“Eliňizdäki iş çälklendirilen wagtyň içinde ýerine ýetirilip, türkmen halkynyň geçmişi hakynda doly maglmaty özünde jemlänok. Munuň üçin birnäçe nesilleriň işlemegi zerur. Türkmen taryhyny öwrenmek boýunça edilmeli işleriň wajyplygyny wagt görkezer.”1
W.W.Bartold.
Akademik W.W.Bartoldyň bu işi biziň türkmen milletimiziň taryhyna bagşlanan we gollanma hökmünde soňky taryhçylara hyzmat eden ilkinji göwrümli işdir. Alym bu işini 1929-njy ýylda şol wagtky Türkmenistan SSR – nyň hökümetiniň haýyş etmegi boýunça ýazýar. Alym bu işinde biziň halkymyzyň taryhy gelip çykyşyna, onuň taryhy ösüşine uly baha berip, özüniň ýazan işiniň diňe ujypsyz başlangyçdygyny ýatladýar. Bartoldyň bu şi türkmenleriň Oguz handan-oguzlardan başlap gaýdýan taryhyny tä XIX asyra çenli beýan edýär. Alym özüniň bu işini şeýle bölümlere bölýär:
Musulmançylykdan öňki döwür.
Oguzlar-türkmenler Seljuk iperiýasynyň döremegine çenli.
XI asyryň ahyrlaryndan mongol agalygyna çenli.
XIII-XVI asyrlar.
XVII-XIX asyrlar
Birinji we ikinji bölümlerde alym türkmen sözüniň gelip çykyşy, oguzlaryň gelip çykyşy we ýerleşen ýerleri, gadymy dowürde türkmen topragynda ýaşan çarwa taýpalar, araplaryň gelmegi, ýerli halkyň hal-ýadaýy hakynda gürrüň berýär. Şeýle-de Gaznaly türkmen döwleti, Seljukly türkmen döwleti, Köneürgenç türkmen döwleti, olaryň döreýişi, ösüşi, içerki we daşarky syýasaty hakynda giňişleýin gürrüň edýär. Işiň dowamynda Bartold mongol basybalyşlaryny hakynda gürrüň edýär. Mongol döwletleri, türkmenleriň Teýmirleňiň imperiýasyna girmegi, teýmirit şazadalarynyň dolandyryş ulgamy, türkmen taýpalarynyň döremegi, olaryň ýerleşişi, türkmenleriň milli bitewiligi ýitirmekleri ýaly taryhy wakalary dolulygyna beýan edýär. Alym türkmen taryhynyň jogapkärli döwrüne – XIX asyra degişli döwri hakynda gürrüň edip, bu ýerde Patyşa Russiýasynyň Türkmenistany basybalmagy ýaly meselä asla garanok. Ol türkmenler Orsýete birikdiler-diýip, işiň jemin jemleýär.
Şeýle käbir bärden gaýtmalaryň bardygyna garamazdan, Bartoldyň işiniň gadyr-gymmaty ýokarydyr. Çünki, onuň türkmen halkynyň taryhy köküniň çuňlygyna ynamy wagtyň geçmegi bilen hakykat ýüzünde subut edildi. Beýik Serdarymyzyň tagallsy bilen biz mili buýsançly taryhymyza gowuşdyk.. Bu gün biz Bartoldyň uly baha beren taryhy orunly beýik milletmize guwanýarys. Alymyň bu işiniň wajyp taraplary, onuň taryhy nazaryýeti dogrusynda söz açsak ýerlikli bolar. Onuň işiniň arap-pars-türki çeşmelerden peýdalanmagy bu işiň gündogar golýazmalary gowy bilýän adamyň nazary bilen ýerne ýetirilendigini görýärsiň. Şol sebäpli, işiň öwrenilmeginiň wajyplyy häzirki wagtda hem öz ähmýetini ýitirenok
“Türkmen” sözi musulman edebiýatynda ilkinji gezek X asyryň ikinji ýarymynda Makdisiň işlerinde peýda bolýar.1 Bartold Hazar ýakasyndan tä Ysfyjaba çenli (Çimkende) aralykda oguzlaryň (araplar “guzlar” diýip atandyrypdyrlar) ýaşandyklaryny aýdýar.
