňa goşgy okatmak kyndy. Ol gürrüňi başga ýana sowjak bolardy. «Täze goşgularymy ýatdan bilemok, öňkülerem müň gezek okadym» diýerdi. Emma bir okap başlasa, hezil edip okardy. Ol goşgy okanda aýdym aýdýarmyka diýerdim. Olary aýdym diňlän ýalam diňleýärdim. Manysyna düşünjek bolup azara-da galmaýardym. Goşgynam on sekiz-on dokuz ýaşlaryňda diňläýseň. O wagtlar öz ýüregiňem kir-kimirsiz, ähli kişini – gowy bol sen hala erbet – deň gowy görüp ýören ýaşyň. Gurbannazar «Bar zat, bar zat oňatlykdyr dünýäde» diýende sen onuň şeýledigine çigit ýalam ynanmazçylyk edeňok. Sebäbi hakykatdanam o wagt bar zat oňatlyk. Entek sen içi çüýräniň çüýrük ysyny almadyk, gün-güzeran ugrunda ýüregiň ýüzüni kirşen basmadyk oglan. Belki ol ýaşda goşgyny, hakyky goşgyny aýdym diňlän ýalam diňlemelidir. Indi Gurbannazaryň ýerine ýanymda onuň kitaby. Indi ol tanyş goşgulary okap başlanymda onuň okaýşy gulagyma gelip duranam bolsa, aýdym diňlän ýaly okap bolanok. Sen onuň manysynyň çuňlugyna çümüp gidýärsiň. Indi «Bar zat, bar zat oňatlykdyr dünýäde» diýýän setirini telim ýola okap, soň birden onuň manysynyň çuňlugyna, giňligine düşünip gidýäň. On alty-on ýedi ýaşda Gurbannazary diňlemegiň nesip edeni üçinem men özümi bagty getiren hasaplap bilerin. Ol owazyň meni soň köp hapa seslerden gorandygyny indi bilýän. Gurbannazar bilen dost bolany üçin, ony öýmüze alyp geleni üçin, ol goşgy okaýarka-da «baryň hany, ýatyň» diýmäni üçin agam Baýramgula ömürboýy taňryýalkasyn aýdyp ýörmeli. Gurbannazaryň özüne gör näme diýmeli. «Teşne çölde teşne dodagyň ýalap» ýörkäň öňünden çykyp suw uzadana näme diýilýärkä? Nädip diýilýärkä? Ýazýanlaryň hemmesem goşgularyny okap bermäge höwesek bolýar. Şonuň üçin, men kän gezek köp kişiniň goşgusyny, goşgy okaýşyny diňläp gördüm. Näme üçindir elmydamam men olary Gurbannazaryň okaýşy bilen deňeşdirenimi duýman galardym. Ýöne olar ýa juda gurak, ýa ulumsy, ýa ýuwaş, ýa... garaz göwün diýenim bolmaýardy. Bapba Gökleň okanda goşgy diňlän ýaly bolýardym. Gurbannazaryňka meňzemese-de, onuň okaýşynda ullakan gaýrat hemem özünemi ýa töwereginemi ýaňsy görünýärdi. Gaýrat bilen ýaňsynyň bir ýerdediginiň geňligindenmi Bapbaň goşgy okaýşam täsindi. Ýöne Bapba özüniň şahyrlygyny äsgermeýän ýalydy. Gurbannazar welin, özüniň şahyrdygyny, onda-da nähili şahyrdygyny bilýärdi. Bu belki, onuň häsiýetinem, ömrünem, hatda ölüminem kesgitlän ýaly bolup dur. Göz öňüme Ürkül agaň purguny gelýär. Ol «Senden daşlaşýanmy? Barýanmy saňa!» diýip, Pyraga sowal berjek şahyry alyp barýar. Ol bu sowaly gep owadanlygynyň hatyrasyna beren şahyr däldi. Ol bütin ömrüne şu sowaly göterip, şygyr ýazan şahyrdy. Kähalat sowal jogapdanam agyr bolýar, ýülügiňi ýolup barýar. Gurbannazar şeýle sowala ýülügini ýoldurman, ýarpy ýolda ýoluny urdurman soňky gününe çenli şahyr bolup bilen adamdy. Bu sowalyň nähili agyrdygyny