08:23

Baletkama

Görsene men bu gün neneñsi bagtly,
Ähli aladalam itekläp bir ýan.
Ullakan dünýäniñ uly ýolundan,
Kiçijek dostumyñ ýanyna barýan.

Ädimlemem, öñkülerden dogumly,
Ýüzümem bir geñsi hala ýugrulan.
Şatlygym gussama käýinç bildirýär,
Hem diýýär -"Şeýle gün senem dogrulan"!

Neneñsi hoşwagtlyk, neneñsi ynam,
Neneñ kowmak hezil betbagtlygy.
Üstün açyp syrly gizlinpeçegiñ,
Bagt ahyry, ýakyn etmek ý:atlygy.

Ýollar öz ugruna äkidip barýar,
Ol saklamaz menziline barjagy.
Ýöne senem ýollar deýin mert durup,
Çözülmegin baletkamyñ bagjygy!

* * *

H:yrsyz gijelere mähriñi ýollap,
Şöwür ber!
Yhlasa-myratsyz dünýede goldap,
Ömür ber!

Ne gerek, ne artyk saýan göwnüñe,
Göwün ber!
Çözme, yşgym çolaşypdyr jigmine,
Düwün ber!

Ý:az eýle lal adym tutmasyn näkes,
Diliñ ber!
Meni mundan özüñ bilen alyp git,
Eliñ ber!

Il hatary dem alara sylagly,
Köñül ber!
Ýa-da ýitip gider ýaly imanly,
Ölüm ber!

* * *

Gurap galyp, kesmek baglan ruhumy,
Direltmeklik üçin yşk bilen gaz:an...
Garañky gündüzler, hyrsyz tümlermi,
Kalp içre ýakylan yş bilen bezän...
Şunça ýyllap dogulmadyk arzuwmyñ,
Ahyryna "wysal" nokadyn ýazan...
Kir-kimirsiz "iman" bolup ýañlanyp,
Durmuş bakylygna çagyran azan...
Gözlermi bagt bilen şatlykdan ýumsam,
Gussalarmy şehit eden jynazam...
SEÑ-
-Şol mährem ýylgyrşyñ, mährem nazaryñ!

* * *

Men kino düşesim gelýär,
Skripkam bilen aglaýyn.
Ýowuzlygy ret edipler,
Nadyl gözleri baglaýyn.
Hem saýraýyn monologlañ,
Gektar deýin mertlerinden,
Aýralaýyn adatymy,
Şertsiz dünýäñ şertlerinden.
Endirese endiresin,
Kemşermekden dodaklarym.
Özüme kybap keşbi ber,
Üstünlige odukmaryn.
Ýaşaýyn ýaşan şekilli,
Laçyndan geleýin üstin.
Ýazgydym kadrda ýazyp,
Maña režissior bol dostum.

Laçyn Öwezowa.
Категория: Goşgular | Просмотров: 373 | Добавил: Raýdaş | Теги: Laçyn Öwezowa | Рейтинг: 2.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

После бала / Goşgular - 04.01.2023
«За то, что ходит он в фуражке…» / Goşgular - 04.01.2023
Лиле Эфрон / Goşgular - 29.01.2023
Землетрясение / Goşgular - 13.02.2023
Hoşlanmakak aýtjaklarym / Goşgular - 08.01.2023
Голос города / Goşgular - 03.01.2023
Песня / Goşgular - 08.02.2023
Quasi una fantasia / Goşgular - 25.01.2023
«Ветер звонок, ветер нищ…» / Goşgular - 14.01.2023
Goşgularym! / Goşgular - 06.01.2023

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]