Oguzlar Merkezi Aziýa we Orta Gündogara ýaýran türki halklaryň iň soňky uly tolkunydyr. Olar türkmen we başgada birnäçe halklara öz dilini, däp-dessuryny beren, yslam dinini kabul eden uly ildir, Oguzlar Merkezi Aziýanyň. ümmülmez sähralarynda ýaşan gadymy türkleriň bir kabylasy bolmaly. Syrderýanyň aşak akymyndaky Jent şäheri olaryň paýtagtyna öwrülýär.2 Rowaýata görä, Oguzhan örän uzak ýaşapdyr we köp ýurtlary özüne tabyn edipdir. Onuň alty ogly bolupdyr. Olaryň her haýsyndan dört ogul bolup, jemi 24 agtygy bolýar. Oguz hanyň 24 agtygynyň her biri oguz taýpa birleşigine girýän 24 urugyň. baştutany bolup, olaryň atlary hem şolardan gaýdýar.3
Türkmen halkynyň, etniki düzüminde 24 oguz uruglarynyň gylla ýarysynyň, ýagny 12-siniň adyny tapmak bolýar: gaýy, baýat, ýazyr (garadaşly), dodurga, owşar, garkyn, baýandyr, çowdur, salyr, eýmir, igdir, iwe agzyýoluk Türkmenistanda, demirgazyk Eýranda we Owganystanda ýaşaýan türkmenleri tire-taýpa düzüminde gabat gelýär.
Bu taýpalaryň iň gadymkysy igdirler bolmaly, Olaryň ady VII asyra degişli Orhon-Ýeniseý ýazgylarynda daşa ýazylypdyr. Ýazyr, owşar, garkyn, salyr, çowdur, igdir, eýmir (emreli) — hakyky türkmen taýpalarynyň atlary, gaýy, baýat, dodurga, baýandyr, iwe-agzyýoluk gökleň we teke taýpalarynyň urug-tire atlarydyr. Beýleki oguz taýpalarynyň käbiriniň atlary-da türkmen halkynyň, etniki düzümindäki maýdarak; birlikleriň adynda saklanyp galypdyr.
Hyzrili, alili, nohur, mürçe, sünçe, änewli ýaly taýpadyr tireler oguzlaryň toplumynda gabat gelmeýän bolsa-da, olar hem örän irki we gadymy türkmenlerdir.
Teke, ýomut, saryk, ärsary bular esasan XIV—XV asyrlarda emele gelip we kem-kemden güýçlenip, özlerine birnäçe etniki toparlary birikdirip, soňra iri türkmen taýpalaryna öwrüldiler.
Diýmek, oguzlar türkmenler, türkmenler hem oguzlar bolup çykýar. Ikisiniň asly birdir. Muny «Gorkut ata» kitaby, Mahmyt Kaşgarly (XI asyr), Reşid-ed-Din (XII asyr), Salyr baba (XVI asyr), Abulgazy han (XVII asyr) ýaly şahslaryň hemmesi hem oguz bilen türkmeniň aslynyň birdigini tassyk edýärler.4 XI asyrdan soň “oguz” sözi türkmen sözi bilen çalşyrylýar, ýagny bir etniki at kem-kemden başga etniki ada öwrülýär we türkmen etnonimi rowaçlanyp başlaýar.