ýarpy ýolda galanlar bilýändir. Ýene bir zada akylym haýran – Ürkül aga-da ýolda ýogalýar, Gurbannazaram... Ýol... Ýol... «Kötül ýollaň külpetin, Soň bilersiň Serdarym» hem diýerdi, Serdaryny görmedik şahyr... Gülnabat daýza, hamala meniň dadyma ýetişjek bolan ýaly, ýene gürrüňini dowam etdi: - Kakasy Gurbannazara ýaňy aýak bitenje wagty iki ýyllyga, «woýennä» gidipdi. Soňam uruş turdy, horluk baryny çekip, alty ýyldan soň, dolanyp geldi. Gurbannazar atasyna – Hümmet aga «kaka» diýýärdi. «Kakam gelýänçä saňa kaka diýäýein?» diýen bordy. Atasy süňksüz gowy adamdy. Atalary ekiz taýydy, bir aýagam keýtigräjikdi. Taýy gyzdy, Maýsa diýýädiler. Hümmet aga hudaýhon adamdy. Gyşyň güni teläriň üstünde kersen goýardy. Oňa-da gar ýagardy. Şo garyň suwuna-da uzyn gije Kur'an okap dem salardy-da, kiçijik çüýşejikde saklardy. Şonam öýünde dälisi bar ýa-da çagasy bolmaýan «demi düşýär» diýip alardy. Haýyr tapýan gaty kändi. Elli dokuzynjy ýylda, 63 ýaşynda ýogalypdy pahyr. O wagt Gurbannazar on dokuz ýaşyndady… Gülnabat daýzanyň sesini diktofona ýazga geçirýänim gowy zat, ýogsa men eýýäm… …Uzak gije garyň arassa suwuna Kur'an okap, dem salyp, "dertlilere derman bolsun" diýip kiçijik çüýşejikde goýýan Hümmet molla bilen onuň agtygy Gurbannazary biygtyýar deňeşdirýärin. Ynha, Gurbannazaram uzak gije söz baryna päkize ruhyny salyp onam kiçijik goşgy setirlerine sygdyryp otyr. Onuňam aladasy dertlilere derman bolmak… «Men-ä atasyny görmedim. Ýöne Gurbannazar, «Atam ýogalansoňam her gün ýatjak bolamda kulhuallany okap ýatardym» diýip gürrüň berredi» diýip, gelni Halnabat gelneje gaýnynyň aýdanlaryna goşuldy. Gülnabat daýza Hümmet agaň suratyny maňa uzatdy. Meniň gözlerim owadan ak sakgally, eli gülýakaly nurana ýaşulyny – Hümmet mollany synlasa-da, aňym Gurbannazardady. Kiçijik Gurbannazaryň atasynyň aýdanlaryny gaýtalap, näme diýýänine düşünmese-de üýtgeşik täsir edýän kulhuallany öwrenip oturşy göz öňüme gelýär. Kulhuallahu ahad, Allahussamad... Atasy oňa bu keramatly sözleri her gije ýatmazyndan ozal gaýtalap, onsaň uklamagy tabşyrýar...

Dowamy bar

Hydyr AMANGELDI

Категория: Powestler | Просмотров: 643 | Добавил: Nurdan | Теги: Hydyr Amangeldi | Рейтинг: 4.0/5
Awtoryň başga makalalary

Powestler bölümiň başga makalalary

Sary bagşy / powestiň dowamy: Bamy - 05.03.2024
Sary bagşy / powestiň dowamy: Çakylyk - 06.03.2024
Sary bagşy / powestiň dowamy: Köşkde ýaňlanan aýdym - 06.03.2024
Ene / powest - 13.01.2024
Taraşa / powest - 01.02.2024
Taraşa -3/ powestiñ dowamy - 15.02.2024
Baga bagşy -2: Keramat - 07.03.2024
Sary bagşy / powestiň dowamy: Uspen halypa - 03.03.2024
Baga bagşy / powest - 06.03.2024
Sary bagşy / powestiň dowamy: Kesel - 06.03.2024

Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Raziýe_Soltan  
16
Dowamy yokmy?

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]