Mahmyt Kaşgarly «Oguz—türkleriň bir kabylasy bolup, olar türkmenlerdir» diýip ýazýar. Reşid-ed-Din: «Oguz — bu kowmuň hemmesine şu wagt türkmen diýýärler... Oguzyň perzentlerinden ýigrimi dört urug döredi... Dünýäde bar bolan ähli türkmenler şu aýdylan kowumlaryň we oguzlaryň ýigrimi dört perzentleriniň nesilleridir. «Türkmen» sözi gadym zamanda bolmandyr. Türk şekilinde bolan barça çarwalara ýöne türk diýipdirler. Her kabylanyň özüniň aýratyn belli lakamy bolupdyr. Oguz kowumlary öz ülkelerinden Mawerannahra (Syrderýa-Amyderýa aralygy) we Eýran topraklaryna gelen mahallaryndan, olaryň köpelmegi we nesil ýaýratmagy şu etraplarda boldy. Suw we howa şertlerine görä, olaryň ýüz keşbi kem-kemden täjik şekiline geçdi. Emma bütinleý täjige öwrülmändikleri üçin, täjikler olara «türkmanend», ýagny «türke meňzeş» diýdiler. Şonuň üçin bu at oguz kowumlarynyň barçasyna dakyldy, olar şol at bilen tanaldylar we meşhur boldular» diýip, giňden duşündirýär.
Takmynan şeýleräk maglumatlar XV asyr pars taryhçysy Mirhondyň, Nusaýda ýaşan türkmen taryhçysy Salyrbabanyň (XVI asyr), Hywa hany Abulgazynyň (XVII asyr) eserlerinde-de bar. Abulgazy ýigrimi dört sany oguz—türkmen kabylalarynyň adynyň — lakamynyň haýsy manyny berýändigini, olaryň tagmalarynyň şekilini, haýsy guşuň suratyny oňon hökmünde ulanandygyna çenli beýan edýär. Muny bolsa Abulgazy öz köne taryhy gowy bilýän türkmen ýaşulularynyň dilinden ýazyp alypdyr. Turkmenleriň şejeresini Abulgazy hut olaryň. öz haýyşy boýunça ýazypdyr.
«Türkmen» sözüniň köküniň-manysynyň «türke meňzeş» (türk—manend) görnüşinde başga-da, halk arasynda giňden ýaýran dürli görnüşleride bar. Olaryň iň ýönekeý düşündirilişi “sen” ýa-da “siz kim bolarsyňyz” diýlip soralanda: «Türk men», ýagny «Men türk» diýip jogap beripdirler diýen çaklamadan gelip çykýar. Emma bu görnüş çaklamalygynada galýar. Ony inkär edýän ýa-da ykrar edýän hiç hili ýazuw maglumaty ýok.1
Ikinji bir görnüş bolsa yslam dinini kabul eden türklere «türkmen» diýlipdir, ýagny «türk-iman», «dini-imany kabul eden türk» manysynda. Bu mysal boýunça oguz taýpalarynyň Syrderýa boýlarynda we ondan günortada ýaşaýan ilerki bölegi VIII—IX asyrlarda yslam dinini kabul edip başlapdyrlar, şolara bolsa goňşy halklar «türk-iman», ýagny dini kabul eden imanly türkler diýip at beripdirler.
Biz «türkmen» sözüniň gelip çykyşy barada üç görnüşiniň bolandygyny belläp geçdik. Bu mysallaryň haýsy biri «Türkmen» sözüniň etnonim hökmünde asyl manysyny dogry berýändigi barada kesgitli bir zat aýdaýmak örän çetin. Diňe bir zat doly aýdyň, ol hem türkmenleriň ilki oguz, soňra-da takmynan X asyrdan başlap türkmen ady bilen giňden ýaýrandygydyr. Ýagny oguzlar türkmenleriň gönuden-göni ata-babalarydyr. Bu pikiri Abulgazy öz eserinde «Oguz iliniň... türkmen diýip niçik at koýulganynyn zikri» atly bölüminde tassyklaýar.
Rowaýatlara görä, Oguzhan uzak ýaşapdyr. Onuň hut özi oguzlaryň ençeme ýurtlary eýelemegine serkerdelik edipdir. Eger Reşid-ed-Din oguzlar Muhammet Pygamberiň zamanynda musulman dinini kabul edipdir diýýän bolsa, onda Mahmyt Kaşgarly oguzlary baryp Isgender Zülkarneýniň zamanasyndan (biziň eramyzdan öňki IV asyr) alyp gaýdýar. Salyr baba bolsa Oguz hanyň, hut özüniň alty ogly bilen bile Horasany, Dehistany, Kuhistany, Mazendarany, Gürgeni, Parsy, Kermany, Diýarbekiri, Şamy, Kürdüstany, Bagdady, Dimaşky (Damask), Müsüri alyp, soňra bolsa Rumystana goşun çekendigini görkezýär. Şonça ýerleri özüne tabyn edenden soň Oguz han öz ýurduna gaýdyp gelýär we uly toý berýär. Dokuz müň sany goýun, müň sany ýylky kesip, toýa gelen ähli ýakynlaryna sylag-serpaý berýär.
Oguzlarda gadymdan gelýän bir dessur bardy. Bular ýurt tutan ýerlerinde, söweşe girenlerinde taýpalary iki ganata bölmek (dualizm) düzgunine eýeripdirler. Baryp VII—VIII asyrlarda «Üçok» we «Bozok», soňrak «Içoguz-Daşoguz» ýaly iki bölege bölunipdirler. Söweş meýdanynda bularyň biri sag, beýlekisi sol ganatda hereket edipdirler. Şeýle ikä bölünmek duzgüni türkmenlere-de mahsus bolan.1 Mysal üçin, içki salyr — daşky salyr, söýünhany-esenhany, teke-ýomut, tekelerin utamyş-togtamyş bölekleri bolupdyr. Bu gadymdan galan däbiň esasan harby ähmiýeti bolandyr diýip çak edýäris. Ýagny söweşe girilende, oguzlaryň we türkmenleriň taýpa birleşmelerine birigýän ähli ilaty iki ganata bölmek, sagdan we soldan hereket etmek, olary doly taýýarlamak we herekete getirmek, amatly edara etmek maksady bilen ulanylandyr.
Oguzlaryň hojalygy barada ýazuw çeşmelerinde şeýle bir anyk maglumatlar ýok. Ibn Fadlan olaryň maldarçylyk bilen meşgul bolandygyny belläp, göçme maldarlaryň arasynda öz barly gatlagynyň bardygyny, 10 müň gylýal we 100 müň goýun sürüleri bolan baýlaryň bolandygyny habar berýär. Bir tarapdan-a oguzlarda şeýle tütjar baýlaryň bolmagy, ikinji tarapdan hem mal sürülerini bakmak üçin gullary, öýde hyzmat etmek üçin bolsa gyrnak saklanmagy oguz-türkmen jemgyýetinde X asyryň başlarynda-da durmuş deňsizligiň bardygyny görkezýär. Gul-gyrnakdan başga-da, oguz-türkmenleriniň öz içinde baý-garyp bolupdyr. Öri meýdanlary we suw çeşmeleri, süýji suwly guýular üçin hem ömürboýy dawa-jenjel bolupdyr.
Oguz türkmenleri diňe maldarçylyk bilen meşgul bolupdyrlar - diýsek ýalňyş bolar. Belli alym S. P. Tolstow oguzlaryň hojalygy köp pudakly häsiýetde, ýagny oturymly we ýarym oturymly «maldarçylyk-ekerançylyk- balykçylyk» pudakly bolupdyr, olaryn. uly-uly berkitmeleri, däşy galaly-derwezeli hemişelik şäherleri, kentleri bolupdyr diýýär. Dogrudan-da, X—XI asyrlarda Syrderýa boýlarynda oguzlaryň Jent, Ýaňykent, Sygnak, Süýtkent ýaly şäherleri bar ekeni.
Oguz türkmenleriniň jemgyetçilik gurluşy barada-da bizde takyk maglumatlar ýok. Olarda kagan, han, ýabgu, ýynal, kudarkin ýaly atlar bolupdyr, Şu meselede italiýaly syýahatçy Plano Karpininiň maglumatlary uly ähmiýete eýedir. Umuman, italiýaly syýahatçylaryň üçüsi Aziýa sähralyklaryna dürli wagtlarda aýlanyp çykyp, gymmatly maglumatlar galdyrypdyrlar. Plano Karpini 1246-njy ýylda, Marko Polo 1271 — 1288-nji ýyllarda, Florio Beneweni bolsa 1722-nji ýylda Deşti-Gypjak diýilýän çöllüklerden geçip gidipdirler we gören-eşiden zatlary hakynda, şol sanda türkmenler hakynda-da gymmatly maglumatlary goýup gidipdirler.2
Plano Karpininiň maglumatlaryna görä, Deşti-Gypjakda ýaşaýan halklaryň serdary bolupdyr. Ol serdarlaram öz gezeginde beýik hana, Plano Karpininiň sözi bilen aýtsak, imperatora hyzmat etmeli bolupdyrlar. Onuň buýrugy boýunça ilat öz üstünden geçýän ilçileri, kerwenleri, syýahatçylary ulag we azyk bilen üpjün etmäge borçly edilýärdi, haçanda ol bir ýere ýöriş edende, näçe gerek bolsa we näçe wagtlyk bolsa-da sagylýan we münülýän gylýal bermeli bolan, Elbetde, Plano Karpininiň bu maglumaty XIII asyryň ortasyna degişli, mongollaryň agalygynyň, zorlugynyň möwç urýan wagty bolmaly we ony gös-göni X—XI asyrlara we türkmenleriň durmuşyna göni suratda geçirmek nädogry bolardy. Emma onda-da onuň bu maglumaty serdarlaryň roly barada, olaryň jemgyýetde asyrlar boýy tutan orny barada klassyky häsiýete eýedir we üns bermeklige mynasypdyr.
Taryhda belli bolan çeşmeleri gözden geçirip, maglumatlary jemleseň, bir pikir ýüze çykýar, Ýagny türkmen halkynyň döreýiş we ösüş ýolunda iki döwür bar hasaplanypdy. Birinjisi, wagt taýdan VIII—XII asyrlary öz içine alyp, bu döwür gadymy turkmen halkynyň emele gelen döwri (Bu pikiri W.W. Bartold ykrar etmeýär). Bu döwürde oguzlar-türkmenler etniki taýdan bir bolup, şol zamanyň etniki düzümine bilen, ýagny ýigrimi dört taýpa bilen ilki oguz, soňra-da türkmen adyny alyp, iki sany seljuk soltanlygyny döretdiler we dünýä meşhur boldular. Emma XIII asyryň başynda mongollaryň Ýewraziýa sähralyklaryny, Orta Gündogary basyp almagy netijesinde, bu dowamlylyk togtady. Oguz-türkmen halky telim bölege bölündi, bölekleriň arasy üzüldi, ara daşlaşyp, gatnaw kesilip başlady, Häzirki Orta Aziýada, Eýranda we Owganystanda ýaşaýan türkmenler şol mongollardan owalky dörän gadymy we beýik türkmen halkynyn. bir bölegidir.
Mongollardan soňky türkmenler ilki Ýazyr taýpa birleşigine, soňra Salyr taýpa birleşigine, Ärsary taýpa birleşigine, Hyzrili, Üçil, Esenili, Söýünhany, teke-ýomut diyen ýaly taýpa birleşmelerine birikdiler. Bu birleşmeler XII—XIII asyrlardan başlap tä XVII—XVIII asyrlara çenli dowam etdi. Türkmenleriň häzirki etniki düzümi hem nirede ýaşaýandygyna garamazdan (Orta Aziýamy, Eýran-Owganystanmy) ähli türkmen halkynyň taýpa--tire bölünişigine kybapdaş. Mundan takmynan 100 ýyl ozal araçäk bolmany üçin, häzirki, döwletleriň hem ýoklugy sebäpli türkmenler etniki taýdan hiç hili bölünmändirler we türkmen ady bilen bir bütewi halky emele getiripdirler. Hywada, Buharada, Eýranda, Owganystanda ýaşasalar-da, etniki bölünişik bolmandyr.
Türkmenistanyň Russiýa birikdirilmeginiň iň esasy zyýanly we ýaramaz netijesi ozal diňe taýpa-tirä bölünen, emma tutuşlygyna alnanda bir bütewi halkyň, bütewi etnosyň emeli usulda araçäk arkali telim bölege bölünmegidir.
Seljuklar nesilşalygynyň döreýşi barada W.W.Bartold giňişleýin maglumatlary getirýär. Seljugyň özi oguzlaryň gynyk taýpasyndan bolup, takmynan IX asyryň aýaklarynda (886-njy ýyl bolmagy mümkin) dogulýar we 107 ýaşap, Syrderýanyň aşak akymyndaky Jent şäherinde ölýär we şol ýerde-de jaýlanýar.1 Onuň ölen ýyly 992-nji ýyldan soň bolmaly. Başga bir maglumata görä 985-986-njy ýyllara gabat gelýär. Gepiň gysgasy, Seljuk X asyry başdanaýaga ýaşan adam hasaplanýar. Onuň atasyna Dukak (Tukak) diýlip, ol yslam dinini kabul etmäge ýykgyn edipdir. Başga bir rowaýata görä bolsa, onuň atasy Lukman, ýagny Kuranda ady tutulýan rowaýaty akyldar bolanmyş.
Seljuklar hakynda W.W. Barold şeýle belleýär: “Oguz-türkmenleriň Seljuk imperiýasynyň döremegi bilen bu halk musulman dünýäsinde şeýle bir ähmiýete eýe boldy weli, orta asyrlarda başga bir halk beýle ähmiýete eýe bolan hem däldir.”1 Ilki Dukak, soňra onuň ogly Seljuk yslam dinini kabul etmeklige meýil bildirenlerinde, olaryň ikisi-de oguzlaryň bir böleginiň patyşasy bilen ýagy bolýarlar. Dukak kysmatyna kaýyl gelýär, emma Seljuk öz tarapdarlary bilen musulman dinini kabul edýär, Jendiň töweregine göçup gelýär we dinsiz türklere garşy göreşip, patyşanyň salgyt ýygnaýjylaryny kowýar.
Şol zamanda Mawerannahrda Samanileriň döwleti dargap başlaýar, garahanly türkmenler Buharany alýar, Seljuk bolsa samanilere kömek üçin ogly Arslany iberip, Buharany yzyna gaýtaryp alýar. Seljugyň üç ogly — Arslan, Mikaýel, Musa mydama din ugrunda söweş edipdirler. Şol söweşlerde Mikaýel ölýär, onuň ogullary Togrul beg Muhammet we Çagry beg Dawud (yslam dinini kabul edendikleri mynasybetli W. W. Bartold bularyň adynyň yzyna Muhammet pygamber bilen Dawut pygamberiň atlaryny goşýar) göreşi dowam etdirýärler. Şol döwürde Nuh, Karun ýaly rowaýaty atlary götermegem ýoň bolupdyr,
XI asyryň birinji ýarymynda seljukly türkmenleriň hereketi bilen bagly bolup geçen uly-uly wakalar bütin Orta Gündogaryň, Kawkazyň, Kiçi Aziýanyň halklarynyň aklyny haýran etdi. Hemme ýerlerde halklary özüne tabyn edip, häkimiýeti öz ellerine alan seljuklaryň zamanasy başlandy. Olaryň Jeýhun bilen Bahry-Hazar aralygyny eýýelän wagty hem şu döwre gabat gelýär. Syrderýanyň aşak akymyndan Mawerannahra, hususan-da, Buhara, Nurata daglaryna (Nuratada ýa-da Nurbuharada türkmenleriň nesilleri häzir hem ýaşaýarlar), soňra Horezme we Horasana ýöriş eden seljuklaryň Mahmyt Gaznaly Türkmeniň (998—1030) we onuň ogly Masut Gaznalynyň (1030-1041) goşunlary bilen aldym-berdimli çaknyşyklary bolup geçýär.
Paýtagty Owganystandaky Gazna şäherinde (Kabul bilen Kandagaryn arasynda) bolan Gaznalylaryň döwletini Samani döwletine gulluk eden Alptegin atly bir türk serkerdesi 952-nji ýylda esaslandyrýar. Bu döwlet Mahmyt Gaznalynyň döwründe (998—1030 ýyllar) has güýçlenip, bütin Owganystany hem-de Eýranyň, Orta Aziýanyň we Hindistanyň bir bölegini özüne birikdirýär. Emma soltan Masudyň döwründe (1030-1041 ýyllar) bu döwlet gowşap başlaýar, onuň demirgazyk böleklerine seljuk türkmenleri aralaşyp, Horezmi, Horasany basyp alypdyr. Iki türki nesilşalyk bolan gaznalylar bilen seljuklaryň özara uruşlary netijesinde we Gaznalylaryň döwletindäki içki feodal dagynyklyk. zerarly XII asyryň aýaklarynda bu döwlet gutarnykly dargaýar we öz ömrüni ta-mamlapdyr.
Seljuklar oguzlaryň Deňizhan şahasyna birigýän gynyk taýpasyndan bolup, olaryň harby ýörişlerine Seljugyň agtyklary Togrul beg Türkmen bilen Çagry beg Türkmen atly iki dogan baştutanlyk edýärler.
Ilkibada seljuklar Amyderýadan geçip, Mahmyt Gaznalydan Sarahs, Abiwert, Paraw (Gyzylarbat), Balkan etraplarynda ýaşamak üçin rugsat alýarlar. Emma Masud Gaznaly 1033-nji ýylda Balkanda oturýan oguzlaryň baştutany Ýagmyry, olaryň 50 adamdan ybarat serdarlaryny gyrýar. Şundan soň uruş başlanýar. Eýýäm 1034-nji ýylda seljuklar Maerwi, Badhyzy eýeleýär. Gaznalylar bilen seljuklaryň arasynda bolup geçen çaknyşmalarda tehniki we san taýdan agdyklyk gaznalylaryň tarapynda bolýar. Olaryň goşunynda galalary zabt edip almakda, olaryň diwaryny ýykmakda pilleri, katapult desgalaryny (galalaryň diwaryny ýykýan maşynlar) ulanypdyrlar. Emma muňa garamazdan, seljuklar gaznalylaryň goşunlaryny yzly-yzyna iki gaýta derbi-dagyn edipdirler. Birinji gezek 1085-nji ýylda Nusaýyň eteginde, ikinji gezek 1038-nji ýylda Sarahsyň golaýynda. Şundan soň türkmenler ägirt uly harby güýje öwrülip, olar uruşsyz- söweşsiz Horasanyň paýtagty Nişapury eýeleýärler. 1025-nji ýylda ýeňilendigine garamazdan, türkmenler barha köpelip, çölüň üsti bilen ýene-de Paraw, Nusaý, Abiwert, Merw, Sarahs etraplaryna aralaşýardylar. Mamunylarda gaznalylaryň garşysyna ulanmak maksady bilen türkmenleri goldaýardylar. Netijede, türkmenlerden ätiýajy köpelen Masut soltan 1035-nji ýylda öz köşgüni Nişapura geçirýär we şol ýerde türkmenleriň howpunyň, öňüni almak barada uly maslahat geçirýär. Emma ýerlikli maslahatlara gulak asman, Masut wezirlerine siz türkmenleriň. howpuny ulaldyp gerkezýärsiňiz, «gorkana goşa görner» edýärsiňiz diýip, goşuny bilen Gürgeni, Astrabady, Maerwi talamaga gidýär. Şu talaňçylyk zerarly gaznawylaryň abraýy has hem pese gaçýar, goşun ahlak taýdan dargap başlaýar. Beýhaky Togrul beg Türkmeniň, Çagry beg Türkmeniň we olaryň kakasynyň iň kiçi dogany Musa Ýabgunyň Horasanyň dikmesine şol döwürde ýazan hatynyň mazmunyny getirýär. Şonda olar özüniň ýaňy-ýakynlarda Mawerannahrda Buharada, soňra Horezmde ýaşandyklaryny, indi bolsa Horasana gelendiklerini habar berip, eger olara ýaşar ýaly ýer berilse, onda Horasany gorajakdyklaryna, Jeýhundan bärik hiç kimi geçirmejeklerine söz berýärler. Hatyň soňunda bolsa eger bize ýer bermeseňiz, onda biz bagty ýatan halk bolýarys, sebäbi «ýeriň ýüzünde bize ýer ýok, ýer galmady» diýip ýazypdyrlar.1 Şeýle mazmunly hatyň ýazylmagy (1030-njy ýyldan soň ýazylan) hakykatdan-da türkmenleriň, şol sanda seljuk serkerdeleriniň-de, Horasany basyp almak nietiniň bolmandygyny, olaryň diňe Horasanyň araçäklerindäki we gyrak çetlerindäki ýerleriň özlerine ýaşamak üçin, maldarçylygy ekerançylyk hojalygy bilen utgaşdyryp alyp barmaga amatly ýerleriň özlerine berilmegini haýyş edýändiklerini gerkezýär. Elbetde, türkmenleriň bu hatyna Horasanyň dikmesem, Masudyň özem gulak gabartman durup bilmediler. Sebäbi, eýýäm türkmenler ýygnanyp köpelipdi, Horasanyň demirgazyk etraplarynda olaryň indi 10 müň atly goşuny jemlenipdi. Bu bolsa ätiýaç edäýmeli güýçdi. Şonuň üçin hem indi Masudyň äheňi üýtgedi, ol maslahat çagyryp, türkmenleri kowmak üçin goşun toplap, ýöriş etmegi karar etdi.
1035-nji ýylyň Oguz aýynda gaznalylaryň 15 müň atly goşuny, 2000 sany köşk gulamy (gwardiýasy) bilen Nusaýa tarap ugraýar. Masudyn özi Nişapurdaky köşkde galyp, goşuna Bekdurdy hajyp atly serdar serkerdelik edýär. Iki hepde geçmänkä-de türkmenler derbi-dagyn edildi diýen şatlykly habar gelýär we köşkde uly toý tutulýar. Emma salym geçmänkä, başga bir habar gelýär. Türkmenler özleriniň ata-baba ulanan harby tälimini bu gezek hem gaýtalap, duşmanyň öňüne diňe goşunyň az bölegini, ýagny awangardyny çykaryp, galan esasy güýçleri bolsa bukuda saklapdyrlar. Awangard ýeňlen bolup, yza çekilýär we gaznawylaryň goşunlaryny bukuda häzir bolup duran türkmen atlylarynyň üstünden eltýärler. Esasy söweş şol ýerde bolýar. Şeýdip türkmenler Alynyň ala meýdanynda duşmana gurt oýnuny görkezipdir, ýagny «Gaçyşym bar, kowuşyma bermenem» diýip, Göroglynyň tälimini ulanypdyrlar. Netijede, gaznawylaryň goşuny çym-pytrak edilýär. Masut Gaznaly bolan işe haýran galyp, ruhdan düşýär.
W.W.Bartold-Türkmen halkynyñ taryhyny õwreniji alym
kitap 2016y
Dowamy bar
|